17:27
Paradoks
PARADOKS

Maňa sensiz dünýe giň,
Ýiterin öýdüp gorkýan.
Menzil uzak - senden ir
ýeterin öýdüp gorkýan.

Yşkyňdan ten bilen jan,
Tutaşar öýdüp gorkýan.
Sen bolmasaň, Senem jan
sataşar öýdüp gorkýan.

Aýa-Güne ýanaman,
Ýaşarsyň öýdüp gorkýan.
Gitseň, menem ýanyňa
Goşarsyň öýdüp gorkýan. 

Sensiz günler eglenmez,
Geçerler öýdüp gorkýan. 
Gökde ýyldyzlar basym 
öçerler öýdüp gorkýan. 

Kalbyňa salma meni,
Doňaryn öýdüp gorkýan......
Gitme! Gitseň, sensizem,
oňaryn öýdüp gorkýan.

Mukam MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Raýdaş | Теги: Mukam Muhamow | Рейтинг: 3.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
0
1  
häzirki yeñles aýdymlar üçin ulanaymasañ, mena many-mazmun gormedim şunda. Goşgyñ ady hem uytgeşik soz ulanypdyrow diydirjek bolup yasama goylan at.

0
2  
özem şahyrda aýgytlylyk we okgunlylyk bolmaly däl-maý? Bentlerde sanaýan ähli zatlaryndan gorkyan bolsa, bärde gorkmaz yaly näme galýa? Şeýle gowuşgynsyz we nalajedeýin pikirli adamyñ yöretjek pikiri

0
3  
goşgyny gorkman yazyşyna hayran bu sanayan gorkaklygy bilen biggrin tongue cry wacko

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: