00:23
Oba oglany / hekaýa

OBA OGLANY

Men ýene-de seniň şol gürrüňiňi hakydama getirdim. Şonda sen “şol birmahalky wakany  hiç ýadymdan çykaryp bilemok” dieniňe düşünmändim. Seniň näme üçin oña giç galandygygyňa henizem haýran. Asla geň  galarlyk näme bardy? Obadan uly şähere gelen sada oglanyň tanyşlyk açjak bolşunymy ýa-da ikimiziň ol bendäniň üstünden gülüşimizimi, onuň bizi çyna berimsiz aldap bilenligimi?   
Biz şol wakany aňymyzda näçe aýlasagam,   gyzlaň yşkyna düşen ýigidiň dünýäsine düşünip bilmejegimiz hakdy. Kalbyňa umyt uçgunyny guýan gözlerden çykýan mahriň ýalandygyny  heý-de birbada duýup bolarmy?  Ol waka henizem ilik-düwme ýadymda.        
Uniwersiteti tamamlamaly döwrümizdi. Döwlet synaglaryna taýýarlyk görýärdik.  Ikimiz synaga uniwersitetiň garşysyndaky seýil bagda, çolaja ýerde taýýarlanmaga endik edipdik.  Şol gezegem otluk meýdança ýaňyja gelip, kitabyň gatyny açanymyzdan, bir ýigit garşymyzda aýak çekdi.  Biz oňa birbada üns bermedik. Ol weli  oňa-muňa güýmenjirän bolup, ýanymyzda kän durdy.  Ahyry onuň sabyr käsesi doldy öýdýän:
- Gyzlar, okaýan kitabyňyz gyzyklymy?-diýdi.
Bizden ses çykmady. Ol ýene esli salym  köwşüniň burny bilen göm-gökje otlary eýläk-beýläk edip, kän eglendi.  Soňam:
- Gepleşmejek bolsaňyz, men-ä gidäýjek –diýdi.
Muňa  ikimizem birden gülüp başladyk. Ol bize gözüni mölterdip seretdi. Biziň  öz üstünden gülýändigimizi  aňsa-da nämä gülýänimizi duýmady ýa-da duýmadyksyran boldy.
- Gyzlar, ýyrtylan ýerim-ä ýokdur-da hern-ä.
Gülkimizi tapba kesdik-de, ikimiz iki ýerden dillendik.
-    Ýok, biz saňa gülemzok. 
-    Onda nämä?
-    Aý, şü kitapda bir gülkünç zat bar eklen. 
-    Maňa-da görkezäýiň-dä.
Biz biri-birimuze seretdik. Birbada näme diýjegimizi bilmedik. Ol ýigit  weli, duýman durkak, garşydaky otlukda aýbogdaşyny gurdy-da arkaýyn jaýlaşdy. Iňňän görmegeý, bir gyldan bezenen daýaw ýigidiň obadan gelendigine ynanar ýaly däldi. Egnindäki ak köýneginde ýekeje epinem ýokdy. Bu ýigidiň iňňeden çykma eşiklerine seretmän  gök otlukda çökmesi ikimizem geň galdyrdy.   Indi onuň biziň ýanymyzdan aňsat gitmejegi-de hakykatdy.  Indi özüniz gidäýmesek, onuň gymyldamajagyna gözümiz ýetip. usullyk bilen turup ugradyk. Olam biziň yzymyzdan galmady. Ýaňy uly köçäni geçip, umumy ýaşaýyş jaýyna tarap ýöräp ugranymyzdan, ol öňümizi gabady.
 -Gyzlar, meni ýeke galdyrmaň. Men obadan ýaňy geldim. Hiç ýerini tapamok. Barara-da bu uly şäherde  tanşym ýok. Men näme etsemkäm? Belki...
-Hä, näme?
-Bilemok.        
Biz ýene gülüşdik. Ol biziň bolşumyza hasam aljyrady. 
-    Men çynymy aýdýan, gyzlar, gülmäň-dä. Maňa kömek ediň, nirä gitsemkäm?
-    Tanşyň, garyndaşyň bolmasa, bu uly şäherde hirä barjak? Agşam näme etjek?
-    Menem şondan gorkýan-da. Ejem-ä myhmanhana baraý diýdi weli...
-    Ýeri, welisi näme. Git-dä myhmanhana.
-    Onnoň ertir men sizi nireden taparyn.
Ikimiz biri-birimize seretdik-de  ýene näme üçindir gülüp başladyk.  
Biz indi gülkimizi saklap bilemzokdyk. Gülüp-gülüp, içimiz gyrylara gelipdi. Dogrusy, bu oglanyň ýalan sözleýänine-de, çynyny aýdýanyna-da düşüner ýaly däldi. Ýöne ýaşlyk bir üýtgeşik dünýä diýleni eken. Tüýs  ýeriň ýarygyna gülýän wagty  diýýänleri bolmaly  şo döwür biziň üçin.  Ol oglan tä biz gülkimizi goýýançak, duran ýerinden butnamady.  Soňam ýalbaryjy äheňde:
-    Gyzlar, maňa kömek edäýiň-dä –diýdi.
Biz gülkimizi tapba goýduk. Indi gülki ýadymyza düşenokdy. Nädibem bolsa, bu oglana  bir ýol salgy bermelidik. Biziň pyşyrdaşyp duranymyzy gören ýigit ýene özelenip başlady.
- Gyzlar, iň bolmanda maňa myhmanhana nädip gitmelidigini salgy beräýiň-dä. Onnoň ertir irden men şo ýol bilen siziň ýanyňyza geler ýaly.  Ýogsam men  bu uly şäherde sizem tapman, yzymam. 
Biz bu ýigidiň sadalygyna haýran galyp, oňa myhmanhanany salgy berdik. Ol şondan soňam esli mahallap güýmenjiredi. Soňam özüne üns bermeýändigimizi duýup,  göwünli-göwünsiz  salgy berlen tarapa gitdi. Şol günüň ertesi biziň ikimizem biri-birimizden ýaşryn ogryn-dogryn o ýigide garaşdyk. Ýöne ondan derek bolmady. Belki, ol yzyny tapan däldir. Belki-de, gelesi gelen däldir. Ýöne şondan soň,  biz otluk meýdançada synaga taýýarlanmamyzy goýbolsun etdik.  Näme üçindir sen inçe umyt bilen o ýigide soň-soňlaram garaşdyň ýördüň. Sen muny gönüläp aýtmasaňam, özüňi alyp barşyňdan  aňmak bolýardy.  Şonda men saňa düşünmeýärdim. Çünki bary-ýogy bir gezek gören ýigidiňe maýyl bolmak meniň üçin matal ýaly bir zatdy. Sen weli  soňa-baka has çynyrgadyp ugradyň.  Şonda men  söýgi diýen hasratyň ynsan kalbyna sanlyja salymda aralaşyp, onuň erkini elinden alyp bilýändigi barada hiç zat bilmeýän ekenim.  Soňa- baka  sen  meni doňbagyrlykda aýplap ugradyň.
-    Tumar, sen öz gülkiň bilen başagaý bolup, şo oglanyň gözlerindäki mähri görmediň. Ol durşuna  mähre ýugrulypdy.  Onuň gözlerinden syçýraýan  uçgunlaryň her biri  söýgi hakda aýdym aýdýardy. Men ony gören badyma duýdum. Onuň biziň ýanymyzdan aýrylyp bilmän, müň bahana tapyp durmasyndan  şony aňmadyňmy näme? 
- Men-ä ony duýmandyrynam. Obadan gelen bir sada ognadyr öýtdüm. Ýöne biz o ýigidiň kimdiginem, nireden gelendiginem bilemzok ahyry.  Ady näme, näme işleýär. Belki, ol bir gezip ýören işsiziň biridir. Sen biderek ýerden  yşka düşüp ýören bolma.
-    Men bu zatlara  gowy düşünýän, ýöne ýürege diýen etdirip bolanok. Diňe şol diýip urýa bu ýürek.  Maňa nä döw çalanyna özümem düşnemok.   Näçe örtensemem, indi haýry ýok.  Geçen geçdi, giden gitdi ol owadan gözleri uçganaklap duran ýigitdenem nyşan ýok.  
 Sen şeýdip öz-özüňi köşeşdirseňem, ýüregiňe erk edip bilmängiňe soň-soňlar göz ýetirdim. Onuň sebäbini duýdansyz öwsen yşkyň ýelinden gözlemelidigini  bilýärdim. Ýöne bir pursatlyk bakyşdan yşk odunyň tutaşýanlygyna geň galýardym.  
   Uniwersiteti tamamlap, herimiz bir ýerde işe  başladyk.  Ine, saňa gerek bolsa.  Birdenem men täzelikde işe başlan edaramda şol birmahalky sada oba oglanyna gabat geldim. Ol hem şol edarada  işleýän eken. Ol meni tanamady. Belki, ol meni haçandyp birwagt görendirin öýdüp, gümanam eden däldir.  Şol hili bir pursatlyk duşuşyklaryň  erkek adamlaryň  durmuşynda köp bolýan bolmagy-da ahmal. Men oňa   tanyşlyk berjegem bolmadym.  Gaýta assyrynlyk bilen  onuň terjimehalyny öwrendim.  Asyl ol  eýýäm ýokary okuw mekdebi tamamlap, işläp ýören bolsa nätjek? Özem ol ýigit  öýli-işikli  bolup çykdy.
Şonda  ony ilkinji gören pursatymyzy ýatladym. Boýnuny burup durşy göz öňüme gelip, onuň şojagaz sahnany juda usstlkyk bilen oýnap bilendigine haýran galdym. Ýöne onuň soň näme üçin  ýanymyza gelmändigini welli belli däl.  Belki, ol üstünden gülenimizi halan däldir. Belki-de, seniň gözüňdäki söýgini duýup ýetişen däldir. Onçasyny aýdyp biljek däl. Ýöne ussada ussat diýmeli. Ol şonda biziň ikimizem hezil edip oýnapdy...       
Bu täzeligi eşideňde seň ýüzüň-gözüň üýtgäp gitdi. Birsalymlap doňan ýaly bolup durduň.  Soňam jak-jaklap, gülüp başladyň. Men  seň bolşuňa ýene geň galdym.  Sen weli, gülkiň arasynda öz=özüňi köşeşdirmäge-de ýetişdiň.
- Wah, biz akmaga sered-ä. Tapdyk bir sada  oba oganyny. Ol-a hezil edip, biziň üstümizden gülüpdir, biz bolsa oňa gülen bolduk.  Hany, onsoň  tana-da tanap bilýän bolsaň erkek  adamlary. 
Soňam birneme köşeşdiň-de:
- Her näme-de bolsa, bizi Hudaý gorapdyr. Ýeri, ertesi gelen bolsa, men ol otlukly gözleriň , ol mähriň öňünde durup bilermidim. Ýalan bilen çyny saýgarmaga  çakym ýokdy meň şo pille. Asla, söýýän göz kör bolýar diýilýäni çyn eken. Şonda men onuň gözlerinde  söýgüden başga zady saýgarmandyryn. Söýgi bir bakyşda döreýär diýilýäniniň çyndygyny şol pursat bildim. Dem salymda tutuş süňňüm ataşa çawlandy- diýdiň. 
Ondan bäri är ömri geçse-de duşan mahalymyz şol wakany ýatlamak ikimize  adat bolup galypdy. Onuň sebäpkäri özüni oba oglany saýan Söýnüň ol waka belki,  ýadyna-da düşýän däldir. Sebäbi erkek adamlar üçin onuň ýaly oýunlaryň her gün gaýtalanýan bolmagam ahmal. Çünki olar üçin şeýle ýagdaýlaryň aýratyn lezzet berýän bolmagy hem mümkin.  Kim bilýär? Aslynda aýal maşgala, onuň dünýäsi matala meňzeýän bolsa, erkek adamlaryň dünýäsiniň nämä meňzeýändini olaryň bir özi bilýär.  Ýogsam  bir bakyşda dörän söýgi erkek adamlaryň hem   duşundan duýdurman geçýän däldir. Sebäp otlukly nazarlar dem salymlyk çaknyşanda  ýaş  ýüregi  ataşa çawlamaga  ýetişýän bolsa,  onuň yzasyny çekmäge  näçe wagt gerekkä? Ine,  matal nireden gelip çykyp, nireden döreýän eken!   

Ogulgerek USSAÝEWA.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 20 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: