09:25
Mama Hatyn

TÜRKMENIÑ HÖKÜMDAR GYZY MAMA HATYN

■ Türkmenleriň Gündogar Anadolydaky Saltyklar begliginiň taryhy hakynda

Türkmenleriň gadymy şäherleriniň biri bolan Erzurumdan günorta-günbatara uzap gidýän uly şaýol bilen  Malatýa tarap gitseň, ýol ady taryha öwrülen Otlukbili düzlügine eltýär. Otlukbili düzlügi türkmen taryhynda ençeme wakalaryň bolup geçen ýeridir. Bu düzlük XI asyryň ikinji ýarymynda türkmenleriň Gündogar Anadolyda ýurt tutunan,  mal yzynda gezip, sahawatly döwran süren ülkeleriniň biri. Otlukbili düzlügi 1473-nji ýylda akgoýunly döwletiniň patyşasy Uzyn Hasan bilen osmanly soltany Muhammet II Fatyhyň söweşen ýeri. Ýöne bu wakalar biziň gürrüňini etjek bolýan wakalarymyzdan birnäçe asyr soň bolupdy. 
Otlukbili düzlüginde ýerleşýän Türkiýäniň Terjan etrabynda «Mama Hatyn» atly köne türkmen obasy ýerleşýär. Şu oba gelen nätanyş adamlaryň öňi bilen obanyň edil gapdaljygynda ýerleşýän üýtgeşik bir ýadygärlige gözleri kaklyşýar. Ýerli ilat bu ajaýyp ýadygärligi «Mama Hatyn aramgähi» diýip atlandyrýar. Çünki bu aramgähiň içinde şol döwürlerde aýdylşy ýaly, «dünýäniň we diniň päkizeligi, beýik hatynlaryň buýsanjy» türkmeniň beg neslinden bolan hökümdar gyzy Mama Hatyn baky ukyda ýatyr. Şu gadymy obanyň ady hem aramgähiň ady bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Mama Hatyn türkmenleriň guran Saltyklar begligini 1191-1201-nji ýyllarda dolandyran meşhur emirdir.
Mama Hatynyň ata-babalary Daňdanakan söweşinden soň Togrul begiň we Çagry begiň baştutanlygynda Türkmenistandan Eýrana, ondanam Wizantiýa taraplara göç edipdirler. Alp Arslanyň döwründe seljuklaryň Meňgüýçli Gazy we Saltyk beg Gazy atly meşhur serkerdeleriniň bolandygy taryhy çeşmelerde aýdylýar. Bu iki serkerde Malazgirt söweşinde seljukly taryhyny altyn harplar bilen bezäp, uly şöhrata eýe bolupdyrlar. «Türkmenlere Rumyň gapysyny açyp beren» bu söweşden soň, Alp Arslan Meňgüýçli Gazyny Erzinjana, Saltyk begi bolsa Erzuruma emir edip belleýär. Gündogar Anadolyda türkmenleriň Meňgüýçliler we Saltyklar beglikleri şeýdip döräpdir.
Erzurumda dörän bu begligi  tä XIII asyryň 30-njy ýyllaryna çenli Saltyklar neslinden bolan emirler dolandyrypdyrlar. Saltyklar begligini esaslandyran meşhur serkerdäniň doly ady Abulkasym Saltyk beg Gazydyr. Mama Hatyn şol şöhratly serkerdäniň ýuwlugydyr. 
Erzurum diňe bir türkmen taryhynda däl, eýsem dünýä taryhynda-da tanalýan şäherleriň biridir. Şaheri ermeniler Karin, araplar bolsa Arzen ar-Rum diýip atlandyrýardylar. Bu ülkede ýurt tutunan türkmenler bolsa şäheri Erzurum diýip atlandyrdylar. 
Saltyk begiň haçan aradan çykandygy belli däl, ýöne XI asyryň ahyrlarynda - XII asyryň başlarynda emirligi onuň ogly Diýaeddin Aly dolandyrýar eken. Onuň ady taryhy çeşmelerde Diýaeddin Gazy, Gazy Aly görnüşinde hem getirilýär. Sebäbi «gazy» unwany - derejesi oňa Saltyk Gazydan miras galypdyr we yslamyň bu derejesini ol uly buýsanç bilen göteripdir. 
Diýaeddin Aly 1092-nji ýylda Mälik şa aradan çykandan soň, seljukly şazadalaryň tagt üstündäki dawalaryny gözi bilen görüpdir. 1099-njy ýylda Berkýaruk bilen Muhammet Taparyň arasynda başlan tagt dawasynda Diýaeddin Gazy garşydaşlaryň ikinjisini goldapdyr. Bu barada meşhur taryhçy Ibn al-Asir: «… Muhammet [Tapar] öz tarapdarlarynyň topary bilen Ermenistan ýurdunyň Arçeş welaýatyna ugrady. … Arzen ar-Rumyň hökümdary emir [Gazy] Aly onuň bilen aragatnaşyk açdy» diýip ýazýar. 
Diýaeddin Gazy baradaky maglumatlar Ibn al-Azrak al-Farikiniň işinde-de berilýär. Taryhçy Gazy Alynyň goňşylary bilen gatnaşyklary barada ýazmak bilen «Mardiniň we Maýýafarikiniň hökümdary Timurtaş arzen ar-rumly Gazynyň gyzyna öýlendi. Ondan iki ogul – 1126-njy ýylda Nejmeddin Alpy, 1127-nji ýylda bolsa Jemaleddin Sawty doguldy» diýip ýazýar. 
Diýaeddin Gazynyň aradan çykan senesi baradaky maglumat al-Aziminiň işinde görkezilýär. Onuň ýazmagyna görä «Arzeniň hökümdary Gazy 1132-nji ýylda aradan çykypdyr». Bu merdana türkmen emirinden birnäçe binalar miras galypdyr. Ol Erzurumyň baş diňi bolan «Minara Depäni» gurdurypdyr. Erzurumyň Miýadan obasynda bolsa, onuň guburynyň üstünde galdyrylan gözel aramgähi ýerleşýär. Ýerli ilat tarapyndan «Gazy Aly» diýilip atlandyrylýan bu aramgähde Saltyklar nesline degişli birnäçe adam jaýlanypdyr.
Diýaeddin Gazydan soň emirligi onuň ogly, meşhur atasynyň ady dakylan Izzeddin Saltyk beg (1132-1168) dolandyrypdyr. Izzeddin beg Saltyklar nesliniň iň meşhur we edenli hökümdary hasap edilýär. Ermenileriň Arske şäheriniň gala diwaryndaky ýazgylarda Izzeddin begiň ady getirilýär. Onuň dolandyran ýyllarynda emirligiň ýerleri has hem giňäpdir. Indi onuň düzümine Erzurum welaýatyndan başga-da,  Kars, Mižinkert, Babert, Arske ýerleri hem girýärdi. 
Izzeddin Saltygyň ogly Mälik Muhammet beg (1168-1191) ata-babalarynyň döreden emirligini berkidipdir. Onuň dolandyran ýyllarynda ýurt eýesi türkmenlerem, döwletiň esasy salgyt töleýän ilaty bolan ermenilerem asuda we bolelin durmuşda ýaşapdyr. Ata-babalaryndan gurmak we döretmek kesbini miras alan Mälik Muhammet beg ençeme ymaratlary bina edipdir. Onuň gurduran ymaratlaryndan 1179-1180-nji ýyllarda bina edilen Erzurum metjidi we Wan şäherindäki «Uly Jamy» metjidini görkezmek bolar.
 Mälik Muhammediň näçinji ýyla çenli emirlik edenligi belli däl. Arap ýazary Ymadeddin Yspyhanynyň berýän maglumatlaryna görä, 1191-nji ýylda begligi Mälik Muhammet Saltygyň gyzy Mama Hatyn (1191-1201) dolandyrýar eken. Mälik Muhammet XII asyryň 80-90-njy ýyllarynyň sepgitlerinde aradan çykan bolmaly. Sebäbi şol ýyllardan irki taryhy çeşmelerde Mama Hatynyň ady tutulmaýar. Bu bolsa Mama Hatynyň 1190-1191-nji ýyllar töweregi häkimiýet başyna gelendigini takyklamaga esas berýär. 
Mama Hatyn takmynan 1169-1170-nji ýyllar töweregi dünýä inipdir. Kakasynyň söýgüli gyzy bolansoň, Mälik Muhammet aradan çykan badyna emirligi öz eline alypdyr. Onuň dolandyran ýyllarynda Saltyklar begligi türkmenleriň Yrakdaky seljuk döwleti, Rumdaky seljuk döwleti, Häzirbegjandaky Ildeňizler atabegligi, Erzinjandaky Meňgüýçliler begligi we ýene-de birnäçe türkmen döwletleri bilen araçäkleşýärdi. Muňa garamazdan, Mama Hatyn bu türkmen döwletleriniň hemmesi bilen hoşniýetli gatnaşyklary etmäge çalyşypdyr. Ol aýratyn hem türkmenleriň Müsürdäki Eýýubiler döwleti bilen gowy gatnaşyklary ýola goýupdyr. Meşhur Eýýuby hökümdary Soltan Salaheddin, ol aradan çykandan soň bolsa, onuň inisi Mälik Adyl bilen doganlyk gatnaşyklaryny saklapdyr. Öňler Saltyklar begligi türkmenleriň Yrakdaky seljuk döwletiniň ýapjasy hasap edilýärdi. 
Mama Hatynyň begligi dolandyryp başlan ýyllary Seljuk döwletinde häkimiýet ugrunda göreşler dowam edýärdi. Soltanyň atabegleri bolan Ildeňizler iň soňky Yrakly seljuk soltany Togrulyň elinden häkimiýetini aljak bolýardylar. Içki oňşuksyzlyklaryň netijesinde Yrakdaky seljuk döwleti 1194-nji ýylda ýykyldy, Ildeňizler atabegligi bolsa gowşady.  Bu oňşuksyzlykdan Merkezi Aziýanyň hökümdary, Köneürgenç türkmen döwletiniň patyşasy Tekeş peýdalandy. Tekeş birnäçe ýylyň dowamynda Eýrany, Yragy we Häzirbegjany özüne tabyn etdi. Emma köneürgençli soltanyň Kiçi Aziýa tarap gitmändigi üçin ol ýerlerdäki türkmen döwletleri öz garaşsyzlyklaryny saklap galdylar. 
Bu wakalar Saltyklar begliginiň häkimiýetini berkitdi we emir Mama Hatyna özbaşdak içeri hem-de daşary syýasat ýöretmäge mümkinçilik berdi. Emirligiň esasyny emele getirýän Erzurum şäheri we welaýaty Mama Hatynyň dolandyran ýyllarynda gülläp ösüpdir, oba hojalygy, senetçilik we söwda giňäpdir. Emirligiň merkezi Erzurumyň üstünden halkara söwda ýollary geçýärdi. Merwden gaýdýan kerwenler Maşadyň, Reýiň we Töwrüziň üstünden geçip, Erzuruma gelýärdiler we ondan hem aňyrlygyna dürli taraplara – Kiçi Aziýa, Siriýa, Yraga we Gürjüstana tarap gidýärdiler. Söwdanyň ösmegi we giňemegi Erzurumyň ähmiýetini artdyrypdyr. Şonuň üçin hem XII asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrlarynda Mama Hatyn şäherde uly kerwensaraý gurdurypdyr. Häzirki döwürde ençeme asyrlap dürli ýurtlaryň söwdagärlerini penalan bu kerwensaraýyň harabalyklary saklanyp galypdyr. 
Saltyklar begligi sebitde ýerleşýän güýçli türkmen döwletleriniň biri bolupdyr. Mama Hatyn daşky çozuşlara sezewar edilýän goňşylaryna kömek hem edýär eken. Bu barada Ymadeddin Yspyhanyda şeýle maglumat saklanyp galypdyr: «Haçan-da şehinşahyň ogly Takyeddin Omar Malazgirdi gabanda… Saltygyň gyzy Mama Hatynyň baştutanlygynda Arzen ar-Rumyň goşunlary kömege geldi». 1191-nji ýylda bolup geçen bu wakada  Mama Hatynyň hut özi malazgirtlilere kömege gelipdir we duşman derbi-dagyn edilipdir. 
Emirlik edip başlan wagtlary Mama Hatyn 20-21 ýaşlarynda eken. Şonuň üçin hem 30 ýaşyna ýetende ol durmuşa çykmagy ýüregine düwýär. Ibn Wasiliň ýazmagyna görä, Mama Hatyn soltan Salaheddiniň inisi, Müsüriň we Siriýanyň hökümdary Mälik Adyl Eýyubiden özüne mynasyp ýanýoldaş tapyp bermegini haýyş edipdir. Mama Hatyn Mälik Adyla, eger-de, ýigit göwnüne ýarasa, häkimiýetini hem şoňa berjekdigini aýdypdyr. Müsürli soltan bu gürrüňi Nablusyň (Palestina) emiri Fariseddine aýdyp beripdir. Palestinaly türkmen emiri Mama Hatynyň şahsyýeti bilen haýal etmän gyzyklanypdyr. Gynançly ýeri, Fariseddin gijä galypdyr. 1201-nji ýylda garşydaşlary Mama Hatynyň elinden häkimiýetini alypdyrlar, özüni bolsa öý tussaglygynda saklapdyrlar. 
Mama Hatynyň elinden häkimiýetini alanlar hem emirligi uzak dolandyran däl bolara çemeli. Sebäbi XIII asyryň arap ýazary Ibn Bibiniň şaýatlyk etmegine görä, 1201-nji ýylyň ahyrlarynda Saltyklar begligi Rumyň seljuk soltany  Rukneddin Süleýman ibn Gylyç Arslan tarapyndan eýelenilýär. Rumly türkmen soltany begligi öz inisi Mugyseddin Togrul şa mülk edip berýär. Bu wakalary Ibn Bibi gysgaça «Rukneddin Süleýman Arzen ar-Rumy eýeledi we onuň hökümdary Mälik şa ibn Muhammet ibn Saltygy tussag etdi» diýip beýan edýär.
Mälik şanyň tussag edilmegi we Erzurumyň Mugyseddin Togrula mülk edilip berilmegi bilen Saltyklar begligi ýitmändir. 1225-nji ýylda Mugyseddin Togrulyň aradan çykmagy bilen Saltyklar begligi ýene-de dikeldilipdir. Sebäbi biziň aýdanlarymyzy tassyklaýan taryhy ýazgylar saklanyp galypdyr. Saltyklar neslinden bolan emirler begligiň uly şäherleriniň biri bolan Mižinkert galasyny gurupdyrlar. Galanyň diwarynda ýadygärlik ýazgysy oturdylyp, onda şeýle maglumatlar saklanyp galypdyr: «Bu bagtyýar gala biziň jenabymyz, emir, göreşiji, topalaňçylary we bozgaklary ýeňiji, dinsizleri we köphudaýlylary ýogediji, ezilenleriň arkadagy, gazylaryň buýsanjy, diniň diregi, Rum, Ermenistan, Diýarbekir we Diýarrabiýa ýurtlarynyň hökümdary, Eýranyň we Turanyň Pälwany, Mekge - Medinäniň we Hajyň bezegi Abu Mansur Argun Basat şa ibn [Mälik] Muhammet ibn [Izzeddin]Saltyk ibn [Diýaeddin]Aly ibn Abulkasym [Saltyk] tarapyndan guruldy. 1233-nji ýyl». 
Bu döwürler Mama Hatyn Erzurumdan 100 km daşlykdaky Terjanda öý tussaglygynda ýaşaýardy. Oňa uzak ömür sürmek miýesser edipdir. Türkmeniň hökümdar gyzy Mama Hatyn 1246-1247-nji ýyllar töweregi aradan çykypdyr. Sebäbi ölenden soň 1247-nji ýylda onuň guburynyň üstünde ajaýyp aramgäh gurlupdyr. Aramgähiň golaýynda soňra Mama Hatyn obasy emele gelipdir. 
Mama Hatyn aramgähi 1917-nji ýýlda Gündogar Anadolynyň taryhy ýadygärliklerini öwrenip ýören alym I.Orbeli tarapyndan ýüze çykarylypdyr. I.Orbeli ýadygärligiň ýüzündäki ýazgylaryň suratyny alypdyr, L.Işhanow bolsa elde aramgähiň suratyny çekipdir. Bu suratlar köp ýyllaryň dowamynda Russiýa YA-nyň Sankt-Peterburg bölüminiň arheologiýa institutynda saklanypdyr. Şol suratlardaky ýazgylar we ýadygärligiň özi soňra alymlar S. K. Ýetkin, A. A.  Haçatrýan we P. Pabujýan ýaly alymlar tarapyndan öwrenilipdir. P. Pabujýan «Terjandaky «Mama Hatyn» aramgähi yslam binagärçiliginde başga bir nusgasy bolmadyk ýeke-täk ýadygärlikdir» diýip, onuň ähmiýetine we gurluş aýratynlygyna ýokary baha berýär. Türk taryhçysy S. K. Ýetkin bolsa «Mama Hatyn aramgähi ýaly başga bir ymarat Anadolyda-da, musulman ýurtlarynda-da gabat gelmeýär» diýip belleýär.
 Uzakdan seredeniňde howlynyň üstünden aramgähiň sekiz sany tolkunyny  bir nokatda birleşdirýän çüňkli üçegi howalanyp görünýär. Bu görnüş howlyny we aramgähi bitewi bir binagärçilik toplumy ýaly edip görkezýär. Hakykat ýüzünde olaryň her biri özboluşly we aýratyn, ýöne şunuň bilen birlikde, ol umumy bir binagärçilik çözgütlerini özünde jemleýän we bir maksada gönükdirilen bitewi ymaratçylyk toplumydyr
Mama Hatyn aramgähini emele getirýän ýapyk howly we onuň ortarasyndaky bina bitewi ymaratçylyk toplumydyr. Aramgäh içinden ölçenende diýametri 13,5 m barabar bolan daşy tekiz edilip daşdan örülen ýapyk howlyda ýerleşýär. Daş ýuzünden tapawutlylykda, howlynyň iç ýüzi, diwaryň içine oýulyp edilen petikli ýarym küňreler bilen aýlanypdyr. Howlyda şeýle petikli küňreleriň 11 sanysy bardyr. Şol küňreleriň käbirinde giçkiräk döwre degişli birnäçe guburlar hem bar. Howly sünnälenip ýonylan ýerli gurluşyk çig maly bolan dag daşlaryndan gurlupdyr. 
Howlyny howly edýän we ony ajaýyp binagärçilik nusgasy hökmünde göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän ymaratçylyk bölegi – onuň içine girilýän bezegli küňresidir. Küňre gözel nagyşlar we nagyş şekilli arap haty bilen owadan bezelipdir. Aramgähe barmaga baş girelge bolup hyzmat edýän küňräniň iki tarapynda biri-birini gaýtalaýan we diwaryň daş ýüzünden onuň içine oýulyp edilen gyralary nagyşly petikli ýarym küňreler hem bu ymarata aýratyn görk berýär. Baş küňräniň we onuň iki tarapyndaky goşa ýarym küňräniň daşyndaky ýazgylarda mukaddes Gurhandan alnan süreler ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bar bolan ýazgylar bu binanyň 1247-nji ýylda ahlatly ussa al-Hylaty tarapyndan bina edilendigine şaýatlyk edýär. 
Howlynyň ortarasynda ýerleşýän aramgäh özünde täsin binagärçilik çözgütlerini jemleýän özboluşly ymaratdyr. Aramgähiň geň galdyrýan aýratynlygy, onuň ymarat hökmünde üç bölege bölünip (seki (fundament), diwar, üçek), her bir böleginiň bolsa «sekizliklerden» (sekizburçly seki, sekiz tolkunly diwar, sekiztolkunly çüňkli üçek) durýanlygyndadyr. 
Aramgäh sekizburçly «fundamentiň» – sekiniň üstünde gurlup, onuň Türkmenistanda Oguz han eýýamynyň ahyrlarynda ýüze çykan we giň ýaýran ymaratçylyk  «stili» – ülňüsi bolan  «gofr»(tolkun) diýilip atlandyrylýan sekiz tolkunly diwarlary bardyr. Aramgähi bina hökmünde tamamlaýan çüňkli çatma şekilli üçegi has hem üýtgeşik. Orta we Ýakyn Gündogaryň binagärçilik sungatyny öwreniji alym L.S. Bretaniskiý ýadygärligiň üçeginiň gurluşynyň Günbatar Ýewropanyň ymaratçylyk «stilleriniň» – ülňüleriniň biri bolan «got» ülňüsi bilen umumylygynyň bardygyny belleýär we öz döwründe bu gurluşyk ülňüsiniň Gündogarda we Günbatarda binagärçilik tilsimleriniň ösüş ugurlarynyň belli bir derejede kybapdaş gelýändigini görkezýär.. 
Binagärçilik aýratynlyklaryndan başga-da, aramgähiň gurluşynyň çuňňur ruhy-ahlak many-mazmuny-da bardyr. Ähli bina edilen desgalar, ulanylan ymaratçylyk usullarydyr ülňüleri, aramgähiň ýarym ýerzemininde baky ukyda ýatan türkmen gyzy Mama Hatynyň guburyny «ýaman gözden gizlemäge» gönükdirilipdir. Aslyýetinde zenan maşgalasyny jaýlamak däbi türkmenlerde belli bir derejede tapawut edýär. Bu ýerde-de şol däpleriň yzlary görnüp dur. Merhum gyzyň guburyny aramgäh, aramgähi bolsa ýapyk howly «gorap dur». 
Göwnüňe bolmasa, şeýle täsin binagärçilik çözgütleri  özünde jemleýän bu aramgäh, hakykatdan hem türkmeniň beg neslinden bolan hökümdar gyzynyň – Mama Hatynyň päkize we pynhan ruhuny ýalançy dünýäniň gep-gybatlaryndan we ýaman gözlerinden gorap duran ýaly.

Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 50 | Добавил: Has | Теги: Jumadurdy Annaorazow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: