20:01
Närazylyk

NÄRAZYLYK

Ýaz!
Kelläň telegraf sütüni bolup
güňlesin,
ýazmakdan gurasyn goluň.
Agşam ýazan oňat setirlerňizden
Säherler oýanyp närazy boluň.

Siziň kalbyňyzy durşuna gaplan
Gazaply kazy deý närazylyklaň
Basyrmaň üstüni,
Diňläň olary.
Oňat pygly üçin raýyny ýykmaň.

Närazylyk— örän oňat duýgudyr.
Ýöne bu duýguny gazanmak kyndyr.
Ol— uly şahyryň böwründe hanjar,
Ejizleriň hanjarynyň gynydyr.

Ýaz!
Ýazmakdan ýaňa gurasyn goluň.
Gijäň köpi geçip, galypdyr azy,
Sen özüňden näçe närazy bolsaň,
Il senden şonça-da razydyr, razy.

Gurbannazar EZIZOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: