21:44
Oguz aslynyñ bagtyýarlyk döwrüne alkyşly ruhy ýañlary

OGUZ ASLYNYÑ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNE ALKYŞLY RUHY ÝAÑLARY

# Zamananyñ belent hyjuwly sedasy

■ DÖWRÜÑ JARÇYSY:

- Gulak goýuñ,
eý, halaýyk,
gadym oguzlar ymmaty,
Arşy keremde melaýyk,
ýerde älemniñ jenneti.

Bu gün türkmen toýlar tutýar
baky bagtyñ ýañlarynda,
Täze döwür,
täze ykbal
gadym oguz heñlerinde.

Bagtýarlyk bagty bardyr
gadym oguz seslerinde,
Arşyñ tylla tagty bardyr
gadym oguz mesgeninde.

Diñläñ,
oguzlañ sesleri
tutdy bu gün Oguzkendi,
Synlañ,
gökde ak kepderi
al asmanda howalandy.

Geldi bu gün oguz asly
türkmen gözbaşy ~
serdary,
Gujak açdy oguz nesli,
Berkarar döwlet serpaýy.

Al asmandan bakyp dünýä,
ganat ýaýdy Döwlet Guşy.
Buýsanç bilen bakyp hemmä,
nama aýtdy nesilbaşy:

#Nesilbaşynyñ ruhy ýañlary

■ OGUZ HAN:

Men taryhyñ gözbaşynda
gezdim söweş,
jeñler birle,
Altyn tuwulga başymda,
şanym dünýä ýañlar birle,
Bu gün ilim señ daşyñda,
mäkäm jebis,
jemler birle,
Oguz handan ruhy kerem,
bir beýik ykbal,
Arkadag,
Türkmen ýurdy bagy-erem,
äleme ykrar,
Arkadag!

Ýoly yzlap Gök Tañrydan
bu jaýlara geler oldum,
Oguz möhürli tagmadan
neslim yzlap biler oldum,
Aslyýeti çuñ añrydan
kämilge gol berer oldum,
Oguz handan ruhy kerem,
bir beýik ykbal,
Arkadag.
Türkmen ýurdy bagy-erem,
äleme ykrar,
Arkadag!

Türkmen ruhy eýýamlarda
arşa-kürse keramatdyr,
Yklymlara seýranlarda
türkmen kalby beýanatdyr,
Peder ýaşan meýdanlarda
oguz ýurdy dowamatdyr,
Oguz handan ruhy kerem,
bir beýik ykbal,
Arkadag,
Türkmen ýurdy bagy-erem,
äleme ykrar,
Arkadag!

Oguz kalbynyñ yhlasy ~
Watan sarsmaz arkañ seniñ,
Geçmişiñ roýy-ruhsary ~
şuglazardyr ertäñ seniñ,
Oguz han, Arşy ahwally ~
dowamatdyr sarpañ seniñ,
Oguz handan ruhy kerem,
bir beýik ykbal,
Arkadag,
Türkmen ýurdy bagy-erem,
äleme ykrar,
Arkadag!

# Oguz hanyñ ogullarynyñ ruhy ýañlary

■ GÜN HAN:

- Ýene döwran dolandy
gadym türkmen iline,
Agzybirdir,
berkarardyr,
türkmen jebis
bir jandyr.
Çyksañ bu gün gadymyýetiñ
müñ öwrümli seýrine,
Oguz ruhy begzadadyr,
älem içre soltandyr.

Eýýamlardan parran geçen
oguz tugy ~ baýdagy,
Ismim Gün han, röwşen jismim
bu älemiñ şuglasy.
Ýene dünýä şöhle saçýar
gadym türkmen paýhasy,
Merdanadyr,
şöhratlydyr
bu türkmeniñ kyblasy.

■ AÝ HAN:

- Ençe-ençe eýýamlaryñ
synagyndan geçen türkmen,
Dünýelik deý,
bakylyk deý
älem içre ady bardyr.
Kültem-kültem yklymlara
röwşen nurun saçan türkmen,
Baky dowamat nesline
oguz ruhy ýadygärdir.

Gadym türkmen bagtyn tapar
Bagtyýarlyk döwründen,
Bu sähralar oguz ýurdy,
bu giden il halkymdyr.
Ismim Aý han,
oguz asly
millet gansyn nurumdan,
Türkmen dursa,
meniñ şuglam
hiç öçmejek ýalkymdyr.

■ ÝYLDYZ HAN:

- Dogdy ýene bu türkmene
gökde parlak ýyldyzlar,
Oña beýik Garaşsyzlyk
zamanasy diýerler.
Gijeleri şuglazardyr,
nowjuwandyr gündizler,
Oguz nesli Watan diýip
gara başyn goýarlar.

Bu gün depäm göge ýetdi,
gözlerimden nur saçyldy,
Synlap gadym oguz ýurdun,
türkmen oba-şäherin.
Oguz nesli Ýyldyz han men,
dowamata ýol açyldy,
Gadym türkmen ruhy bolup
arşdan dünýä bakaryn.

■ GÖK HAN:

- Ismim Gök han,
oguz nesli,
aslyýetim arşdandyr,
Gaýyp içre eşdilip dur
eýýamlaryñ senasy.
Belentlik men,
elýetmez men,
ruhum şöhratdyr
şandyr,
Bu gün ýene rowaçlanýar
beýik türkmen binasy.

Gaýym bolsun Garaşsyzlyk,
Bitaraplyk sütüni,
Türkmen ruhy zamanlardan,
yklymlardan parran geçer.
Gökden syrylyp ötende
eýýamlaryñ tütüni,
Synla, türkmen,
oguz nesli,
şonda maña gözüñ düşer.

■ DAG HAN:

- Bu türkmeniñ ruhy beýik,
gara dagdan arkasy,
Çünki onuñ gadymydyr
taryhy hem ykbaly,
Mertebesi ~ Watanydyr,
ar-namysy ~ sarpasy,
Wysallary asmandadyr,
daglardadyr ahwaly.

Ismim Dag han,
erkim dagdan,
daglardandyr aslym meniñ,
Türkmen ilim kuwwatlydyr,
gara daglar berkidir.
Eý, owadan berkarar il,
eý, owadan neslim meniñ,
Bu gün guran ýurt binañyz
gadym oguz görküdir.

■ DEÑIZ HAN:

- Deñiz han men,
çyrpynýaryn,
galýan bu gün çarpaýa,
Gadym deñiz-derýalaryñ
tolkunlary nowjuwan.
Gözüm düşýär
oguz ruhly
eýýamlardan serpaýa,
Bagtyýarlyk zamanynda
synmaz oguz möwji bar.

Galkyn, türkmen,
kalby bolup
tolkun atýan Deñiz hanyñ,
Geçmişiñden gelejege
şöhrat-şanyñ rowan bolsun!
Oguz atamyñ heýkeli
synmaz ruhy ýadygärlik,
Dünýä dursun,
oguz nesli,
goý,
dowamat-dowam bolsun!

■ HEMMESI BILE:

- Bagtyýarlyk,
berkararlyk
dilleriñde senañ bolsun!
Polat erkli Watan ogly
mydam başda penañ bolsun!
Bagtyýarlyk zamanynda
ýollaryñ ak,
aman bolsun!
Dünýä dursun,
türkmen ili,
goý,
dowamat-dowam bolsun!

■ BUÝSANÇLY TOÝ ÝAÑLARY:

- Goý,
kakylsyn dowullar,
giñ äleme ýañ salsyn,
Toý tutýandyr oguzlar,
jümle-jahan diñ salsyn,
Şöhraty dünýä dolýar
bir saçakda jem halkyñ,
Gadym oguz ilinde,
Arkadagym toý tutýar.

Kakyñ bu gün nagara,
toý gazanlar gaýnasyn,
Kakyñ, kakyñ tagara,
gözeller tans oýnasyn,
Baş egip Arkadaga,
baýnasyn, il baýnasyn,
Gadym oguz ilinde,
Arkadagym toý tutýar.

■ DÖWRÜÑ JARÇYSY:

- Arşa ganatyn ýaýdy
asmanda ak kepderi,
Goý, ýañlansyn baky-baky
gadym oguz sesleri.
Arkadagly Türkmenistan
baky bagtyñ mesgeni,
Garaşsyzlygyñ Serweri
baky bagtyñ,
oguzlar,
Pederleñ ýaşan ýerleri ~
tylla-tagtyñ, oguzlar!
Jümle-jahana ykraryñ
ak ýollara rowan bolsun,
Göterilen bu ykbalyñ
dowam bolsun,
dowam bolsun!

■ ARKADAGA ALKYŞLY ÝAÑLAR:

- Hanlyk,
beglik,
soltanlyklar,..
eýýamlaryñ keşbindedir,
Berkarar ýurt ~
beýik ykbal ~
şähristanlañ köşgündedir,
Asyrlara uzan ak ýol ~
gadym Oguz yşkyndadyr,
Toý tutanda oguz ili,
Siz Watana şan,
Arkadag,
Dowamatdyr oguz ýoly,
ýaşa,
Gahryman Arkadag!

Watan Arşyñ enweridir,
Äleme düşer şuglasy,
Watan bagtyñ münberidir,
merdana Oguz kyblasy,
Beýik Döwrüñ Serweri Siz,
dünýäñ bagtynyñ çüwmesi,
Toý tutanda oguz ili,
Siz Watana şan,
Arkadag,
Dowamatdyr oguz ýoly,
ýaşa,
Gahryman Arkadag!

Döwletgeldi ANNAMYRADOW.

Категория: Poemalar | Просмотров: 189 | Добавил: Has | Теги: Döwlet Garkyn | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Kompozisiya ucin erbet poema-da dal, şeyle okamaga takat yetenok

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: