13:17
Möjekleriñ geñ-tañsy aýratynlyklary

MÖJEKLERIÑ GEÑ-TAÑSY AÝRATYNLYKLARY

Gadymy türkmenler näme üçin başga jandary däl-de, "Gök tüýli sähra börüsini" simwol edinipdir. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "geçmiş ruhunyñ janlylygyny, diriligini bu ýerde aýratyn aýratyn bir usul - reñkler, öwüşginler arkaly añladýan "Gök böri" atly ajaýyp şygrynda" bu sowala şeýleräk jogap bar:

Ýyldyrymlap Gökden indi Gök Böri
Ol çabyrap göm-gök ýalyn ýalydy.
Garañky,
gaflatly,
gadym dünýäde
Görkezýär ol Oguz hanyñ ýoluny.

Gök Böri ~
halaty arşy-aglanyñ,
Gök Böri ~
Tañrynyñ alamatydy.
Zemine getirdi Hakyñ hikmeti
Arşdan ynsan söýen adalatyny!

Merhum ýazyjymyz Osman Ödäniñ hem belleýşi ýaly, "...oguzlarda, esasan möjek oñon hasaplanypdyr. Oguz hanyñ dini düşünjesinde mojek merhum eždatlaryñ ruhuny däl-de, Gök Tañrynyñ wekilini alamatlandyrypdyr.
Gök böri Oguz hanyñ öñüne düşüp, basyp almaly ýurtlary görkezýär. Ol Oguz hanyñ ýol görkezijisi. Ol onuñ ähli ýeñişleriniñ ýardamçysy hem alamaty.
...Gök -Böri - Asman Börüsi diýmekdir. Ol Göktañrynyñ wekili hökmünde çykyş edýar".

"Oguznamada" Gök Böriniñ peýda bolşy şeýle suratlandyrylýar:

"Çadyr dikip, üýşmek bolup ýatdylar. Dañ atanda, Oguz hanyñ çadyryna Gün dek bir şöhle düşdi. Ol şöhläniñ içinden gök tüýli, gök ýally uly bir erkek böri çykdy. Bu böri Oguz hana şeýle diýdi: "Heý, Oguz, sen ýaýla esger çykarsañ, men seniñ öñüñde ýol başlap giderin". "Birnäçe günden soñ Gök tüýli, gök ýally uly erkek böri durdy. Oguz leşgerleri hem ýollaryny togtatdylar".

Görşüñiz ýaly, Gök Böriniñ togtan ýerinde çadyrlar dikilip, söweş tebli kakylýar. Gök Böri Oguz hana dünýäni almaga kömek edýär.
Gök böriniñ ýolgörkeziji sypaty "Gorkut atada" hem dowam edýär. Mysal üçin, Salyr Gazan öýi ýagmalananda:

"Garangu ahşam olansa güni togan!
Gar ile ýagmyr ýaganda är kibi duran...
Gara goç atlary kişñeşdiren
Gyzyl düwe gördüginde bozlaşdyran,
Akja goýun gördüginde,
guýruk çyrpyp gamçylaýyn,
Arkasyny urub, berk agylyñ ardyn söken,
Garmabu, goç semizin alyp tutan,
Ganly guýruk alyp, çab-çab ýuwdan,
Awazy gara köpeklere gowga salan,
Çakmaklyja çobanlary düñle ýügürden,
Ordamyñ habaryn bilermisen,
diýgil maña?!
Garabaşym gurban olsun, gurdum saña!

- diýip, möjege ýüzlenýän bentleriniñ iñ soñky iki setirinde bu sypat açyk ýüze çykýar. Aslynda, "Gurt ýüzi mübärek" diýip, halk arasynda nakyla öwrülip giden aýtgy hem Salyr Gazanyñ aýdan sözüdir. "Gurt çagasyndan ekdi bolmaz" diýen aýtgy bolsa, orta asyrlarda türkmeniñ erkini syndyryp, ony bakna, ekdi edip bolmajagyna göz ýetiren kese ýerli basybalyjylaryñ agzyndan ýaýran sözdür.
Belli şahyr Nobatguly Rejebow: "Görogly enesiniñ garnyny ýaryp, görden çykanda ony ilki emdirenem möjekdir. Aydyjy bagşylarymyz ony "geçä" öwrüp juda uly we gödek ýalñyşlyk goýberipdirler" diýip aýdýar.
(Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/onunjy_sohbet_hossar_halypa_poeziya/2018-12-28-4210).

Baýramgeldi Çaryýewiñ "Gök böri" makalasynda aýdylyşyna görä, "Yrakda türkmenler öz guran metjitlerini "Gökböri" diýip atlandyrypdyrlar".
(Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/gok_bori/2019-01-30-4894).

Gadymy türkmenleriñ "Ergenekon" dessanynda hem möjegiñ ýolgörkeziji sypaty orta çykýar. "Görogly" eposynda bolsa Göroglynyñ "gurt oýny" taktikasy möjekden ata-babalarymyzyñ alan başga bir aýratynlygy hökmünde suratlandyrylýar. Ýadyñyzda bolsa, bu tilsimli oýny baryp ahamenider döwründe basybalyjy hökümdar Dariniñ müñlerçe goşunyny ýeke özi Garagumuñ jümmüşine äkidip, suwsuz gyrmagyñ hötdesinden gelen Şirak hem oýnaýar.
Ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiñ "Türkmeniñ ahwaly" makalasynda habar bermegine görä, "hytaý awtorlary "türk hany" we "möjek" sözlerini sinonim sözler hasaplapdyr".
Taryhda Gökböri adam ady bolubam hyzmat edipdir. Muña mysal edip, Mosuldaky türkmen atabegliginiñ hökümdary Muzaffereddin Gökbörini we Eýýuby türkmenleriniñ şöhratly soltany Selaheddin Eýýubynyñ dogany Gökbörini görkezmek bolar. Şeýle-de ýiteñkirlän türkmen halk oýunlarynyñ arasynda "gökböri" diýen ýetginjekler oýny hem bar. Möjegiñ biologiki aýratynlyklaryna geçmezden öñ Gök böri oñonynyñ çeper edebiýatda şekillenişine gysgaça ser salalyñ.
Gökböri ynanjynyñ ýolgörkeziji sypaty meşhur türk ýazyjysy Hüseýin Nihal Atsyzyñ "Bozgurtlar" epopeýasynda ussatlyk bilen teswirlenýär. Şeýle-de Gök böri oñony bilen baglanyşykly ýazyjy Serdar Ataýewiñ "Bozgurt kowmunyñ dessany" romanynyñ bardygyny-da ýatlaman geçmek bolmaz.
(Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/bozgurt_kowumynyn_destany/2018-11-27-3616).

Öz gezeginde ata-babalarymyz möjegiñ sypatlaryny öz häsiýetlerine siñdiripdirler. Muny käbir eserleriñ adyndan hem görmek bolýar. Türk ýazyjysy Halide Edip Adiwaryñ "Daga çykan möjek" ("Dağa çıkan kurt"), Nihal Atsyzyñ "Däli möjek" ("Deli Kurt"), Çingiz Aýtmatowyñ "Urkaçy möjegiñ düýşleri", Kömek Kulyýewiñ "Gökböri", Osman Ödäniñ "Möjek kanuny", Hemra Şirowyñ "Möjegiñ ogly", "Möjekli ahwal", Şahymerdan Saryoglynyñ "Gurt çagasy ekdi bolmaz" ýaly ululy-kiçili eserleri, şahyr Begmyrat Ussaýewiñ "Möjegiñ ölümi", Nobatguly Rejebowyñ "Gurt" goşgulary muña mysaldyr.
Umuman, möjegiñ ata-babalarymyzyñ durmuşynda tutan orny, möjegiñ çeper edebiýatdaky obrazy barada kän-kän gyzykly maglumatlary agzap geçse boljak. Emma makalamyzyñ maksady bu däl-de, möjegiñ biologiki aýratynlyklaryna ünsi çekmek bolansoñ, ýokarda agzanlarymyz bilen çäklenäýeliñ.
Geliñ, indi bolsa möjegiñ aýratynlyklaryna şu aşakdaky görnüşde görkezip geçeliñ:

● Möjekler atasyna garaşlydyr. Möjek sürüsinden azaşan bir erkek möjek duş gelen gelegurt sürüsine goşular we dessine süriniñ ýolbaşçylygyny ele alar.

● Möjek erkinligiñ aşygydyr. Dünýä boýunça ýeke-täk eldekileşdirmek mümkin bolmadyk jandar Orta Aziýanyñ möjekleridir. Bu haýwan ele salynaýan ýagdaýynda hem öz-özüne kast edýär. Möjek bendiligi kabul etmeýän jandar. Möjegiñ boýnuna tasma dakyp, ony kapasa gabap bilmersiñiz.

● Bir möjek diñe iýjegini awlaýar we çagaly haýwana hüjüm etmeýär, awlamaýar. Möjek läş etini iýmeýär. Öz awuny özi awlaýar. Başga haýwanlaryñ awlan awuny-da iýmeýär.

● Möjekler ýoldaşyna gaty gabanjañ. Urkaçy möjek hiç haçan gelegurt bilen ýanaşmaýar. Möjek ýeke-täk ýoldaş saýlap alýar. Ýoldaşy ölmänkä başga ýoldaş gözlemeýär.

● Möjek sürüsi sagdan, çepden we merkezden gelen esasy güýç bilen duşmana hüjüm edýär. Möjek juda gaýduwsyz bolýar we iñ soñky demine çenli göreşmäge ukyply jandar.

● Möjekleriñ ýeke-täk ýolbaşçysy bolýar we süri onuñ görkezmesinden çykmaýar. Möjekler öñbaşçylaryna wepalydyr, olar boş wagtlarynda hem daş-töwerekleriniñ howpsuzlygyny üpjün etmegi ýatdan çykarmaýar. Möjekler aw, köpçülikleýin ýaşaýyş şertlerine eýermek we ş.m taraplary babatda bitewi bir dissiplinanyñ içindedir.

● Möjekler guramaçylykly ýagdaýda ýaşaýar. Möjek toparlaýyn türgenleşikden hem galmaýar we erkinligine iñ soñky derejede baglydyr.

● Garda ýöräp barýan kyrka golaý möjekden ybarat sürä syn etseñiz, diñe bäş ýa alty sany möjegiñ aýak yzyny görersiñiz. Çünki topardaky möjekler süriniñ başyny çekip barýan möjegiñ aýak yzyna basyp ýöreýärler. Olar şolar ýaly derejede ünslüdirler. Möjekler hiç haçan guramaçylyksyz we baş-başdak hereket etmeýär, awlanmaýar.

● Bir möjegiñ ene-atasy birden öläýen ýagdaýynda, ol möjek ýetim galýar. Emma süriniñ ierarhiýasy ýeke galan möjek çagasynyñ hossarsyz galmagyna ýol bermeýär. Süriniñ beýleki agzalary ýetim möjek çagasyny öz çagalary ýaly ulaldýarlar.

● Türkmenleriñ oñony "Gök tüýli sähra möjegidir", ýagny "GÖK BÖRI".
Möjegiñ bu görnüşi diñe Orta Aziýada ýaşaýar. Megerem, türkmenler gökböriniñ bu özboluşly aýratynlyklary üçin ony özüne oñon edinip alan bolmaly.

● Möjekleriñ beýnisi, iň ýakyn garyndaşlary bolan itlere garaňda 30% ulydyr. Bu diýmek itlerden 30% köp maglumat ýatlarynda saklap bilýär.

● Möjekler söýüp saýlap alan ýarlaryna iň wepaly jandardyr. Möjekleriñ 88%-ni saýlan ýarlary bilen iň soñky demlerine çenli bile bolýar.

● Möjekleriñ ýüňi iki gat bolýar, olaryñ biri ýylylyk, beýlekisi reñk we görk üçin.

● Şugüne çenli tutulan iň uly möjek, Ukrainadadyr. Onuñ agramy 96 kg.

● Bir möjegiň ortaça iň ýokary tizligi 65 km/s. Iň uzaklyga böküjiligi 5 metr.

● Bir möjek sürisinde iň köp 40 sany möjek bolýandyr.

● Warşawa uniwersitetinde geçirilen barlagda, 15 sany it güjügi bilen 14 sany möjek güjüginiñ arasynda akyllylyk barlagy geçirildi. Bu barlagda it çagasynyñ diñe 4-si gowy netije aldy, emma möjekleriň ähli 15-si hem ýokary netije görkezdi.

● Diňe möjek özünden güýçli haýwan bilen urşyp bilýär we ölende garşydaşynyñ gözüne seredip ölýär.

Taýýarlan: Gökböri.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 53 | Добавил: Gökböri | Теги: Gökböri Gurdogly | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Bilemokdym, möjekleriň dogrudanam, geň galmaly durmuşy ýaşaýyşlary bar eken.

0
2  
Gowy ýazylypdyr. Möjegiň gahary güýçli,söýgüsi deňi-taýsyz,wepasy tükeniksiz.
Gökböri,adyňa eýe bol.

Aç şagallaryň arasynda gotur geçi bolup galmajak bolsaň,möjek bol.(Ýaşlaryň arasyndaky ýörgünli sözlerden)

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: