00:36
Peýkam
PEÝKAM

Ak guwlaryñ ýeleklerne çalymdaş,
Gum astynda pynhan ýatan peýkam men
Şar gara zemistan müñ esse gowy,
Ak guşlaryñ gõwsün gana çaýkandan..

Yhlas bilen bõwsüp ýaýyñ dartuwyn,
Nyşanadan sowa geçdim bir demde.
Süýnüp gitdim unudulan ruh deýin,
Nähak gany gõtermek kyn gerdende.

Şindem meni goýanok õz erkime,
Uzakda şartyldap çekilýän ýaýlar..
Ýuwdup iñläp gelen oklañ awusyn,
Guşlaryn sag-aman ugradýar ýaýlam.

Gum astynda ýatan pynhan peýkam men,
Ykbalym ters geldi,
Ýol ýasap gõkden...
...Synmadyk ganatlañ ýylysy ýatyr
Bir çak çal Zemine sanjylan okda...

Italmaz HUDAÝBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Nur | Теги: Italmaz Hudaýberdiýew | Рейтинг: 3.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Ajaýyp goşgy.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: