13:27
Nãmüçin?
Nämüçin?
Nämüçin?
Nämüçin beýle?
Sowallar daşymy gurşapdyr bu gün.
Düýnki arkaýynlyk nirä gitdikän?
Sähelçe zada-da ynjaýar gõwün.

Nämüçin her sõzden many gôzleýän,
Jogap tapmak üçin selpeýän her ýan.
Gõwnüme bolmasa,
Õzümem kem-kem
Sorag belgisine õwrülip barýan.

Nämüçin bu gijäñ asudalygny
Şagal ýa şagala meñzeş bir bikär.
Gygyryp bozup ýör,
Adamlar bolsa
Õýünden daş çykman otyr biperwaý?

Her ädimde hata gõýberýänleriñ,
Kämahal nämüçin geçip deñinden,
Õmründe bir gezek ýalñyşýanlaryñ,
Dişimizi gyjap çykýas õñünden.

Nämüçin iñ ýagty,
Nurana ýyldyz,
Süýndikan- asmanyn taşlap gaýtdykan?
Ýa-da ol ýerde-de gõrip-kezzaplar
Barmykan,
Oñuşyp gezmek kynmykan?

Baý, bu "nämüçinleñ" kôpelýänini,
Meñ pikirim-oýum, durkum "nämüçin"
Ýogsa-da aýdyñ siz, şu nämüçinleñ
Girdabyna düşip ýõrkäm nämüçin?

Ya indi õñkûmden agy-garany,
Birneme gowurak saýgarýarmykam?
Ýa-da gõz ýetirmek üçin bar zada
Howlugýarmykam men,
Howlugýarmykam?

Italmaz NURYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Medinilla | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: