06:38
Orta asyrlar taryhyny sarsdyran on waka

ORTA ASYRLAR TARYHYNY SARSDYRAN ON WAKA

Biziñ döwrümizde dünýä jemgyýetçiligini sarsdyrýan masgaraçylykly wakalar häli-şindi bolup dur. Öñki döwürlerde-de ýagdaý şundan gowy bolmandyr.
Patyşalardan Papalara, garamaýak halkdan şazadalara çenli kim bolsa bolsun, tapawudy ýok, masgaraçylykly wakalardan öz paýyny alypdyr. Bu elbetde, umuman alanda musulman halklaryñ taryhyna däl-de, esasan Ýewropa halklarynyñ taryhyna mahsus zat.
Parahorlukdyr zenan eşigine giren erkek jelepler, sensassiýa döreden nika toýlarydyr jogapkärçilige çekilen jesetler... 
Aşakda, Orta asyrlaryñ Ýewropa taryhyny sarsdyran şolar ýaly wakalaryñ onusyny siziñ dykgatyñyza ýetirýäris.

■ Kaştan meýlisi

Orta asyrlaryñ iñ tanymal Rim papalarynyñ biri-de Rodrigo Boržiýadyr. Aleksandr VI diýibem tanalan Boržiýa 1492-nji ýylda aradan çykýança papanyñ tagtynda oturypdyr. Özi ýaly çagalary Çezaro we Lukresiýa bilen birlikde atlary birnäçe masgaraçylykly wakada geçýän Boržiýa halk tarapyndan ýoluny urduran azgyn we häkimiýeti elinde saklamak üçin her dürli pyssy-pyjurlygy edip biljek haramzada adam hökmünde görülipdir.
Onuñ gurnan masgaraçylykly wakalarynyñ iñ erbedi hem "Kaştan meýlisi" bolsa gerek.
Watikanyñ ýokary wezipeli işgärleriniñ biri wakany şeýle gürrüñ beripdir:

"Çezaro Boržiýa Watikanda oturşyk gurnaýar we oturşyga 50 sany jelep çagyrylýar. Gelýän myhmanlaryñ öñünde ýarym-ýalañaç tans oýnaýan jelepler iýip-içip bolnandan soñ eşiklerini çykarypdyrlar. Stoluñ üstündäki şemdanlary ýere zyñyp oýnap başlan jelepler zalyñ içindäki kaştanlary hem dumly-duşa zyñypdyr. Yzyndanam şemdanlary dyzlarynyñ arasyna gysdyryp emedekläp kaştanlary toplamaga başlapdyrlar. Papanyñ we ogullarynyñ tomaşa eden bu şagalañynyñ soñunda iñ gowy çykyş eden jeleplere ýüpekden tikilen egin-eşik, aýakgap we ş.m zatlar sowgat berlipdir".

■ Abelýar bilen Eloizanyñ hak söýgüsi

Orta asyryñ iñ meşhur aşyk-magşuklarynyñ biri Abelýar bilen Eloiza bolsa gerek. 
Pýer Abelýar XI asyryñ adybelli akyldarlarynyñ biridi, Eloiza Aržanteýl bolsa onuñ iñ zehinli okuwçysydy. Ogrynça söýüşip başlan bu jübütiñ Astrolýab atly çagasy dünýä inýär. Abelýar soñra alymlyk at-abraýyna zyýan ýetmeginden çekinip, gizlinligi saklamak şerti bilen Eloizany nikalaşmaga yrýar. Garaşylmadak pursatda bolup geçen ähli gürrüñleri eşden Eloizanyñ dogany hemşerilerini toplap Abelýary ýençýär we ony gaýdyp aýal-gyzyñ ýanyna barmaz ýaly biçýär. Biçilenden soñ buthanada monahlyk eden Abelýar bolup geçen bu gynançly wakalardan soñ doly takwalyga ýüz uran Eloiza bilen hat alyşmaga başlaýar. Olaryñ bile jaýlanandygy çak edilýär.

■ Nelskiý başnýasy wakasy

Fransiýanyñ koroly Filip IV-niñ üç gelniniñem ady geçýän "Nelskiý başnýasy wakasy" öz wagtynda gyzgyn seslenme döredipdir.
Patyşanyñ gyzy we soñra Angliýanyñ koroly Edward II-ä durmuşa çykan Izabellanyñ hem goşulan dawasynda Izabella baldyzlaryna peşgeş berilen pully haltalaryñ normandiýaly rysarlaryñ eline düşendigini kakasyna habar berýär.
Patyşanyñ gelinleriniñ Nelskiý başnýasynda rysarlar bilen ogrynça zyna gatnaşygynda bolandygy güman edilensoñ Filip IV şübhelenilýän rysarlary ele salyp, tä olar ogryn gatnaşyklaryny boýun alýançalar gynaýar. Biçilenlerinden soñam ölüm jezasyna höküm edilýär. Gelinlerem jogapkärçilikden aman sypmaýar we olaryñ ikisi hakykatdanam rysarlar bilen "gezen" bolup çykýar. Iki gelin ömürlik zyndana salynýar. Olaryñ biri bir ýyl geçensoñ näbelli aradan çykýar, onuñ öldürilendigi çak edilýär. Beýlekisi bolsa sekiz ýyllap ýerasty zyndanda oturýar, hernäme-de bolsa soñra ol azatlyga goýberilýär we galan ömrüni takwalyga bagyş edýär. Şeýle-de bolsa, zyndanda oturan ýyllarynda saglygyny ymykly ýitiren gelin birnäçe ýyllap ýatylgy galýar we azap çekip ölýär.
 
■ Mediçi bankynyñ batmagy

Orta asyrlaryñ Italiýasy diýlende, ýada düşýän iñ ilkinji zat Mediçi dinastiýasydyr.
XIII-XVII asyrlarda hökmürowanlyk süren Mediçiler XIV asyrda Florensiýada bir bank gurýar. Täze açylan bank geljekki asyryñ iñ baý bankyna öwrülýär we Ýewropanyñ ähli ýerinde şahamçalar açýar. Şeýle-de bolsa edilen bergiler, örç alan korrupsiýa we bankyñ dolandyryş işlerindäki kemçilikler sebäpli bankyñ baýlygy ýuwaş-ýuwaşdan dargamaga başlaýar. Bank uçurymyñ gyrasyna gelýär, hatda Mediçiler Fiorentinanyñ Döwlet gaznasyndan we durmuşa çykmaly gyzlaryñ bukjasyna diýip ýygnalan pullaryñ fondundan öz hasabyna pul geçirýär. 1494-nji ýylda Fransiýanyñ koroly Çarlz VII Mediçileriñ bellisini edýär we Italiýany basyp alýar. Mediçi bankynyñ jürüni diken patyşa "Garamañlaý Pýerro" ady bilen ýatlanýan Pýerro Mediçini Florensiýadan sürgüne iberýär.

■ Ot alan adamlaryñ şagalañy

Çarlz VI heniz 12 ýaşyndaka 1380-nji ýylda Fransiýanyñ koroly bolupdyr. Tagta çykan ýyly birnäçe psihologiki we ruhy näsaglyklary başdan geçirmäge başlan Çarlz özüniñ çüýşden ýasalandygyna ynanypdyr. 
1393-nji ýylyñ 28-nji ýanwarynda korolyñ aýaly kömekçileriniñ biri durmuşa çykaranda maskaly karnawal gurapdyr. Şagalañda korol we onuñ egindeşleri bolan birnäçe aristokrat "wagşy adam" konseptini berýän maskalary we ýüpek penjekleri geýip tans etmäge başlaýar. Meýlis gyzyşyp ýetjek derejesine ýetende Çarlz’in dogany we Orlandonyñ gersogy Luis III mazaly serhoş bolýar we myhmanlaryñ oturan zalyna başly-barat ýanýan fakelleri getirýär. Fakelleri oýlanşyksyz daş-töwerege galgadýan Luis tansçylaryñ biriniñ eşigine ot düşürýär. Ot tutaşyp çaltlyk bilen beýleki tansçylara-da geçýär. Korol we onuñ ýaşajyk aýaly üstüne galyñ eşik atylyp halas edilýär we ýangyn söndürilýär. Başagaýlykda bir adam şeraply çelege düşýär, ody söndürjek bolubam birnäçe adam ýaralanýar. Dört adam bolsa diriligine ýanyp ölýär. Bu masgaraçylykly tragiki wakanyñ gürrüñi Parižiñ köçelerine ýaýraýar we halk köpçüligi fransuz sudlaryny günäkärlere garşy hiç zat etmezlikde aýyplaýar. Halkyñ köpçülikleýin çykyşlary zorluk bilen basyp ýatyrylýar. Korol Çarlz maşgalasy bilen bile bolup geçen işler üçin puşman edýändiklerini aýdyp, halkdan ötünç soraýar.

■ "Erkek jelep" - Jon Rykeýnr

1395-nji ýylda Londonyñ gullukçylary tarapyndan Jon Rykeýnr atly bir adam aýal eşigine girip jelepçilik etmekde aýyplanyp ele salynýar. Derñew resmimanalarynyñ habar bermegine görä Jonyñ köpsanly müşderisi bar eken. Rykeýnryñ birnäçe ruhany aýal-gyz we maşgalaly ýa sallah tapawudy ýok, köpsanly erkek we aýal bilen jynsy gatnaşyk saklandygy ýüze çykýar.
Rykeýnr ilkinji nobatda ruhany erkekler bilen köp jynsy gatnaşykda bolandygyny, sebäbi olaryñ has köp pul berýändigini düşündirişinde görkezipdir. Hatda ol bir erkek ruhanynyñ özüne ýüzük sowgat berendigini hem aýdypdyr.

■ Benedikt IX-niñ Rim papalygyny satlyga çykaryşy

Benedikt IX 1032-nji ýylda heniz 20 ýaşyndaka Rim papasynyñ tagtyna oturýar. Benediktiñ mirasdüşerleriniñ biri ol barada: "Heleýbaz, ganhor we agza alyp bolmajak derejede birnäçe erbet işleri ediji azgyn. Papalygyna garamazdan, şular ýaly derejede ýigrenji, haramzada, bileni-biteni nejislik bolan biri hakynda oýlananymda, inim düýrükýär" diýip ýazypdyr.
Onuñ papa tagtynda oturan iñ täsin wakasy 1045-nji ýylda bolup geçipdir. Benediktiñ çokundyran atasy oña papa tagtyndan el çekmegi üçin para hödürleýär. Benedikt hödürlenen puldan ýüz öwürmeýär. Berlen puly jantaýyna uran Benedikt bir ýyl geçensoñ eden işine puşman edip gaýtadan papa tagtyna oturmak maksady bilen Rime gelýär. Bolup geçen wakalary nemes imperatory eşidýär. Italiýa gelen imperator papa tagtyny olaryñ ikisindenem, ýagny Benediktdenem, para berip tagtda oturan kezzapdanam halas edýär.

■ Filip Awgust bilen Daniýanyñ şazada zenany Ingeborguñ şowsuz nikasy

1193-nji ýylda Fransiýanyñ koroly Filip Awgust II Daniýanyñ şazada zenany Ingeborg bilen nikalaşýar. Toý gününiñ ertesi Filip Ingeborg bilan aýrylyşmak isleýär. Ingeborg fransuz sudunyñ karary bilen 20 ýyllyk gala tussaglygyna höküm edilýär. Waka tutuş Ýewropa ýaýraýar. Rim papasy Filipi aýaly bilen ýaraşmasa aforoz etmek bilen ("dinden çykan kapyr" diýip yglan etmek) gorkuzýar. 1213-nji ýyla çenli Filip syýasy sebäpleri tutaryk edinip, Ingeborgyñ erkinlige goýberilmegine we oña şazada aýal hökmünde garalmagyna razylyk bermändir.

■ Iñlis parlamentiniñ eden parahorlugy

Korol Edward III-niñ hökümdarlygynyñ soñky ýyllarynda hökümetiñ esasy adamlarynyñ parahorluk edendigi ýüze çykýar. Parahorluk bilen aýyplananlaryñ arasynda William Latimer, korolyñ kömekçisi, Riçard Lýons we Darfan sakçysy ýaly adamlaram bolupdyr. Parahorluk, hökümetiñ fondlaryny öz jübiñe urmak, maliýe boşlañlygyny peýdalanyp ýokary göterimli kreditleri baglaşmak ýaly birgiden korrupsiýa hereketleriniñ edilendigi ýüze çykýar. Aýyplanýan kişilerden başga-da bu jenaýatçylykly işleriñ işinde korolyñ oýnaşy Alisiýa Perrersiñ hem barlygy belli bolýar. Perrers özüne berlen mülkleri we dürli görnüşli gymmatbahaly sowgatlary koroly aldap, ony haýyş edilen bähbitlere tarap ugrukdyrandygy üçin alypdyr diýip aýyplanýar.
1376-njy ýylda iñlis parlamenti dawany üns merkezine alýar. Latimer we Lýons zyndana salynýar. Alisiýa Perrers Angliýadan çykarylyp sürgüne ugradylýar we onuñ elinden para alan ähli mülk ýerleri alynýar. Ýöne parlament korrupsiýa depderini sözüñ doly manysynda ýapmaýar. Derñew işleriniñ dowam eden ýyllarynda soraga çekilen adamlaryñ gaýtadan wezipä gelmegine idin berilýär. Bu idiniñ netijesi bolsa 1381-nji ýylda daýhanlaryñ gozgalañyny döredýär. Gozgalaña maddy taýdan kömek eden Riçard Lýonsyñ kellesi bolsa London ploşadynda jellat paltasynyñ aşagyna girýär.

■ Jeset sinody

IX-X asyrlarda Rim papalygynda tagt ugrundaky dawalar we kiçeñräk çaknyşyklar ýüze çykyp ugraýar. 897-nji ýylda ýüze çykan bir täsin waka bu çaknyşyklaryñ gelip ýeten derejesini görkezýär. 
Rim papasy Stiwen VI özünden öñ tagtda oturyp 897-nji ýylda aradan çykan papa Formozyñ jesedini mazaryndan çykaryp jogapkärçilige çekýär. Stiwen VI mazardan çykarylyp tagta söýäp goýulan jesediñ garşysyna geçip onuñ garşysyna ýöñkelýän jenaýatlary sarnap başlaýar. Garaşylşy ýaly Formozyñ dilsiz-agyzsyz jesedi günäkär hasaplanyp, jeza hökmünde eşikleri çykarylýar, üç barmagy kesilýär we bedeniniñ çüýremäb galan bölekleri Tiber derýasyna zyñylýar.
Öñki papa garşy eden bu terbiýesizligi sebäpli halkyñ nägileligine uçran we jogapkärçilige çekilen Stiwen VI tussag astyna alnyp zyndana salynýar we şol ýerde hem bogulyp öldürilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 72 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.4/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
cry papalara gatyerbet eken

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: