08:28
Ölmezekler / hekaýa
ÖLMEZEKLER

Indi bu obanyň haçandan bäri şeýle bagtly durmuşyň goýnunda ýaýnap gelýändigini bilýän az-az. Ýaşy birçene baran iki-ýeke garry-gurty bolaýmasa, ýaşlaryň arasynda-ha bu bagt pylanynjy ýyldan bäri dowam edip gelýär diýip biljegi ýok. Bilerçe-de däl, sebäbi ýalan-ýaşrygyň, gep-gybatyň, myjabat-töhmediň, iki ýüzlüligiň, ýaranjaňlygyň, nebisjeňligiň, ulumsylygyň ýüzi eýýämhaçan aňry bolupdy-da, dogruçyllygyň, merdi-merdanalygyň, pespälligiň, päk ahlaklylygyň ýüzem şonçarak bäridi. Adamlar biri-biri bilen edil dogan ýaly äbede-jüýje. Elinden gelse ýagşylyk edýär, gelmese-de duýgudaşlyk bildirýär. Hiç kimiň ýüreginde ýekeje gara tegmilem ýok. Edil perişde kimin, eteginde namaz okabermeli päk adamlar. Aýallaram gep gatnadyp ýa-da gybatyň gözleginde selpildäp ýörenok. Öz maşgalasynyň ody bilen girip, küli bilen çykýar. Erkekler öz hojalygy, gara zähmeti bilen gümra. Kişi maşgalasyna gaşyny galdyryp seredenok. Asyl seretmelidirem öýdenok. Ýeri, çagalara näme diýjek, şolaram garagollygyň golaýyna-da baranoklar. Diňe okuwlary bilen başagaý. Özlerem zybrym bäşlige okaýarlar. Garrylaryň arasynda-da «Waý, aýagym agyrýar», «Ýüregim sanjýar» ýa-da «Gan basyşym üýtgäp dur» diýip zeýrenip ýörenine gabat gelmersiň. Onsoň şeýle tut ýaly sagat adamlaryň golaýyna ajalyňam gelip bilmejekdigi öz-özünden düşnükli zat. Dogrudanam, Ezraýylyň bu oba garasyny görkezmänine indi ep-esli ýyl bolandyr. Ol soňky gezek ýumuş bilen gelipdi-de, Dürsoltan enäniň kakasynyň amanadyny alyp gidipdi. Şondan bäri adamlar ölmeliderem öýtmän, hezil edişip ýaşaşyp ýörler. Asyl ölümiň nämediginem dura-bara ýatdan çykardylar. Obanyň ho-ol gaýrasyndaky gonamçylygyň ýoluna ot bitdi. Ol ýerdäki tümmekleriň boýy peseldi, käbiri bolsa ýere siňip gitdi.
Bagy-bossanlyga bürenip oturan bu obanyň adyna «Uçmah ýaýlasy» diýilýär. Ol dagyň eteginde ýerleşýär. Gözbaşyny şol kement daglardan alyp gaýdýan çeşmeler bal ýaly suwy bilen perişdepisint uçmahlylaryň teşneligini gandyryp, ýylyň dört pasylynda hasyl berip oturan bereketli topraga siňip gidýär.
Obada salynýan kaşaň-kaşaň jaýlaryň sany bolsa günsaýyn artýar. Ine, ilerki hataryň aýagujuna ýaňy-ýakynda ýaş çatynja göçüp geldi. Olar Begenç bilen Arzuw. Begenç Begdurdy aganyň körpe çowlugy. Begdurdy aga-da ýüz ýaşy arka atyp, ikinji asyryň ujundan gädip ugrady. Onuň öňräkden bäri ýürek agyrysy bardy-da, käte bir sanjyp goýberýärdi. Soňky ýyllar-a agtyk-çowluklaryny öýli-işikli edip, toý üstüne toý tutansoň, begenjinden ýüreginiň sanjysam ýygalyp başlady. Körpe çowlugyny ile goşanyna ýedi aý dolanda, ekiz ýuwlugy boldy. Ine, şol hoş habaram oňa agyr degdi.
Begdurdy aga şol wagt içki jaýda ýassy namazyny okap, ýaňy iki egnine salam beripdi. Agtygy Söýenç dylym-dylym edip geldi-de, oňa buşlukly habary ýetirdi. Goja ýürek beýle bagta şondan artyk uwnup-çydap bilmän, öz işini togtatdy. Begdurdy aga elini gursagynyň çep tarapyna ýetirdi-de, ilk-ä sojap-sojap dem aldy, soňundanam gözüni agdar-düňder edip, gapdala agyp gitdi. Muny gören Söýenç atasy ýuwluk habaryny eşidip, Haktagala şükür edýändir öýtdi. Atasynyň şeýle bagta ýetmeginde özüniňem goşandynyň bardygyna monça boldy, gaýybasyndan ogluna buýsandy…
Begdurdy aga şol ýatyşyna ertesi hem oýanmady. Ogullary, agtyk-çowluklary muňa geň galdylar. Atalarynyň ukusy beýle agyr-a bolmaly däl. Ýeke wagtynam kaza goýman gelýän ýaşuly şol gün ertir namazyna-da turmandyr. Onsoň assyrynlyk bilen eýleden-beýleden munuň syryny sorap başladylar. Ahyry hem bu täsin syry goňşulary Dürsoltan eje çözdi. Ol öwelişip, agzyndan çykjak her bir sözi ýere gaçyrman gapyp aljak ululy-kiçili aýal-erkekleriň ýüzüne birlaý seredip çykdy-da, hamala, arzyny artdyrýan ýaly, birmeýdan ýyrş-ýyrş edip durdy. Ahyrynda-da:
–– Gözüňiz aýdyň, balalar! Beýle bagt her kim-her kime ýetdirýän däldir. Başyňyza döwlet guşy gonupdyr. Ataňyz has ajaýyp, owadan diýara göç etdi. Şonuň üçinem siz haýal etmän ulus-ili çagyryp, toý tutuň! Goý, obadaşlarymyz hem siziň bagtyňyza şärik bolsun! –– diýdi.
Şondan soň Begdurdy aganyň ogullary, agtyklary ýygnanyşyp, kiçeňräk maslahat etdiler. Maslahatyň netijesinde, derrew küren obanyň her öýüne ýekän-ýekän aýlanyp, uly begenç bilen atalarynyň başga ýurda göç edendigini, şonuň üçinem üç gije-gündizläp toý turjakdyklaryny habar berdiler. Uly-kiçi ähli kişini toýa çagyrdylar.
Kän wagt geçmänkä, Uçmah ýaýlasynyň adamlary gözüň aýdyňa gelip başladylar. Saçakly-çörekli gelýän aýallar Bekdurdy aganyň gyzlaryna, gelinlerine ýürek buýsançlaryny ýetirseler, erkekler ogullaryny gutladylar, toýa gatanç ýazdyrdylar. Olaryň arasynda Dürsoltan ejäniň elliden agan, ortanjy ogly Nazar hem bardy. Nazaram goňşularynyň şeýle şatlykly günlerinde bilini berk guşap, hyzmatda boldy. Mähetdel etmän, çaý diýene çaý, nahara diýene nahar getirdi. Arasynda wagt tapyp, günortandan soň syrly, ajaýyp diýara ugrajak, jowur ak lybasa bürenip, birenaýy ýylgyryp ýatan Bekdurdy aganam synlap ýetişdi. Şonda onuň kalbynyň bir ýerlerinde şu çaka çenli bardygyny bildirmän, bukulyp ýatan täsin duýgy oýanan ýaly boldy. «Be-eý, munuň hyýallanýan ýeri nähilikä? Biziň obamyzdanam owadanmyka? Onsoňam näme üçin ala-böle Bagedurdy aga gitmelikä? Ine, men bar ahyryn… Wah, ejemiň waspyny ýetiren şol diýaryna men giden bolsadym…»
–– Nazar aga, kakam çagyrýar.
Häý, içigaragalmyş! Näme, çagyrara baş wagt tapmadyňmy diýsene?! Bu çakylyk ýaňy bir arzuwa atlanyp ugran Nazary atdan agdaryp urdy…
Gün günortadan agyberende, Begdurdy aganyň işigindäki hereket hasam artyp ugrady. Her kim gaý-da-gaýmalaşyk, bu täsin dabarany görjek, oňa gatnaşjak. Obadaşlary Bekdurdy agany ýuwundyryp-ardyndyryp, egnine ap-ak lybas geýdirip, az-owlak atyram sepdiler. Soňundanam «Özümiz elinjek eltip gaýdaly» diýip, eginlerinde göterip, uly şady-horramlyk bilen obanyň ilerisindäki ýoluna ot basyp giden, arzyly diýara ugralmaly kerwensaraýa tarap süýşüp ugradylar. Erkek erkek bolýar, hernäçe duýusyny gursagynda dykyn edip saklasa-da, aýal maşgala böwediň öňüni ýazdyryp goýberýär. Ine, obadaşlary Begdurdy agany eginlerine alyp, ýöräp ugradylaram welin, topar bolup duran aýallar tarapyndan gopdy bir şowhun. Begdurdy aganyň nowbahar gyzy bolsa gerek, bir-ä özündenem gitdi. Erkekler welin diňe begenç gözýaşlaryny döküp oňaýdylar. Ýöne olaryň arasyndan bir adam beýlekiler ýaly şatlanmaýardy. Häliräk oýanan täsin duýgy, onuň kalbynda iki-baka at salyp, gününe goýanokdy. «Näme üçin men däl? Şeýle bagt, men ýaly adamdan sowa geçip, gel-gel, şol goja mynasyp bolaýmalymy? Indi haçan menem onuň ugran diýaryna giderkäm?…» ýaly sowallar ony otdan alyp suwa salýardy. Hawa, Nazaryň Begdurdy aga gözi gidip, göriplikden ýaňa bir ölüp bilenokdy…

07.02.2017 .

Ahmet MELE.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 29 | Добавил: Raýdaş | Теги: Ahmet Mele | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: