01:44
Margiana medeniýeti: Gadymyýetiñ syrlary dünýä açylýar

MARGIANA MEDENIÝETI: GADYMYÝETIÑ SYRLARY DÜNÝÄ AÇYLÝAR

Indi bir ýyla golaý wagt bäri Germaniýanyň muzeýlerinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologiýa sergisi dowam edýär. Mundan ozal Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergi 9-njy martdan başlap, Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynda görkezilýär. Dört müňýyllyk taryhy bolan beýik medeniýetiň Ýewropadaky üçünji düşelgesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistandan hem wekiliýet gatnaşdy.    Türkmen halky ýaly, nemes halkynyň hem gadymy gymmatlyklara belent sarpa goýýandygyny turuwbaşdan aýtmak gerek. Soňky maglumatlara görä, ýurtdaky muzeýleriň umumy sany bäş müňe golaýlaýar. Diňe Mangeým şäherinde dürli ugurlara ýöriteleşdirilen muzeýleriň birnäçesi bar. Hepdäniň ähli günlerinde işleýän ol muzeýler hemişe köp adamly. Margiana medeniýetiniň sergisi ýaýbaňlandyrylan muzeý hem şäherdäki iň meşhur medeni ojaklaryň biridir. Sergi Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynyň Medeniýet muzeýinde guraldy.    
Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, Mangeým dört müňýyllyk taryhy bolan Margiana medeniýeti barada gürrüň berýän serginiň Germaniýadaky üçünji düşelgesidir. Ýurduň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde geçirilen ilkinji sergä 385 müňe golaý adam tomaşa edipdi. Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde ýaýbaňlandyrylan döwründe bolsa oňa 8 müň 230 adam baryp gördi. Ilaty 300 müň adamdan geçýän Mangeým şäherinde hem bu serginiň uly islege eýe boljakdygyny ynam bilen aýdyp bileris. Muzeýiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, Margiana medeniýeti bilen bagly sergi hakynda bildirişleriň ýaýradylan gününden bäri gyzyklanyp, dürli sowallar bilen ýüzlenýänleriň sany gün geçdigiçe köpeldi. Bu gün bolsa şäheriň ýaşaýjylarydyr myhmanlary bürünç asyrynyň gülläp-ösen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.    

■ Rainer-Maria WEISS, 
professor, Gamburgyň Arheologiýa muzeýiniň ýolbaşçysy:    

— «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologiýa sergisi biziň muzeýimizde geçen ýylyň noýabryndan şu ýylyň maý aýyna çenli işledi. Şeýle beýik taryha eýe bolan medeniýete bagyşlanan sergini guramak biziň üçin hem belent mertebedir. Bu gün bolsa onuň Mangeým şäherindäki açylyşyna gatnaşýarys.    
Margiana — sözüň doly manysynda, beýik medeniýet. Öz döwründe meşhurlygy bilen ol gadymy Hytaýdan, Müsürden egsik bolan däldir. Şeýle bolsa, bu gün ýene-de bütin dünýäniň Margiana medeniýeti hakynda bilmegi gerek. Bu babatda başlanan başlangyç örän ýerine düşüpdir. Gördüňizmi, bir ýyla golaý wagtyň içinde bu beýik medeniýet öz syrlaryny 400 müňe golaý adama açdy. Ýakyn geljekde Margiana medeniýeti bütin dünýäniň dilinden düşmez.    
Ýeri gelende, Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynda dürli mazmunly wagtlaýyn sergileriň ýygy-ýygydan geçirilýändigini hem aýtmak gerek. Olaryň arasynda daşary ýurt muzeýlerine degişlileri hem bar. Mysal üçin, hut şu muzeýlerde dürli ýyllarda franklaryň taryhyna, Ýewropanyň müňýyllyk geçmişine, Ýaponiýa, Müsür ýaly döwletleriň milli gymmatlyklaryna, Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan köp sanly wagtlaýyn sergiler geçirilipdir. Şu ýylyň 16-njy iýunyna çenli bolsa bu ýerde Margiana öz syrlaryny köpçülige aýan eder.    
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda dört sagatlyk wagt tapawudy bar. Türkmenistan şenbe gününiň gündizini ugradyp, Aýly agşamyny garşy alan çaglary gün Mangeýmde öýle boluberipdi. Bellenilen wagtda, sagat 16-da serginiň açylyş dabarasy başlandy. Muzeýiň maslahatlar zaly, çak bilen, 200 adamy sygdyrýan bolsa gerek. Heniz dabara başlamanka, ol-a bir doldy, serginiň açylaryna garaşyp duran mähelle hem bir toýuň adamyçarak bardy.    
Dabarada diňlenen çykyşlar oňa ýygnananlar üçin ýene-de az salymdan başlanjak sergi barada maglumat çeşmesine öwrüldi. Ýerli alymlaryň, muzeý işgärleriniň birnäçesi Germaniýada geçen ýylyň aprel aýyndan bäri guralýan serginiň häzirki zaman we taryhy ähmiýeti dogrusynda aýtdylar. Türkmen wekiliýetinden çykyş eden Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýolbaşçysy Töre Nobatowyň çykyşy hem gadymy Margiana medeniýetine we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň içgin öwrenilişine bagyşlandy. Çykyşda aýdylyşy ýaly, türkmen we nemes halklarynyň arasynda medeni ulgamdaky gatnaşyklar täze mümkinçiliklere eýe bolýar, ol geljekde-de yzygiderli ösdüriler. Şu ýylyň 11 — 16-njy marty aralygynda bolsa Berliniň, Gamburgyň, Mangeýmiň muzeýleriniň wekilleri Türkmenistanda saparda bolarlar. Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň dowamynda medeni, arheologiýa we muzeý işi babatda ikiçäk hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar.    
Berliniň Täze muzeýiniň, Gamburgyň Arheologiýa muzeýiniň we Mangeýmiň Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynyň ýolbaşçylarynyň gürrüňleri hem täsirli boldy. Olar dabara gatnaşyjylara gadymy Margiana medeniýetiniň Germaniýadaky günleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Aýdylyşy ýaly, sergä diňe bir ýerli ýaşaýjylar däl, daşary ýurtly syýahatçylaryň hem ep-eslisi gelip görer. Olaryň arasynda Ýewropanyň, Afrikanyň we Aziýanyň birnäçe döwletleriniň wekilleri bar.    

■ Suzanna WIHERT, 
Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynyň ýolbaşçysy:    

— Men şu güni «Garaşylan gün» diýip atlandyrmak isleýärin. Düşündirişi örän sada. Biz hem, şäherimiziň ýaşaýjylary hem Margiana medeniýetine bagyşlanan serginiň muzeýimize gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdyk.     
Muzeý işgäri — gymmatlyklaryň hünärmeni hökmünde bu ajaýyp medeniýet bilen tanyşmak meniň üçin hem örän ýakymly boldy. Hakykatdan-da, gadymy Margiana ösen dünýä medeniýetiniň altyn sahypalaryny goýnunda saklaýar. Sergidäki gymmatlyklardan gözüňi aýryp bolanok. Olaryň her biri şanly taryhdan gürrüň berýär.    Edil Berlinde we Gamburgda bolşy ýaly, biziň muzeýimizde hem bu sergä islegiň ýokary derejede boljakdygyna ynanýarys. Muzeýde Margiana medeniýeti we Türkmenistan barada gürrüň berýän neşirleri hem ýerleşdirdik. Islän adam olary edinip, bu baý medeniýetiň çuňluklaryna aralaşyp biler.    
Meni ýene bir zat begendirýär. 11 — 16-njy mart aralygynda ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň birtopary bilen Türkmenistanda saparda bolýarys. Aşgabatda ýene bir gezek bolmak we türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen pikir alyşmak biziň üçin diýseň ýakymly bolar. Margiana — diňe bir türkmen topragynyň däl, bütin dünýäniň gymmatlygy. Ony dünýä gaýtaryp bermek, hemmeleriň habardar bolmagyny, tutuş adamzat derejesinde goralmagyny üpjün etmek gerek. Şeýle ajaýyp sergini guramak başlangyjy üçin iki döwletiň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.    

Soňra Türkmenistandan baran medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk çykyşlary boldy. Aýdymçylar Gülşirin Annamyradowanyň, Leýli Ökdirowanyň, Akmuhammet Hanowyň ýerine ýetiren aýdymlary, Serdar Haýdarowyň sazlary we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» döredijilik toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylara aýratyn ýakym bagyşlady. Sahna ussatlarynyň milli lybasda çykyş etmegi serginiň baý maznuny bilen sazlaşdy. Ýerine ýetirilen eserlerde geçmiş bilen şu gün baglanyşdyryldy.    
Aýdym-sazly çykyşlar Germaniýada ýaýbaňlandyrylýan serginiň aýrylmaz bölegidir. Berlindäki, Gamburgdaky sergileriň açylyş dabaralaryna hem türkmenistanly sungat ussatlary gatnaşypdy. Şol dabaralarda bolşy ýaly, Mangeýmdäki serginiň açylyş dabarasynda hem myhmanlaryň el çarpyşmalary yzly-yzyna ýaňlandy durdy. Myhmanlara türkmen çöregidir pişme hem paýlanyldy.    
Belli aýdymçymyz Akmuhammet Hanowyň ajaýyp döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän aýdymyndan soňra, dabaranyň aýdym-sazly bölegi tamamlandy. Raýs-Engelhorn muzeýiniň baş direktory Alfred Wioçorek dabaranyň ahyrynda çykyş edip, täsirli konsert üçin türkmenistanly sungat ussatlaryna hoşallyk bildirdi we hemmeleri sergä tomaşa etmäge çagyrdy.    

■ Ybraýim ELÝASÝAN, 
germaniýaly türkmen:    

— Biz şu dabara tutuş maşgalamyz bilen Köln şäherinden geldik. Bir ýyla golaý wagt bäri Germaniýada ata Watanymyz Türkmenistanyň taryhy barada gürrüň berýän serginiň ýaýbaňlandyrylmagy bizi diýseň begendirýär. Bu gün Mangeýmde bu sergä şaýat bolmak bagty bize-de miýesser etdi.    Men türkmenistanly sungat ussatlarynyň konsertiniň juda täsirli bolandygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Germaniýanyň sahnalarynda türkmen aýdym-sazlaryny diňlemek, halk döredijiliginden çykyşlara tomaşa etmek biziň üçin uly sowgat boldy. Guralan sergi arkaly türkmen topragynyň gadymy şan-şöhraty barada bilýänlerimiz ep-esli artdy.    
Şeýle ajaýyp serginiň guralmagynda, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň dostluk bilen, sungat bilen ösdürilmeginde wajyp orny eýeleýän türkmen Liderine çäksiz hoşallyk bildirýäris. Serginiň işine-de üstünlik arzuw edýäris.        
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Çeperçilik muzeýiniň gymmatlyklarynyň 219-syndan ybarat serginiň açylmagy bilen, giň zal mähelleden hyryn-dykyn doldy. Bu mähelläni görüp, edil Berlinde we Gamburgda bolşy ýaly, Mangeýmde hem sergini görmäge müňlerçe adamyň geljekdigine ynamymyz has-da artdy. Döwlet muzeýiniň ýaş hünärmenleriniň biri Guwanç Seýidowyň gürrüň berşi ýaly, ýerli ýaşaýjylar Margiana medeniýeti bilen tanyşmaga uly isleg bildirýärler. Sergide dürli heýkeller hem, çeperçilik sungatynyň eserleri hem, Margiananyň geçmişinden we şu gününden gürrüň berýän diwarlyklar hem bar. Sergi Gamburgda dowam edýän wagtynda ondaky gymmatlyklaryň görnüşleri boýunça gelýän myhmanlaryň arasynda barlagnama geçirilipdir. Onuň netijeleri sungaty söýüjileriň bu ýerdäki gymmatlyklaryň ähli görnüşine hem isleglidigini görkezdi.    
Ýokarda belleýşimiz ýaly, Mangeýmdäki sergi 16-njy iýuna çenli dowam eder. 

2019 TDNG. 

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 8 | Добавил: Has | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: