01:28
Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi -3.

PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE 
                          EDEBI - 3.

■ GEÝNIŞI, IÝIP-IÇIŞI, ÖÝ DÜŞEGI

Pygamberimiz egin-eşiginiñ tämiz hem-de tertipli bolmagyna üns berer eken. Ol geýmine titidi, egin-eşigini aýap saklardy, çaşyp ýatsa halamazdy. Ol geými tä matasy süzülip gutarýança geýerdi. Täze eşik geýende Allaha şükür ederdi, eşiginiñ düşümli bolmagyny dilärdi, "geýmimiñ ýapýan agzalarynyñ şerindenem özüñ gora" diýip, Allatagala ýalbarardy.
Hezreti Pygamber: "Reñki soldy, boýagy syndy" diýip, birje eşigini hem geýmän taşlamazdy. Bezemen, alabeder, gözeilginç reñkli eşikleri geýmäni halamazdy. Diýmek, ol geýminiñ göze ýakymly bolmagyna üns berýän eken.
Eşigim gowu-la diýip magtanmazdy, owadan eşige asla kowalaşmazdy, gerekmejek zada pul harçlamazdy. Çünki eşik onuñ üçin: "Ynsanlary yssydan, sowukdan goraýan, adamlary biri-birine ysnyşdyrýan, köpçülige barmaga kömek edýän, adam hyzmatyndaky zatdy".
Pygamberimiz egin-eşikde esasan tämizlige, syrdambitinlige, göze ýakymlylyga, gelşiklilige, sadalyga hem zerurlygy bitirişine üns beripdir diýip gysgaça aýdyp bileris. Megerem, şu sebäpli bolsa gerek, ol zerurlyk bolanda ýüpekden, ýüñden, pagtadan, hatda geçi çöpürinden tikilen eşikleri geýende hem açyk göwün bilen: "Biz bir ejiz guldurys" diýerdi.
(Seret: Tirmizi "Şemaýyl" 12; Husameddin Nagyşbendi "Şerhi Şemaýyl" 76; Ibn Sad "Tabakat" I, 391-398, 449).

Hezreti Pygamber hususy durmuşynda meýletin pakyrlygy saýlapdyr. Sahabalardan gelen sowgatlar köplenç Hezreti Äşäniñ otagynda saklanardy, olaryñ garyp-gasarlara we Suffe talyplaryna (hossarsyz sahabalar) paýlardy. Şeýle-de musulmanlara halaldygyny görkezmek we beslenmegiñ ähmiýetini nygtamak üçin, dürli iýmitleri iýipdir. Meselem: towuk eti, guşlardan käbirleriniñ eti, goýun etinden bişirilen kebap, kakmaç, süýt, bal, peýnir bularyñ käbiridir. Iýýän zatlarynyñ arasynda zeýtun ýagy, sirke, kädi, tirt (dogralan çorba), talhan, halwa-da bolýardy. Her gün şol bir nahary iýenden ol tagam dürli-dürliräk bolsa kemem görmezdi. Naharyna käwagt burç, zenjebil, terçin ýaly yaly ysly otlardan sepinäýmesem bardy. Iki zat welin - arpa nany bilen hurma - onuñ saçagynda hemişe tapylardy. Ol kämahal köp wagtlap şol iki zat bilen oññut ederdi.
Pygamberimiz nahardan öñ ellerini ýuwardy, nahardan soñ hem ellerine bir ýuwardy, agzyny hem çaýkardy. Nahary: "Bismillah" bilen başlap, iýip bolandan soñra: "Elhamdullullah" diýerdi. Nahardan galan-gaçan zatlaryñ, nan owuntyklarynyñ hapa atylýan ýere atylmagyna ygtyýar etmezdi. Nahar iýlip otyrka, biri rugsat almazdan ýerinden turaýsa halamazdy. Iýende doýa garna iýmezdi, iýesi gelse iýerdi, iýesi gelmese-de sygnap oturmazdy. Suwy düýbi görnüp duran gapdan içerdi, baldan edilen şerbeti, nebiz atly hurmany, täze üzümden ýasalan şerbeti oñat görerdi.
(Tirmizi "Şemaýyl" 15-16; H.Nagyşbendiniñ ady agz. eseri  146).

Pygamberimiziñ öýünde adatça diwan, sedir, ýorgan-düşek, ihram, legen, kündük ýaly öd goşlary ulanylypdyr. Emma Ol gowudan-gowsuny edinjek bolup azara galyp ýörmändir. Egin-eşik meselesinde-de öñ aýdyşymyz ýaly, Ol sada, zerur, syrdambitin hem tämiz bolmalydyr diýen pikirdedi.

(dowamy bar)...

Terjime edenler:

Ýalkapberdi MYRATGELDI,
Baky ANNADURDYÝEW.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 15 | Добавил: Has | Теги: Hüseýin Algül | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: