08:32
Men Ony gözleýän...
MEN ONY GÖZLEÝÄN...

Göräýmäge öñki-öñkülik hemme zat,
Köçelerde wazlaşyp dur ulaglar.
Ýüzün bürşüp haýdaşýarlar bir ýerik,
Aýal-erkek, ýaşkiçiler, uluglar.

Aý-gün öýkelän dek zymdyrlyp barýar,
Diñlärli däl, bir säginip parzyñy.
Tekepbir takdyra bu är ömründe,
Bir gezegem bildirmedim arzymy.

Diñlänogam.
Eýleýär öz bilenin,
Ýa pakyr saýýamy garyp göwnümi?!.
Hamala, mende bir kasty bar ýaly,
Basdy durdy, kä ýazylan egnimi.

Ýogsa, soramogam gaty uly zat,
Bagt däl,
               baýlyk däl,
                                  ýa bir dereje.
Bir gözeliñ guly bolmak isledim,
Ýesir düşenimde ala göreje.

Neneñ agyr, aklyñ goýalşan çagy,
Öñünde goýulsa yşkyñ badasy.
Başyma çekensoñ, şol ala gözliñ,
Ne-hä guly boldum,
                                    ne begzadasy.

Geçýän günleñ arasyna bukulyp,
Gizlenip ýör şol gözelem bir ýerde.
A men sermestligiñ ham hyýalynda,
Gözleýärin ony mydam, her ýerde...

Has TÜRKMEN
Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: Has | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: