16:09
Müdimilik galjak eser: Omar Haýýamyñ rubagylary

Müdimilik galjak eser:  OMAR HAÝÝAMYÑ RUBAGYLARY

"1909-njy ýylda Londonda iki sany kitap taýýarlaýja dünýäniñ iñ gowy kitabyny taýýarlamak tabşyryldy: Elbetde ol Omar Haýýamyñ rubagylar ýygyndysyndan başga kitap däldi. Ýogsa-da birmahal Atlantik ummanynyñ düýbüni boýlap gaýdan bu kitabyñ biziñ häzirki döwrümize ýetirýän täsiri nähilikä? 
1912-nji ýylyñ 14-nji aprel güni "Titanik" gämisi ummanyñ düýbüne batanda, onuñ iñ gymmatly pidasy kitapdy..."

Bu jümleler asly liwanly arap bolan fransuz ýazyjysy Amin Malufyñ 1988-nji ýylda neşir edilen "Samarkant" romanyndan alyndy.
Ýokarda ady agzalan kitap Gündogaryñ XI asyrda ýaşap geçen beýik akyldary Omar Haýýamyñ "Rubagylarydy". Bu ýygyndynyñ köpsanly nusgasy baram bolsa, bu kitap ýeke-täk kitap bolup durýardy. Malufyñ romanynda aýdylýanlaram şonuñ hekaýatydy.
1900-njy ýyllaryñ başynda Londonda ýaşaýan kitapçylar Jorj Satkliff we Frensis Sangorskiý dagy köneden dowam edýän kitap sahaplama senetkärligini gaýtadan janlandyrmaga çalyşýarlar. Olar kitabyñ daşky sahabynda ulanýan owadan bezegleri bilen hasam öñe saýlanýardy. Anri Sotheran atly kitapçy olardan deñi-taýy bolmadyk kitap satyn alypdy. Kitaba ujypsyzja pul tölenipdi. Dünýäniñ iñ gowy kitabyny orta çykarmagy üçin kitapçylara açyk çek ýazylyp berildi.
Ikinji jahan urşundan öñki ýyllarda restoranlara, diş pastalaryna, hatda kart kagyzlaryna Haýýamyñ ady dakylýardy.
Iki ýyla çeken azaply zähmetiñ soñundan 1911-nji ýylda bejerip tamamlanan kitapda Elihu Wedderiñ suratlary bilen bile Omar Haýýamyñ rubagylaryna iñlis dilinde berilen teswirler ýerleşdirilipdir. "Beýik Omar" ady berilen kitap nepisligi sebäpli "Ajaýyp kitap" ady bilenem giñden tanalypdyr. Daşky öñ sahabynda nepis bezelen üç sany tawus guşunyñ keşbi, arka sahabynda bolsa grek saz guralynyñ suraty çekilen kitapda müñden gowrak ýakutdyr zümerret ýaly gymmatbahaly daşlar, bäş müñ parça deri, kümüş, şirmaýy, garaagaç bilen 600 sahypalyk 22 karat altyn ulanylypdyr.

■ "Beýik Omar"

Sotheran kitap dükanynyñ kitapçysy bu kitaby Nýu-Ýorka ugratmakçydy. Emma ol amerikan gümrüginiñ ep-esli derejede talap eden gümrük pajyny tölemekden ýüz dönderendigi üçin kitap yzyna - Angliýa gaýdyp geldi.
Mundan soñ Gabriel Wells kitaby 450 sterlinge satyn alýar (kitabyñ satuwa çykaranda iñ pes baha 1000 sterling kesilipdi).
Wellsem kitaby Amerika ugratmakçy eken. Gynansak-da, munuñ üçin haýyş edilen gäminiñ kapitany kitaby äkitmekden boýun towlapdyr. Şonuñ üçin 1912-nji ýylda Angliýadan Amerika ilkinji syýahatyna şaýlanýan "Titanige" ýüz tutulýar.  Kitap gäminiñ kapitanyna tabşyrylýar. Ýöne gämi ýolda aýsberg bilen çaknyşyp heläkçilige uçraýar, kitabam gämi bilen bile ummanyñ düýbüne çümüp gidýär. Emma kitabyñ hekaýaty "Titanigiñ" heläkçilige uçramasy bilen tamamlanaýmandyr. Birnäçe hepde geçensoñ kitaby täzeden taýýarlan iki adamyñ biri Sangorskiý täsin ýagdaýda gark bolup ölüpdir.
Satkliffiñ inisi Stenli Breý bolsa kitabyñ we "Beýik Omaryñ" hatyrasyny dikeltmäge tutanýerlilik bilen ýapyşýar. Ol Sangorskiniñ orginal çyzuwlaryny ulanyp alty ýyla çeken hunabaly zähmetden soñ kitabyñ täze nusgasyny taýýarlamagyñ hötdesinden gelýär. Kitap ýörite gorag astyna alyp saklamak maksady bilen bankda goýulýar. Ýöne Ikinji jahan urşy ýyllarynda nemes faşistleriniñ Londony bombalamagy bilen kitabam kül-owram bolýar.
Breý täzeden ýeñini çermäp kitabyñ täze nusgasyny taýýarlamaga başlaýar. Ol ara salym berlip kyrk ýylyñ içinde taýýarlanan adatdan daşary kitabyñ näze nusgasyny Britan kitaphanasyna peşgeş beripdir. Ýogalandan soñ Breýiñ wesýeti bilen kitaphana bagyşlanan kitaby kitaphana baran islendik syýahatçynyñ görmegi üçin elýeterlidir. Breý ölmeziniñ öñ ýany: "Batyl ynançlara ynanamok, emma tawus guşunyñ bela-beteriñ nyşanydygy aýdylýar" diýipdir.
Yazyjy Gilbert Kit Çestertonyñ aýtmagyna görä, "Haýýamyñ rubagylary "şu günüñi hoş geçir!" diýen pikiri öñe sürýär".

■ Omar Haýýam kim bolupdyr?

Ýogsa-da Omar Haýýamyñ "Rubagylary" nämäni añladýardy? 
Sotheran kitap dükanynyñ kitapçysyny we birgiden adamy jadylap taşlan bu täsin adam kimkä?
Omar Haýýam XI asyrda Eýranyñ gündogar sebitinde yaşap geçen astronom we matematikdir. Şol bir wagtyñ özünde, ol edil Ibn Sina ýaly, beýleki eýranly akyldarlar ýaly şahyrçylykdanam oñat başy çykýardy. Onuñ rubagylary birnäçe asyrlap klassyky pars edebiýatynda aýratyn ýer tutdy.
Bilesigelijilik aýratynlygy has ösen bolansoñ Haýýam görer göze adaty görünýän ynanjy, o dünýä we ýaşaýşyñ manysy ýaly birnäçe hususda köp oýlanypdyr. Diniñ agzyñy suwardyjy wadalaryna o diýen ynanyp barmaýşy ýaly, jennetdir dowzahy, hatda Hudaýyñ mantygyna-da tankydy nukdaýnazar bilen seredýärdi. Haýýamyñ ynanýan ýeke-täk bir zady bardy: olam şu dünýäniñ ýaşaýşy.
Megerem ol ýaşan döwrüniñ galagoply wakalary sebäpli (şol wagtlar türkmenleriñ garamagynda bolan Eýran soñra araplaryñ basybalyjylykly ýörişlerine uçrap, yzýany bilenem mongollar tarapyndan üstünde ýumurtga togalaýmaly boljak döwrüne garaşýardy) Haýýam ýaşaýşyñ panylygyna, ölümiñ gutulgysyzlygyna we şu günüñ gadryny bilmegiñ ähmiýetine gowy düşünipdi... Din ýa-da o dünýä baradaky aýdylýan gürrüñler onuñ gulagyna gury takal bolup eşdilýärdi.

Jennet, jähenneme giren ýok, köñül,
Gidip, o dünýäni gören ýok, köñül,
Umyt hem, gorky hem, meger, şondandyr,
Olardan bir nyşan beren ýok, köñül!*

Hayyam dünýäniñ panylygyna haýpy gelmek bilen bir hatarda çelek doly meý we söwer ýar bilen wagtyñy hoş geçirmegi ündeýärdi. 
Günbatarly ýazyjy-şahyrlaryñ döredijiliginde eýranly şahyrlar hemişe diýen ýaly üns merkezinde bolupdyr. Mysal üçin, nemes şahyry Gýotäniñ Hapyza, fransuz ýazyjysy Wolteriñ Sagdy Şiraza haýran galmak bilen baş egişi ýaly, iñlis şahyry Edward Fisdjerald hem Haýýama uçursyz haýran galýardy. Ol Haýýam bilen gyzyklanyp başlamazdan öñem birnäçe eýranly şahyryñ goşgularyny iñlis diline terjime edipdi. Emma onuñ terjimeçilik işinde eden iş gowy işi "Rubagylar" boldy. Bu terjimeler asyl nusgasyna gaty bir ýakyn bolmasa-da, terjimeçi rubagylaryñ ruhuny iñlis dilinde ýañlandyrmagy başarypdy. Şonuñ üçin Fisdjeraldyñ adyna "FisdOmar" diýip başladylar.
Ilkibaşda bu eser o diýen üns çekmese-de, soñabaka meşhurlygyñ çür depesine çykdy. Londonda häzirem işlemegini dowam edýän Omar Haýýam adyndaky edebiýat kružogy XIX asyryñ iñ öñdebaryjy adamlarynyñ üýşýän ýeridi.
"Rubagylar" William Morris ýaly suratkeşleriñem nijeme suratyna tema bolup hyzmat etdi.

◆ "Rubagylaryñ" birnäçe wersiýasy ýaýrapdyr: olaryñ biri Edmund Dýulakyñ illýustrasiýalaryny öz içine alýardy. 

◆ Edmund Josef Sulliwanyñ "Rubagylar" üçin çeken illýustrasiýalaryndan birini Grateful Dead 1971-nji ýylda aýdym albomynyñ sahabynda ulandy.

◆ Jon Ruskin "Rubagylara" baha berende “Häzire çenli okan eserlerimiñ iñ ajaýyby" diýipdi.

■ Haýýamyñ geniallygy

Başga-da birnäçe suratkeş "Rubagylardan" täsirlenen illýustrasiýalar döretdi. Agata Kristiniñ 1942-nji ýylda ýazan "Jenaýat resepti" ("The Moving Finger") atly romanynda Haýýama bagyşlanan jümleleriñ bolşy ýaly, 1957-nji ýylda Golliwudyñ önümçiliginde döredilen kinofilmde Haýýamyñ ömri janlandyrylýar.  1960-njy ýylda amerikan aktýory Alfred Dreýk "Rubagylary" labyzly okaýar. 1967-nji ýylda Martin Lýuter King urşa garşy eden bir çykyşynda Haýýamyñ bentlerinden mysal getirýär. 1950-nji ýyllarda "Rubagylar" şan-şöhratyñ iñ soñky menziline baryp ýetýär, şol ýyllar şahyryñ rubagylary iñ köp ýüzlenilen, iñ köp epigraf alynan eserleriñ başyny çekipdi. Haýýamyñ poeziýasy wagtyñ synagyndan bireýýäm geçdi. Eýranda Hapyz ýaly onuñam kitaplaryny her öýden tapmak mümkin. Fisdjeraldyñ Haýýamdan eden terjimesi bolsa iñlis klassyky edebiýatynyñ taryhyna hemişelik girdi. Häzir dünýäniñ islendik dilinde Haýýamyñ rubagylaryny okap bolýar.
Bir zada haýran galmazlyk mümkin däl. XI astrda ýaşap geçen bir akyldar baryp imperatrisa Wiktoriýa döwrüniñ Angliýasynda, hem XX asyryñ ortalarynda, hem biziñ häzirki döwrümizde nädip şeýle uly many-mazmuna eýe bolup bilýärkä?
Megerem bu, "Rubagylaryñ wagtyñ goýan böwedini aşan aýratynlygyndan we medeniýet, din, mezhep çygyrlaryndan belende göterlen umumyadamzat hakykatlary dillenýänliginden gözbaş alyp gaýtsa gaýdýandyr.
Belki-de, Haýýamyñ bentleri düşnüksizlikler bilen doly ugur-utgasyz dünýämizde öz ýazylan galagoply döwründäkisinden has uly mana eýe bolýandyr?..
Eger Omar Haýýam häzir diri bolsa, biziñ ýaşap ýören şu telbe dünýämiz üçin şu aşakdaky bentden başga näme diýerdi öýdýärsiñiz?

Bu pelek - köp ynsan ekip-biçmişdir,
Dert çekmek, gam iýmek peýdasyz işdir.
Eý, saky, durma, tiz maña bada ber,
Meý içeý, geçenler gelip gitmişdir.

Joobin BEKHRAD | BBC Culture

____________________________________
* Rubagylar Atamyrat Atabaýewiñ terjimelerinden peýdalanyldy. 
(Seret: Omar Haýýam "Rubagylar", Taýýarlan: Rahmet Gylyjow, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat-2013).

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 104 | Добавил: Has | Теги: Ýubin Behrad | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 7
0
1  
Içkini gowy görýän adamlaryň köpüsi kitap gatyyny açyp görmedigem bolsa Omar Haýýamyñ "meý" baradaky rubagylaryny hezil edip diňleýäler. Käte bada-da goşýalar.

0
2  
Dogrusy men hem gowy görýän eserim Atamyrat agaň terjimesi ýerine düşüpdir

0
3  
Adamzatdyr ähli mahlug başy

Zyýadadyr onuň akyly-huşy, Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, - Ynsandyr – bezegi, zynaty, gaşy.

0
4  
Menden Muhammede ýetiriň salam,

Hormat bilen soňra aýdyň bir kelam:

- Turşy çaly halal edip şerigat,

Neçüýn gyzyl meýi edipdir haram?

Meniň tarapymdan Haýýama salam, Soňra aýdyň: «Ham ekeniň eý, Haýýam,

Men haçan aýytdym meý haram diýip? Akylla halaldyr, akmaga haram».

1
5  
Омар Хайям — Я думаю, что лучше 
Я думаю, что лучше одиноким быть,
Чем жар души «кому-нибудь» дарить.
Бесценный дар отдав кому попало,
Родного встретив, не сумеешь полюбить.

0
6  
Омар Хайям — В окруженье друзей, на веселом пиру

Буду пить эту влагу, пока не умру!
Буду пить из прекрасных гончарных изделий,
До того как сырьем послужить гончару.

1
7  
Омар Хайям — Пить аллах не вели

Пить аллах не вели! не умеющим пить,
С кем попало, без памяти смеющим пить,
Но не мудрым мужам, соблюдающим меру,
Безусловное право имеющим пить!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: