08:03
Parawbibi

RUHY SÜTÜNLERIMIZ

▶ PARAWBIBI

Köpetdagyñ eteginde, Serdar etrabynyñ günbatar tarapynda, 25 km uzaklykda Paraw obasy ýerleşýär. Onuñ çäginde binagärlik desgalarynyñ birnäçesi bar. Olaryñ arasyndan Parawbibi metjidi saýlanyp dur. Dag gerşinde gurlan uly bolmadyk ak gar ýaly desga zyýaratçylaryñ sarpalaýan ýerleriniñ biri bolup durýar. Şol zyýaratçylaryñ aglabasy bolsa zenanlardyr.

Bu keramatly ýeriñ döreýşi bilen bagly rowaýat bar. Şol rowaýata görä, Parawbibi türkmen taýpalarynyñ birinde ýaş hem owadan gyz bolupdyr. Günlerde bir gün bu oba duşmanlar çozupdyr. Olaryñ serkerdesi ýaş gyzyñ gözelligine aşyk bolup, Parawbibini özüne bermeklerini talap edipdir we şeýle edilse, obany weýran etmejegine söz beripdir.

Bu zatdan habarly bolan gyz özüniñ namysyny gorap, dagda gizlenmäge ýetişipdir we doga-dileg edip başlapdyr. Şonda dagyñ gaýalary açylyp, namysjañ gyzy daşlaryñ arasynda müdimilik gizläpdir. Adamlar şol ýerde ar-namysyny goramagy başaran gyzyñ hormatyna uly bolmadyk metjidi gurupdyrlar.

Şondan bäri bu ýer keramatly ýer, Parawbibiniñ özi bolsa göwreli aýallaryñ hem-de täze doglan çagalaryñ howandary hasaplanylýar. Zenanlar çaga dogurmagyñ öñüsyrasynda onuñ hormatyna ýörite dessury berjaý edipdirler. Rowaýatlaryñ birine görä, Parawbibiñ tebipçilikden hem başy çykypdyr, ol adamlara hemişe ýardam beripdir.

Häzirki wagtda Parawbibi ybadathanasyna ýurdumyzyñ ähli künjeklerinden köp sanly zenanlar gelýärler we ondan kömek bermegini ~ oñat ýanýoldaşyñ duşmagyny, çagasynyñ köp bolmagyny hem-de uzak ýyllaryñ dowamynda özleriniñ owadan we sagdyn bolmagyny dileg edýärler.

Metjide öwrüm-öwrüm basgançaklar alyp barýar, gerşiñ ýüzünde daşyñ döwlen ýerleri äşgär görünýär. Dindarlaryñ aýtmagyna görä, olar ýaş gyzyñ mañlaýynyñ, tirsekleriniñ hem-de dyzlarynyñ yzlarydyr. Ýaş zyýaratçylar olara mañlaýlaryny diräp, doga-dileg edýärler.

Şeýle hem, rowaýata görä, bu ýerden uzak bolmadyk ýerde orak görnüşindäki daşlaryñ birnäçesi bar. Olar Parawbibiniñ janhowluna duşmanlara zyñan gawunlarynyñ dilikleri bolupdyr. Häzir bolsa, ýaş zenanlar şol daşlaryñ üstüne çykyp, arzuwlaryń hasyl bolmagyny dileg edýärler: eger-de zenanlaryñ aýagynyñ aşagyndaky daşlar ýerinden gozganyp, aýlanyp başlasa, onda edilen arzuwlar hökmany suratda hasyl bolýar. Eger-de, daşlar ýerinden gozganmasa, bir ýyldan bu ajaýyp ýerlere gaýdyp gelip, ýene-de synanyşyp görmeli bolýar.

Wladimir KOMAROW,
žurnalist.

#syyahat_2016

Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 153 | Добавил: Has | Теги: Wladimir Komarow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: