06:27
Mukaddeslik
Tarypyň sözlärden ejiz men, ejiz
Dünýäniň diregi mähriban ene.
Duýmadym men mähir seňkiden eziz,
Kalbyňda egsilmez mähir bar ene.

Ene - Taňryň ýerdäki perişdesi,
Hem-de dowamat gämisi älemiň.
Ýardyr ol elmydam saňa her işde,
Gözden salmaz seň ätlejek ädimiň.

Ene - aýdym, ýürekleriň küýsegi,
Şu günüň şüküri, yhlasy ertäň.
Hüwdülerin däli köňül küýsedi,
Çünki bedenimiz hüwdüden berkän.

"Enä tagzym - mukaddeslige tagzym"
Tagzym olaň her ädim, her ýoluna.
Çünki, öz janyny gaýgyrman ene,
Ömür peşgeş edýär adam ogluna.
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Edebiýatşynas | Теги: Merdan BABAÝEW | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 8
0
1  
Haýyş etýän, degişli bellikleriňizi, pikirleriňizi ýazyň! smile
Tankyt etdirip soňam, gaty görýänlerden däl smile

0
2  
Tankyt bilen "tankydyñ" parhyny bilyänsiñ onda inim. Köplerde ýok gowy häsiyetiñ bar.

0
3  
Käyerde käbir toparjyklar bar ozlerini yeren tankytçydyr öydýän (sadagasy bolaýyn). Gynansak-da "pah-pah" edip hop-hoplaýanlaryna olarda ýok epitetleri berjek bolýalar, a tersine ýañy döredijilik dûnýäsine gadam basan ýaşlaryñ sähel kemçiligini ýüzüne urup, ony gaydyp eline galam almaz ýaly edyarler. Hazirki yaşlar gowşak yazya, o dogry. Kemçilignem gorkezmeli, yone edil aganyñ inisine penakarlik edişi, arka duryşy yaly edip, doganlarça düzetdirjek bolmaly, kasty bar yaly dal-de. Kemçiligini gorkezende onuñ yazgysyndan däneleri tapjak we gorkezjek bolmaly. Şol däneler hem gelejekde ykbalyny doredijilige baglamak isleyanlere uly badalga we ylhamyna tekge bolýar. Zehinler şeydip yuze çykarylyar.

0
4  
*yeren - yeten

0
5  
@edebiýatşynas "ene-Taňryň ýerdäki perişdesi" diýen setiriňi haýsy delile daýanyp ýazdyň. Haýsy kitaplarda "Taňry enäni perişde edip ýaradypdyr diýilýä. Şoň çeşmesini görkezsene inim.

0
6  
Eger men Ene yerdäki hudaydyr diysemem çeşme sorajakmy, hajy aga? wacko

0
7  
Çeper eser delile daýanylyp ýazylmaýar, ol ruhy joşgunyñ, ylhamyñ miwesi.
Çeper edebiýatymyz dini hususlarda örän seresaply we dini meselelerde her göz yetirmeyan zadyna goşuljak bolup duranok, siz hem dini konsepsiýalara şol nukdaynazardan çemeleşseñiz gowy bolmazmy?

0
8  
Yaşlarmyza yerliksiz yrsaramasak gowy bolar, ya name edebiyata hyzmat etjek şular yaly yaşlarymyzyñ çeper edebiyatdan sowaşyp, siziñ aydan telefonyñyzdaky ahlaksyz roliklerde yer almagyny isleyarsiñizmi?

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: