10:31
Merw - Gündogaryñ jenneti
Merw – Gündogaryň jenneti (taryhy ýazgylardan)

Merw diýlende «Merwi Şahyjana» düşü­nilýär. Manysy «Patyşanyň ruhy» diýmek­dir. Bu ýerde esasy Merw göz öňünde tutulýar. Ol Horasan şäherleriniň iň meşhurydyr. Ol ýerde Abdylla ibn Mübäregiň ussatla­ryndan Sufýan ibn Seýit Söwri, dosty Yshak ibn Rahuýe, mezhep ymamlaryndan Ahmet ibn Hanbal ýaly alymlar, meşhur adamlar kemala gelipdir.
Abdylla ibn Mübärek taryhy örän ga­dymyýete daýanýan bu şäheriň kim tarapyndan düýbüniň tutulandygynyň näbellidigini belläp geçipdir.
Ine, şu hekaýa şäheriň gadymylygy barada örän gowy mysaldyr: «Merwiň galasy uly göwrümlidir. Tahmuras atly bir hö­kümdar bu galany bina etdiren wagty müň adamy işledipdir, olaryň mätäç bolan zatlaryny almaklary üçin galanyň ýanyndan bazar gurdurypdyr. Işçiler gazanan pulla­ryny ýene-de bu bazarda harçlamaklary sebäpli gala gurlup tamamlanandan soň, onuň binýady üçin diňe müň dirhemiň sarp bo­landygy ýüze çykypdyr». Bu gadymy gala­nyň soňky ýagdaýyny düşündirýän başga-da hekaýat bar.
«Şägirdi Abu Yshak Talykany Razyk derýa­synyň boýunda ýerleşýän Arap metji­dinde Abdylla ibn Mübäregiň ýanynda bolan wagty içki gala çöküpdir we onuň käbir sütünleri ýykylypdyr. Arasyndan kelle­çanaklar çykapdyr. Kelleçanagyň döwlüp dargan dişlerinden iki sanysynyň agramy çekilipdir, olaryň her biriniň iki okga (1283 gr.) agramyndadygy mälim bolupdyr. Abdylla ibn Mübärek olary eli bilen hereket etdi­rip: «Bu dişler şeýle ululykda bolsa beý­leki agzalary nähilikä?» diýip, geň galyp sorapdyr.
Abdylla ibn Mübäregiň hem ýaşlygyny geçiren ýeri, hem-de hijriniň 141-nji ýy­lynda ylym öwrenmek üçin dürli şäherlere syýahata çykan ýeri bolan Merw şäheriniň geografik ýerleşişini we onuň taryhy ýagda­ýyny gysgaça gözden geçireliň.
Merw Orsýetiň Hazaryň gündogaryndaky ülkesinde ýerleşýän Aziýa çöllügindäki şä­herdir. Bu şäher Garagum çölüniň 370-300 demirgazygynda we 620 gündogarynda, Hyrat­dan 230 mil demirgazykda we Hywadan 280 mil günortada ýerleşýär. Tutýan meýdany 1900 inedördül mildir. Hazar deňzinden Pamir daglaryna çenli uzalyp gidýän Köpetdag we Hindiguş atly belent daglar, takmynan Merwiň 180 mil günortasynda bölünýär. Bu ýerdäki boş aralykdan ýa-da ýakynlaryndan demirgazyga tarap ugurdaş görnüşde Gerirud (Tejen) we Murgap derýalary akýar. Olaryň soňy Garagum çölünde ýitip gidýär. Şeýlelikde, Merwiň araçäk galasy emele gelýär. Bu derýalar Owganystanyň demir­gazyk-günbataryndan girelge, şeýle hem demirgazyk-gündogar Eýran bilen Buharanyň we Samarkandyň aralygynda gatnawly ýoly emele getirýär.
Bu çöllük Murgap derýasyndan çekilýän ýaplar arkaly suwarylýar.
Merwiň bu topragy bütin Gündogarda ajaýyp önümleri bilen meşhurdyr. Ol ýerde her dürli ir-iýmiş we miweler ýetişýär. Bugdaý, jöwen, arpa, gawun, şaly, pagta we ýüpek gurçugy ýetişdirilýär.
Bu şäher hakynda Ibn Hawkal şeýle habar berýär: «Şäher arassa we örän ter­tiplidir. Binalaryň ýerleşişi ýaplara we merkezlerden çykýan ýollara görä tertiple­nipdir. Iki ýoluň birleşýän ýeri bolan çat­ryklar beýleki şäherleriňkiden tapawut­lydyr».

Adyl Teýmiriň «Bagtyýar asyryň köprüsi» atly kitabyndan.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 21 | Добавил: Raýdaş | Теги: Adyl Teýmir | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: