13:10
Pelsepe
Rozygül ÝAZHANOWA

✔ PELSEPE

Ugradylýan ýer däl ulag mennziller,
Gelýäniñem garşy alynýan ýeri.
Söýmedige perem ýönekeý gyzdyr,
Görmeksizje gyzam söýene peri.

Her günem gün ýaşýar, dogýar ýene-de,
Ýöne güniñ günden bar tapawudy.
It bar öz ýal beren eýesin ýaran,
Gördüm yklan öýün goraýan iti.

Pil bilen gazylýar garyndyr, gabyr,
Toý gazanlar üçin gazylýar ojak.
Ynsan durmuşynda ýöne bir gural,
Malyñ bokurdagna gezelýän pyçak.

Eneden ýokarda diñe Alla bar,
Kim üçin ýöne bir aýaldyr ene.
Alla bilen enä hyýanata däl,
Biperwaý göz bilen baksañam günä.

Ajy-süýji, ýagşy-ýaman, ak-gara,
Gapma-garşylyklar, dürli pikirler.
Tebigata gyradeñlik magsus däl,
Adamlar öz başyn alyp çykarlar.
Категория: Goşgular | Просмотров: 109 | Добавил: Has | Теги: Rozygül Ýazhanowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: