12:11
Owrat näme?
OWRAT NÄME? -1.

Utanmak manysyny añladýan "owrat" sözi, ynsanyñ jynsy agzalarynyñ bolan ýerlerini göz öñünde tutan bir meñzetmedir. Ýagny, açyk bolmagy sebäpli ynsanyñ utanç duýjagynyñ ikuçsyzdygyny añladýar. Pygamberimiziñ (s.a.w): "Erkek erkegiñ, aýal-da aýalyñ owrat ýerine seretmesin" (Müslim) Hadysy şerifinde bu many göz öñünde tutulandyr.
Köneürgenç türkmenleri döwletiniñ ýetişdiren meşhur yslam alymy Fahreddin Razy ýazdygy Gurhan tefsirinde ynsanyń biri-biriniñ ýanynda ar-namys, utanç-haýa kabul edilip bilinjek hallaryny (owrat) we olaryñ edebini dört görnüşde jemlenýändir.

1. Erkekleriñ özara owrat haly we onuñ edebi.
2. Aýallaryñ özara owrat haly we onuñ edebi.
3. Aýalyñ nätanyş bir erkek bilen owrat we gatnaşyk edebi.
4. Erkegiñ nätanyş bir aýal bilen owrat we gatnaşyk edebi.

1. Erkekleriñ özara owrat haly we onuñ edebi.

Erkekler özara bilelikde bolanlarynda haýa duýgusy sebäpli ejap edip ýapynmaly zerur bolan owrat ýerleri göbek bilen dyz aralygydyr. Erkekleriñ biri-birlerine göbek bilen dyz aralygyny görkezmegi haram saýylypdyr. Göbek bilen dyz aralygyndan başga bedeniñ tutuş hemme ýeri owrat saýylmaýar.
Owrat bolmagynyñ delili şu hadyslardyr:
Pygamberimiz (s.a.w) Huzeýfe diýen sahabany metjitde dyzy açyk halda görende, "Dyzyñy ýap, çünki o taýy owratdyr" diýýär (Tirmizi). Şeýle hem bir gezeginde-de Hezreti Ala (r.a) "Dyzyñy açma, öli ýa diri, hiç kimiñ dyzyna seretme!" diýip aýdýar (Tirmizi).

2. Aýallaryñ özara owrat hallary we onuñ edebi.

Aýallar özara bile bolan wagtlary haýa duýgusy sebäpli ejap edip ýapmagy zerur bolan ýerleri edil erkekler ýalydyr. Aýallaryñ-da özara biri-birileriniñ göbek bilen dyz aralygyna seretmeleri haram saýylypdyr. Bulardan başga bedenleriniñ beýleki ýerlerine (pitne endişesi ýok bolsa) seretmeleriniñ hiç hili zeleli ýokdur. Bu meselede ýakynlyk derejesi hasaba alynmaýar. Ejesi, gyzy, gyz dogany, goñşusy... tapawudy ýok, bularyñ biri-birileriniñ göbek bilen dyz aralygyna seretmeleri halal däldir.

3. Erkegiñ nätanyş bir aýal bilen owrat we gatnaşyk edebi.

Aýallaryñ elleri we ýüzünden başga tutuş bedeni nätanyş erkekler üçin owrat saýylypdyr. Seredilmegi ýa-da görüljek şekilde açylmagy dürs däldir we edepsizlik saýylýar. Erkegiñ nätanyş bir aýala ýörite seretmegi dürs görülmändir we uly edepsizlikdir. Erkek adam biygtyýar aýalyñ owrat ýerlerine seretse, Allatagalanyñ: "Mümin erkeklere aýt! Gözlerini haramdan sowsunlar" (Nur, 31) emrine laýyklykda, derhal gözüni ýumup, ýüzüni öwürmelidir. Erbetlige iteklemejek bolsa, zerurlyk ýagdaýda bir gezeklik seretmek dürs görlendir. Emma bakyşyñy ikinji gezek gaýtalamaklyga rugsat edilmändir. Ymam Agzam hem bu pikirdedir. Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiz döwründe şeýle waka bolýar. Pygamberimiz bilen Hezreti Aly köçede ýöräp barýarkalar Hezreti Aly (r.a) nazary nätanyş bir aýala düşende, Pygamberimiz (s.a.w) şeýle aýdýar:

"Eý Aly, nazary nazara goşma. Birinjisi üçin saña hiç hili günä ýokdur, emma ikinjisi seniñ zyýanyñadyr" (Ebu Dawut).

Alym Kurtuby bu hadysy okandan soñ, "El-Jamyg" atly kitabynda şeýle düşündiriş berýär:

"Ynsan, umuman, ilkinji bakyşyna päsgel bolup bilmeýär, şonuñ üçin munuñ jogapkärçiligi ýokdur. Emma kalplaryñ arassa galmagy, erbet pikiriñ döremegine ýol bermezlik üçin Allatagala hyjap aýaty bilen gatnaşyklaryñ perde arkasyndan ýöredilmegini, gürleşende özüne çekiji, maýyl ediji görnüşde gürlemezligi musulman zenanlara emr edendir. Ýogsa, musulman erkekleriñ we zenanlaryñ nebis we şeýtan allaryndan uzakda bolmaklary mümkin däldir".

Türkmen halkynda asyrlaryñ jümmüşinden dowam edip gelýän ýaşmak edebi bardyr. Bu hakykaty Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada:

"Haýa - ýüzdedir we gözdedir. Türkmen zenany erkegiñ gözüniñ içine seredip, ýüzüne göni dikanlap gürleşmez. Olar iñ ýakynlary bilenem bir tarapa bakyp, ýüzüniñ bir tarapyny ýeñi bilen ýapyp gürleşýändir. Zenany urmak, onda-da ýüzüne urmak külli günädir, iñ uly aýypdyr. Erkek bilen ol aradaşlykda durup, köplenjem baş atyp ýa-da başyny ýaýkap habarlaşýandyr. Türkmende gyzlaryñ ýüzi açykdyr, gelinleriñ bolsa agzy ýaşmaklydyr. Ýaşmak - türkmen gelniniñ erkek hossarlarynyñ  ýanyndaky hormat-sylagydyr. Şonuñ üçinem, ýaşmak uzak wagtlap dowam edýär. Erkek hossary ýa garry eneler gelniñ özüne sylag edýändigini görüp, monça bolup, birnäçe wagt geçenden soñ, minnetdarlyk sowgat-serpaýy bilen gelniñ agzyny açdyrýarlar. Çünki sylag diñe gep-sözde däl, eýsem, hereketdedir hem. Zenan tarapyn aragatnaşygyñ gözelligi diñe gepleşikde däl, eýsem, dymmakdadyr hem" diýip beýan edýär".

● Hylwat halynyñ gadagan edilmegi.

Rowaýata görä, Musa (a.s) bir mejlisde oturýardy. Üstüne bir don geýnen halda şeýtan oña görünýär we käbir sowal-jogap alşandan soñ, "Ýa Musa, seniñ üç zatdan ägä bolmagyñy ýatladýaryn" diýdi we sözüniñ üstüni şeýle ýetirdi:

"Nika düşen bir aýal bilen ikiçäk galma, çünki mähremi bolmadyk aýal bilen hylwat halda bolan erkegiñ ýoldaşy bolaryn. Onuñ ýüreginde şol aýala, aýalyñ ýüreginde-de şoñ garşy yşk we pitne oduny tutaşdyrýança, olar bilen ýoldaşlygy dowam ederin..." diýýär.

Müslimiñ habar bermegine görä, Amr ibn As şeýle gürrüñ berýär. Haşym ogullaryndan bir adam Umeýriñ gyzy Esmanyñ ýanyna giripdirler. Esma şol wagtlar Ebu Bekir Syddykyñ nikasynda ýaşaýardy. Hezreti Ebu Bekir olary Esmanyñ ýanynda görende, erbet bolýar we ýagdaýy Resulallaha şikaýat edip habar berýär. Şeýle hem "Haýyrdan başga bir zat görmedim" diýýär. Pygamberimiz (s.a.w): "Şünhesiz, Alla Esmany şeýle erbetlikden gorandyr" diýenden soñ, münbere çykdy we: "Bu günden soñra bir adam ýanynda bir ýa-da birnäçe adam bolmazdan, äri öýde bolmadyk aýalyñ ýanyna hiç kim girmesin" diýip aýtdy we biri-birine nika halal bolan aýallar bilen erkekleriñ hylwat halda galmaklaryny gadagan etdi.
Hylwat halynda galmaklygyñ iñ howplusy garyndaşlar arasynda bolup geçýär. Umuman, gyz-oglan ýa-da zenan-erkek, tapawudy ýok, biri-birlerine nika halal bolmagyna garamazdan, aga-daýy, bibi-daýza, çagalarynyñ ýa-da obadaşynyñ bolandygy üçin, biri-birlerinden ägä bolmaýarlar. Pygamberimiziñ şu hadysy beýle etmekligiñ uly ýalñyşdygyny görkezýär. Allanyñ Resulynyñ (s.a.w) sahabalara: "Öz nikalysy we mähremi bolmadyk aýalyñ ýanyna girmäñ" manydaky sözüne ensardan biri:

- Eý Allanyñ Resuly, hamw hakynda näme aýdýarsyñyz? -diýdi. Pygamberimiz: "Hamw ölümdir" jogabyny berdi (Buhary).

Başga bir hadysda hamwyñ aýalyñ gaýyn atasynyñ beýleki ýakyn garyndaşlarydyr diýip düşündirilýär
Gaýynata we onuñ ogullary äriñ aýalyna mährem (nikalaşmak haram) bolandygy üçin, hylwat halda galmaklarynyñ hiç hili zeleli ýokdur". Äriñ doganoglanlary we dolananlary oña girmeýär, çünki olar mährem bolmadyk adamlardyr. Şeýle hem äriñ aradan çykmagy sebäpli, gaýynlary we äriniñ doganlarynyñ ogullary mähremlikden aýrylar.
Kazy Iýaz hem "Bir gelniñ ýüwürjileri we gaýynagalary bilen ikiçäk galmagy dinde pitne we heläk ediji sebäp hökmünde ýeterlikdir. Ynha, bu ýagdaýy pygamberimiz ölüm diýip suratlandyrypdyr. Bu sözi aýdýarka sözüni gataldyp aýdypdyr" (A.Dawutogly "Müslim terjimesi we şerhi") diýýär. Şeýle ýagdaýyñ aslynda nähili howpludygyny beýan etmek eýýäm ýeterkikdir. Garyndaşlyk derejesi näme bolsa bolsun, biri-birine nika halal bolan adamlaryñ ýapyk ýerde ikiçäk galmaklary zyna eltýän sebäplerdendigi üçin, anyk we kesgitli ýagdaýda haram kabul edilipdir.

Dowamy bar..

"Türkmeniñ gadymdan gelýän milli dini adatlary" kitabyndan alyndy, 185-189-njy sah, Türkmenistanyñ Müftüsiniñ Müdiriýetiniñ neşiri, TDNG, Aşgabat-2006 ý.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 67 | Добавил: Nur | Теги: Türkmeniñ milli dini adatlary | Рейтинг: 4.2/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: