12:18
Nurynyñ nurana keşbi

NURYNYÑ NURANA KEŞBI

■ ýazyjy Nury Altyýew barada ýatlama

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başynda oblast gazetinde “Talyp” atly hekaýa çykdy. Ol Magtymguly Pyragynyň Hywadaky Şirgazy medresesinde okan talyplyk ýyllary hakynda ýazylan gowy hekaýady. Şonuň üçin bu hekaýa köpçüligiň ünsüni çekipdi. Bu Nury Altyýewiň meybugatda çykan ilkinji çeper eseridi. “Ýazyjylyk kesp däl, ol ykbaldyr” diýilýär. Nury Altyýew hem özüniň ykbalyny edebiýat bilen baglan zehinli ýazyjydy. “Durmuşyň çylşyrymly, çarkandakly ýollaryny geçmedik ýazyjy hakyky ýazyjy bolup bilmeýär” diýýänleri çyn bolsa Nury bu ýoly bir kemsiz geçipdi. Onuň çagalyk we ýetginjeklik ýyllary uruş we uruşdan soňky kynçylykly ýyllara dogry geldi. Ol bu kynçylyklary özüniň doglup ösen ýeri-Tagta (häzirki Görogly) etrabynyň Polosoltan obasynyň adamlary bilen bile çekdi. Şol ýyllarda ol ulylar bilen bir hatarda daýhançylyk işlerine-de gatnaşdy. Nury özüniň özbaşdak zähmet ýoluna entek 18 ýaşynada dolmanka 1947-nji ýylda mekdepde pioner wojatyý bolup işe başlady. Ol şol döwürden başlap özüniň dünýä garaýşyny, bilimini ösdürmegiň küýüne düşýär.  Şonlukda ol 1948-nji ýylda işini taşlap, Daşoguz şäherindäki doly däl ýokary bilim berýän mugallymçylyk institutynyň dil-edebiýat bölümine okuwa girýär. Bu ýerde alnan bilim Nuryny kanagatlandyrmaýar. Ol şundan soň birje ýyl mugallym bolup işläp, 1951-nji ýylda Aşgabada gidip, Türkmen döwlet uniwersitetine öz ugry boýunça okuwa girýär. 1956-njy ýylda uniwersiteti tapawutly tamamlany üçin oňa diňe orta mekdepde däl, ýokary mekdeplerde hem okatmaga hukuk berýän diňlom berilýär. Şoňa görä ol Daşoguzdaky ýokary bilim berýän mugallymçylyk inistitytyna işe gelýär. Ol bu ýerde tä institut ýapylýança dört ýyllap talyplara edebiýatdan ders berýär. Nury diňe türkmen edebiýatyny çuňňur bilmän, dünýä edebiýaty bilen hem ýakyndan tanyşdy. Şonuň üçin talyplar onuň bilimine sarpa goýmak bilen özüni-de çuňňur hormatlaýardylar. Pedinsititutdan soň ol 1959-njy ýylda Mugallymlary kämilleşdiriş institutyna işe girýär. Ol bu ýerde tä pensiýa çykýança otuz bäş ýylyň dowamynda türkmen dili we edebiýaty kabinetiniň müdiri bolup işlemek bilen gaty köp mugallymlara öz kärini kämilleşdirmekde ýardam görkezip, halypalyk edýär. Bu eden hyzmatlary üçin ol “Türkmenistanyň at gazanan magaryf işgäri”, “SSSR-iň Halk magaryfynyň otliçnigi” diýen hormatly atlara mynasyp boldy.
Nury Altyýew ýazyjylyk işine soňrak başlanam bolsa ol bu işe taýýarlykly, çuňňur bilimli ýagdaýda girişdi. Başda gürrüňi edilen “Talyp” hekaýasyndan soň yzly-yzyna hekaýalar, oçerkler ýazdy. Kiçi žanyrda galamyny ýitukeşdirenden soň ulurak göwrümli eserler ýazmagyň küýüne düşýär. Onuň birinji uly göwrümli eseri “Aýjemal” powestidi. Powest taýýar bolandan soň ony ilki bilen maňa okap berdi. Uly göwrümli eseri bir oturuşda okap çykyp bolýamy näme. Ol ýaltanman iki günläp meniň ýanyma gatnap okady. Menem ýaltanman oturyp diňledim. Bu eser geçen asyryň başlarynda ýaşap geçen aýal bagşynyň durmuş ýoly we onuň ajaýyp aýdym-saz sungaty barada gürrüň berýärdi. Powesti okap bolandan soň Nury maňa “Hiç bir ýazyjy öz ýazan eseriniň kemçiligini bilmeýär. Şonuň üçin sen maňa munuň gowy taraplaryny däl-de kemçiliklerini aýt” diýdi. Eser maňa ýarapdy. Şonda-da sýužete dahylly kä bir ýerlerini maslahatlaşdyk. Şundan soň ol powesti gaýtadan işledi. Ol her bir ýazan eseriniň üstünde gaýta, gaýta işlemäge ýaltanmaýardy. Ol gaty zähmetsöýer adamdy. Şonuň bilen bir hatarda boş wagtyny dost-ýarlar bilen şagalaňly oturlyşyklarda geçirmegi, degişip gülüşmegi gowy görýärdi.
Ýetmişinji, segseninji ýyllarda Aşgabatdan ýazyjy şahyrlar duşuşyklar we başga çäreler geçirmäge ýygy-ýygydan gelerdi. Bir sapar Beki Seýtäkow Hojanepes bilen (Beki aga Daşoguza gelende hemişe ýanynda Hojanepesi alyp gelerdi. Bu biziň attutarymyz diýip degişerdi) gelenlerinde Nury olary öýüne myhmançylyga çagyrdy. Şonda Beki aga:
-Nury jan, bizi çagyrýanyň çynyň bolsa meniň gowy görýän naharymy bilýäň. Şony bişirt. Özünem, hamyryna iküç ýumurtga çaksyn, aýalyňa berk tabşyr-diýdi. Beki aga hemme nahardanam gaýşy gowy görýärdi. Bir okarany ýeke özi öňüne alyp, ýeňini çyzgap hezil edip iýerdi. Beki aga myhmançylyga meniň bilen Hangeldi Garabaýewi-de alyp bardy. Nahar bişende Nury el ýuwdurmak üçin kündük bilen legen alyp girdi. Ilki bilen Beki aganyň elini ýuwdurmak üçin kündük bilen legeni onuň öňüne eltende gözi legendäki ýumurtkalaryň gabygyna düşüp:
-Nury, munyň näme?!-diýip, sorady.
-Ýaňky aýdanyň ýaşuly. Gözüňe görkezmesem hamyra ýumurtga çakylanyna ynanmaz öýtdüm.
Beki aga Nurynyň jogabyndan soň:
-Aý, özi belent ýigitdir-le-diýip güldi.
Meniň ýadyma ýene bir ýumurtgaly waka düşýär:
Bir gün günortana golaý redaksiýada Nury, Şamyrat Tagan dagy sataşdyk. Şamyrat aga: “Hangeldi görnenok-la, nähoşlap ýörmikä-ýa” diýdi. Nury “Onuň ýaly bolsa öýi şujagaz ýerde, baryp göräýeli” diýdi. Barsak, Han aga jany sag, gaýyn enesiniň iki ýumurtgadan bişiren heýgenegini ýaňy öňüne alan eken. Kempir bizdenem “Heýgenek iýseňiz bişirip getireýinmi?” diýip ýekän-ýekän sorady. Men bilen Nury “ýok, sag bol” diýdik. Şamyrat agadan soranynda “Iýjek” diýdi. Kempir “näçe ýumurtgadan bişireýin” diýip soranda Şamyrat aga elleriniň on barmagyny görkezip “on!” diýdi. Kempiriň gözi tegelenip gitdi. Ol: “Weý, onça ýumurtga ýok” diýdi. Şonda Nury Şamyrat aga: “Şeýle heýgenek iýsesiň gelse, seni Daşoguz raýonynyň guşçulyk sowhozyna elteýin. Meniň ol ýerde tanyşlarym bar. Elli ýumurtgadan diýseñem heýgenek bişirdip bereýin” diýdi. Şamyrat aga:
-Ýokleý, Nury. Men umuman heýgenek iýemok. Ýöne Hangeldini bir gorkuzaýyn diýip aýdaýdym-da  -  diýdi.
-Hangeldi näme diýip görksyn? On ýumurtganyň heýgenegini iýse Şamyrat ýarylaýmasyn diýip gorksunmy?-diýip Nury gepi aýlady. Şamyrat aga-da gepe çeper adam dälmi, ol:
-Men ýarylsam Hangeldi begenýär-ä. Men on ýumurtgany iýip gitsem ol bäş gün aç galjagyndan gorkýa. Öňündäkini görüp otyrsyň-a, ol her gün ikije ýumurtga bilen mydar edýä - diýdi. Boldy bir gülüşme. Han aganyň türkmen dilini gowy bilýän aýaly Klara daýza-da, bize goşulup gülüp:
-Ýazyjylar bir ýere ýygnansa degişmedir gülüşme-de-diýdi.
Dogrudanam,Aşgabatda bolsun, Daşoguzda bolsun ýazyjylaryň ýygnanan ýerinde degişmedir gülüşmäniň yzy üzülmeýärdi.
Nurynyň Aşgabatda-da ýazyjylardan dostlary az däldi. Ildeşlerimizden Hojanepes Meläýew, Goşjan Seýtmädow, Ýazyjylar soýuzyna başlyk bolanlardan Täşli Gurbanow, Hudaýberdi Durdyýew dagylar Daşoguza gelseler Nurynyň öýünden duz datman gitmezdiler. Öýlerine kim barsa-da onuň ýanýoldaşy Ejeş daýza saçagy giňden ýazyp, kemini goýman hyzmat ederdi. Ejeş daýza Nurynyň diňe aýaly däldi, Ol onuň ýürekdeş dosty, döredijiliginiň janköýeridi hem.
Nury sada, kiçi göwünli, belent adamkärçilikli adamdy. Kişiniň adamkärçiligi oňa bir ýumuşyň düşende, bir haýyş bilen ýüz tutanyňda belli bolýar. Nury Daşoguzda sanlyja adamlarda maşyn bar wagty nobaty ýetip, “Jiguly” ulagyny aldy. Şol döwürde ulagly adama köp kişiniň işi düşýärdi. Nury ýanyna işi düşüp gelen tanyşlarynyň, dostlarynyň hiç haýsysynyň sözüni syndyrmazdy. Nurynyň bu maşyny bilen edil detektiw eserlerdäki ýaly wakada bolupdy. Gyşda maşyny ogly Şamuhammet dädesi geýnip çykýança dalandan çykaryp, derwezäniň öňünde gyzdyryp goýup gidýärdi. Bir gün Nury işe gitmekçi bolup çyksa derwezäniň öňünde maşyn ýokdy. Ol öýe gaýdyp girip ogluna jaň edýär: “Maşyny näme münüp gitdiň? Men piýada gitmelimi?” diýýär. Ogly haýran galyp, “Ýok, däde, maşyny men münüp gidemok”.diýeninden soñ maşynyň ogurlanany mälim bolýar. Polisiýa habar edýärler. Ertesi gün derwezäniň öňünde goýup gidilen haty açyp görseler “Nury Altyýew, maşynyň gerek bolsa 3-nji poliklinikanyň musor ýaşygyna 2500 manat goýup git. Bolmasa maşynyňy zapçast edip goýberýäs” diýip ýazylypdyr. Polisiýa bilen maslahatlaşyp aýdylan puly (pul polisiýanyňky bolmaly) Nury aýdylan zibil guta goýup gaýdýar. Ogrular polisiýanyň aňtaýandygyny bilip, puly almaga gelmeýär. Gaýtam guta ýene-de zibil taşlanany üçin aşakda galan puly zibili dörüp zordan tapýarlar. Iki günden soň maşynam tapylýar. Ony şäheriň günortasyndaky garažlar toplumynyň arasynda goýup giden ekenler. Maşynyň gözlenip ýörlen wagty “Nury maşyn tapyldymy?” diýip soranymyzda ol: “Aý tapylar-da, tapylmasa jan saglyk bolsun” diýip giňlige salardy.
Ýatlabersek Nury bilen bolan wakalar kän. Şonuň üçin olary goýup, onuň döredijiligi barada azam bolsa durup geçesim gelýär.
Ýokarda belleýşimiz ýaly Nury hekaýalar, oçerklerden başga “Aýjemal”, “Gömülen hazyna”, Ülker“ atly pwestleri, türkmen klassyk şahyry Andalyp hakynda iki kitapdan ybarat romanam ýazdy.
Ol “Gömülen hazyna” powestini ilki okamaga maňa berdi. Men eseriň adyna garap: “Munyň näme, detektiw esermi” diýip soradym. Ol: “Ýok, gömülen hazyna altyn-kümüşden ybarat baýlyk däl, ol biziň ruhy baýlygymyzyň iň seresi-“Görogly” eposy. Olam Pälwan bagşynyň gursagynda gömülen ekeni” diýdi. Hakykatdanam “Görogly” eposy ilki dolulygyna Pälwan bagşynyp dlinden ýazylyp alnan ekeni.
Nury taryhy mowzuglarda eser ýazmagy gowy görýärdi. Ol “Andalyp” romanyny ýazmak üçin köp material toplady, eseriň üstünde köp güýç sarp edip işledi. Şeýdibem birinji kitabyny neşir etdirdi. Ikinji kitabyny-da ýazyp gutaryp barypdy. Arman, ony neşir etdirmek oňa nesip etmedi. Aramyzdan ir gitdi. Emma onuň Nurana keşbi kalbymyzda saklanyp galdy.

Reýimbaý SABYROW.

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 90 | Добавил: Has | Теги: Reýimbaý Sabyrow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: