07:07
Marko Polo

SYÝAHATÇY MARKO POLO
    
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda italiýaly jahankeşde Marko Polonyň Hytaýa eden syýahatlary barada örän gyzykly maglumatlar berilýär. 

■ Eýsem, Marko Polo kim bolupdyr? Ol Hytaýa syýahat eden döwründe nähili wakalary başdan geçiripdir? 

Bu soraglar köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. 
Meşhur italýan syýahatçysy Marko Polo 1254-nji ýylda Italiýanyň Wenesiýa şäherinde dogulýar. Käbir maglumatlarda onuň Horwatiýanyň Korçula adasynda doglandygy aýdylýar. Onuň milleti barada alymlaryň arasynda dürli pikirler bar. Polşaly alymlar onuň polýakdygyny tassyklaýarlar. Polonyň atasy täjirçilik bilen meşgullanypdyr. Ol Alynky Aziýa, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda söwdagärlik edipdir. Marko Polonyň atasynyň adyna Nikollo Polo diýipdirler, onuň Maffeo, Marko atly doganlary bolupdyr. Olar hem söwda işleri bilen meşgullanypdyr. 1261-nji ýylda Rim papasy Kliment IV tarapyndan Nikollo Polo we Maffeo Polo mongol imperiýasynyň hany Hubilaý hanyň ýanyna ilçi edilip iberilýär. Nikollo Polo inisi Maffeony öz ýanyna alyp, uzak syýahata ugraýar. 
Hormatly Prezidentimiz: «1261-nji ýylda Pololar aga-ini bolup, Wolga derýasynyň orta akymyndan geçip, Altyn Ordanyň içi bilen günorta-gündogara tarap ugrapdyrlar. Hazar etekleriniň sähralaryny geçipdirler, soňra Üstýurt tekizliginiň üsti bilen Horezme, köne Ürgenje gelipdirler» diýip ýazýar. 
Alymlaryň ýazmaklaryna görä, Pololar Köneürgenjiň bazarynda söwda hem edipdirler. Bu ýerden olar, esasan, gawun, garpyz alypdyrlar. Şol döwürde Köneürgençde «Gawun öýleri», «Garpyz öýleri» bolupdyr. Ol gawunlar uzak aralyga äkitmek üçin aýratyn niýetlenen jaýlarda ýörite örtülen torlara salnyp, asylyp goýlupdyr. Jaýyň içi bolsa bellenilen ýylylykda saklanýan eken. Ol jaýlaryň arasynda ýörite deşikler bolup, olaryň kömegi bilen jaýlar ýelejiredilip durlupdyr. 
Pololar Köneürgençden süýji suw alyp, soňra Buhara tarap ýola rowana bolupdyrlar. Ol ýerde üç ýyl töweregi ýaşapdyrlar. Günlerde bir gün Hanbalyga (häzirki Pekin) barýan mongol ilçileriniň kerwenine goşulyp gidipdirler we mongol hany Hubilaýyň ýanyna 1266-njy ýylda barypdyrlar. Hubilaý han olary örän gadyrly garşylapdyr. Hubilaý han Pololara özüniň agalyk edýän imperiýasynyň islendik ýerinde arkaýyn söwda etmäge we gezmäge rugsat berýän altyn harplar bilen ýazylan tarhan hatyny gowşurypdyr. Şol döwürde Hubilaý han Ýuwaş ummanyndan Gündogar Ýewropa çenli ägirt uly imperiýanyň hany bolupdyr. Hoşlaşanlarynda Hubilaý han ilçilere Iýerusalimdäki Isa Pygamberiň aramgähiniň ýanynda baky ýanyp duran çyradan ýag hem-de ylmyň ýedi görnüşinden — grammatika, dialektika, dilewarlyk, matematika, geometriýa, saz, astronomiýa ylymlaryndan baş çykarýan hünärmenleri goýbermekleri haýyş edip, Rim Papasyna hat ýazýar. Nikollo Polo we Maffeo Polo hanyň tabşyrygyny alyp, yzyna dolanýarlar. 1269-njy ýylda Pololar öz ýurtlary Wenesiýa gaýdyp gelýärler. 
Bu ýere gelenlerinde olar eýýäm Rim Papasynyň aradan çykandygyny, täze papanyň hem bellenilmändigini eşidýärler. Az salymdan Rim Papasynyň täze bellenen ýolbaşçysy Grigoriý X tabşyrygy boýunça 1271-nji ýylda Pololar ýene-de Hytaýa ugraýarlar. Bu sapar Nikollo öz körpe ogly, 17 ýaşly Marko Polony hem öz ýany bilen äkidýär. Olar ilki Palestinanyň Iýerusalim şäherinden Isa Pygamberiň aramgähiniň ýanyndan ýag alyp, uzak syýahata ugraýarlar. Ermenistanyň şäherlerine baranlarynda, bu ýerde Müsüriň soltany Beýbarsyň arasynda uly söweş başlanýar. Kerwendäki birnäçe adamlar uruş hereketleriniň netijesinde heläk bolýarlar, emma Pololara zordan gaçyp gutulmak başardýar. 
Pololaryň ýanynda asly türkmen eýranly täjir Hajymuhammet bolupdyr. Ol türkmen dilinden başga-da italýan dilini oňat bilýän ekeni. Ol kerwende dilmaçlyk edipdir. Kerweniň kerwenbaşysy Nasreddin atly söwdagär bolupdyr. Soňra olar Bagdada barypdyrlar. Bagdadyň bazaryndan altyn-kümüş satyn alypdyrlar. Kerman şäherine gelenlerinde Markony atasy baý täjir Hajymuhammediň öýünde goýup gitmekçi bolýar, ol heniz ýaş Marko uzak ýola eýgerip bilmez diýip pikir edýär, emma munuň bilen Marko düýbünden ylalaşmaýar. 
Şeýlelikde, Pololaryň kerweni çöllük, daglyk ýerlerden geçip, Hytaýa tarap ýoly külterläp başlaýar. Olaryň ýoly türkmenleriň ýaşaýan ýerinden hem geçýär. 
Bu hakda hormatly Prezidentimiz Marko Polonyň ýatlamalaryna ýüzlenip: — Marko Polo «Kitabynyň» ýigrimi birinji baby Türkmenistany suratlandyrmaga bagyşlanypdyr. Türkmenler hakynda söz açyp, ol: «Olar maldarçylyk bilen meşgullanýandyklary üçin, nirede öri bolsa, dag bolsun, düz bolsun, islän ýerlerinde mekan tutunýarlar. Bu ýerde, size aýtsam, saýry türkmen atlary hemem örän gowy, bahasy-da gymmat gatyrlar köpeldilýär» diýip ýazýar. Şondan soň wenesiýaly syýahatçy: «Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, ýene gyzyl, başga reňkde hem kaşaň görnüşli, bijaý oňat matalar dokalýar, bu ýerde bulardan başga-da köp zatlar öndürilýär» diýip ýazypdyr. Wagt geçýär, italýanlar ugurtapyjylyk bilen şol gymmatly harytlaryň Ýewropa eksportyny amala aşyrmaga başlaýarlar. Italýan Täzeden döreýiş döwrüniň suratkeşleriniň eserlerinde Wenesiýanyň we Ýewropanyň beýleki şäherleriniň köşkleriniň töründe türkmen halylarynyň düşelendigini görýändigimize haýran galmaga esas ýok — diýip, belläp geçýär. 
Pololaryň kerweni uzak-uzak ýol söküp, Türkmenistanyň üsti bilen Owganystanyň Balh (häzirki Wezirabat) we Şibirgan galalaryna barýar. Olar bu ýerden gawun kaklaryny, miwe önümlerini satyn alypdyrlar. Soňra olaryň kerweni Badahşanyň, Kaşgaderýanyň, Hotanyň üsti bilen Hanbalygyň (Pekiniň) etegindäki Şandu galasyndaky mongol imperatorynyň tomusky kabulhanasyna 1275-nji ýylda barýar. Bu ýerde Çingiz hanyň agtygy Hubilaý han olary güler ýüz bilen garşy alýar. Nikollo Polo Hubilaý hana Isa Pygamberiň aramgähinden getirilen ýagy hormat bilen gowşurýar. Hubilaý han Marko Polony öz ýanyna işe kabul edýär. Hubilaý han onuň kakasy Nikolla bolsa ýurduň islendik ýerinde arkaýyn söwda etmäge rugsat berýär. 
Marko Polo köşkde ýaşan döwründe bu ýerde köp meseleleri Hubilaý hanyň başdaş aýaly Jambui we asly eýranly bolan maliýe ministri Ahmediň çözýändigini bilipdir hem-de olar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Marko Polo bu ýerde ilkinji gezek kagyz pullarynyň, kitaplaryň çykarylýandygyny görende, Hytaýyň medeniýetiniň has ösendigine göz ýetirýär. 
Hytaýda 17 ýyla golaý bolansoň, Marko Polo ýurduna dolanmakçy bolupdyr, emma Hubilaý han Markonyň öz ýanynda hemişelik maslahatçysy hökmünde galmagyny isläpdir. Eýran şasy (Hubilaýyň inisi), Hulagu hanyň ogly Argunyň aýaly aradan çykypdyr. Ol ogluna gelinlik üçin mongol milletinden bolan gyzy ibermegini haýyş edip, Hubilaýa hat ýazypdyr. Hubilaý han şol gelni gämi bilen Eýrana çenli ugratmagy Markodan haýyş edipdir. Marko muňa höwes bilen razy bolupdyr. 1292-nji ýylda Marko Polo sag-aman Eýrana barypdyr we Hulagu hana gyzy gowşurypdyr. 1295-nji ýylda ol öz ýurdy Wenesiýa dolanyp barypdyr. 
Onuň üç sany gyzy bolupdyr diýen maglumatlar bar. Marko Polo 1324-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda aradan çykypdyr. 
Marko Polonyň ýatlamalary Ýewropa ýurtlarynda «Dünýäniň köpdürlüligi hakynda kitap» ady bilen fransuz, iňlis dillerinde çap edilýär. Kitap dört bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölümi Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlaryna bagyşlanypdyr. Ikinji bölüminde Hytaýda we mongol imperatory Hubilaý han bilen bagly bolan wakalar barada gürrüň berilýär. Kitabyň üçünji bölüminde deňiz ýakalaryndaky ýurtlar bolan Ýaponiýa, Hindistan, Şri-Lanka, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda bolan wakalar suratlandyrylýar. Kitabyň dördünji bölüminde mongollaryň goňşy döwletler bilen bolan söweş hereketleri beýan edilýär. Marko Polonyň bu kitaby ençeme ýyllaryň dowamynda geografiýa, etnografiýa, taryh boýunça alymlar, syýahatçylar üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edipdir. Bu kitap esasynda birnäçe çeper kinofilmler hem döredildi. 
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapda Marko Polonyň kitabynyň ähmiýeti barada şeýle diýilýär: 

«XIV-XV asyrlarda Marko Polonyň «Kitaby» kartograflar üçin ygtybarly gollanmalaryň biri bolupdyr. Ol meşhur kosmograflaryň, deňizde ýüzüjileriň, şol bir sanda Kolumbyň hem ýankitabyna öwrülip, beýik geografik açyşlaryň taryhynda uly orun eýeläpdir. Marko Polonyň «Kitaby» häzirki wagtda hem orta asyrlaryň edebi eserleriniň, ylmy gollanmalarynyň arasynda gymmatly hem seýrek duş gelýän iş hasap edilýär we gaýtalap-gaýtalap okalýar. Bu kitap dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girizilip, dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, dürli ýurtlarda gaýta-gaýta çap edilýär». 

Bu kitap türkmen diline hem terjime edilip, «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edildi. 

Tirkeş HÜMMIÝEW, 
kitaphana işgäri.

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 36 | Добавил: Has | Теги: Tirkeş Hümmiýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: