07:41
Saña aşyk boldum
SAÑA AŞYK BOLDUM

Gözleriñe dogry bakyp,
Men bir saña aşyk boldum.
Kalbymda yşk odun ýakyp,
Men bir saña aşyk boldum.

Unutdym dünýäñ barlygyn,
Giñedi gursak darlygym,
Seniñ mähriñe zarlygym,
Men bir saña aşyk boldum.

Bagra basyp ýyly mähriñ,
Köñle doldy eden ähdiñ,
Saña gidip dur-a mährim,
Men bir saña aşyk boldum.

Gaýyp boldy ünjülerim,
Bilýän indi ynjamaryn,
Söýüp-söýlüp ynjalanym,
Men bir saña aşyk boldum.

Bahargül MEJIDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Sahypjemal | Теги: Bahargül Mejidowa | Рейтинг: 2.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: