05:58
Pyragy hakda rubagylar
Pyragy hakda rubagylar

Pikirleriň bu Zeminiň myhydyr,
Setirleriň berkararlyk ruhydyr,
Eý ussadym, eý ägirdim Pyragy,
Halk ýadynda seniň adyň bakydyr.

***

Ýeller seň sözüňe eýlenip gelýär,
Senden yza galyp, eglenip gelýär,
Heňňam Pyragynyň perwaýyna däl,
Wagtam bu ägirtden eýmenip gelýär.

***

Kyrk çiltenler uzadansoň şeraby,
Meger Hakdan içensiň sen Pyragy.
Ýok, ýok, ilki halk pähminden ganyp, soň
Haýran edip bolar ýakyn-yragy.

***

Ýana-ýana dözüp pelek jebrine,
Il myradyn siňdiripdir şygryna,
Şonuň üçin arş-aglada ýetipdir,
Jebrut äleminde jelil syryna.

***

Öz topragyn söýüp, söýüp asmanyn,
Azat il, berkarar döwlet islänim,
Bu gün bu bagtyýar döwrüň buýsanjy,
Belentlik nusgasy eziz ussadym.

***

Ol gözel dessanyň, ajap eseriň,
Many bossanym hem köňül heserim,
Onda Bahry Hazar möwjün görüm men,
Hemem belentligin gördüm Hasaryň.

■ Pyragynyň diwanyny okaýan

Ertir-agşam gollarymdan düşürmän,
Pyragynyň diwanyny okaýan.
Durmuş ahwallarna dursam düşünmän,
Pyragynyň diwanyny okaýan.

Owazly sözleriň meňzeşdir heňe,
Melhemin eçiler bataňda gama,
Ýagşylyk ýetirmek üçin her kime,
Pyragynyň diwanyny okaýan.

Paýhasyň nusgasy, mähre eýlenen,
Ol şygyrlar pähim bolup saýlanan.
Kim bolsa-da mertebesi beýgeler,
Pyragynyň diwanyny okaýan.

Yhlas bilen etdim akla ybadat,
Bikemal iş görsem tapmadym takat,
Harp tanalym bäri, her gün, her sagat,
Pyragynyň diwanyny okaýan.

Başym goýan ýaly beýik mähraba,
Söýgim artýar bu ümmülmez sährama,
Aň-paýhasym almaz deýin çarhlara
Pyragynyň diwanyny okaýan.

Arkadag ýetirdi ajaýyp döwre,
Türkmen ili bir jan, bir ten, bir göwre,
Berkararlyk hakda beslenip şygra,
Pyragynyň diwanyny okaýan.

■ Beýik Pyragynyň söýen ýerleri

Jeýhun bilen Bahry Hazar arasy,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.
Ýazlarda ajaýyp gülgün ýaýlasy,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Tarypy sygmadyk müňläp dessana,
Diňläp köňüllermiz döndi bossana,
Bu gün öwrülipdir gül-gülüstana,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Derýalary akan ýerin dür eden,
Hydyrly çölüne Alla sereden,
Gysym gumy ylla tylla-zere deň,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Bagta beslenen soň bu ajap döwür,
Joşgunly ýaňlanýar aýdym-saz, şygyr.
Waspyny etmäge ýetmez bir ömür,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Duýup daýhanlaryň yhlas, sarpasyn,
Harman-harman hasyl önýär her pasyl.
Kabul eýle oglyň tagzym-seždesin,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Şirin jan deý arzylydyr, gymmatdyr,
Oňa hyzmat etmek haýyr, hümmetdir.
Ýeriň üstündäki sekiz jennetdir,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Göroglusy bardyr saz-söhbet guran,
Iliň arkasynda dag bolup duran.
Üstünde pirleri «how» çekip ýören,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Ýaz gelse al gülleň deňzi tolkunan,
Gyz-gelne göz düşse göwnüň galkynar.
Arkadagyň saýasynda ýalkanan,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Ýigitler at çapar aýlawy baglap,
Bagşylar saz çalar göwnüňi çaglap,
Bu Mekan Taňrynyň hut özi halap
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

Mähir seçýän ýeri güneş çogunyň,
Güller açýan ýeri Jennet bagynyň,
Berkarar döwleti Arkadagymyň,
Beýik Pyragynyň söýen ýerleri.

■ Soňudagy

Eý söwdügim Soňydagy
Magtymguly Pyragy.

Sen ylhamyň sallançagy,
Eý söwdügim Soňudagy.
Sergin öwsen ýelleňp gowy,
Eý söwdügim Soňudagy.

Kalbyma keşde eýlenen,
Jülgeleň yşga eýlenen,
Üstüňde başym aýlanan,
Eý söwdügim Soňudagy.

Gaýaňda keýik-jerenler,
Köp seni söýüp ýörenler,
Ende dörändir erenler,
Eý söwdügim Soňudagy.

Üstüňde şygryn ýazyplar,
Örtenip, bagryn ezipler,
Şahyr ne derde dözüpdir,
Eý söwdügim Soňudagy.

Pyragynyň para-para
Jigerine gözläp çäre,
Meňzeýäň çyn howandara,
Eý söwdügim Soňudagy.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 12 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 1.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: