10:26
Paýtagt

PAÝTAGT

Başarnyk bizi ýesirleşdirýärmikä? Şeýledir öýdemok, sebäbi başarnyk mynasyplaryñ göreşini çaltlandyrýar.
Aklymyzyñ çäginde ýatdan çykarmazlyk we ýatdan çykartmazlyk üçin nobata garaşma wagty bar.
Biz nijeme zatlary unutdyk ýa-da hakykata çapraz görnüşde gurnadyk. Şeýdibem özümizi agyr ýagdaýa we kösenje saldyk.
Düýnki gün taryhy ýoýup ekranlaşdyrylýan taryhy teleseriallar üçin aýdan sözlerini unudyp bu günki gün oña tankydy göz bilen seretmek üçin iññän ýokary derejede gurnalan kinotaslama at dakmaga synanşyp öz-özlerine garşy gidip başgaça öwüsýänleriñ maksadyna düşünmek üçin artykmaç akyl gerek däl.
Aslynda, bize başaran işlerimizden ötri başarmadyk işlerimize görä baha berilýär.
Älem barlygy mümkin bolan zatlardan döräpdir, ýagny biz barlygy mümkin zatlaryñ hikmeti bilen gyzyklanan ýagdaýymyzda barha içginleşeris we kristallaşarys. Barlygy mümkin zatlaryñ arasynda artykmaç hapa-haşaly we wirusy bolanlaryñ barlygyna garamazdan we olardan tapawutlanýandygymyzy görkezmegiñ hatyrasyna munuñ hötdesinden gelmelidiris.
Adamzat taryhyna düşünmek we düşündirmek üçin oña wagtal-wagtal kesesinden seredip görmek gerek. Bu taryhy wakalary we taryhy kimligi unutdyrylan, hakydalary üýtgetmäge çalşylan we gynansak-da üýtgetmegi başaran barlygy mümkin zatlara has gowy beýan etmek üçin hökmany suratda gerek.
Käwagt özümizi hemme zatdan çetleşdirmeli bolýar. Aslynda bu biziñ akyl ýetiriş ukybymyzy kämilleşdirýän ýagdaý. Başgaça aýdylanda özümizi düşündirmek we kristallaşmak üçin, her tüýsli gözegçilikden çykyp hakykatyñ özenine inmek üçin hökmany suratda gerek zatdyr, emma häzirki günde muny başarmak juda kyn.
Uçgury sypan barlygy mümkin zatlaryñ ähli şer niýetlerine garşy muny başarmak gerek.
Ýatlamak we ýatlatmak üçin kem-kemden hereket edeliñ, çünki çaltlygyñ harsallygy gadymdan gelýän nämämiz bar bolsa ýatdan çykartmak üçin her işi edýär.
Bir halka görnetin zyýan ýetirmek üçin ýatdan çykartmak isleýän nämeleri bar bolsa, munuñ tersine hereket etmek we başarmak üçin kem-kemden batlanmagymyz gerek.
Şonuñ üçin asla we asla aýtjagymyzy aýtmakdan çekinip durmarys. Käwagtam aç-açan we özümiz isläp aýtmadyk sözlerimiz üçin barlygy mümkin zada öwrülmegiñ menziline gowşarys.
Eger bu bir oýundan ybarat bolsa, biz bu oýunda utmak üçin garşymyza çykan her bir kynçylygy böwsüp geçmelidiris.
Bilşiñiz ýaly älemiñ özü-de barlygy mümkin zatlaryñ hataryna girýär. Äleme we älemiñ daşyndaky sebäbiñ barlygyna düşünmek mätäçligimizi boýun alanymyzda barlygy mümkin zada öwrüleris.
Älemi diñe Älemiñ daşyndaky "Hökmany Barlyk" ýaradyp biler. Näme bar-näme ýok bolsa, wagty-da, taryhy-da, barlygy mümkin zatlary-da - barsyny Ol (Alla -t.b.) ýaratdy.
Düýnümizden söz açýan eserleri bilkastkaýyn we şowakörlük bilen tankyt edýänler duýgularyñ inçeligine, taryhy hakykatlara we näme diýiljek bolunýanyna çigit ýaly kelle agyrtman bu boýunça kazyýetdir prokuratura ýaly hukuk goraýjy edaralara nadaralyk bilen ýüz tutmakdan başga zada güýçleri ýetenok.
Köñüllerini taryhy gymmatlyklarymyzy bu günki ýaşlara ähli kynçylyklara garamazdan gürrüñ berme gaýratyna gaplamagyñ deregine, ýyllaryñ dowamynda görnetin amala aşyrylan eroziýanyñ barha artmagyna öñaýak bolýarlar we muny-da özlerine dereje saýýarlar.
Aslynda olar muny bizden gowy bilýändikleri üçin geçmişi ýatdan çykartmak isleýärler we munuñ üçin öz taraplaryndan edýän işlerini çaltlandyrýarlar. Çünki olar bizi hakydasyzlaşdyran wagtynda añymyza sokmak isleýän zatlaryny hiç bir päsgelçiliksiz sokup biljekdiklerine göz ýetirip durlar, birnäçe ýyllap şeýdibem geldiler.
Ähli beýik wakalaryñ, beýik garaýyşlaryñ, beýik eserleriñ bir derdi bar.
Näme bar-näme ýok hemmesini, wagty taryhy we barlygy mümkin zatlary "Ol" ýaradypdy.
Barlygy mümkin zatlaryñ özenine muny ünsden düşürmän, nämäni meýilleşdirýän bolsalar, şol başlangyçdan başlamak gerek.
Beýik bolmagyñ ýoly hem bu hakykatyñ üstünde hiç bir şertsiz, arman-ýadaman der saçyp işlemekden geçýär.
Başarnyk bizi ýesirleşdirýärmikä? Şeýledir öýdemok, sebäbi başarnyk barlygy mümkin zatlaryñ özüne mahsus zatlary üçin göreşini çaltlandyrýar.

Bahadyr ÝENIŞEHIRLIOGLY.

Категория: Psihologiýa | Просмотров: 35 | Добавил: Has | Теги: Bahadyr Ýenişehirliogly | Рейтинг: 4.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: