23:41
Mähremlik / hekaýa

MÄHREMLIK

Ýanýoldaşym Seýrany şypahana ugradyp, özümem öýde dynç almak isledim. Ýöne agtyklarymyň goh-galmagaly, baharyň hoştap howasy meni öýde uzak oturtmady. Gün guşluga galandan, obamyzyň ileri ýakasyny jähekläp oturan baýyrlara tarap ugradym. Göm-gök  baýyrlaryň owadanlygyny söz bilen beýan eder ýaly däldi.  Giň gollaryň güzeý tarapy gyrmyzy halyny ýatlatsa,  beýleki tarapy gelin-gyzlaryň ürç edinip daňynýan sary öýmesi ýalydy. Gül-gülälekleri ynjytmajak bolup, ýuwaşjadan aýak ýalaň ýöräp ugranymdan  tutuş durkum  bilen topragyň mährine eýlenen ýaly boldum. Başardygymdan bu pursaty uzaldyp, şol bir duýgynyň lezzetinden ganmak isledim. Gitdigiçe  şol mähir meni ezizläp başlady. Usullyk bilen töweregiň ümsümligine diň saldym.   Edil şu pursat goja zeminiň gursagyny ýaryp çykýan şirin owazyň mährem ejemiň hüwdüsine juda çalymdaşdygyny syzdym. Çagalykda beýnimde galan mukam bilen hut şu pursat  sähranyň ümsümligini bozan owazyň şol bir mähirden dörändigini seljermek maňa kyn düşmedi.  Çünki olaryň ikisi-de ene hüwdüsidi. Mährem ene hem ene toprak. Bularyň ikisiniň hüwdüsem  öz perzendini ezizleýär. Olary biri-birinden aýra saýmak asla mümkin däl. Ene öz balasyny ýokdan bar edýän bolsa, toprak onuň galan ömrüni bezeýär. 
   Alabaharda ak baýyrlaryň gül-gunçaly gerişlerinde täk özüň gezip ýörkäň,  zeminiň ýüreginden syzlyp çykýan owazyň  mährem enemiň mylaýym hüwdüsi bolup kalba dolýanlygy hem belki, şonuň üçindir. Şol owazyň  ýüregime  ýagtylyk berýändigini badabat duýdum. Ýöne  göwnüme bolmasa, şol ýagtylyk nähilidir bir syry saklaýan ýaly göründi. Onsoň bahar ýagyşlarynyň göwünleri ýuwup bilýandigini haýalyma getirdim-de,  ýap-ýaňyja ýaprak ýaýan gülälekleriň adaja şemala yrgyn atyşyny  synladym. Olar bu dünýäniň gözelligine şaýatdyklaryny duýýan mysaly perlerinde bulduraşýan ak damjalary gaçyrmajak bolýardylar. Çym-gyzyl perlerden ýuwaşlyk bilen aşaklygyna syrygýan ak damjalar belent dagyň göwsüni ýaryp çykýan çeşmelere öýkünýän ýalydy. Damaýyn-damaýyn diýip, dammaga het edip bilmän duruşlary olary juda owadan  görkezýardi.  
     Şol pursatda  bahar ýagyşlarynyň ter güllere ömür berýänligi kalbymda dörän hälki gizlinligiň üstüni açdy oturyberdi. Dünýäniň düýbiniň suw bilen toprakdadygyny duýduran bu ýagtylyk dünýä, durmuşa, giň jahana söýgi bilen utgaşyp, gözümi gamaşdyrdy. Onsoň ýüregim özi üçin mähriban ýerdedigini duýup, gursagymdan çykjak bolup urnup başlady. Ana, şonda men kalbymda dörän näzik duýgudan, onuň ezizliginden hem-de  bu sähranyň gözelliginden, ak baýyrlaryň adaja şemalyndan ara açdym-da ýene sen hakdaky şol birwagtky  pikirlere dolandym. Bu näme üçin beýle bolduka? Men näme üçin kalbyma şirinlik beren duýgularymy bir tarapa serpip, sen baradaky oýlara berildimkäm? Belki, bü dünýäniň düýbi söýgide diýilýän pikiriň meň kalbymda ýüze çykmasydyr. Munuň  baharyň ak çabgasyna ýuwulan dünýämiň mahmal bägülleriniň ysynyň huşumy bulaşdyranlygyndan bolmagy hem ahmal. Sebäp edil ýaşlykda bolşy ýaly, meň üçin  şuş-şu mahalam  tutuş älemde  diňe bahar höküm sürýärdi. Şeýle baharlary kalbymda baky galdyrmak üçin  şu pursat ähli zada taýýardym. Ýöne wagt diýen närsa erk edip, ýa ony yzyna gaýtaryp bolmaýandygynam bilýardim. Onsoň hut şu pursatda, alabaharda wagt   özüniň ýaşlygyna dolannmak isleýändir diýen pikir kalbyma doldy. Çünki baharlar joş uranda ynsan kalbynda döreýän  ýütgeşik duýgynyň wagta hem erk edýän bolaýmagy ahmal. Sebäp meniň özüm-ä hut şu pursat şol birmahalky geçip giden ýaşlygyma dolandym... 
      ...Ynha, biz  Seýran bilen ak gülleriň arasyndan  egin deňäp barýarys. Gülleriň ýakymly  ysy beýniňe dolup, bihuş edip barýar. Men gülleri basgylamajak bolup, usullyk bilen ädimläp barşyma Seýrana gysmyljyradym.  Bu hereketimden özüçe many çykaran Seýran badabat meni gujagyna gysmakçy boldy. Men bir bökenimde hol beýläk düşdüm.
-    Näme boz jeren ýaly bökjekleýäň. Adyň Owlak bolanda näme?
-    Wiý, sen asyl şu çaka çenli meniň jereniň balasydygymy bileňokmydyň?
-    Oýun etmesene, gel ýanyma, dol gujagyma.
-    Gep oýnatma. Gel diýeniň bilen geljek adam ýok bärde.
-    Sen näme meni söýeňokmy?
-    Söýýän.
-    Onda näme?
-    Söýýän diýip, boýnuňa bökübermeli däldir ahyry.
-    Ýaşlyk, Owlagym, ýaşlyk. Ol hä diýmänkäk, duşumyzdan geçer gider. Häzir şu pursat, şu döwür biziňki. Soň giç bolar. Şoň üçinem şu çak göwünde arman goýmajak bolmaly. 
-    Toýa çenli tagappyl et. Onsoň men seniňki, sen meniňki. 
-    Gaty görme, Owlajygym,  bahar  ýüregim-ä däl,  bagrymy dilip barýar. Onuň joşuna jahyl kalbym çydamajak bolýar. Onda-da sen ýanymdakaň.
-     Haý-haý, oglan, duraweri. 
 Şol pursat dilim  Seýrana “duraweri” diýse-de, ýüregim tarsyldap, özüni onuň  gujagyna atasy gelip, ýarylyp  barýardy. Ýöne gyzlyk buýsanjym şol  bogazymy kesip barýan hyjuwdan rüstem geldi...
      Ak bahar, gülälekli, jümüjümeli baýyrlar maňa şol birmahalky hyjuwy ýene gaýtaryp berdi.  Indi  söýgimi uýanlamadym-da, hyýalymda özümi ulugyz, Seýrany hem ýaş ýigit saýyp, onuň gujagyna doldum. Şonda  ýüregim ýerinden gozganan ýaly boldy. Ençeme ýyllap bir ojakdan örsegem  türkmeniň  salyhatlylygyna sarpa goýýan Seýranyň bu gezekki ak baýyrlardaky bolşy meni haýran etdi. Ol hyjywyny gaýtarman, meni bagryna basdy. Men hyýalymda  az salymlyk bolsa-da, bagtyň çürbaşyna çykdym. Söýginiň şirin- şerbetinden gandym...
  Meniň bagtdan püre-pür dünýämiň rahatlygyny el telefonyň sesi bozdy. Til kakýanyň Seýrandygyny bilip, geň galdym. Gideni ýaňy, eýýäm jaň edýär. Onuň sesi tutuksy çykdy. Ol   şypahanada durarynyň ýokdugyny, asla rahatlyk tapyp bilmeýändigininden zeýrendi. Men süýji hyýallardan saýlanyp, oňa sabyrly bolmagy ündedim. Ony rahatlandyrdymmykam öýdüp, ýene-de  ak baharyň gaýdyp beren ýaşlygyna dolandym. Hyýalymda bolsa-da onuň lezzetinden ganmagy ýüregime düwdüm. Ýöne ýene-de telefon jaňy  meniň süýji hyýallarymyň arasyny kesdi.
  -Alo, keýwany, men-ä bu ýerde karar tapýan däldirin. Ýa sen gel şypahana, ýa-da men yzyma dolanýan. 
 -Diýýäniň näme seniň, goja,  baranyňa görä bejergiňi al, özüňe seretdir. Öý hemişe-de tapdyrar.
-Öýüň gaçyp gitmejegi belli-le weli,  takadym ýok, sensiz.
- Goýaweri, diýýäniň näme? Bu ýaşdan soň beý diýseň, il näme diýer?
- Il bilen işim ýok, keýwany.  Ýadyňa sal, şu çaka çenli biz ýeke günem aýra ýaşamadyk. Häzir ýüregimiň tebil tapmasy hem şondan bolaýmasa.
-Bahar howasy saňa-da täsir edipdir öýdýän. Ýa-da gojalyp ýörmüň sen.  Ýürek gysma saňa gelişjek zat däldir-ä. Islegiňe erk edip bilýaň ahyry sen. Men aýal maşgala bolamsoň, ýürek başgaça urýan bolaýmasa. Sensiz meňem ýüregim gysyp duransoň, açyk howadan dem alaýyn diýip, şo-ol birmahalky jümjümeli meýdana çykdym.  Gülälekli  gollar maňa-da hut şu pursat  ýaşlygymyzy ýatlatdy.  
- Ah, ol günlermi? Geçeni ýatlap, şol günlere dolanmak baharlara mahsus häsiýet öýdýän. Belki, meniň ýüregimem şoň üçin gozgalaň tapýandyr. Şypahananyň howlusam edil gülülekli bahar ýaly owadan. Edil jennetiň barda. Dogrymy aýtsam, taýymdan tazygan  ýaly bolup ýörşüme şo-da gözüme görnenok. Goja  ýürek birhili elewräp dur.  
     -Goja, indiden soň, birek-bireksiz  ýaşamak kyn diýsek, aýyp bolaýmasa.
- Ýok, keýwany, biz indi gerek birek-birege. Çagalary seçip, durmuşyň hözirini ikiçäklikde indi  görmeli biz. Ýitgi ýüregi ýerinden gozgaýar diýýäler weli, aýralygam ondan pes däl eken.  Men oňa hut şu pursat göz ýetirdim.  
- Duraweri, goja, garry oýnasa, gaý turaýmasyn.
-  Nähili gaý turýan bolsa, görübereris. Ýöne men seni bilýän, senden aýyrmasyn.
 Seýranyň mährem sözleri gyzyl gülälekleriň perlerinde monjuk-monjuk bolup duran damjalaryň  çalajadan aşak syrygyp, onuň köküni suwaryşy ýaly,  meniňem kalbyma röwşenlik çaýdy... Gazygyňda goşa garramagyň hözirini bilýän türkmen üçin mundan artyk bagt bolup bimez bu jahanda. Muny dünýäniň özi ýaly gojalar has anyk duýýar, şeýle dälmi, Seýran! 
                                                 
Ogulgerek Ussaýewa.   

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 16 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: