02:50
Öýke

ÖÝKE

Nätanyş biz,
Heniz birek-birege.
Negada bir kesişmedi köçämiz.
Sen şonda-da meniñ ähli hüýümi,
Ýazyp goýan ýaly öñ bir kitaba,
Agyry-ynjymy,
Pikir-oýumy
Nädip kesgitlediñ ýeke gezekde?..
Tebsirän topragym gelende taba
Kereşmeli sözleñ bilen suwaryp,
Bada açdyñ kilitlenen dünýämi
Hem meni bagladyñ dikil gazykda.
Soñam meñ sözümi kesä öwürip
Ençe günläp dyñzap duran kinäñi
Akdyrañda öñem enter-pelegi
çaşan, 
             çalamydar ysgynsyz göwräm
Ezraýyl kakan deý şalkyldar gider.
Ýaşasak-da aýry-aýry şäherde
Asmanda bir ýyldyz süýnse birden
Biziñ dünýämizde ýalpyldar gider...
Ýöne her pasylda,
Güýzde, 
                 baharda
Kine edip egsiltme ýüz nuruñy.
Yşyk bersem bir menzile ýeterlik,
Kaksam emaý bilen göwün taryñy
Köñül guşuñ al-asmana göterlip 
Nam galmasa yza-ynjylaryñdan,
Ýalñyzlygyñ ýatdan çyksa birsalym
Halas etsem seni ünjüleriñden
Gaýgy-gama çirkizilen ruhuñy
Iñ joşgunly duýgym bilen ruslaryñ
Çokundyrşy ýaly suwa düşürip
Mähir bulagymda kemsiz päklesem...
Niçik borka yhlasymyñ jogaby,
Gazboýun, 
                    durnagöz,
                                        owadan sona
Öýkemi ýene?!..

Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 130 | Добавил: Has | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 3.9/10

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 23
1
1  
Sen goşgy ýazypsyň, şeýle bir çeper,
Köňül boz toprakdyr, dänesin seper.
Kuýaş şinä siňer, yhlas ezizlär -
Jahan söýgi berip, şelpesin dakar -
Onsoň bu barlyga aşyklar bakar.
Tapmaçaň içinden gözlense çözgüt,
Ýetim gözýaşlarym şo bada kepär.
Bu goşgy ýazgyt, ýazgyt...

Duýdum, hekaýa bar şygryň içinde,
Pyşyrdysy alaw, ýakar syrmyzy.
Pelsepe bar şemallaryň göçünde -
Ýatlasam ýañagym öwser gyrmyzy.
Her bir sözüň köňül şaýy bolup dur,
Dünýä bolsa şol tarypyň arzuwy.
Içimden bir owaz gelýär "Gyrmyzy..."
Ah, köňlümiň durmazy!

Sen goşgy ýazypsyň - Mejnun nirede?
Tapardy sözüňden ýüz müň teselli.
Hyýal aty, arabaňy süýre-de,
Äkit meni söz mülküne - heserli...
Duýgy bolsa basýar dara-direde -
Okap bagtly boldum, Aý deý eserňi.
Bilmedim çuň mana aklym kesermi?!
Ah, heserli, heserli...

Bulut deý söz ýagýar -
gülläpdir dünýä,
Bulaklara bakyp otyrmyň sen ýa?
Bu goşgy ynsan deý ýöräp barýar-la,
Hemem saňa meňzeş,
Yzyna bakman,
Köňül ýüpegimi bir-bir sarýar-la!
Ondan haly bolar,
Ýa uçar ahmal,
Wah, ylhamdan many tapyp gyzypsyň!
Sen goşgy ýazypsyň...

Oguljemal Çaryýewa.

0
2  
cool

0
3  
sad

0
4  
Браво!

0
5  
О.Чарыеванын гошгусына ++++

0
6  
Хасынкыны халамадым. Оны окасан гайгыландыря..

0
7  
O.Çaryýewañ goşgusy gowy. Ýöne Suraý teswirde oña derek goşga bellik etse has gowy bolardy. Yokardaky goşga baha bermelimi ya teswirdäkä, bilip bolmaýa ýogsa wacko wink

0
8  
Gywww çalmõjek wiii bagyşla @Gõkbõri. Şol goşga teswirimda O.Çaryýewnañ goşgysy.. dry

-1
9  
Gowy goşgy.

0
10  
Men pikrimce eserin sebapkari kan oykelemandir yogsam gosgy has gowy cykardy.

0
11  
@Medinilla her kimiň teswiri özüne degşli bu siziň islegiňizä dursyn  gowy goşgy eken  happy

0
12  
Öçürjek ýok, gohlap oturma, dogan tongue

0
13  
Oguljemal halypanyñ goşgusyny menem haladym..

0
14  
Hasyñ ýazýan goşgularyna haýran galmakdan ýaňa men söz tapamok. Ýeke goşgysyny näçe wagtlap pikir edip gezip bilýän. Diňe "Äht" goşgusyny okamda, şahyry asla tanamasamam ony hemmelerden gabanyan yaly gaty erbet täsirlendim.Alla saňa zehin beribilipdir, mundan beýlägem galamyň ötgür bolsun.

0
15  
Tasirlendim.

0
16  
"...Nam galmasa yza-ynjylaryňdan,
Ýalňyzlygyň ýatdan çyksa birsalym..."
Bu pursady janlandyrmak mümkin, dünýäni diňe bir pursat unutdurarsyň, ýöne näme üçin şol ýagdaýyň soňy barada zenan duýgularynyň aýralyga durumsyzlygyny azajygam bolsa pikiriňde aňlatmadyň?

0
17  
Hasyň her goşgusy bir sahna. Men onuň her goşgusyndaky "...ýaly..." diýilip, tamamlanýan meňzetmeleriniň haýrany. Janyndan jan üfläp, yhlasly ýazýa. Ylhamyňa bereket!

0
18  
Ýarpy sözlerden düzülen owadan sözlemler hûý-häsiýet (ähli hüýümi...) näz-kereşme (kereşmeli sõzleñ...), nam-nyşan (Nam galmasa...) ... edil ýöne çûýşe döwüklerinden ýasalan monjuk yaly lowurdap gozuñi gamaşdyrýar.

0
19  
,,Kine ediň egsiltme ýüz nuryňy''.Gör, nähili söz öwrümi! Şuňa meňzeş täze jümleler şygyrda kop.Täsirli goşgy.

0
20  
,,kine edip" bolmaly.yalñyshypdyryn.

0
21  
Gowy goşgy. Ýürekden çykan sözler göni kalbyňa siňip,täsiri has üýtgeşik bolýar. Oguljemal Çaryýewanyň goşgularynam höwes bilen okaýan.

0
22  
Goşgyny haladym.
Öňem biriniň: "hasany ölleýäň soňam şol guraýança ýaraşmaly. Kine etmek gowy däl" diýeni ýadyma düşüp gitdi...

0
23  
....!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: