15:07
Onuñ keşbi / oýlanma

ONUÑ KEŞBI

Men edip oturan el işlerimi bir ýana goýdum-da, penjiräniñ oñüne baryp ýagýan ýagyş damjalarny synlamaga durdum, olar seýlebir owadandy. Men ýene sen hakda pikir etmäge başladym. Edil şol wagt meniñ oýlanýanymy bilen ýaly teleýaýlymda-da Züleýha Kakaýewanyñ "Ýagyş ýagyar" aýdymyny goýberýädiler. Bu aýdymy dinläp durşuma meni has hem sen hakda oýlanmaga mejbur etdi.Ýöne men seni tanamogam, göremogam kim sen, näme işleýäñ?! Men bu zatlar barada gör näçe pikirler ýöretdim. Seniñ daş keşbiñi göz. öñümde janlandyrjak boldum özümçe uzyn boýly, saçlary gara, agras ýüzli ýok bolanok göz öñümde seniñ keşbiñ janlananok ýene pikire batdym. Sen hakda näçe pikir etdigimçe sen menin kalbyma aralaşyp barýan ýalydyñ. Eý Hudaýjan bu näme boldugy? "Görmedik adamyñ barada oýlanyp bolarmy diýsene "diýip, içimi gepletdim. Bolÿan eken haçanda seniñ kalbyñ onuñ keşbini görmek islese. Şeýle pikirler bilen penjiräniñ öñünde näçe wagt duranymy bilemok. Ejemiñ gapydan girip gyzym işleriñi bolduñmy diýen sesine özüme geldim. Ejem ýüzüme seredip syrly ýylgyrdy-da hany gyzym işleriñi dynan bolsañ bileje bir käse çaý içeli diýdi. Men öz käbämiñ ýüzündäki mähri görenimde sen hakdaky oýlarymy bir ýana goýdumda mähriban ejemiñ ýanyna bardym.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 27 | Добавил: Kakageldiýewa | Теги: Selbi Durdyýewa | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Berekella, Selbi. Kabir harp yalñyşlyklañ duzedilendir. Unsliräk bolarsyñ-da..

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: