02:20
Peýdaly kompýuter programmalaryny öwreneliñ

PEÝDALY KOMPÝUTER PROGRAMMALARYNY ÖWRENELIÑ

Internetde birigen wagtymyz windowsyň we birnäçe programmalaryň bizden birugsat internetden özüni täzeleýändigini bilmän galýas we netijede duýdansyz artykmaç çykdaýji edýäris.

1) Win Updates Disabler ; programmasy. Ölçegi 1,2 mg.  Programmada işlemek örän ýönekeý.  Açylan penjireden 4 setirinede bellik goýup primenit diýen ýere basyp kompýuteri öçürip ýakmaly. Mesele çözüldi. Windowsyň ähli obnawlenýalary öçürildi.

2) Unchecky; programmasy.  Ölçegi 1,4 mg. Kompýuter ulanjylaryň hemmesi diýen ýaly gabat gelýändir. Ýagny kompýutera kä bir programmalary gurnan wagtymyz şol programmanyň ýany bilen "ýandeks" "mail.ru" we ş/m goşmaça saýtlara birikmegi teklip edýän ptiçgajyklar bar. Egerde şol  ptiçkalary aýyrman programmany ýada oýunlary kompýutera gurnasak şol oýun ýada programma bizden birugsat internetden hezil edýär. "unchecky"  programma şol goşmaça hödürlenýän saýtlary kompýutera gurnamaga ýol bermeýär. Programmanyň özü awtomatik ýagdaýda şol ptiçkajyklary aýyrýar.

3) Ainvo-disk-explorer;  Ölçegi 3,5 mg. Bu programma kompýuterda bar bolan iň uly ölçegli faýllary tapyp berýär. Programmada işlemek ýönekeý. Nastroýkasyna girip haýsy diski skaner etjegiňi bellik etmeli we aşakdan "Strat" diýen ýere basmaly. Biraz wagtdan "Samy bolşye fayly" diýen ýere basyp netijäni görüp bolýar.

4)  Riot;  Ölçegi 1,3 mg. Bu programmanyň kömegi bilen uly ölçegli suratlaryň hilini üýtgetmän ölçegini kiçeldip bolýar. Örän gowy programma. Işlemek örän aňsat. "Open" diýen ýere basyp surat çagyrmaly.  We "save"diýen basmaly.

5) Flux; programmasy. Ölçegi 486 kb. Kompýuterda uzak wagt işleýänler üçin zerur. Bu programma ekranyň ýagtylygyny göze zyýansyz edip sazlap berýär.

6) WSAT; Ölçegi 263 kb. Windows 10 ulanýanlar peýdalynyp bilerler. Bu programmanyň kömegi bilen windows 10-yň indeksini bahalandyryp bolýar. Işlemek ýönekeý.

7) Ratool; 428 kb. Bu programmanyň kömegi bilen kompýuter usb fleşkalary görmez ýaly edip ýada hiç zat göçürmez ýaly edip bolýar. Penjirede 3 setir peýda bolar. 1-njisi açmak üçin. 2-nji ulanyp bolýar ýöne göçürip ýada pozup bolmaýar. 3-nji fleşkany doly bloklaýar.

Wepa Nurlyýew  Murgap etraby 2017y

Категория: Tehnologiýa | Просмотров: 41 | Добавил: Yusup | Теги: Wepa Nurlyýew | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: