03:16
Ogry depe / hekaýa

OGRY DEPE

I.

...Bu habar sähel salymda onçakly uly bolmadyk obany öýme-öý aýlanyp, uludan-kiçä  hemmäni laňňa aýaga galdyrdy. Gaharyna her kim degenek taýak agtardy.  Obada eliňi uzadan ýeriň taýak.
Obanyň insizje egri ýollary elleri taýakly, gahar-gazaply adamlardan doldy. Olaryň ugry obanyň ortasyndaky gojaman ýeke tuda tarapdy. Her kim bir zat diýip sögünýärdi, gargynýardy. Baý-ba, paýyş sözleriň, degenek taýaklaryň şeýle kändigini!
Obadaşlaryny şeýle gazaba atlandyryp, otly köýnek geýdiren adam ýeke tuda daňylgy durdy. Ol ýigrimi iki-ýigrimi bäş ýaşlaryndaky, eşikleri sal-sal, taýzy murty salparan ýigitdi. Urlup, ýüzi persala edilipdir. Ýüzünden akan gan üst-başyny gyrmyzy reňke boýap, gatap galypdyr.
Bäş-alty sany deşli kişi tuduň daşyny gallap, daňylgy ýigidi elleri taýakly adamlardan goraýardylar. «Howlukmaň, howlukmaň, ýaşulular gelsin!» diýip,  olary köşeşdirmäge çalyşýardylar. Goragçylaryň töwellasyna köpler gulak assa-da, gaharyna bäs gelip bilmän, elindäki taýagyny dazyrdadyp zyňýan az däldi. Daňylgy ýigit başyny galdyrman, urgulara çydap durdy. Eýse nätsin? Etmişiňi käte – hawa, hawa, käte – egniň bilen çekmeli bolýar... Iň erbedi, etmedik «etmişiň» üçin jeza çekmek! Adalak aganyň Sähet atly ýalňyz ogly hem bu gün etmedik «etmişi» üçin jeza çekýär.
– Daşlap öldüreliň!
– Taýaklap öldüreliň!
– Asmaly! Şu tutdan ile göz edip asmaly!
Ýeketuda ýakyn öýleriň birinden duw ak sakgally goja yzyna üç-dört ýaşulyny tirkäp çykdy. Adamlar ýaşululara ýol berdiler. Öňden gelýän goja obanyň aksakgaly Adylla agady. Ol daňylgy ýigidiň alkymyna dykylyp bardy. Hyrçyny dişläp oňa seretdi. Onuň gözlerinde gahardan ýaňa gan çylgymlary göründi, dodaklary tibirdedi. Gojanyň bolşy daňylgy ýigidi  bogup öldüräýerli göründi. Beýtmedi: yzyna öwrüldi-de, meni diňläň diýýän manyda adamlara  seretdi. Soňam tuda daňylgy duran ýigide ýüzlendi:
– Hany, ogul, aýt, ogurlyk etjek  bolduňmy?
– Ýok!
– Onda näme iş etdiň?
– Garaja agaň sygry ürküp ýüpünden boşandy...
– Sen Garajanyň agylynda ýarygije näme iş etdiň?
Ýigit dymdy.
Adylla aga ýene soragyny gaýtalady.
Ýigitden ýene jogap bolmady. Adamlaryň gowry ýene artyp ugrady. Adamlar ýigidi haýdan-haý öldürmekçidiler. Adylla aga meni diňläň diýen terzde adamlara seretdi.
Başly-barat sesler  ýatyşdy.
– Adamlar, bu näkes biziň halallygymyzy depeledi. Goňşusy Garajanyň göz dikip oturan ýeke sygryny ogurlajak bolanda tutuldy. Ogurlyk öň biziň obamyzda bolan zatmy? Bolmandy! Biz bu näkese rehim etsek: «Obada ogurlyk köpelsin» diýdigimiz bolar. Adamlar, biziň – obanyň ýaşulularynyň gelen maslahaty-da şeýle...
– Öldüreliň! Öldüreliň! Tohum-tiji bilen öldüreliň! – Bäş-alty kesek, taýak ogry atyldy.
– Adamlar! – Adylla aga ada ardynjyrady. – Her döwür – bir döwür. Muny öldürmek bolmaz, döwür götermez. Soňundan heläk ederler. Öň ogrynyň elini kesipdirler. Gulagyny kesipdirler. Obanyň çetine göçüripdirler. Obadan kowupdyrlar. Biz ogra nähili jeza bermeli? Ýaşulular: «Obadan kowmaly» diýdiler. Dogry pikir şu.
Gözi ýaşly çepiksi Adalak atly goja tuduň öňünde üýşüp duran adamlaryň ýüzüne delmirip bakdy. Onuň sesi endiräp  çykdy:
– Adamlar, obadaşlar, ogluma rehim ediň! Oňa derek, isleseňiz, meniň elimi kesiň. Öldüriň! Obadan kowuň! Ýöne ogluma degmäň. Ol meniň ýalňyz dikrarym! Ol meniň ýalňyz mirasdarym! Ol meniň ojagymyň oduny öçürip gitse, diriligimiň, ýaşap ýörmegimiň haýry ýok. Adamlar, rehimiňiz gelsin, ýalbarýan... – Çepiksi goja Adylla aganyň öňünde dyza çökdi. – Sakgaldaş, rehim et, adamlar seni diňleýär. Haýyş etseň, razy bolarlar. Men bendä haýpyň gelsin, Adylla!
– Adalak aganyň özünem kowmaly. Ogluny başda berk tutan bolsa, beýle masgaraçylyk bolmazdy – diýşip, adamlar ýerli-ýerden gygyryşdylar.
Adylla aga sakgaldaşynyň egninden göterdi:
– Edip biljek kömegimiz – öldürmezlik. Öldürmezligimiziň sebäbem – öň ogluň beýle ýaramaz işleriň gyrasynda görünmändigi. Görünse-de iliň duýmanlygy. Ogluň, goý, islän ýerine gitsin, Adalak. Ýöne oba gelmesin.
– Adylla, gaýrat et!..
– Sakgaldaş, hanymanymy sora, bereýin, ýöne ogry üçin aman sorama. Bütin obany, özüňi masgara edendigi üçin, senem ondan geç.
– Wah, mende başga mirasdar ýog-a! Öýüm gugaryp galjak.
– Mert bol, Adalak, onuň ýaly mirasdaryň saňa geregi ýok.
Adalak aga goňşusy Garajanyň alkymyna dykylyp bardy:
– Garaja, bu näme etdigiň boldy seniň? Biz şu güne çenli bir maşgala ýaly bolup ýaşadyk ahyry. Biri-birimizden aýry zadymyz ýokdy ahyry. Isleseň, meniň göleli sygrymam al!
– Wah, goňşy, men beýle-beýle bolar öýtmedim. Wah, Sähetjandygyny bilen bolsam, sesimi-de çykarmazdym men. Indem Adylla dagy meniň sözümi diňlänok... – Garaja aga Adylla aga ýüzlendi: – Adylla, meniň Adalagyň maşgalasy bilen aýry zadym ýok. Men Sähetjanyň günäsini geçýärin. Goýber ony.
– Sähediň günäsini sen geçseňem, biz geçemzok – diýip, Adylla kesgitli gürledi. Soňam ogryny adamlardan gorap duranlara «boşadyň» diýip ümledi.
Ogryny ýüpden boşatdylar. Adamlaryň gowry ýene asmana göterildi. Her kim bir zat diýýärdi:
– Gümüňi çek!
– Dolanyp gelseň, öldüreris!
– Nälet saňa!
– Ýüzüňi Babaly görsün, nejis ogry!
Ogry gözlerini ýaşa dolduryp, obadaşlaryna ýüzlendi:
– Adamlar, ynanyň, men ogurlyk etjek bolmadym...
– Onda näme iş etjek bolduň? – diýip, adamlar ondan soradylar.
– Ony aýdyp biljek däl, aýyp bolýar ol.
– Ýigidiň diýýän sözlerini eşitdiňizmi? – diýip, köseleç kişi şelaýyn ýylgyrdy: – Ogurlyk etmek aýyp bolanokmy?..
– Jan adamlar, meni kowmaň, ýalbarýan! Meni kowmaň! Siz maňa düşünmediňiz. Men sizi gowy görýän, adamlar. Ýöne men size hemme zady aýdyp bilemok. Elimi, aýagymy kesiň. Obasyz, sizsiz men nädip ýaşaýyn?!
– Gözümizi-başymyzy aýlajak bolma.
– Öň oýlanmaly ekeniň. Indi gözüň ýaşyny ýandak bilen süpür!
– Bar, bar, ýok bol!
– Güm bol, bize ogry obadaş gerek däl!
Ogry ýigidiň obadan çykyp gidesi gelenokdy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp, sömelip durdy. Iki kişi ony itip goýberdi. Ogry entirekläp, esli ýere gitdi.
Sähet üýşüp duran aýal-gyzlara gaýta-gaýta seretdi. Ahyr ol öz agtarýan gyzyny tapdy. Ol Garaja aganyň gyzydy. Ol sessiz aglaýardy.
Iki nazar biri-biri bilen hoşlaşdy.
Adamlar oňa ýol berdi. Ogry yzyna garanjaklaý-garanjaklaý adamlardan arany açdy.

* * *
Obanyň gündogarynda uly depe bar. Ol depäniň üstünde her gün obanyň oglanlary oýnaýar. Garaňky gatlyşdygy oýnuň mazasy gaçýar. Adamlar: «Garaňky düşensoň, ýeke  depäniň üstünde «Höt-höt» atly jyn oýnaýar. Ol çagalary gowy görýär. Öz depesinde oýnap ýören oglan görse, ony derrew alyp gaçýar» diýip gürrüň bererdiler. Oglanlar jynyň alyp gaçmagyny islänokdylar. Şonuň üçin, garaňky çala gatlyşdygy öýlerine howlugardylar. Ertesi ýene şu ýere oýnamaga gelerdiler. Depeden obanyň ähli öýleri, kimiň näme iş edip ýörendigi, ýakynyňda ýaly, mesaňa görnüp dur. Oglanlar depede durup, öz öýleringi synlaýarlar. Ejeň çagyrýarmy? Depeden aşaklygyna ýelk ýasaýmaly.
Ylgaşyp gelýän oglanlar bu gün depä ýetmän durmaly boldular. Depede kowlan ogry oba intizar gözlerini dikip otyrdy.
Oglanlar onuň ýanyna barmakdan çekindiler, ogrynyň giderine garaşdylar. Gitmänsoň, başga ýerde oýnamaly boldular. «Höt-höt» atly jynyň ogra meňzäp oturan bolmagy mümkin diýip biri aýdansoň-a oglanlar depeden hasam daşlaşdylar.
Ogry uzynly gününi depäniň üstünde sarsman oba garap oturyp geçirdi.
Oglanlar ikinji gün çydap bilmediler: oba baryp, ogrynyň bu günem düýnküsi ýaly oturandygyny arz etdiler. Adamlar topar bolup, depä tarap gaýtdylar.
Ogry olaryň gelýändigini görmeýän ýaly, oba şo-ol seredip oturşydy.
– Öňki etmişiňi az görýäňmi? Şeýle güne etmişiň bilen düşdüň. Kakaň apalamasyny göterinip bilmediň. Indi etmişiň yzynda mert dur, git! Oglanlary gorkuzyp ýörme. Bizem azara goýma – diýip, Adylla aga aşakdan gygyrdy.
Ogrynyň çepiksije kakasy obadaşlarynyň arasynda kysmatynyň öňünde ejizläp durdy. Ol ogluna öz başarmaýan zadyny – mert bolmagyny pyşyrdap ündedi. Soňam, hoşlaşýan ýaly, elini çalaja galdyrdy. Ýöne muny ogly görmedi.
Ogry ýerinden turdy. Nämedir bir zat diýjek boldy. Elini hereketlendirdi. Dili diýenini etmedi. Muňa gahary geldimi-nämemi, hyrra yzyna öwrüldi-de, gözden ýitdi.

* * *

Süýr günortandy.
Obanyň insizje, tozanly ýolunda uly ýük maşyny peýda boldy. Ol gojaman ýeke tuduň deňine gelip saklandy. Onuň kabinasyndan gara gaýyş penjekli, gara gaýyş papakly, pezzik murtly, daýanykly kişi düşdi-de, gerinjiredi, töweregine ulumsylyk bilen nazar aýlady. Özüne tarap ýüwürip gelýän oglanjyklara azgyryldy:
– Baryň, obanyň ýerden ýöräni şu ýere ýygnansyn, çagyryň. Ýygnak boljak diýiň. Raýondaky ketde geldi diýiň. Gelmedigi heläk etjekmiş diýiň. Baryň, baryň!
Daýanykly kişi tuduň kölegesine bardy. Maşynyň üstünde oturan iki milisioner bilen obadan kowlan ogra oturyberiň diýip yşarat etdi. Elini bykynyna urup, kölegede iki ýana ýöredi.
Oglanjyklaryň gylyny gyşartman ýetiren habaryna oba adamlary geňirgendiler. Şol geňirgenme hem olary ýeke tuduň ýanyna getirdi.
Daýanykly kişi adamlaryň ýygnanyşandygyny görmezlige saldy.
– Näme  habaryň bolsa aýt-how! – diýip, adamlar gygyryşdylar.
Gara gaýyş penjekli kişi mährewsiz nazaryny oba adamlaryna aýlady-da, agraslyk bilen maşynyň üstüne çykdy:
– Ýoldaşlar! – Ol ýene bir gezek adamlara mährewsiz  nazaryny aýlap çykdy. – Bu nähili düzgün boldugy?  Bu näme etdigiňiz boldugy? Men sizden soraýaryn? Näme, siziň üçin sowet hökümeti ýokmy?
– Ýagşy ýigit, etegiňdäki daşyňy döküp, soň gürle – diýip, ýaşulularyň biri gara gaýyş penjekliniň sözüni böldi.
– Mende hiç hili daş ýok!  – Ýaşulynyň sözüne gara gaýyş penjekliniň gahary geldi. – «Daş-paş» diýen bolup, meniň bilen oýun etmäň, ýoldaşlar! Oýnuňyz deň gelmez...
– Öň-ä «Ýekäniň oýny köpüň oýny bilen deň gelmez» diýip eşidipdik – diýip, köseleç adam şelaýyn ýylgyrdy.
– Ol göwnüňizedir, ýoldaş. Oýun ýekäniň nähili adamdygyna bagly... Siz näme  üçin öz obadaşyňyzy, sowet graždanyny, özem siziň bilen deň hukukly, deň borçly graždanini kowupsyňyz? Şeýle etmäge kim size ygtyýar berdi? Kim? Könäniň zyýanly galyndylaryny ýöretjek bolýarsyňyzmy? Muňa ýol bermeris. Şu etmişiňiz üçin gözüňiziň Sibirde açyljakdygyndan habaryňyz ýokmy?
Bu sözler saganalylaryň gaharyny getirdi. Bir ýaşuly öňe saýlandy-da, parahat gürledi:
– Öňki Sibire iberenleriňizem biz ýaly adamlardy. Inim, sen bizi Sibir bilen  gorkuzjak bolman, özüňe zor salman, näme habaryň bolsa, aýdyber.
– Men gürrüňi uzaga çekdirmegi halamok, ýoldaşlar. Men raýondan gelen wekil. Özbaşdaklygyň oňlugynyň üstünden eltmejekdigini, könäniň zyýanly galyndylaryny bütinleý unutmalydygyňyzy size duýdurmaga  geldim. Biziň jemgyýetimizde ähli kişi, ähli sowet graždany bir dogan ýaly bolup ýaşamaly. Araňyzda şeýle doganlygy, agzybirligi islemeýän halk duşmany bar bolsa, onuň bilen berkje hasaplaşarys. Ine! – Ol elini patladyp, ogrynyň egnine goýdy. – Siziň ýaş, görmegeý bir obadaşyňyz öýsüz-öwzarsyz, çem gelen ýerde ýatyp-turup ýör. Biziň jemgyýetimizde öýsüz-öwzarsyz adam bolmaly däl, ýoldaşlar. Her kim öz öýünde ýatmaly. Bu ýigidi siziň obadan kowmaga hakyňyz ýok. Düşnüklimi? Bir etmişi bar bolsa, ony biziň hukuk goraýjy organlarymyz öwrener, jezasyny berer...
Raýon wekiliniň haýbatly uzyn nutugyny diňlemäge Adylla aganyň takady ýetmedi. Ol ardynjyrady.
– Söz sözlejek bolýaňyzmy, ýaşuly? – diýip, raýon wekili Adylla aga ýüzlendi.
– Saňa aýtjak zadym bar, inim.
– Söz sözlemek isleseňiz, ilki adyňyzy, familiýaňyzy aýdyň.
– Adylla Seýdaly ogly.
– Adylla Seýdalyýew. – Gara gaýyş penjekli jübüsinden depder çykaryp, oňa nämedir bir zatlar belleşdirdi. – Ýoldaşlar, Adylla Seýdalyýewe söz berilýär. Aýdyberiň!
– Meniň saňa aýtjak sözüm bar, inim. Biler bolsaň, biziň agzybir obamyz bar. Biz bir ojagyň adamlary ýaly bolup ýaşaýarys. Adamlar näme etjek bolsalar, maslahatlaşyp, ýedi ölçäp, bir kesip edýärler. Siziň ýanyňyzda oturan ýigidi hem obamyzyň ähli adamynyň talaby bilen obadan çykardyk.
– O nähili talap? Bu nähili gürrüň, ýoldaş Seýdalyýew? Siziň ýygnanyşmaga, karar çykarmaga hakyňyz ýok. Düşnüklimi size? Her oba özbaşyna karar çykaryberse, bu nähili bolar? Bu barypýatan anarhiýa ahyryn! Siz anarhist, ýoldaş Seýdalyýew! Munuň üçin jogap bermeli bolarsyňyz.
– Heý, bir pikire gelip bilmeýän, ýagşysyny söýüp, ýamanyny näletmeýän obadanam oba bolarmy?
Raýon wekili gaharyna sandyrady:
– Ýoldaş Seýdalyýew, adamlary ters ýola ündemäň! Obada toparlanyşyk döretjek bolýaňyzmy? Muňa ýol bermeris. Siz Adalakowdan näme ýazyk tapdyňyz? Men onuň bilen gürleşip gördüm. Onuň hiç hili günäsi ýok. Eger etmişi bar bolsa, aýdyň. Aýdyň, aýdyň!
Hiç kimden ses çykmady.
Raýon wekili ogra azgyryldy:
– Hany, düş maşyndan! Eger biri kowjak bolsa, maňa baryp aýt. Men onuň bilen aýratynja gürleşerin. Düş diýýän men saňa, näme mölterilip dursuň?!
Ogry egnini ýygryp, obadaşlaryna gorkuly bakdy. Sandyraý-sandyraý maşyndan düşdi.
Gara penjekli raýon wekili özbaşdak iş edilse eýgilige garaşmaly däldigini, ikinji gezek geçirimlilik edilmejegini aýdyp, gürrüňi jemledi.
Maşynyň giden tarapyna sereden adam bolmady.
Ogry ortarada durdy. Men nädeýin diýýän terzde obadaşlaryna gözlerini balkyldadyp garady. Adamlaryň gazabyny ýüzlerinden aňmak kyn däldi. Ogry muny aňdy. Gözüne ýaş aýlap, maşynyň giden tarapyna ugrady.
Ogrynyň çepiksije kakasy ellerini titredip, ogluna bakan uzatdy. Ol eller ogluna ýeter ýaly däldi. Ogry eýýäm adamlardan arany açypdy.

* * *

Şondan bäş-alty günden soň gijara öňki ýük maşyny oba ýene tozan turzup geldi. Bu gezek onuň kabinasynda öňki gara penjekli raýon wekili ýokdy. Maşynyň ýokarsynda öňki iki milisioner otyrdy. Olar Adylla agany maşyna  mündürip äkitdiler.
Bu habary eşiden adamlar ýeketuduň ýanyna ýygnanyşdy. Ertir ir bilen jem bolup, raýon merkezine gitmegi, Adylla agany nädibem bolsa alyp gaýtmagy müwesa bildiler.
Ertir oba şum habar kürsäp girdi:
– Uruş başlanypdyr!
...Bir ýyldan soň Adylla Seýdaly oglunyň uruşda wepat bolandygy barada hat geldi. Şo gün bütin oba matam tutdy.
Ogrynyň hem şol gidişi gidiş boldy. Gaýdyp gara bermedi. «Gördüm, bildim» diýenem bolmady. Ady welin depä galdy. Ogry depe!
Käte şeýle boljak eken: kesekiniň günäsini gerdeniňde götermeli. Gaty agyr ýük. Şeýle agyr ýüki depeler göterýär...

II.

Syrgyn Saganaly obasynyň ähli ýerini dörüp çykyp, tapan adamlaryny südenekledip öýe saldy. Onuň gazaply hökümi uzynly gününi Ogry depäniň üstünde bigam oýnap geçirýän oglanjyklara ulularyň gulakdan çekip jeza bermelerindenem agyr degdi.
Ynha, ikinji günüň içi, syrgynyň daşarda şol köwsarlap ýörşi. Gyraw baglan penjireden syrgynyň «garagollugyna» seredip oturmak oglanlary agyr ýük göterendenem bäşbeter ýadatdy.
Şuw-w! Şuw-w!
Bu oglanlar üçin hökmürowan syrgynyň öýden çykmaň diýip gamçy bulamasy bolup duýulýar. Syrgyn ululara başgaça täsir etdi: olar şeýle howa köpden bäri garaşyp ýören ýaly, begenişdiler. Asyl, öýden çykjak bolanoklar. Özara süýji-süýji gürleşip, çaý içişip otyrlar.
Obanyň içinden geçýän mydama adamly, eýläk-beýläk ylgaşýan oglanly ýol sowukda ýeke galdy.
Ýok, ol adamsyz däl. Syrgynyň gazaply höküminden bihabar ýaly, ýolda üst-başyny gar basan, eli hasaly, arkasy goşhaltaly nätanyş goja iki tarapyna bakyp, näme iş etjegini bilmän, ikijahan owarrasy  bolup dur. Ol her öýe esli wagtlap tiňkesini dikip äňedýär. Özüne bütinleý ýat öýlerden nähilidir bir tanyş zat görmäge çalyşýana meňzeýär. Belki, ýaşuly oba öň gelendir, indem şol öňki myhman bolan öýüni tapyp bilýän däldir? Nädip tapsyn? Ähli öýleri gar  büräp, tanalmaz ýaly edipdir.
Ýaşuly ýadaw görär. Sowukdan ýaňa ýüzi garalyp dyr. Elleri sandyraýar. Onuň çaltyrak tanyş öýi tapjak bolup alňasaýandygy görnüp dur. Onuň öňünden çykýanam, garşy alýanam ýok .
Nätanyş goja bir öýi synlap esli duranam bolsa, oňa sowulmady. Ikinji öýi birmeýdan synlap, öz öýüne gelen ýaly arkaýynlandy. Daşişikde durup, birki gezek ardynjyrady: bu gojanyň özüçe gapy kakdygydy. Içerdäkiler muňa düşünen bolarly, gapy ýuwaşlyk bilen açyldy. Içerden  orta ýaşlaryndaky mapraç aýal çykdy. Ol ýaşulyny tanajak bolup çiňerildi, tanamady.
– Sag-aman otyrsyňyzmy, keýigim? Bala-çagalaryňyz gurgunmy?
Öý bikesiniň dodagy çalaja gymyldady:
– Şükür...
Goja aýalyň soragly gözleriniň öňünde ejiz göründi:
– Men ötegçi, keýigim. Uzak ýerden geldim.  Öýden gaýdamda Gün çykyp durdy. Keýwanym hem «Gyşda hiç ýerik gitme, ýazda gidersiň» diýip köp aýtdy. Etmedim. «Ýaza çenli näme boljagyny kim bilýär?» diýdim.  «Men bişen adam, gurbatym barka aýlanyp gaýdaýyn» diýdim.
Öý bikesi nätanşyň özi hakda gürrüň berip  durmagyny islemedik bolarly:
– Size kim gerek, ýaşuly? – diýdi.
– Maňamy? Agtarýan adamym-a ýok...
– Uzak ýerden ýörite gelen bolsaňyz, kimdir biriniňkä bararyn, kimdir birini görerin diýen  niýetiňiz bolandyr ahyryn?
– Men seniň geňirgenmäňe düşünýän, keýigim. Meniň gelşim seniň üçin geň görünýändir. Dogry. Men, keýigim, öýden çykanymda biriniňkä bararyn diýip çykmadym. Saganaly obasyny görüp gaýdaýyn diýip çykdym. Görüp otursam, indi muňa Saganaly obasy hem diýenok ekenler. Saganaly obasy diýsem, köpler tanamady. «Täze durmuş» obasy diýýän ekenler. Oba üýtgäp gididir. Dogrusy, men-ä bir öýem tanamadym. Hemmesi soň gurlan jaýlar. Öňki jaýlardan ýekejesem galmandyr... Keýigim, hyýalym hiç kimiňkä barman, obany göni aýlanyp gidibermekdi. Arman, bolmady. Şäheriň myhmanhanalarynyň hiç birinde-de boş ýer ýok eken. Ýogsam oba ertir ir bilen gaýtmakçydym. Boş ýer bolmansoň, oba aşaýyn, gije biriniňkide myhman bolaryn diýen pikir bilen  awtobusyň soňky reýsinde gaýdyberdim. Saglyk bolsa, ertir ir bilen yzyma gitmekçi.
– Obada kimi tanaýaňyz, salgy bereýin .
– Tanaýan adamymmy? – Goja aljyraňňy gürledi. – Tanaýan adamym ýok meniň. Bir gije myhman alaýsaňyz diýip, siziňkä gelip durşum şu...
– Myhman? – Öý bikesiniň gözleri petredi.
– Hawa, hawa, myhman, keýigim, myhman. – Nätanyş goja öý bikesiniň gulagy agyrdyr öýden bolsa gerek, gygyrybrak gürledi.
– Myhman?
Nätanyş goja ýene gaýtalajagyny-gaýtalamajagyny bilmän ýaýdanokdy. Ýüzi boz-ýaz bolan aýalyň «Içeri giriň!» diýerine garaşdy.
– O nähili myhman?
– Gije ýatar ýaly ýer beräýseňiz!. Maňa ýorgan-düşegem gerek däl. Telpegimi ýassyk, possunymy ýorgan edinip ýatybirin.
Öý bikesiniň öňki arkaýynlygy galmady.
– O näme üçin ala-böle biziňkä geldiňiz? Öý kän-ä. Başga biriniňkä barsaňyz bolanokmy?
– Öýüňiz gözüme ýakymly göründi...
– Men sizi nädip myhman alaýyn? – Mapraç aýal agyr oýa batdy. — Adamym pýan bolup ýatyr. Ol sizi myhman alandygymy bilse, derimi sypyrar.
– Adamyňy turzaý, onuň bilen özüm gürleşeýin.
– Wah, ol lül-dä, ýaşuly. Dört-bäş sagatsyz oýanmaz.
Ilkinji baran öýünde myhman altynmazlygy nätanşa agyr degdi. Onuň yzyna gidesi, başga biriniňkä barasy gelmedik bolarly, öý bikesi gapyny ýapansoňam esli salym durdy. Içerden hälki mapraç aýalyň sesi eşidildi: «Ýuwaş, men oňa adamym pýan diýdim. Pýan däldigiňi bilse, ýene geler ol. Birden daş çykaýarmykaň diýip gara janym galmady. Gümüne gitsin-le! Akyly ýerindäki adam däl ol. Ýa gedaýdyr, ýa-da ogrudyr». Nätanyş gojanyň depesinden gaýnag guýlan ýaly boldy. Derrew köçä çykdy.
Syrgyn henizem köçeden sygyryp geçip dur. Gojanyň possunyndan parran geçýär. Nätanyş goja on  iki süňňi bilen gagşady. «Peje ýylynsam, soň ölsemem armanym ýok» diýip, ol pyşyrdady. Kaşaň gurlan jaýlary synlady. Giň derwezeli, maşyn garažly öýe onuň barasy geldi. Bu baý adamyň öýi bolmaly. Baý adam peýdasyz nätanşy myhman almak islemez diýip goja pikir etdi. Ýoluň çep tarapyna geçip, ýaşyl derwezeli öýe bardy. Ardynjyrady.
On bäş-on alty ýaşlaryndaky oglan gapyny açdy. Ol daşarda nätanyş ýaşulynyň durandygyny gördi-de, kakasyny çagyrdy. Daşary elli ýaşlaryndaky peşeneli adam çykdy. Ol goja bilen elleşip salamlaşdy.
– Birini agtarýaňzmy, ýaşuly?
– Agtarýan adamym-a ýok, inim. Sen «Bu ýaşuly gedaýdyr ýa ogrudyr» diýib-ä göwnüne getirme. Ýaňy biriniňkä bardym welin, meni myhman almaga gorkdy. Ýok, men gedaý däl, ogram däl... ynanmasaň, ine, gör. – Goja goltugyna howlukmaç elini sokdy. Pasportyny çykaryp, öý eýesine uzatdy.
Öý eýesi pasporty göwünli-göwünsiz aldy, onuň sahypalaryny agdaryşdyrdy:
– Uzakdan gelipsiňiz-ow?
– Hawa, hawa, uzakdan geldim – diýip, goja baş atdy. – Ykbal meni uzaga taşlady, inim. Soň: «Gel, ölmänkäm Saganala aýlanyp gaýdybereýin» diýdim.
– Aslyňyz şu ýerlimi? Be, doglan ýeriňiz şu oba eken. Sähet Adalakow... Öz-ä eşiden adym ýaly bolup dur. Ýöne anyk ýadyma düşenok...
– Aý, inim, sen meni tanamarsyň. Men bu obada uzak bolmadym. Seniň özüň kimlerden bolarsyň? Ýüzüň-ä maňa tanyş.
– Siziň tanaýan bolmagyňyz mümkin. Kakama Adylla aga diýerdiler. Ony bir näkes ogry üçin türmä basypdyrlar. Ol ýerdenem urşa äkidipdirler. Uruşdan gelmedi.
– Hä-ä, dogry, dogry... – Nätanyş gojanyň gara ýüzi agardy.
– Siz kakamy tanaýardyňyzmy, ýaşuly?
– Adylla aganymy? Ýok, ýok, tanamokdym...  – Nätanyş goja Adylla aganyň oglundan pasportyny garbap aldy-da, jübüsine saldy. Öý eýesiniň erbet iş etmeginden gorkýan ýaly, gaty-gaty ýöräp köçä çykdy. Sähel salymdan ýaşyl derwezeli öýden arany açdy.
– Ýaşuly, bu sowukda nirä barýaňyz? Saklanyň ahyryn. Oturalyň könäni ýatlap – diýip, Adylla aganyň ogly nätanşyň yzyndan gygyryp galdy.
Goja başga bir gapa bardy, habaryny aýtdy.
– Ýaşuly, aýyplaşmaweriň, bizi biri myhmançylyga çagyrdy, şoňa gitmesek boljak däl. Ýogsam myhman alardyk. Siz başga biriniňkä baraýyň. Haýsy öýe barsaňyz myhman almazlar öýdýärsiňiz?! Meniň özüm-ä myhman gelse, begenýän. Onda-da siziň ýaly köpi gören ýaşuly gelse.
Nätanyş goja öý eýesiniň mylaýym sözüne maýyl bolup yzyna döndi. Gapy şarkyldap ýapyldy.
Goja ýene bir öýüň gapysynda ardynjyrady. Uzak garaşdyrman daşara epeý kişi çykdy.
– Gurgunlykmy, inim, aman-esenlikmi? Bala-çagalar gurgunmy? Saglyk bolsun hernä... – goja näme bolsa-şol bolsun diýip, içeri girjek boldy. Epeý kişi onuň öňünde galkana öwrüldi.
– Size näme gerek, ýaşuly?
– Men-ä doňdum, inim. Içeriňize girip ýylynaýyn! Habarymy soň aýdybirin.
– Bagyşlaň, men sizi tanamadym-la, ýaşuly? Ýalňyşyp gelen bolaýmaň. Size kimiň öýi gerek?
Gojanyň bady gaýtdy:
– Inim, bir gijelik myhman alyp bilmezmiň? Ertir ir bilen gideýin. Bir gije myhman alanyň üçin bäş manat bereýin. On manat diýseňem razy men. Bir käse çaý berseň-ä içerin. Ýok, berjek däl diýseňem aýyplaşyp durmaryn, ýataryn. Ogry-jümrüdir diýip göwnüňe müňkürlik gitse, pasportymy girewine bereýin. – goja pasportymy girewine bereýin diýse-de, ony jübüsinden çykarmaga ýaýdandy.
Öý eýesi: «Biraz garaşyň» diýip içeri girdi. Aýaly bilen maslahatlaşjakdyr diýip, goja pikir etdi. Içerden şaňňy aýal sesi eşidildi. Goja diň saldy. Aýal ärini pöwhelikde aýyplap iňirdeýärdi. Aýalyň ärine iňirdemesi goja üçin adaty bir zat. Onuň öýünde eşidýäni hem iňirdi. Ýöne şol şaňňy sesli aýal pälwan sypatly adama näme üçin iňirdeýär? Ine, şol belli däl.
Birden dym-dyrslyk boldy. Içeriniň yşygy öçürildi. On minut geçdi. Ýigrimi minut... Bir sagat. Goja pälwan sypatly adam ýadyndan çykaran bolaýmasyn diýen pikir bilen öwran-öwran ardynjyrady. Ne gapy açyldy, ne-de içerden  ses eşidildi. Nätanyş goja mundan artyk garaşmagyň peýdasyzdygyna göz ýetirip, hüňürdenip köçä çykdy.
– Bir gije myhman alyp bilmersiňizmi? – diýip, ol ýene bir gapydan bardy.
Öý eýesi – sypaýy ýigit, näme üçindir, şelaýyn ýylgyrdy:
– Ýaşuly, ýagdaýym ýok. Ýöne men saňa myhman alaýjak  öýi salgy bereýin. Sen, hana, şol ak gapyly öýe bar. Ol öýüň eýesi siziň ýaly myhmany höwes bilen kabul edýär. Onuň gözläp tapyp bilmän ýöreni myhman. Ýöne, ýaşuly, öý eýesiniň göwnünden turjak bol...
Goja salgy berlen öýe bardy. Öýden maňyzly-maýaly gelin seýkin basyp çykdy, gojany seňrigini ýygryp synlady.
– Keýigim, bir gije myhman alyp bilmersiňizmi? Bäş manat diýseňem bereýin, on manat diýseňem.
– Üstümden güljek bolýaňmy, garry köpek? Seniň ýaly aňkasy aşany men başyma ýapaýynmy?
Gapy şarka ýapyldy.
Salgy berlen öýden kikirdi eşidildi.
Hatar öý. Olaryň haýsysyna barsa-da nätanyş gojanyň göwnüne myhman alynmajak ýalydy.
Goja birki öý geçip, belent küňreli jaýyň deňinde saklandy. Entek ardynjyramaga-da ýetişmänkä, içerden altmyş ýaşlaryndaky hyrsyz ýüzli aýal çykdy. Goja ol aýalyň ýüzüni görenden myhman alynmajagyny bilip, yzyna öwrüldi.
– Bu ýerde näme edip ýörsüň?
Gazaply çykan ses gojany doňana dönderdi. Gojanyň sesi gorkuly çykdy:
– Bir gije myhman alaýsaňyz diýip gelipdim...
– Gör-ä muny! Myhman alaýsaňyz diýen bolýar. Adamlaryň sowukda daşary çykmajagyny bilip, sümsünip ýör. Sakgalyň agyndan utan. Ýaşyň soňunda ogurlyk edip ýörenden, giräýerler göre.
– Men ogry däl...
– Men ogry däl diýen bolýar, adamlary aldap bilmersiň. Bar, bar, aňyrrakda ente!
Bu söz nätanyş gojanyň ýüzüni gyzartdy. Dodaklary tirpildedi. Daş işikde duran aýala çiňerilip bakdy. Uzak dursa, aýalyň erbedräk sözlerem aýtmagyndan howatyrlanyp, yzyna öwrüldi. Ýeke tuduň ýanyna baryp, özüni aşak goýberdi. Endam-jany ýadawlykdan ýaňa owum-döwüm bolan ýalydy. Oturmak oňa hoş ýakdy. Göwnüne howa öňki ýaly sowugam däldi. Ol gözlerini süzüp oturdy. Hälki hyrsyz aýalyň: «Ogry däl diýen bolýar, adamlary aldap bilmersiň» diýen sözleri gulagynda ýaňlandy. Tanaýdymyka? Tanandyr, ýogsam aýtmazdy... Goja uludan aldy: «Entegem günämi ötmändirler...»
Ogry ençe ýyldan soň kowlan obasyna görme-görşe, ýok, ýaşynyň soňunda hoşlaşmaga gelipdi. Onuň obany tanamaýşy ýaly, oba adamlary hem ony tanamady.
Gojanyň niýeti biriniňkä düşläp, adamlary daşyna üýşürip, ýaşlygynda bir gözele aşyk bolandygyny, olaryň agylynyň içinden gözel gyzy synlamak isländigini, sarç öküziň ýat kişi agyla girenden ürküp, ýüpünden boşap, patanaklap ümdüzine gaçandygyny, ony tutup getirjek bolanda «ele düşendigini», hakykaty aýdyp gyzyň ýüzüni gyzardandan agyr töhmeti boýnuna alanyny kem görmändigini, töhmetiň özüne juda gymmat düşendigini gürrüň bermekçidi. Söýen gözel gyzynyň – Aýjanyň adyny hiç kime aýtmakçy däldi. Ýöne, başartsa, soňky ykbaly bilen gyzyklanmakçydy. Aýjan bilen salamlaşmakçydy, hal-ahwal soraşmakçydy. Kim bilýär, ol hem hakykaty bilýän däldir? Goja gursagynda apalap, garratman saklan söýgüli gyzyny şeýle bir görmek isleýärdi. Käteler Aýjany bir görüp bu amanady islendik ýere tabşyrmaga taýýardy.
Goja hakykatyny özi bilen o dünýä äkidesi gelmändi. Bu dünýäniň zady bu dünýäde galmaly ahyryn! Goja howanyň sowuklygyna, gonak alynmadygyna däl-de, ýaşlygyny, ilkinji söýgüsini galdyran obasyndan nijeme ýyllap aýdaryn diýip gezen habaryny aýdyp bilän gitmeli boljakdygyna biçak gyýyldy. Möňňüripler aglaberesi geldi.
– Beýdib-ä oturmaýyn. Ýene öňde dört öý bar. Olara baryp göreýin. Belki, myhman alarlar? Meni soňky nesil tananok ahyryn. – Goja hazzar ýerinden turdy. Birmahalky daňlan tuduny gataňsy aýasy bilen sypady. Öňe ynamsyz gadam urdy.

* * *
Raýon merkezinden milisiýanyň, «Tiz kömegiň» birki maşyny gelip, Ogry depäniň deňinde saklandy. Ol ýerde oba adamlary jemlenip durdy.
Maşyndan düşenler depäniň güzaýynda ýatan jesediň daşyna aýlandylar, onuň suratyny aldylar.
– Adamlar, muny tanaýanyňyz barmy? Munuň hossary kim? Familiýasy Sähet Adalakow! Şu obada doglupdyr. Näme, öz obadaşyňyzy tanaňzokmy? – diýip, egni gaýyş penjekli, pezzik murtly, daýanykly garaýagyz kişi oba adamlarynyň ýanyna geldi.  – Siziň obadaşyňyz ahyryn ol ýatan! Hossarlary nirede?
– Saganaly obasyndan bolsa, tanardyk. Ol biziň obamyzdan  däl – diýip, pälwan sypatly kişi jesede täzeden seretdi. Adamlar pälwan sypatly adamyň sözüni tassykladylar.
– O gün agşamky goja ahyryn ol – diýip, sypaýy kişi dillendi. – Ol bize: «Meni bir gije myhman al» diýip bardy. Wah, men myhman aljakdym-la, arman, bir ýere myhmançylyga çagyrylypdym. «Ýaşuly, ýörüň, meniň bilen myhmançylyga gidiberiň, köplük bolsak, gowy bolar» diýip, oňa kän aýtdym. Göwnemedi. «Öýde ýatyberiň» diýsemem: «Ýeke galyp biljek däl» diýip, ýer depdi durdy. «Başga biriniňkä bararyn» diýse, arkaýyn boldum...
– Biziň öýümize-de bardy ol pahyr – diýip, mapraç göwreli aýal dillendi. – Men-ä, dogrymy aýtsam, ogrudyr öýtdüm. Onsoňam gije ýataýyn diýibem aýtmady ol. «Bir käse çaý berseňiz bolýar» diýdi. Çaý berdik. Palaw bişiripdim. Ondan iýdi hezil edip. Soňundan bize alkyş okady. Bir ýere gyssagly barmasam boljak däl diýibem gitdi. Onuň bu ýere gelip ýatjagyny näbileli?! Degişgen adam eken ol bende. Çagalarymyz bilen gülşüp oturdy...
– Ol neressäniň ogra meňzeýän ýeri barmy? Garry adam ahyryn. Haý, siziň myhmansöýer türkmen bolaýşyňyzy! Bu ysgyndan gaçan garryny bir gije myhman almansyňyz – diýip, gara gaýyş penjekli kişi hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady.
Mapraç göwreli aýal onuň al-petinden aldy:
– Äl, myhmanparaz bolduň biziň başymyza. Özüň tanamaýan adamyňy myhman alardyňmy? Almazdyň. Sen ony melisgäň eline tutduryp goýbererdiň. Adamlara pitjiň at diýseň!
Gara gaýyş penjekli kişi yza çekildi. Işgärlerini gyssady.
– Geň, gözi açyk däl. Şunuň ýaly ýagdaýda ölen adamyň gözi açyk bolaýjak ýaly. Armanly ölen adamyň gözi açyk galmaly dälmi näme? – diýip, Adylla aganyň ogly geňirgendi.
– Elbetde, armanly ölüm. Goja şu ýere gelip uklandyr. Şonuň üçin hem onuň gözleri ýumukdyr – diýip, pälwan sypatly kişi netijä geldi.
– Ýene bir gezek soraýan, gojany tanaýanyňyz barmy?  Eger ýok bolsa, äkitjek – diýip, gara gaýyş penjekli kişi uzakdan durup saganalylara ýüzlendi.
Jesede eýe çykan bolmady. Hakykatdan  hem bu obada gojanyň hossary ýokdy.
Jesedi maşyna ýüklediler. Uzak saklanman hem gitdiler.
Adamlar maşynyň yzyndan seredip galdy. Maşynlar, adamlaryň göwnüne, özleriniň haýsydyr bir mukaddes, gymmat bahaly zadyny äkiden ýaly boldy.
Äkidilen zat belli ahyryn: maşynlar gapy-gapy kakyp, ýalbarsa-da, bir gije myhman alynmadyk nätanyş gojanyň jesedini äkitdi...

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 219 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Gyz üçin sokulypdyrow işigaydan, gynançly hekaya eken

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: