16:32
Marsa ilkinji bolup maýmynlar aýak basar!

MARSA ILKINJI BOLUP MAÝMYNLAR AÝAK BASAR!

Russiýa Mars saýýarasyna adamly uçuşdan öñ maýmyn ugradyp görmegi meýilleşdirýär. Soçiniñ Medisina we Primatologiýa institutynda ulaldylan primatlaryñ arasyndan saýlanyp alynjak kyrk sany maýmyn adamly uçuşdan öñki synag uçuşyna taýýarlanýar.
Institutyñ direktory Boris Lapin bu boýunça "Adamlar bilen maýmynlaryñ radiasiýasynda meñzeşlikler bar. Itlerde ýa-da başga haýwanlarda däl-de, hur maýmynlarda muny synap görmek has amatly" diýip çykyş etdi.
Ruslar mundan owal kosmosa dürli maksatlar bilen iki gezek maýmyn ugradypdy. Birinji gezek 1983-nji ýylda kosmosa ugradylan Abrek we Bion atly iki maýmyn bäş güne çeken kosmos saparyndan soñ sag-salamat yzyna dolanyp gelipdiler. 1987-nji ýylda bolsa Drýoma atly maýmun iki hepdelik kosmos saparyna çykypdy.

 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 34 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: