08:06
ÖZÜME GOÝ
ÖZÜME GOÝ

Berdim ahyr ýüregim,
Erkimi özüme goý.
Bolsaň-da sen geregim,
Erkimi özüme goý.

Ähli zatda bar hasap,
Bolma beýle biynsap,
Barsam-da küýsäp-küýsäp,
Erkimi özüme goý.

Dönsem-de matal-çözgä,
Meýlim ýok başga-özgä,
Dözseňem beýle döz-mä,
Erkimi özüme goý.

Şol dälmi edýän şahyr,
Ýaş görkezýän hem jahyl,
Menem degmedim ahyr,
Erkimi özüme goý.

Söýýän dogrusyn aýdar,
Özüçe ýörer-ýortar,
Alsaňam durmaz, gaýdar,
Erkimi özüme goý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: