11:07
Mertlik we namartlyk

MERTLIK WE  NAMARTLYK / edebi filosofik söhbet

Klassyky türkmen aňynda tas müň ýylyň dowamynda iň köp işlenilen ahlaky düşünjeler şulardyr. Şeýle bölünişik uly hem düýpli bölünişikdir, çünki ol «haýyr – şer» diýen iň uly ahlaky kesgitlemäniň hulk meselesindäki alan röwüşidir. Iş ýüzünde köne türkmen aňy «mert» sözi bilen ähli ýagşy gylyk-häsiýetleri, «namart» sözi bilen bolsa öz çägindäki ähli ýaman häsiýetleri jemläp bilipdir. Şonuň üçinem bu ýerde gep ahlaky sypatlaryň giden bir ulgamy hakynda barýar.
Mertlik güýçlülik, rüstemlilik bilen baglanyşykly düşünjedir. Mert adamda ruhy hem beden güýçleriniň bary jemlenendir. Mert adam – şujagaz kiçijik jümle türkmen diliniň milli many hususyýetinde juda çuňňur, giň hem kesgitli manysy bilen tapawutlanýar. Munuň özi tüýs türkmençe many birligidir. Düşünjeleriň milliligi olarda milli ruhy mertliligiň, tagamyň ýa-da ýigrenjiň jemlenendigi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçinem özge dillerde beýle düşünjeleriň söz taýy tapylsa-da, many hem tagam taýyny tapmak mümkin däldir. Milli ruhy düşünjelerde milletiň özgeleriňkä meňzemeýän ruhy energiýasy, tebigaty boýunça olara barabarlaşdyryp bolmaýan ruhy energiýasy saklanýar. Ol düşünjeler türkmen aňynyň hem köňlüniň ruhy gaýmagydyr. Şonuň üçinem olary özge bir dilde bütin tebigylygynda, bitewüliginde hem goýazylygynda bermek mümkin däl-de, olaryň bary-ýogy çala suduryny, salgymyny başga bir dil birliklerinde çala ýaňzytmak mümkin bolýar.
Şeýle türkmen ruhy düşünjeleriniň biri bolan mert hem mertlik düşünjeleri ilkinji gezek gadymy «Awestada» duş gelýär. «Awestanyň» mifologiýasyna görä, Ahuramazdanyň – haýryň Hudaýynyň ýaradan ilkinji adamyňyň ady Gaýymert bolupdyr. Munuň iki düzümli sözdügi görnüp dur, özem şol iki sözüň ikisi-de häzirki türkmen diliniň janly ýaşaýşynda bar sözlerdir. Olaryň ikinjisi mert – filologik düşündirişsiz hem hemmä  düşnükli sözdür. Birinji söz bolsa – Gaýy häzirki wagtda «gaýmak» diýen adyň hem işligiň many barlygynda özüni saklap galypdyr.
Türkmen düşünjesine görä, Hudaý adamy Ýeriň gaýmagyndan ýaradypdyr. Bu has soňraky döwürlerde doly kemala gelen mifiki düşünjede belli bir derejede Gurhanyň dünýägaraýşynyň täsirini hem görýäris. Sebäbi yslamyň kabul edilmegi bilen türkmen aňyna goşulyşan semit mifologiýasynda adam toprakdan ýaradylan hasap edilýär. Emma şu ýerdäki «ýeriň gaýmagyndan» diýlen takyklamany örän has gadymy, Zaratustra pygamberden gelýän TürkmenTuran aňynyň arap rowaýatlary içre külüň astynda közüň basyrylyp galyşy kimin saklanyp galmagy hökmünde görkezmek bolar.
Hawa, şeýdip, biz milli galkynyş zamanasynda soňky taryhda kabul edilen düşünjeleriň astynda gizlenip ýatan öz asyl türkmen gymmatlyklarymyzy hem garaýyşlarymyzy dikeldýäris. Beýik Galkynyşlar zamanasynyň tutuş milli taryhymyzyň ägirt giň çäklerindäki ähmiýeti, beýikligi, hususanam, şondan ybaratmyka diýýärin. Galyberse-de, häzirki türkmen milli dilindäki «gaýmak» işligi uly mallaryň göwresinde täze nesliniň ýaradylmagy, göwrede düwünçek galmagy manysyny berýär. Şeýlelikde-de, «gaýmak»   adynyň jähetinden garasak, Gaýymert – adamlaryň gaýmagy, iň oňat adam; eger-de ony «gaýmak» işliginiň asyl manysy bilen baglanyşdyrsaň, onda ýaradylan adam, ilkinji adam diýen manylary berýär.
Emma bu gaýmagyň ýer, toprak bilen asylbaşky baglanyşygy ýokdur. «Awesta» görä, Ahuramazda Gaýymerdi üýtgeşik bir tohumdan ýaradypdyr. Ol maddanyň, tohumyň asyl adynyň «gaýmak» bolmagy-da mümkindir.
Ahuramazda şol tohumy ýere atypmyş, ýere atylan tohum ösümlik bolup gögeripdir. Gitdigiçe ol ösümlige el-aýak, beýleki agzalar bitip, ol soňabaka adam şekiline eýe bolupdyr diýip, «Awestada» aýdylýar. Şu ýerde meniň «gögermek» hem «bitmek» diýen işlikleriň çuňňur ontologik manysyna ünsi çekesim gelýär. Meni sözüň, şol sanda dünýäniň ýaşaýyş formasy bolan hereketi aňladýan işligiň biziň aňymyzda indi durnuklaşan lingwistik ýalpaklygy däl-de, filosofiki dünýägaraýyş, asylbaşky çuňňurlygy gyzyklandyrýar. Örän gadymy zamanlarda – «Awestanyň» döwürlerinde häzir birgiden logiki hem filosofiki taýdan çylşyrymly taglymatlarda aňladylýan düýpli hakykatlar ýönekeý hem sada düşünjelerde berlipdir. Ol wagtlar şeýle sözlerde häzirkisi ýaly dünýäniň ýalpaklygy, bölek-büçekligi hem empiriki manysy däl-de, çuňňur, düýpli ontologik aýratynlyklary aňladylypdyr.
Aýdaly, häzir «gögermek» işligi ösümlikleriň, ot-çöpleriň dürterip çykmagyny aňladýar. Emma, aslynda, ol «gök» sözi bilen baglanyşykly bolup, ýaş, juwan, dünýä täze gelen diýmekdir. Diýmek, bu dünýäniň ýaradylyşy bilen bagly düýpli hadysadyr. Hut şonuň üçinem adamyň asyl ýaradylmagy «gögermek» hadysasy arkaly göz öňüne getirilipdir, obrazlaşdyrylypdyr. Giden bir many ulgamy bolup durýan bu söz indi dilimizde ählumumy barlyga däl-de, bir hususy barlyga – ösümlikleriň ýaşaýşyny görkezýän many barlygyna çenli kiçelip galypdyr. Edil «bitmek» işligi-de şu geçen taryhy döwür içinde şeýle daralyş, kiçeliş, ownaýyş prosesini başdan geçiripdir. Häzir onuň şol ilkibaşky many ählumumylygynyň diňe aýry-aýry many baglanyşyklary saklanyp galypdyr. Aýdaly, biz ot-çöp babatynda-da «bitmek» aňlatmasyny ulanýarys, ýöne bu söz «eliň-aýagyň bitmegi», «ýaranyň bitmegi» ýaly söz düzümleriniň içinde-de ulanylýar. «Gelniň sag-aman eli-aýagy gowuşsyn!» aňlatmasy hemmelere düşnüklidir. Şeýlelikde, birwagtky beýik-beýik ymaratlardan bize diňe aýry-aýry diwarlaryň gelip ýetişi ýaly, ata-babalarymyzyň aňyndaky düşünjeler öňki bitewüligini ýitirip, olardan döwük-ýenjik aňlatmalar saklanyp galypdyr.
Dünýä barlygyny öz içine alyp biliş ukyby boýunça bir wagtky  ymat derejesindäki aňlatmalar indi bary-ýogy ýönekeýje sözler bolup galypdyr. Zynhary şahyr bir gezek degşip: «Biri-biriniň içinden çykyp baransoň, adamlar barha ownamaly-da» diýenmişin. Görýän weli, şeýle takdyr düşünjeleriň göwresi bolup durýan sözleriň hem başdan geçirmeli ýagdaýy bolarly.
Şeýlelikde, täze türkmen aňynyň esasy pikirleniş, pikir arkaly agtaryş usuly ruhuň wagtyň duzagyna düşüp, ýalpaklaşmagynyň hadysasy bolan häzirki sözleriň alyna gitmek däl-de, sözleriň, diliň many şejeresini yzarlamakdyr, ruhuň girdabyna gitmekdir. Sözleriň häzirki bolşy wagtyň ruhy wagtlaýyn forma salmagydyr, wagt bolsa aldawçydyr. Şonda biz diňe bir jemgyýetçilik ýaşaýşyň manysynda – adamlar, raýatlar arasyndaky ruhy baglanyşyk manysynda däl, eýsem taryhy manysynda-da – Oguz handan gaýdýan nesilleriň ruhy üznüksizligi manysynda-da milli bitewüligi gazanyp bileris.
Ata-babalarymyzyň ruhuny dikeltmek işinde şahsyýetiň ähmiýeti hakynda nygtamak zerurdyr. Taryh, şol sanda ruhy taryh hem geçmişden galan zatlar – ýadygärlikler, kitaplar, arheologik tapyndylar arkaly dikeldilýär. Emma, seredip otursaň, bularyň bary daşky zatlardyr. Taryhyň içki ruhuny diňe öz içki ruhy şahsyýetiniň çuňňurlygy bilen milletiň ruhunyň girdabyna barabar öwreniji şahsyýet dikeldip biler. Çünki ruh diňe ruh arkaly ýoklukdan barlyga öwrülip bilýär. Ady ýaman geçen ýetmiş ýylyň görkezişi ýaly, şol içki oduň – energiýanyň ýok ýerinde daşky zatlar öli maddalygynda, milletiň şu gününe hem geljegine dahylsyz galyndylygyna galýar.
Otparazlaryň halallyk, haramlyk barada öz düşünjeleri bolupdyr. Olar topragy halal, adam etini haram hasaplap, jesedi jaýlamandyrlar. Diňe gurt-guş iýip, merhumyň süňkleri galansoň, şol süňki humlara salyp jaýlapdyrlar. Halallyk-haramlyk diýen ahlak düşünjeleriň öz gelip çykyşy boýunça mertlik-namartlyk düşünjeleri bilen baglydygyny şu ýerde görýäris. Dürli durmuşy jähetlere bölsek-de, ahlagyň düýbi birdir. Yslamyň, yslamy dünýägaraýşyň kabul edilmegi bilen türkmeniň halallyk-haramlyk garaýyşlary üýtgäpdir, emma asylky garaýyşlar ahlagyň özge jähetine – mertlik düşünjesine tebigy suratda geçip gidipdir. Köki «Awestadan» gaýdýan «Adamyň lebzi halal, eti haram» ahlaky ýörelgesi indi mertligiň aňladylmasyna öwrülipdir.
Wagt ruhy dil arkaly duzaga salýar,
Wagt ruhy dil arkaly ýalpaklaşdyrýar.
Materiaçylar ruhy maddanyň miwesi, maddanyň ösüşiniň netijesi hasaplaýarlar. Şeýle garaýşa gol ýapsaň, taryh ruhuň ýaýbaňlanýan, ýazylyp-ýaýraýan meýdany bolmaly. Emma maddanyň üstündäki, taryhyň içindäki hadysa däl-de, eýsem olaryň düýbünde – aslynda ýatan hamyrmaýadyr. Şonuň üçinem zamanasyna görä, ruh taryhy prosesiň dowamynda ýaýbaňlanman, eýsem taryh tarapyndan gysylma, çäklendirmä, ýöntemleşmäge hem sezewar edilip bilner. Muňa «mertlik-namartlyk» diýen milli ahlaky düşünjeleriň soňky ýüzýyllyklarda diňe tas harby-durmuşy jähetden – «batyrlyk-gorkaklyk» jähetinden many süňňüne eýe bolmagy-da tassyklama bolup biler.
Elbetde, bu ýagdaý düşünjeleriň ruhy häsiýetini bütinleý püçege çykaryp bilmez, emma döwletiň ýoklugy, syýasy-harby bitewüligiň ýoklugy ýaly taryhy, ýagny wagt bile baglanyşykly aýratynlyklar sebäpli «mertlik-namartlyk» ýörelgelerinde bilegiň zory, gylyç oýnatmak ýaly faktorlar kesgitleýji tarapa öwrülýärler. Diňe şol kesgitleýji barlygyň üstüne soňra beýleki ruhy-ahlaky sypatlar many gatlaklary bolup ýazylýarlar. Şu tarapdan «mertlik-namartlyk» düşünjeleri köne şahyrlarymyz tarapyndan iň köp işlenilen ahlaky düşünjelerdir.
Döwür, zamana, taryh muny talap edýärdi. Halkyň bir bölegi bolup durýan döwlet watanyň daşynyň galasydyr. Şeýle galanyň ýoklugynda, tutuş halk şeýle hyzmaty öz üstüne almaly bolýar, tutuş halkyň özi gala öwrülmeli bolýar. Onsoň döwletli bolanlygynda bütinleý başga zada, geljege gönükmeli ruhy energiýa milletiň janyny saklamaga, harby-durmuşy maksatlara siňdirilmeli bolýardy. Şeýle taryhy hakykat «mertlik – namartlyk» ahlagynyň harby sypatlar, güýjüň rüstemligi bilen baglanyşygyna getirdi, has dogrusy, ahlagyň şol sypatlar arkaly reňk almagyna getirdi.
Namart, ilkinji nobatda, gorkak hem ejiz adam. Ol «erkek däl» – ýagny edil aýal kimin urşa, garpyşyga ukypsyz adam. Jeň görende gaçýar. Halka weli öz fiziki barlygyna gorap saklamaga hut şu hili namartlaryň gapma-garşylygy bolan mertler gerek. Namart – gorkak. Diňe şondan soň ol ygrarsyz, öwünjeň, gaýgyçyl, myhman söýmeýän, ar-namyssyz, kärsiz. Şeýdip harby güýç sypaty ahlagy kesgitleýji özene öwrülýärdi. Köne türkmen şahyrlarynyň mert adamy haýsy, nähili jandarlaryň obrazynda berýänligi şol döwürde degişli ahlak kategoriýasynyň wagt aýratynlyklaryny oňat häsiýetlendirýär.
Mert – şir, bürgüt, böri, syrtlan.
Mertlik – ýabanylyk hem ýyrtyjylyk, elbetde, ilkinji nobatda. Ýöne bu hakykatyň esasy, güberçekläp duran, emma, birinji tarapydyr. Ahlagyň bitewüligini onuň beýleki tarapy-da üpjün edýär: mert – geçirimli, rehimdar. Diýmek, mertlik şol bir wagtda ruhy güýçlülik, namartlyk bolsa ruhy ejizlikdir.
Gürrüňi edilýän XVIII-XIX asyrlary sebäpli-netijeli baglanyşyk boýunça soňky taryhy döwür – XX asyr, sowet eýýamy bilen baglanyşdyralyň. Güýçli döwletiň golastyna geçmegi döwletsizlik bilen şertlendirilen mertlik   gara güýçlülik gymmatyny, esasy gymmatlygy manysyzlaşdyrdy oturyberdi! Öz içki ruhunda şol esasy sypata başga ruhy-ahlaky alternatiwa taýýarlamadyk halk sowet döwründe düýpli, uzaga gidýän milli ahlaky-ruhy çelgisiz galdy. Parahatçylykly ýaşaýyşda işleýän milli gymmatlyklar döräp, gobsunybermedi. Üstesine-de, imperiýa barja bolanyňam zorluk bile basyp ýatyrdy. Türkmen ruhy, dogrudanam, taryhyň alyna uçrady – ine, türkmeniň çakyzasyny tutduran düýnki hakykat.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 15 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: