00:03
Ömür keşdesi / hekaýa

ÖMÜR KEŞDESI

Çeper  gaýap oturan keşdesini ýene bir gaýta synlady. Onuň öwrüm-öwrüm gaňyrçaklaryny höwes bilen sypap goýberdi. Simden çekilen ýaly keşdeler onuň göwnüni göterdi. Birsellem olardan gözüni aýryp bilmän oturyşyna ol içini gepletdi: “Muňa näme diýsemkäm? Öwrüm-öwrüm aýlanan keşdeler birhili ömür ýoluna çalymdaş. Belki, men muňa “Ömür ýoly” diýerin.” Inçeden çekilen owadan keşdeleri synlap, öz-özünden, edýän işinden hoşallygyna buýsanyp, usullyk bilen ýerinden turdy.
Çeper arassa howadan dem almak üçin  penjiräni açdy-da uzaklara nazar aýlady. Ho-ol aňyrda, şäheriň ileri gyrasyny jähekläp oturan baýyrlar onuň gözüne mährem göründi. Olary synladygyça, süýji ýatlamalar kalbyny heýjana saldy. Şol pursat ol özüni uzakdan görünýän gök baýyrlaryň goýnunda duýdy. Şobada türkmeniň  joşup gelýän baharlarynda çym -gyzyl gülälekleriň arasyndan jyklaýan akja kömelekler, başyny adaja şemala ygşyldadyp oturan jümjümelerdir gelinçekler, ter tämiz howa onuň keýpiňi göterdi. Ýaýylyp ýatan gollardaky ajaýyp läläzarlyga perwaz urýan kebeleklerdir balarylar aýratyn gelşik berýärdi. Bu janly gudrat  birbada onuň sustuny basdy.  Onsoň ol şol gudraty has ýakyndan duýmak üçin  onuň yzyny alyp ugrady. Ol şu pursat öz çekýän keşdelerini unudyp,  şol duýgynyň yzynda ser-sepil bolup barşyna   hiç zady duýanokdy.  Töwerek-daşdaky gözelligem, gülleriň  bark urýan hoşboý ysy hem onuň ünsüni bölüp bilenokdy.  Sebäbi ol kalbynda dörän bu duýga düşünjek bolup heläkdi.  Ýöne her näçe çytraşsa-da oňa düşünip bilmedi.  Gaýta durşuna syr bolup duran durmuş  oňa has çylşyrymly göründi.  Öz duýgularyna berlen  Çeper birsellem   böwrüni diňläp durandan soň, sustuny az salymlyk basan duýgydan daşlaşyp, kalbynda joş alan ak arzuwlary gulaçlap ugrady. 
     “Durmuşyň nämedigine düşünjek bolup, özümi her näçe gynasamam  bary bir men oňa akyl ýetirip bilemok. Ol bagtmykan?  Ýa-da ol söz bilen beýan edip bolmaýan duýgynyň beýanymyka? Belki, ol  dünýä bendi bolan ýüregiň  ýerinden gozganmasydyr?  Ýa-da ol ýüregi ýaryp barýan joşgunyň ýüze çykmasymykan? Onuň şatlygyň alamaty bolaýmagy hem ahmal.  Näme bolanda-da ol meniň dünýäme nur çaýdy.  Men şony bilýän, şoňa üýýan. Indi meniň zenan kalbymda aýratyn bir duýgy möwç alyp ugrady. Ol meniň deňiz ýaly çyrpynyp ýatan  zehinimi oýardy. Şonda men inçejik iňňe bilen çekýän keşdelerimiň dutaryň kirişlerinden çykýan ajaýyp owazyň dünýä ýaly eziz hem mähribanlygyny duýdum.     
   Inçelik bilen çekilen  nepis keşdeleriň kalbyňda gozgalaň turuzmagy hem şonuň üçin bolmagy ahmal.  Aslynda, zehiniň  adama  ýokardan berlişi ýaly, keşdelerem tebigatyň türkmen zenanyna bagyşlan ykbaly bolmaly. Ýogsam inçejik iňňe bilen ýüpek sapakdan döreýän keşdeler beýle gudraty özünde jemläp bilmezdiler. Gülälekli meýdanlary, bagy-bosanlygy özüne siňdirip, zenan ýüreginiň ýylysyna ýugrulýan şol keşdelerde arzuwlar jemlenýän bolmaly. Ýogsam  ýürekde orun alan kiçijik hyýallaryň  hakykata öwrülmegine hemaýat berýän keşdeler şeýle ajaýyp hem nepis bolmazdylar. Keşdelere  siňe seredeniňde nirelerdendir bir ýerden bir gudrat çykar-da, seni müň hyýala atarar. Onsoň  ykbalyň saňa bagyşlan lezzetini duýdurmak üçin döreýän keşdeleriň  hakykatdanam kalbyňdaky joşgunyň  soňsuz arzuw bolup  ýüze çykmasydygyny, seniň zehiniňden  dünýä inýändigini duýarsyň.. Muny men her gezek iňňe  sanjanymda-da açyk  duýýan. Sebäp iňňe- sapagy elime aldygym, ýüregimiň  töründe orun  alan süýji hyýallar kalbymdan çogup çykýar-da, keşde bolup, gaýma bolup dünýä dolýar. Onsoň olar meniň  süýji hyýallarym ýaly  bolup, deň-duşlarymyň ýakasyny bezeýär.   
Eýsem  biziň inçeden inçe keşdelerimiziň sazandanyň  mukamlardan döredýän  keşdelerinden parhy barmyka? Aslynda, türkmen zenanyna keşde çekmegi kim öwretdikä?”
 Ol  dem salymdan öz-özüne garşy çykdy. “ Meniň diýýän zadym näme? Keşde çekmäni, gaýma gaýamany eýsem bize kim öwretmeli. Ol türkmen zenanynyň ýüregindäki arzuwlarynyň, süýji hyýallarynyň kalbyndan gaýnap çykmasy ahyry.  Türkmeniň ak baharlarynyň keşbi, Watan ezizligi zenan kalbyna ornanda şeýle gözellik döredip  bilýär. Çünki biziň  zenan kalbymyzda baky orun alan şol mukaddeslik görülmedik sungat bolup dömýär.  Meňem ömür keşdelerim hut şol höwesiň miwesi bolmaly.”  
    Çeper kalbynda ýaňy pyntyklan pikirlerini jemläp-jemlemänkä gapy ýuwaşlyk bilen açyldy-da onuň oýlaryny derbi-dagyn etdi. Goňşy gelin salam berip, içerik girdi. 
-Geper, sag-aman oturanmysyň?
-Şükür, Hudaýa. Özüňiz oňatmy? Gel, geç.
-Geçip oturmaýyn, men işlije geldim. Eliň degse, ýakamy  edip beräý diýip geldim. Seniň çekýän keşdeleriňe taý geljek nepislik ýok. Adyňam Çeper, özüňem. Onsoňam seniň keşdeleriň köýnege aýratyn gelşik berýär.
-Goýsana, gyz, senem, bir zadyňy diýäýýäň. Hemmeleriň çekýän keşdesem nepisdir. Sen meni beýdip öwmäniňde-de, ýakaňy boýun alaryn, halan nagşyňy hem ederin. Wiý, ýogsa-da sen şi keşdäni gör. Men ony iklinji gezek öz köýnegime saldym. Hany, seň mataňy bir göreýin, onsoň ýakasyna nähili nagyş salmalydygyny aýdaryn. 
     Çeper mawy asmany ýatladyp duran atlazy höwes bilen synlady.
-    Dürli, bu mataňa ömür keşdesi gowy düşer. Şony salaýaýyn.
Goňşy gelin geňirgendi:
-     O nähili keşde, gyz?
-    Ynha, gör, nähili owadan hem inçe çekilen. Heniz bu menden başga hiç kimde ýok. Mataňa-da gowy düşer.
 Dürli birbada biri-biriniň içinden halkalaýyn geçýän owunjak çyzyklaryň elde çekilen keşdedigine-de ynanmady. Ol ýakany gaýta-gaýta sypandy. Sypadygyça-da, oňa mähri gitdi. Ol ýakany elinden goýup bilmän kän  eglendi. Ahyram ol ýüregindäkini diline getirdi:
- A gyz, sen çeper diýsem, meni öwme diýýäň weli, bü keşdäňä hiç zadyňam geni-çaky däl eken. Munuň adam eli bilen döredilenligine-de ynanar ýaly däl.
 Çeper ýylgyrjaklady-da, goňşusunyň elinden tutup, penjipäniň ýanyna alyp bardy. Oňa  ho-ol beýlede, belent daglaryň eteginde görünýän owadan  baýyrlary görkezdi.
-Seret, şol gözelligi biparh synlamak mümkinmi? Heý, olary görüp, ylham joşmazmy? Şahyrlar, suratçylar şol gözelligi wasp edende, biz çetde galmalymy? Şol gözelligiň kalbymda döreden nagşy bü. Dogrusy, meniň keşdeden döreden ömür ýolum bü.
- A gyz, seň-ä diňe eliň däl, diliňem çeper eken. Bu keşdä dakan adyňam tüýs gelşip dur. Dogrudanam, bü türkmen zenanynyň ömür ýoly-ömür keşdesi. 
 Boýdaşlar öz hyýalynda uzaklarda görünýän aňňat-aňňat baýyrlaryň owadanlygyny boýladylar...

Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 13 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: