17:53
Pespällik we "men-menlik"

PESPÄLLIK WE «MEN-MENLIK» / edebi filosofik söhbet

Türkmeniň geçmişinde aňyň ähli görnüşleri ahlak bilen baglanyşykly bolupdyr, dünýädäki barça zatlaryň Ýere direnişi ýaly, ruhy döredijiligiň ähli görnüşleri ahlaga daýanypdyr. Edebiýat – söz arkaly döredijilik, söz sungaty babatda-da şuny tassyklamak bolar. Geçmiş edebiýatymyzyň ahlaky gymmatlara gönüden-göni garaşlylygy, köne şahyrlaryň inçe, şirin hem çeper söz arkaly ahlagy syntgylaýjylar bolandygyny «iň bolmanda» «edebiýat» sözüniň asyl manysy-da aýdyň görkezýär.
Edebiýat – edepler diýmekdir. Köplük goşulmasy bizde söz sungatynyň birgiden edep ulgamynyň bolandygynyň tassyklanmasydyr. Milli edebiýatymyzyň öwüt-ündew, öwredijilik häsiýetinde bolmagy-da, onda akylyň, rasionalizmiň kesgitleýji düzüm bolanlygy-da söz sungatynda ahlagyň şol aýratyn orny bilen düşündirilmelidir. Emma munuň özi, meniň pikirimçe, edebiýat üçin kiçilik diýip ýekirilmeli bir zat däldir, çünki ahlaky gymmatlyklar bu ýerde edebiýatyň sungatlygyna, çeperçiligine, inçeligine birjik-de zeper ýetirmeýär. Onuňam sebäbi – ahlak edebiýatyň boýnuna dakylan boýuntyryk däl-de, biziň milli aňymyzyň edebiýatyň ahlaky borjuna düşünmekden gelip çykýan gymmatlykdyr. Ahlaklylyk edebiýat üçin parzdyr, çünki edebiýat sözüň asyl hem frazeologik manysynda ýöne bir göwün açmagyň däl, eýsem adamy terbiýelemegiň hem ony ynandyrmagyň, adamda içki ruhy sazlaşygy döretmegiň usulydyr. Metbugatyň, telewideniýäniň, ylmyň hem sungatyň beýleki görnüşleriniň ýüze çykmagy bilen bizde edebiýatyň örüsi indi daralyp ýör. Geçmişde bolsa edebiýat möçberiniň hem ähmiýetiniň ägirtligi sebäpli, dünýäni aňlaýşyň ählumumy täri bolupdy. Türkmeniň dünýä baradaky milli filosofiýasy medreselerde okadylan ylymlarda däl-de, edebiýatymyzda beýanyny tapandyr. Edebiýat türkmende iň halky, iň milli ruhy iş bolupdy.
Şonuň üçinem biz milli pelsepämizi edebiýatymyzdan agtarmaly we milli ahlaky gymmatlyklarymyzy-da edebiýatymyza daýanyp dikeltmelidiris. Hut şol ýerde türkmen ylmy-da, filosofiýasy-da, sungaty-da ýatyr, ahlagy-da ýatyr. Edebiýatda milletimiziň diňe bir aňüsti däl, ýagny diňe bir aňly-düşünjeli beýan edilen, aňlanylan pikirleri däl, eýsem aňasty, ýagny akylly-başly aňlanylmadyk gymmatlyklary-da beýan bolupdyr. Ine, batyrlyk, ýüreklilik barasyndaky türkmen pelsepesini alyp göreliň. Z. Freýdiň tassyklamagyna görä, entek enesiniň içindekä, adam perzendinde gorky duýgusy, gorky instinkti bolmaýar. Ol duýgy, gorky adam ene reheminden ýagty dünýä çykanynda, adamyň süňňünde galýar.
Göwnüme bolmasa, ata-babalarymyz entek dünýä inmedik çaganyň ýaşyny ene reheminden başlamak bile şol gorkaklyk duýgusyny özboluşly suratda ret edipdirler.
Ine, ajaýyp degşirme – «Görogly» eserini alyp göreliň. Näme üçin gorkmak duýgusy Görogla mahsus däl? Sebäbi ol duýgy, ýaňky aýdylyşy ýaly, garaňky dünýäden ýagty jahana geçmek, giňişligiň hiliniň üýtgemegi bilen baglylykda döreýän zat, Görogly bolsa garaňkydan garaňka, ene reheminden göre geçýär, şeýdibem, onuň süňňünde gorky duýgusy döremän galýar.
Hawa, bu aňlanylmadyk, aňasty hakykatdyr, ýöne ol atalarymyzyň gaty oňat aňlan ýaş sanamak dessurynyň aňyrsynda ýatan hadysadyr.
Men ahlak gymmatlyklarymyzyň «pespällik – men-menlik» gatnaşyklarynda ýöne ýere Göroglyny agzamadym. Hut şu meselede türkmen ruhunyň goşa özenini emele getirýän magtymgulyçylyk hem görogluçylyk başlangyçlary özüniň doly gapma-garşylygyny aýan edýär.

Magtymguly – pespällik.
Görogly – men-menlik.

Elbetde, bu ahlaky düşünjeleriň içki gatlaklylygyny, gyraňlylygyny göz öňüne tutmasaň, beýle kesgitleme juda zoňtar, hatda ýalňyş hem bolup görünýär. Men weli olaryň içki dialektiki manylylygyndan, reňbe-reňliginden ugur alýaryn. Pespällik oňyn häsiýet, emma ol kaýyllyk, hereketsizlik, ýaýdanjaňlyk, ikirjiňlenme bilen serhetleşip biler, şol bir wagtda-da juda ýek görülýän men-menlik haýsydyr bir durmuş kontekstinde özüne göwniýetmek, tutanýerlilik bilen çäkleşip biler. Umumanam, ruhy madda bilen deňeşdireniňde, ol has ergin, has akgyn, öz gapma-garşylyklaryny, gatnaşyklaryny hem merkezlerini üýtgetmäge meýilli hadysa. Özem ruhuň şeýle tebigaty, geň galmaly zat, ahlaky prinsipleriň çürt-kesikligine hem prinsipiallygyna zeper ýetirmeýär. Ruhuň diňe bişişen, kämilleşen, forma gelen taraplary ahlaky ýörelgeler görnüşinde durmuşyň sahnasyna çykýar we durmuşa täsir ediji, durmuşy üýtgediji ruhy güýje öwrülýär.
Biziň bu «sahna aňyrsy» gürrüňlerimiz pespällik – «men-menlik» diýen ahlaky ýörelgelerimize hem degişlidir. Milli türkmen ahlaky düşünjeleri hakda söz açanymyzda, olaryň oňyn ýa tersin manysyna diňe bir nukdaýnazardan – bu düşünjeleriň milli ruhy bitewülige gatnaşygy nukdaýnazaryndan garamalydyrys. Oňyn ahlaky düşünjeler – bular, bir söz bilen aýdylanda, milli bitewülige hyzmat edýän gymmatlyklardyr, ýaramaz ahlaky düşünjeler bolsa özleriniň ahyrky durmuş täsiri boýunça milletiň ruhy taýdan böleklenmegine sebäp bolýan ýa bolaýjak närselerdir. Şu mizemez prinsipi goldansaň, türkmen ahlaky gymmatlyklarynyň doly hem dogry durmuşy we ruhy manysyna akyl ýetirmek mümkin. «Men-menlik» näme üçin we nähililik bile milli ruhy bitewülige zeper ýetirýär? Çünki «men-menligiň» ahlak-psihologiki tebigaty özüňi halkdan aýry saýmakdan, özgelerden ýokary tutmakdan ybaratdyr. «Men-men» adam diňe özüni, öz bähbitlerini we öz egoistik isleglerini bilýär. Ol özüniň bähbitleriniň hem islegleriniň utuşyny halkyň utulyşynyň, öz peýdasyny halkyň zyýanynyň üstünde gurnamak isleýär.
Häzir özümiň haýsydyr bir anyk adam däl-de, has howaýy bolan bir psihologik sypat hakynda gürrüň edýändigimi aýratyn belläsim gelýär. Bu sypat bolsa anyk bir taryhy durmuşda bir adamyň şahsyýetinde-de, milletden özüni saýlamak islän haýsydyr bir tiräniň şahsynda-da amal bolup biler. Türkmeniň döwletsiz ýaşan ýyllaryny ýada salalyň, bitewi döwlet gurup bolmanlygynyň göze görnüp duran daşky-ykdysady, syýasy, güzeran we beýleki sebäplerinden başga-da, elbetde, çuňňur içki sebäpleri bolupdyr. Şol esasy sebäbiň biri-de – aýbygadym «men-menlikdir». Käbir tirebaşylaryň, taýpabaşylaryň özgelere seňrik ýygryp garamagy, özüni hondanbärsi, ýokary tutmagy şol «men-menlikden» gelip çykýar. Bu bolsa, ahyrky netijede, özge adybir türkmenler babatynda «men-men» ýürekde doganlyk duýgusynyň ornuny bigänelik, kesekilik, ýadyrgamak duýgusynyň geçmegine sebäp bolýar we milletiň böleklenmegine getirýär. Ruhy bölekleniş taryhy-durmuşy böleklenişe getiripdir.
Ine, şu hili taryhy-ruhy ýakymsyz hadysalar hatda türkmen dilinde-de yz galdyrypdyr. Indi tas ulanyşdan galyp barýan «abşarylmak» diýen söz bar. Bu sözüň ruhy taryhy Nedir şahyň döwrüne barýar. Özi awşarlardan çykan Nedir şa öz taýpadaşlaryny özgelerden has ýokary goýupdyr, «awşar» sözünden dörän «abşarylmak» işligi «hondanbärsi bolmak, çişmek, men-menlik etmek» manylaryny berýär.
Türkmen milli ruhy bitewüligine şeýle ýaramaz täsir edýänligi üçin köne şahyrlarymyz «men-menlik» hakynda söz açanlarynda agyzlaryndan ot çykýar pahyrlaryň. Elbetde, ol şol taryhy prosesiň çäkleriniň içindäki adamlar hökmünde munuň diňe ruhy-ahlak manysy hakda gürrüň edýärler. Emma biz, olardan tapawutlylykda, şol taryhy wakalara ýokardan hem gapdaldan baha berijilikli seredýändigimiz üçin, ahlaky meseläniň bitewi milli-taryhy manysyna üns berýäris, ahlagyň jemgyýetçilik jähetini nazara alýarys.
Geçmişimizden netije çykarmany, onda-da bitewi taryhy netijeleri, geljege hyzmat edip biljek sapaklary çykarmagy öwrenmegimiz gerek. Rast, dessanlar däl-de, şahyrlar hakynda gürrüň gitdimi, şunam biraz dowam edeliň. Şahyrlarymyzda «men-menlik» taryhy prosesi, milli ösüşi hasaba almazdan, tas hemişelik sap ahlaky mesele hökmünde goýulýar. Köplenç bolsa dini-ahlaky mesele bolup durýar. «Adam, esasan, Hudaý babatynda men-menlik edýär, onuň gaňryşyna gaýdýar, onuň ýörelgelerini ret edýär» diýip şahyrlarymyz tassyklaýarlar.
Taryhy ösüşiň jähetinde alanyňda, şol döwürde ýaşan şahyryň sap ahlak ýa dini-ahlak meselesiniň biziň döwrümiziň gözi bilen seredeniňdäki taryhy-milli manysy açylýar. Her döwrüň şol döwrüň aýratynlyklaryndan gelip çykýan öz ahlaky dili bar, emma ol diliň ähli döwürleriň bitewüligiňden uç alýan üýtgewsiz ruhy manysy bardyr.
Beýik Galkynyşlar zamanasy – hasyl, jem, netije döwrüdir, türkmeniň dürli taryhy zamanlarynyň dürli ahlaky dilleriniň baky ruhy manylarynyň açylýan döwrüdir.
Türkmeniň döwletsiz ýyllarynda ýaşan şahyrlarynyň «men-menlik» meselesinde pikir ýöridişine üns berseň, olaryň bu ýaramaz ahlaky häsiýeti köplenç kethudalar, kethudalyk bilen baglanyşdyrýandygyny görýärsiň. Bu asla-da tötänleýin däl-de, juda kanunalaýyk baglanyşykdyr. Muňa «men-menligiň» jemgyýetçilik sebäpkärine barmak çommaldylmagy, milleti bölekleýän bu ahlaky ýaramazlygyň jemgyýetçilik-durmuşy adresiniň görkezilmegi diýip bolar.
Kethuda şol döwürde obanyň, tiräniň öňüne düşýän adam. Kethudalyk şol döwürde tiräniň içerki jemgyýetçilik guralyş usuly. Kethudalaryň «men-menligi» sebäpli, kethudalaryň tiräniň içki ruhy-ahlak ýaşaýşyny umumymilli esaslarda guraman, tutuş tirä öz egoistik meýillerini amal etmegiň serişdesi hökmünde seretmegi zerarly, taryhy wagt milletiň zyýanyna işleýärdi. Ine, şol mahal özleri tarapyndan doly aňlanylmasa-da, indi bize aýdyň görnüşi ýaly, şahyrlaryň içiniň ýangyny şudy.

Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň,
Bendesi, men söze hyrydar guluň.
Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr biliň,
Şereňňiz, köp tilli kethudalardan.

Islendik ahlaky düşünjäniň manysy diňe jemgyýetçilik-taryhy ýaşaýşyň üzresinde aýan bolýar. «Men-menlik» taryhy prosesde milleti bölekleýän erbet jemgyýetçilik tendensiýasynyň psihologiki-ahlaky esasy, çeşmesi bolup çykypdyr. Umumymilli bähbitleri aňladyjy şahyryň pozisiýasy we kethudalaryň ýörelgeleri, «men-menligi» jemgyýetçilik göreşiniň taraplaryny, gapma-garşylygyny düzüpdir. Öz zamanasynyň aňyna laýyklykda, şahyrlar meseläni dini-ahlaky mesele hökmünde aňlapdyrlar. Onsoň olar «men-menligi» Hudaýa garşy sypat hökmünde görüpdirler we görkezipdirler. Olar bu ýaramazlygyň gapma-garşylygy diýip, oňyn ahlak gymmatlygy diýip pespälligi öňe sürüpdirler.
Pespällik – dini-ahlaky manyda özüňi pes tutmak, Allanyň edenine garşylyk görkezmezlik, razylykdyr, kaýyllyk taryhy-ruhy manyda bolsa, özüňi ilden öňe tutmazlyk, halk bile bir bitewülikde galmakdyr. Pespäl adam milletiň «meniniň» haýryna öz «meninden» geçýär. Ol özüni milletiň bir bölegi hökmünde gaty sazlaşykly duýýar. Aslynda şeýle «meniň» kemala gelşiniň logikasy şular ýalydyr:
Ilki ol özüni çaklaýar.
Soň ol özüniň ilden tapawudyny aňlaýar.
Soňra ol özüniň iliň bir bölegidigini görýär.
Iň soňunda-da şu iki pursatyň içinden geçip, ol öz «menine» ýetýär.
Şeýle psihologik kamilleşiş inçe hadysadyr. Ol pespällige getirýär. Bu tip türkmen milli-ruhy bitewüliginiň esasydyr we daýanjydyr. Köne edebiýatymyzda «men pahyr», «men kemine», «men biçäre», «men garyp» ýaly aňlatmalaryň köp gaýtalaýandygyny görüp, haýran galmagyňyz hem mümkin. Islendik gaýtalamanyň aňyrsynda düýpli kanunalaýyklyk ýatýar. Biçärelik, garyplyk, keminelik, mätäjilik düýpli ruhy ahwalatdyr. Muňa asla-da ejizlik diýip düşünmek bolmaz. Bu ruhuň baýdygynyň, göwnüň doýgunlygynyň alamatydyr, adamyň hiç bir emendiriji zada mätäç däldigidir. Näçe geň görünse-de, hut şu hili ahlaky-psihologik durnuklylyk arkaly adam hakyky ruhubelentlige ýetýär, öz «menini» kemala getirýär. Pespäliň «menini» egoistik meýillerden el çekmekden döreýän ruhy gymmatlyklar düzýär. «Men-meniň» «meni» egoistik meýiller – baýlyga hem şöhrata bolan meýillerden düzülýär. Baýlyga hem şöhrata barýan ýol bolsa halkyň «menini» basgylamagyň üstünden geçip gidýär.
Näçe geň hem bolsa, «men-meniň» psihologiýasyna düşünmäge fransuz akyldary Paskalyň bir pähimi oňat kömek edýär: «Biz adamy däl-de, onuň aýry-aýry taraplaryny söýýäris». Meniňçe, bu pähim her bir şahsyýetiň däl-de, hut «men-men» adamyň psihologiýasyna laýykdyr. Sebäbi «men-men» adam özgeleri öz «meniniň» aýry-aýry isleglerini kanagatlandyrmagyň serişdesi hökmünde ulanmak isleýär. Ol kimdir biriniň güýç-kuwwatlylygyny öz şöhraty üçin, kimdir biriniň zehinini öz durmuş maksatlary üçin ulanmagyň hyýalynda. Haýsydyr bir zenanyň gözelligine bolsa ol öz pes duýgularyny kanagatlandyrmagyň serişdesi hökmünde seredýär. Şeýlelikde, ol diňe bir milletiň däl, eýsem özge adamlaryň hem şahsyýetini, «menini» bölekläp taşlaýar, depeleýär. Özüniň «menini» adamlar arasyndaky tebigy, sazlaşykly gatnaşyklary weýran etmegiň üstünde gurnany üçin hem «men-meniň» aňynda içki näsazlyk, ynjy döreýär. Ol şol hili näsazlygyň, ynjynyň torundadyr. Şonuň üçinem ol içki taýdan azat hem bolup bilmez, özüni ruhubelent-hä däl, sazlaşykly hem duýup bilmez. Şeýlelikde, ahyrky netijede, şeýle şahsyýet diňe bir özgeleriň, halkyň däl, eýsem hut öz «meniniňem» böleklenmegine sebäp bolýar. Onuň ýüregine gorky, ynjy, ünji, howsala aralaşýar. Köne adamlar muňa etmişleri üçin Allanyň jezasy diýip düşündiripdirler.
Biziň milli dessanlarymyz «men-menligiň» gaty oňat, göze dürtülip duran ahlaky sapaklaryny beýan edýärler.
«Görogly» eposynda Göroglynyň «men-menlik» edýän pursatlary gaty kän. Görogly her gezek hem «men-menliginden» zelel görýär.
«Gorkut atada» Däli Domrul diýen ýigidiň başdan geçirýän hezillikleridir külpetleri hemmä bellidir. Hezilliklere güýmenmäýin, Domrulyň başyna düşen külpetleriniň aňyrsynda, weli onuň «men-menliginiň» ýatýandygyny nygtaýyn. «Meger hanym Oguzda Döwhä goja ogly Däli Domrul diýrlerdi, bir är bar idi. Bir gury çaýyň güzerine bir köpri ýapdyrmyşdy. Geçenden otuz akja lardy, geçmeýenden ura-ura kyrk akja alardy. Muny neçüýn beýle ederdi? Çünki «menden däli, menden güýçli är barmydyr, ne çyka, menim-le söweşe» diýrdi. «Meniň ärligim, batyrlygym, çalasynlygym, ýigitligim Ruma, Şama gide, çowlana» diýrdi». Gürrüňiň ugry düşnükli bolary üçin, bir zady bellemeli: Domrulyň däliligine biz çürt-kesik ahlak-ruhy tarapdan baha bermekçidiris. Şu tarapdan çemeleşseň bolsa, onuň aňyrsynda şöhrata kowalaşmanyň ýatandygyny aňlamak kyn däl. Onuň «meni» «men-menlige» geçip gidipdir. «Men-menlik» bolsa «meniň» azgyn görnüşidir. Şu ýerdäki konflikt adam «meni» bilen Allanyň birligi arasyndaky gapma-garşylyk hökmünde gurnalýar. Türkmen milli bitewüliginiň nukdaýnazaryndan munuň uly we kesgitli manysy bar. Allanyň birliginiň üzresinde halkyň birligi, milli bitewülik bar. Şöhrata kowalaşýan Domrulyň ýoly şuňa çapraz gelýär. Öz köprüsiniň ýanynda ýogalan ýigidiň ölümi-de bu ýerde Domrulyň «men-menligini» açýar. Onuň Ezraýyla garşy urşy asla-da şol ýigide ýüregi awamakdan däl. Munuň başga psihologik esasy bar: ol öz güýjüni görkezip, Ezraýyly ýeňip, şöhratyny artdyrmaga puryja boldy diýip begenýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, türkmen düşünjesinde şöhratparazlygyň we abraýlylygyň  gapma-garşylyk hökmünde aňladylandygyny aýtmak gerek.
Beýik seljuk-türkmen soltany Alp Arslan (1034-1072 ý.) öz «men-menliginiň» pidasy bolýar. Görlüp-eşidilmedik üstünlikler onuň gözüni-başyny aýlaýar. Malazgirt söweşi dünýä taryhynda hem deňsiz-taýsyz söweş hasaplanýar ahyryn.
1071-nji ýylda agasy Togrul beg ýogalandan soň Alp Arslan tagta çykýar. 1071-nji ýylda Malazgirtde 15 müň goşuny bilen Wizantiýanyň iki ýüz müň goşunyny çym-pytrak edýär. Imperator Roman Diogeni ýesir alýar. Ol Wizantiýanyň korolynyň gyzyna öýlenýär. Bu ýeňiş türkmenleriň Kiçi Aziýada mekan tutunmagyna, hökmürowanlyk sürmegine ýol açýar.
Alp Arslan rehimli, adalatly patyşa bolupdyr. Ýöne Togrul begiň:
«Men-menlik» etmegin. «Men-menlik» aýagyňa öz eliň bilen urýan paltaňdyr» diýen pendine eýerip bilmändir.
Bir gul onuň özüne aşa göwnüýetijiliginden peýdalanyp pyçaklapdyr. Şonda Alp Arslan iň soňky deminde ýatyrka, şeýle diýipdir:
«Men öz «men-menligimiň» pidasy boldum. Meni Hudaý tutdy. Her gezek söweşe çykanymda, Allatagaladan hemdem islärdim. Düýn bolsa beýik depäniň üstüne çykyp, aňyrsy-bärsi görünmeýän goşunymy synlap, göwnüm göterildi. Aýagymyň aşagynda Ýeriň lerzana gelýändigine, esgerlerimiň ymgyr köplügine gözüm gapyldy. Öwünesim geldi: «Men dünýäniň patyşasy. Meniň garşyma hiç kim durup bilmez. Meni hiç kim öldürip bilmez» diýip «men-menlik» etdim. Bu gün Allatagala şol «men-menligim» üçin meni bir biçäre guluň eli bilen jezalandyrdy».
Alp Arslanyň kysmaty deýin kysmat bilen ömür karkarasyny tamamlanlar türkmeniň taryhynda bir ýa iki däl, juda kän. Şol kän kysmatlar türkmene sapak bolaýmaly ýaly welin, bolmandyr.
«Şöhratparazlyk – «men-menligiň», abraý – pespälligiň nyşanasydyr we nyşanydyr. Şöhratparazda abraý bolmaýar, abraýly üçin şöhrat artykmaç zatdyr.
Şeýlelikde, türkmen milli ruhunyň taryhy çuňňurlygyna düşünmek we taryhy çuňluklaryna düşmek üçin ahlagy, filosofiýany we taryhy durmuşy bitewülikde almaly. Şonda türkmen ruhuny hereketlendiriji düşünjeler bolan pespällik «men-menlik» düşünjeleriniň hakyky işleýiş mehanizmini janly we dogry göz öňüne getirmäge pursat döreýär. Anyk taryhy durmuşda bular milli manyly we milli ähmiýetli düşünjeler hökmünde öňe çykýarlar. Biziň köne şahyrlarymyzyň Kemine, biçäre, garyp, Pidaýy, Mätäji, bende, Misgini ýaly edebi lakamlary tüýs milli ruhuň hadysasydyr. Bu atlar türkmeniň pespällik pelsepesiniň ömür hem döredijilik prinsipine öwrülendiginiň şaýadydyr. Edil biziň üçin düşnükli bolmagy mümkin, emma özüňi şeýdip kiçeltmek könelere ruhy kanagatlanma, hatda ruhy aram beripdir.
Samanylar zamanynda Alptegin otuz bäş ýaşynda Horasanda uly derejä ýetýär. Aslynda ol samanylaryň satyn alan guly eken. Ol köp ýyllar Horasanyň dikmesi, häkimi bolýar. Günleriň bir güni ol otuz sany türk guluny satyn alýar. Şol gullaryň arasynda Mahmydyň kakasy Söbüktegin hem bar eken. Üç gün geçip-geçmänkä bir säw bilen Alptegin olara sataşýar. Gulamlary synlaýar. Şol mahalam hajyplaryň biri gelip haýsydyr bir wysakbaşynyň ölendigini, ornuna wysakbaşyny bellemelidigini Alptegine ýatladýar. Söbüktegini kemsiz synlap duran Alptegin:
«Onuň ornuna şu gulamy wysakbaşy belleýärin!» diýipdir weli, hajyp ör-gökden gelýär. Hajyp:
«Eý, möwlam, bu gulamjygy satyn alanyňa üç günem bolanok. Ol bu mertebä barmak üçin entek ýedi ýyl gulluk etmeli ahyryn» diýýär.
«Men agzymdan sypdyrdym, gulamjygam eşidip, tagzym etdi. Men peşgeş beren zadymy yzyna gaýdyp almaýaryn» diýip, Alptegin ony wisakbaşlyga belleýär. Wisakbaşy diýmegem biziň harby dilimizde aýtsak «ýefreýtor» diýmek bolýar. Onuň golunyň astynda üç sany nökeri bolýar. Ol üç esgeriň komandiri.
Seljuklylar zamanam, ondan ozalam Eýranda, Turanda nökere berilýän terbiýe gaty gazap eken. Gulamlyga alnan gul bir ýyllap pyýada goşunda gulluk etmeli. Ogryn-dogryn ata münäýdigi, onuň bagty ýatýar. Ikinji gulluk ýylynda oňa bir türk aty bilen guşanar ýaly kemer berlipdir. Bäşinji ýylynda ol şol atyna gowy eýer, jylaw, özüne daraýydan tikilen eşik alyp bilipdir. Ýedinji ýylynda oňa üç sany nöker hem yssydan-sowukdan penalanar ýaly çadyr berlipdir.
Gulam bütin ömrüni şanyň-soltanyň gullugyna bagyş etmeli. Ol söweşde nähili üstünlik gazanyp, nähili gahrymanlyk görkezibersin, ony hökmürowan nähili gowy görse görübersin, barybir ol otuz iki ýaşyny doldurmasa oňa emirlik – goşunbaşylyk berilmeýär eken.
Gulamlar – gullar, olaryň ýurdy ýok, dogan-garyndaşy ýok: olaryň ýeke-täk gowy çykalgasy bar, örän gowy gulluk edip, soltan üçin janyny gaýgyrman, söweş edermenliklerini görkezse, olar mertebä ýetip bilýär. Adam bolýar. Ata-babalarymyz döwletiň ykbalyny kime tabşyrypdyr!
Günleriň bir güni Alptegin iki ýüz gulamyny halaçlaryň hem türkmenleriň (halaç hem türkmen dälmi, «Agzyny alart-da, höküm sür» syýasaty-da!) üstüne salgyt ýygnamaga ugradýar. Olaryň arasynda Söbüktegin hem bar eken. Alpteginiň oňa diýseň syny oturypdyr. Gulamlar at debsiläp barýar bärden, emma halaçlar bilen türkmenler salgydy doly tölemekden boýun towlaýar. Gulamlar dergazap bolup, urşup, gan çaýkap, salgyt ýygnamakçy bolýarlar, emma Ssöbüktegin:
«Özüm-ä bir ýarag alyp salgyt ýygnaman, size hem söweşip salgyt almaga ýol bermen!» diýip berk garşylyk görkezýär. Oňa-da pikirdeş tapylýar, gulamlar iki bölünişýär. Ahyry salgydy doly ýygnaman, paýtagta gelýärler. Dessine-de Söbüktegini hökümdara satýarlar. Hökümdar ony çagyryp, jogap soraýar.
«Nämüçin ýarag ulanyp, salgydy güýç bilen almadyňyz?
«Sebäbi siziň Aly hezretleriňiz bizi salgyt ýygnamaga ugradanda: «Urşup almaly bolsa hem alyň» diýip tabşyrmandy. Eger biz sizden permansyz söweşe girsek, biziň her birimiz gul däl-de, kelle bolardyk, han bolardyk. Gulamlygyň borjy aganyň aýdanyny amal etmekdir. Eger biz söweşip, alarman bolup, güýç ulanan bolsak, türkmenlerden hem ýeňiläýsek, onuň masgaraçylygy göni size deger».
«Sen mamla» diýip, Alptegin gulamyny hormatlaýar.
«Guluň borjy – gulçulyk!» Şu pikiri aýtmak üçin bu wakanyň nämä geregi bar diýäýjek hem tapylar. Hawa, taryhda munuň ýaly dana sözler hem kän, wakalar hem. Men hem bu wakany ýatlamazdym, eger... Eger şol gul, şol gulam Söbüktegin soňundan ullakan imperiýanyň – Horezminiň soltany bolmadyk bolsa... Eger gulamyň şol pikiri türkmenlere düýbünden ýat bolan bolsady, men bu wakany ýatlamazdym.
1879-1881-nji ýyllar aralygynda ömrüniň üç ýylyny türkmen topragyna bagyşlap, Şagadamdan topuny-tophanasyny süýräp gaýdan ors ekspedisiýasynyň her bir hereketini synlap, her bir urşy öwrenip, dessine ýurduna – Londandaky gazete habar ýazan žurnalist Edmund o’Donowan türkmeniň arzyly adamyňa öwrülipdi. Ýöne SSSR zamany onuň gymmatbaha eserlerini türkmen okyjysy bilmedi.
«Deýli Nýus» gazetiniň habarçysy Edmund O’Donowan irland rewolýusiöňtri, öz halkynyň azatlygy üçin göreşip, iňlis türmesinde ýatan adam. Ol agalygyň hem gullugyň, basybalyjynyň hem ýurduny aldyranyň ýagdaýyny başga kişiden sorap bilmeli däl. Irlandiýa häli-häzire çenli özüniň garaşsyzlygyny gazanyp bilenok. Şol sebäpli, üç ýyldaky wakalary jikme-jikligi bilen synlan žurnalist ortalyk adam däl, ol kalby bilen, paýhasy bilen türkmeniň tarapynda. Ol rus imperiýasynyň erkana türkmen halkyna agyzdyryk salyp, aýagyna gandal urjak bolşuna biperwaý garap bilenok. Ýöne intellektual adam hökmünde türkmenlerden razy däl ýerlerini hem bassyr-ýussyrsyz ýazypdyr. Türkmen durmuşyny, türkmen gylyk-häsiýetini, türkmen aňyny, türkmen edim-gylymlaryny, geýnişlerini, biş-düşlerine çenli öwrenip beýan edipdir. Şol Donowan biziň üçin iň gymmatly şahsyýetleriň biri, sebäbi biziň taryha giden on dokuzynjy asyrymyzyň üç ýylyny ol adamzat hakydasynda galar ýaly edip bilipdir.
Alym, ýazyjy, jurnalist, jahankeşde, ynsanperwer adam hökmünde ol biziň adamçylygymyzda bolmaýan zatlarymyzy hem beýan edýär. Beýle täsirler Nasreddin şanyň fotosuratçysy, Merw söweşiniň suratyny aljak bolup ýesir düşen, on dört ýyllap ýesirlikde bolan De Blokwiliň, Aleksandr Bernsiň, A.Wamberiniň ýazgylarynda hem bar, olaryň pikirini umumylaşdyryp aýtsaň şeýleräk:
«Türkmenleriň köpüsi adynyň yzyndan han, beg ýa baý adyny göterenini kem görmeýär, olar hatda adaty adam adyndan utanýan ýaly. Irden turup ekin meýdanynda işlemek, mal yzynda çopan bolmak üçin özleri däl-de, başga adamlar ýaradylan ýaly. Uzynly gün hepbesizlik edýärler, atlaryny bakyp bejerýärler, ýaraglaryny ýaglaýarlar... Emma eklenç hem gerek. Eklenç üçin hem ata atlanyp alamana gidýärler...»
Türkmeniň geçmişine diýseň guwanýan, türkmeniň hakyky ogly hudožnik Nurmuhammet Berdiýew mundan on bäş ýyl çemesi ozal maňa iki sahypa ýazgyny okadypdy. Iki sahypa ýazgy çaphanada ýyglypdyr, ine, şonda men türkmenleriň on dokuzynjy asyrda bir million gul satandygy baradaky maglumaty okapdym. Ýazgyny yzyna gaýtaryp berenimde, onuň haýsy kitapdan göçürilendigini soradym. Ol gadagan edilen haýsydyr bir taryhy kitap eken. Hakydama ynanyp, kitabyň adyny, awtoryny ýazyp almandygyma ahmyr edýärin, emma ondan peýda ýok. Ajaýyp hudožnik Nurmuhammedem ýok... Sorap gaýdaýar ýaly...
Jahankeşdeler türkmeniň özdiýenliligini, erkinligi söýýänligini, boýun synandan ölenini gowy görýänligini, «men-menligini» beýan edýär. Ol häsiýet düýn ýa geçen asyrda dörän häsiýet däl.
Türkmeniň şu häsiýetini aýtmak maňa gaty kyn düşýär, sebäbi öz aýbyňy açmak aňsat däl. Türkmen özi ýaly türkmene boýun sunandan, ölenini gowy görýär. Haýsy millet bolsa, şol bolsun, ýöne özüne çörek berjek özi ýaly türkmen bolmasa bolýar...
Müňünji ýyllarda Gazna şäherini paýtagt edinip, ullakan imperiýa guran Mahmyt Gaznaly oguzlaryň gaýy taýpasyndan. Ol on ýedi ýola Hindistana ýöriş edýär, hindi taryhçylary onuň adyny Çingiz hanyň ady bilen bir hatarda goýýar. Emma Mahmyt Gaznaly musulman dünýäsinde keramatlylyk derejesine göterilen iki sany hökümdaryň biri. Hindistanyň musulman dünýäsiniň emele geliş döwri Mahmyt Gaznalydan başlanýar. Jawaharlar Neru ony talaňçy diýip atlandyrsa-da, onuň ýörişleriniň baş maksady Hindistanyň ilatyny talamakdan däl-de, musulmanlaşdyrmakdan ybarat! Mahmyt Gaznaly öz köşgüne alymlary, taryhçylary, şahyrlary, ruhanylary ýygnamakda taryhda Harun ar Raşid bilen bäsleşýän soltan. Onuň köşgünde döwletiň hasabyna ýaşap, şygyr ýazyp ýörenleriň sany 287 eken. Alymlaryň ýüzlerçesi onuň obserwatoriýasynda işläpdir. Birunynyň Biruny bolmagynda Mahmyt Gaznalynyň hemaýaty, kömegi örän uly. Ol ony mydama öz ýany bilen Hindistana alyp gidipdir. Dünýäde ylmy çeşmeler bar bolsa, oňa elýeterli edipdir. Mahmyt Ibn Sinany – Lukman Hekimi hem birnäçe gezek hormat bilen köşgüne çagyrýar, emma, näme sebäpdendir, hekim köşge gelmän, ömrüni Mahmytdan gaçyp geçirýär. Beýik alym aýal Saldadzäniň «Ibn Sina» atly dokumental romany tutuş beýik alymyň gaçgaklyk döwrüni beýan edýär.
Mahmyt Gaznaly ullakan imperiýanyň – soltany! Eýlesi Hytaýdan Müsüre, beýlesi Hindistandan Urala, Ruma çenli territoriýada onuň permany ýöreýär.
Mahmyt Gaznaly gazaply hem bolupdyr, ýöne onuň adalatlylygy, paýhaslylygy, rehimdarlygy, öňdengörüjiligi, ynsanperwerligi... hakynda onlarça rowaýat bar. Rowaýata bolsa kim hem bolsaň, ýöne ýere girip bolanok.
Ýewraziýanyň giň territoriýasynda onuň diýenini etmek bagt! Emma onuň permanyndan boýun gaçyryp, onuň hökmürowanlygyny ret edip ýören dört müň öýli bar. Şol dört müň öýli Garagumuň jümmüşinde bukulyp itiň gününi görýär, emma soltana gulluga barmaýar. Şol dört müň öýli türkmeniň serdary kim?! Çagry beg bilen Togrul beg!
Ýedi ýatlaryň Mahmyda ýakyn boljak bolup dert azara galyp ýören wagty Çagry beg bilen Togrul beg onuň nähili duşmany bolýar? Olar ýa ýedi ýatdan hem daşmy?
Ýok. Ikisi hem Oguz hanyň kowumy. Oguz hanyň iň uly ogly Gün hanyň ilkinji ogly – Gaýy. Mahmyt Gaýynyň neberesinden. Çagry bilen Togrul bolsa Oguz hanyň dördünji ogly Gök hanyň dördünji ogly – Kynykdan. Başgaça aýdanyňda, doganoglan! Dolanan! Ýogsa, Mahmyt Gaznaly olary näçe ýola gulluga çagyrýar. Ummasyz imperiýada uly-uly wezipelerde işläp, serkerdelik edip ýörmeli ýigitler ondan gaçyp güzeran görýärler. Ibn Sina-da şolaryň toparynda gezip, hassalaryny bejerýär. Netijede, Çagry beg bilen Togrul beg Mahmyt Gaznaly ölenden soň, onuň ornuna tagta çykan Masud soltany tagtdan agdaryp, seljuklar döwletini esaslandyrýarlar... Eger şeýle fakt türkmen taryhynda ýekeje bolsady, ony agzaman geçerdik...
Garaşsyzlyk geçmişdäki «men-men» diýen türkmeni bir döwlet suprasynyň başyna jemledi, agzybir etdi.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 14 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: