19:00
O ýer...
O ÝER...

Seniñ maña, meniñ saña garaşan,
Hal-ahwal soraşan,
Bir gün õýkeleşen,
Bir gün ýaraşan,
Ýerimiz - o ýer...

Duşuşsak duwlady baglañ ýapragy,
Õpdüñ beýhuş boldy çygly topragym,
Şatlandy hem asman çaldy depregi,
Toymuza garaşan ýerimiz- o ýer..

Gõwünden gõwrämi sogrup taşlady,
Ýapraklary sowuk "gowrup" başlady
Biri paşsa müñ birisi paşmady
Yhlasy puç bolan serimiz - o ýer..

Gujakladyñ sowuk howañ içinde
Ezizledim, daşymdan däl içimden
Arzuwy iberip gazlañ gõçünden
Asmana ugradan demimiz- o ýer...

Wepa, yşk bolmasa baglanmaz ykbal
Biz barmasak seret baglar haýykýar
Aýt, gelmeseñ, ýa gelmesem aýp bor
Ol bize, ol bize garaşar hokman
Biziñ duşuşmaly ýerimiz - o ýer...

Oguljennet BÄŞIMOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Medinilla | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 2.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: