16:16
Osman aga gaýdyp geldi...

OSMAN AGA GAÝDYP GELDI...

www.kitapcylar.ml edebi-çeper we taryh saýtymyzyñ agzybir kollegiýasynyñ we Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri, ajaýyp zehinli şahyrymyz Oguljemal Çaryýewanyñ adyndan halypa ýazyjymyz Osman Ödäniñ 2018-nji ýylyñ 13-nji dekabrynda doglan agtygy Osmanjyga uzak ýaş we il-güne, watana peýdaly gerçek ogul bolup ýetişmegini arzuw edip, şu aşakdaky gutlag goşgusyny okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Osman aganyñ öz sözleri bilen aýtsak, "düýnki Öde bu gün Osman, erte Guwanç, Wepa..." bolup ýaşaýar....
Hawa, Osman Öde ýaly öz halkynyñ şan-şöhratly taryhyny, medeni mirasyny çeper eserleri arkaly direlden beýik ýazyjylar ölmeýär, olar halkyñ hakydasynda ömürlik ýaşaýarlar. Ine bu günem, Osman aga ýene-de Osmanjyk bolup öz ojagyna gadam basdy. Gadymy türkmen aýtgysynda aýdylyşy ýaly, türkmen gerçekleri "bir gezek ölüp, müñ gezek direlen" ogullardyr.

Ýaş Osmanjygyñ ene-atasyna we Oguldurdy enäniñ agzybir maşgalasyna iñ ýagşy arzuw-dilegler bilen: 
@Kitapçylar.

Огулдурды гозун айдын, 
Осман ага гайдып гелди.
Говнун гуш дей, ганат яйдын,
Осман ага гайдып гелди.

Агтыгын говун мерженин,
Мыдам гуванып йоржегин.
Шухбамиз йокдур биржигем,
Осман ага гайдып гелди.

Синип Алланын назары,
Ыкбалындыр бу озалы,
Болуп дурмушын газалы,
Осман ага гайдып гелди.

Гой батлансын салланчагын,
Чагла берлен Аллан чагын.
Ятлап Осман аган чавун,
Осман ага гайдып гелди.

Йоран йолы зыяратдыр,
Галамлары кераматдыр.
Белки Хакдан сахаватдыр,
Осман ага гайдып гелди.

Говунлере гулшен болуп,
Эртирлере ровшен болуп.
Бир бегзада  сершен болуп,
Осман ага гайдып гелди.

Улы илин шады болуп,
Ушанлерин оды болуп,
Осман Одэн ады болуп,
Осман ага гайдып гелди.

Яшы узын довам болсун,
Йузе сылмак совап олсун!
Халыпа дей хован болсун,
Осман ага гайдып гелди.

Осман Оде болуп разы,
Гетирип совулмаз язы.
Белки Осман Одэн ози
Агтык болуп гайдып гелди.

Категория: Gutlaglar | Просмотров: 113 | Добавил: Has | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 4.0/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 11
0
1  
Uzak ömri bilen,geldigi bolsun.

0
2  
Ýaşy uzak, döwletli ogul bolsun!

0
3  
Ýazyjylañ durmuşyna degişli şeýle şatlykly wakalary ýetirip durmak ýazyjylañ hossarlarynyñ göwnüni galkyndyrmaga, okyjylary begendirmäge niýetenen gaty gowy asylly işdir. Adamlar biri-biriniñ şatlygyna şatlansa oña ýetesi näme bar?! Ýaşasyn Raýdaşlyk!
Agtyk ýaşy uzyn bolsun Oguldurdy ene!

0
4  
Oguldyr döwletiñ başy, gyzam bolsa göwün hoşy....

Ýaşy uzyn we ene-ataly çaga bolsun. Atasynyñ adyna mynasyp ogul bolup yetişsin.

0
5  
Uzak yaşasyn!

0
6  
Adyna mynasyp adam bolup yetişsin!

0
7  
Adyna we ady dakylan agirdin sarpasyny saklayan mynasyp perzent bolsyn.

0
8  
Manyly õmür sürsün, Watan ogullaryndan bolsun!

0
9  
Ömri uzak,ak bagty ýoldaşy bolsun.Osman Ödäň özi ýaly belent mertebeli bolsun.

0
10  
Omri uzyn bolsyn

0
11  
Okyjylary Osman aganyñ maşgalasynyñ begenjine şärik edendigi üçin saýty ýöredýänleriñem ömri uzak bolsun!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: