22:44
"Omar Jennet jemagatynyñ şuglasy we Yslamyñ nurudyr!"

"OMAR JENNET JEMAGATYNYÑ YŞYGY WE YSLAMYÑ NURUDYR!"

Hezreti Omaryñ (r.a) halyflyk döwründe bir söweşden köp olja getirilipdi. Bu oljanyñ bäşden bir bölegi haky barlara paýlanyp durka, Hezreti Hasan ibn Aly (r.a) gelip: "Eý halyf! Gaza malyndan maña-da bir paý ber" diýipdir. Hezreti Omar oña 1.000 dirhem kümüş berýär. Soñra Hezreti Hüseýin (r.a.) gelýär. Olam agasy Hasanyñ soranyny soraýar. Halyf oña-da 1.000 dirhem kümüş berýär. Şol wagt öz ogly Hezreti Abdylla (r.a) hem gelýär we oljadan paý isleýär. Hezreti Omar öz ogluna 500 dirhem kümüş berýär. Abdylla ibn Omar (r.a) kakasyna:

- Hojaýyn, nijeme söweşlere giden we Hezreti Resulallanyñ (s.a.w) öñünde gylyç syryp ençe kelle togalan ogluña 500 dirhem berýäñ. Hezreti Hasan bilen Hüseýin bolsa heniz ýaş ýetginjeklerdigine garamazdan, olara 1.000 dirhem berýäñ. Bu deñlikmi? - diýýär.

Hezreti Omar şonda şeýle diýýär:

- Eý Abdylla! Sen olar bilen deñ bolasyñ gelýärmi? Olaryñ Hezreti Aly ýaly kakalary we Hezreti Patma ýaly eneleri, Hezreti Fahry-Älem (s.a.w) ýaly babalary bardyr. Hezreti Ybraýym ýaly daýylary bardyr (Pygamberimiziñ ogly). Hezreti Ümmi Gülsüm we Hezreti Rukaýýa (r.a) ýaly daýzalary bardyr. Hezreti Japary Taýýar we Hezreti Ukaýl ýaly agalary bardyr.

Hezreti Omaryñ (r.a) bu sözlerini Hezreti Aly (r.a) eşitdi. Hezreti Aly (r.a):

- Resuly Ekrem (s.a.w) hezretleriniñ "OMAR JENNET JEMAGATYNYÑ YŞYGY WE YSLAMYÑ NURUDYR!" diýenini eşidipdim. Muny ýöne ýere aýtman ekeni - diýýär.

Kakalarynyñ aýdan bu sözüni Hezreti Hasan bilen Hezreti Hüseýin Hezreti Omara buşlaýarlar. Hezreti Omar kagyz bilen galam getirdip Pygamberimiziñ (s.a.w) aýdan bu hadysy-şerifini ýazdyrýar we "aradan çykanymda bu kagyzy meniñ bilen bile depin ediñ" diýip wesýet edýär. Hezret Omar bakyýete göçende onuñ bu aýdany ýerine ýetirilýär. Ertesi gün säher çagy Hezreti Omaryñ (r.a) mübärek guburynyñ üstünde ylahy galam bilen ýazylan bir ýazgy tapýarlar. Ol kagyzda: "Resulalla dogry aýtdy. Aly, Hasan we Hüseýun dogry aýtdy. Omar jennet jemagatynyñ yşygy we yslamyñ nurudyr!" diýen ýazgy bardy.

Başga bir rowaýatda Hezreti Hasan-Hüseýiniñ buşlugyny alan badyna Hezreti Omaryñ sahabalaryñ birnäçesini ýanyna alyp Hezreti Alynyñ huzuryna barandygyny we ondan:

- Ýa Aly! Sen Resulallanyñ (s.a.w) "Omar jennet jemagatynyñ yşygydyr we yslamyñ nurudyr!" diýenini eşitdiñmi? - diýip soraýar.

Hezreti Aly hem oña:

- Elbetde! - diýip jogap berýär.

Hezreti Omar (r.a) oña: "Muny maña ýazyp ber" diýensoñ, Hezreti Aly (r.a) galam alyp:

"Bu ýazgy Alynyñ Resulalladan (s.a.w), Onuñam Jebraýyl aleýhyssalamdan, Onuñam Allatagaladan habar beren "Omar jennet jemagatynyñ yşygy we yslamyñ nurudyr" diýen hadysy-şerifi hakyndadyr" diýip ýazýar. Hezreti Omar (r.a) bu ýazgyny alyp ogullarynyñ birine berýär we "men aradan çykanymda muny kepenime dañsynlar. Munuñ bilen Allatagalanyñ huzuryna çykaýyn" diýip wesýet edýär.

Ýene bir rowaýatda bolsa, Hezreti Omar (r.a) aradan çykansoñ onuñ guburynyñ üstünde ylahy galam bilen ýazylan: "Aly dogry sözledi. Resulalla, Jebraýyl, Men dogry sözledik. Iñ dogry sözlän Mendirin. Omar Jennet jemagatynyñ yşygy we yslamyñ nurudyr" diýen ýazgy tapýarlar.

Seýit Eýýup ibn Syddygyñ "Menakib-i Çihar Ýar-i Güzin" ("Dört Çaryýarlaryñ üstünlikleri") kitabyndan.

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 72 | Добавил: Has | Теги: Seýit Eýýup ibn Syddyk | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: