18:22
Mähirli ýylgyryş / hekaýa

MÄHIRLI ÝYLGYRYŞ

Gün gijöýläne agypdy. Günüň günortanky howry gaýdyşyp, howa kem-kem salkynlap ugrapdy. Kasym hem mele atyny idip, gözbaşyny goja daglardan alyp gaýdýan çeşmäniň boýuna geldi. Kasym bu günem uzakly gün türgenleşikde bolsa-da, endamynda o diýen argynlyk duýlanokdy. Çünki Kasym 20 ýaşly, kalby arzuw-hyýaldan doly juwan ýigitdi. Şol sebäpli-de oňa ýadawlyk, ýorgunlyk diýen zat ýatdy. Üstesine-de, her gün ikindinaralar bu çeşmäniň başyna Kasymyň kalbynyň aramy, söwer ýary Aýsuluw gyz öz boýdaşy Mahpeýker gyz bilen suw almaga gelýärdi. Şu ýerde, on gün mundan ozal, günüň şu çagynda Kasym bu iki gyza duşupdy. Kasym çeşmäniň bärisinde, Aýsuluw gyz çeşmäniň aňyrsynda, dideler bolsa çeşmäniň edil ortarasynda duşuşyp, sessiz söhbetleşipdiler. Boýdaşy Mahpeýkeriň; “Ýörsen-e a gyz, näme doňňara daş ýaly bolup dursuň” diýip ýeňinden çekmesine Aýsuluw özüne gelipdi. Aýsuluw özüniň bolup durşuna öz ýanyndan utanyp, ýaňaklary bir enaýy gyzaryp gitdi. Soňra Kasyma aşaklyk bilen seredip, mähir bilen ýylgyrdy-da, boýdaşynyň yzyna eýerip, gelen ugruna baka gitdiler. Ana, şol gysga bir müddetlik sessiz söhbet we mähirli ýylgyryş bu juwan ýigidi özüne bendi etdi. Bu duşuşyk bolsa owalam ýüregi arzuw-hyýaldan püre-pür Kasymyň kalbyndaky arzuwlaryny goşalandyrdy. Kasym şondan soň çeşmäniň bal ýaly suwundan teşneligini gandyryp, atyny hem suwa ýakyp yzyna dolandy. Kasym eýeriniň gaşynda bolsa-da hyýaly asman giňişliginde pel-pelleýärdi. Ýüregi heýjana gelýärdi. Ol
“Seni söýýän” diýen sada sözlerde,
Näçe duýgy, näçe akyl, many bar,
Mähir uçgunlaýan gara gözlerde,
Päk söýginiň şöhrady bar, şany bar.
Diýip, goşgy setirlerini zybanyna getirdi. Kasym indi birnäçe günden bäri gijelerine hem oňly uklap bilmeýärdi. Beýle ýagdaý, has dogrusy, Aýsuluw gyza çeşme boýunda ilkinji gezek sataşaly bäri başlanypdy. Öňler Kasym Bugra begiň ýolbaşçylygyndaky harby türgenleşikde ir ertirden, ikindä çenli türgenleşip, agşamaralar nahar-şamyny iýip, atyna ot-suw berip, düşegine geçdigi uklaýardy. Ertesi bolsa täzeden doglan ýaly bolup, uly ruhubelentlik bilen, Bugra begiň serkerdelik edýän guuluk ýerine gidýärdi. Bu gunler bolsa Kasym durmuşyň lezzetini duýup ugran ýaly boldy. Uzakly gün aýak üstünde gezse-de agşam düşegine geçibem wagty bilen gözüne uky gelmeýärdi. Bir eýläk, bir beýläk agdarylyp, arzuwlar ummanynda gulaçlap ýüzýärdi. Arzuwynyň esasy özeninde bolsa, elbetde, perisypat Aýsuluw gyz bardy. Soňky günlerde Kasymyň hyýallarynda Aýsuluw gyz eriş-argaç bolupdy. Aýsuluw gyz obanyň orta gürpünde ýaşaýan Ybraýym mirabyň uly gyzydy. Ybraýym mirap il içinde sylaglanýan, ulynyň kiçiniň hormatlaýan, gepi-sözi ýerlikli adamdy. Onuň çagalary terbiýeli we düşbüjedi. Uly gyzy Aýsuluw bolsa edep-ekramly, asylly, ýüzi on dördi gijäniň aýy ýaly nurly, ýüzi elmydama açykdy. Uzyn boýly, gara saçlary mar ýaly, zülpleri bolsa ak ýüzüne gelşik berýärdi. Ol sadadan agras, ýörände ýeriň gaýmagyny bozman ýöreýärdi. Mahlasy, Aýsuluw gyz türkmen gözellerine mahsus bolan üç ak, üç gara, üç ýogyn, üç inçe aýratnlyklaryny özünde jemleýän nowça gyzdy. Ine, Kasym hem şol peýkeriň hak aşygy boldy. Günleriň birinde Kasym Aýsuluw bilen pete-pet geldi. Aýsuluwyň aý jemalyna gözi düşen Kasym birbada aljyrady. Haýsydyr bir iş bilen çykan Aýsuluw hem beýle duşuşyga garaşmandy. Bada-bat özüni ele alan Kasym;
-Salam, Aýsuluw – diýip söhbete ýol açdy. Aýsuluwam ejap edip;
-Salam – diýip onuň salamyny aldy. Aýsuluw -utanjyndan ýüzüni kese sowanda, onuň ýüzüne gyrmyzy reňk çaýylan ýaly boldy.
-Gurgunmy, Aýsuluw, men, neme, saňa aýtmaly zadym bar. Biz harby türgenleşik geçýäris. Tizara rum goşunlary bilen söweş bolmaly. Biz şoňa taýýarlanýarys. Men arada çeşmäniň kenarynda saňa duşalym bäri, sabry-kararymy aldyň, gijeler düýşümde, gündizem huşumdasyň – diýip, sakanaklap, bir demde arzyny aýtdy. Kasym sözüni soňlaryna mähetdel Aýsuluw;
-Wi, bu oglany, bizi biri göräýmesin. Men gitmeli, men howlukmaç – diýip, Kasymy dikilgi duran gazyga öwrüp ýöräp ugrady. Kasymyň;
-Aýsuluw jan, meni örtemesen-e – diýip delmurup aýdan sözüne Aýsuluw yzyna öwrülip, mähirli ýylgyrdy-da, ädimlerini ýygjamlatdy. Aýsuluw gyzyň adyny kalbyna şygar edineni bäri, ikinji ýylgyryşa sezewar bolan Kasymyň aýagy ýeňläp, guş bolup uçup, türgenleşik geçýän ýerine tarap ugrady.
***
Umumy harby türgenleşigiň gidişine Bugra beg ýolbaşçylyk edýärdi. Bugra beg Seljukly döwletiniň hökümdary Soltan Alp-Arslanyň iň ýakyn egindeşleriniň biridi, ýagny goşun serkerdesidi. Ol Soltan Alp-Arslanyň ýolbaşçylygyndaky birnäçe söweşlerde özüniň edermenligi bilen tapawutlanypdy. Soltan Alp-Arslan hem Bugra bege çäksiz sarpa goýýardy. Ine, Kasym hem şol gujurly serkerdäniň elinde-de nöker bolup gulluk edýärdi. Kasym Bugra begiň goşunyna ilki nöker bolup gelen gününden özüniň çalasynlygy, duýgurlugy, batyrlygy bilen tanalyp ugrady. Ol gylyç işletmegi, galkan tutmagy, naýza we ok-ýaý atmagy gysga wagtyň içinde öwrendi. Kasym aýratynam at münmäge gaty ökdedi. Sebäbi Kasym öz obasynda meşhur Hasan seýisiň ogludy. Kasym çagalygyndan at münmäge werziş bolupdy. Ol öňler uly toýlarda at çapýardy. Kasymyň çapan aty hemişe baýrakly orun alýardy. Elbetde, Aýsuluw hem bu zatlaryň hemmesinden habarlydy. Kasymyň çalasynlygyna, işe ezberligine öz ýanyndan buýsanýardy. Ýöne Aýsuluwyň gyzlyk edebi Kasyma bolan duýgusyny daşyna çykarmaga rugsat edenokdy. Ony daşyna çykarmaga ejap edýärdi. Kasymyň kakasy Hasan aga bolsa indi Soltan Alp-Arslanyň athanasyndaky atlary seýisleýärdi. Bu gün bolsa harby türgenleşigiň iň soňky günüdi. Soňky taýýarlygy gözden geçirmäge Soltan Alp-Arslanyň hut özi gelmekçidi. Harby taýýarlygy synlandan soň, ol taýýarlykdan göwni hoş bolan Alp-Arslan özüniň ýakyn serkerdeleri bilen nökerleriň arasyna bardy. Sap-sap bolup duran goşun Alp-Arslana hormat bilen salam berdiler. Salamlaşykdan soň Soltan atynyň üzeňňisine galyp, nökerlere şeýle diýdi;
-Eziz goçaklarym. Siz taryhda boljak beýik öwrülişigiň öňüsyrasynda dursuňyz. Ine, şu baýyrlygyň aňry ýüzünde rum topraklary başlanýar. Biz batyr türkmen ýigitleri, bütin dünýä ýaýramalydyrys. Häzirki günde bolsa, mukaddes Watanymyz üçin, ata-baba dinimiz üçin rum kapyrlary bilen söweşe girmelidiris. Siziň her biriňiz ýeňşe bolan ynamy öz kalbyňyza beslän pursatyňyzda bolsa, hökman ýeňiş biziňki bolar. Ýigitlerim, size beýik ýeňşiň ýar bolmagyny arzuw edýärin! Alla bize medet bersin!
Soltan Alp-Arslanyň aýdan batly we ynamly aýdan sözlerine nökerleriň ruhlary göterildi. Olaryň beýik ýeňşe bolan hyjuwlaryny has hem artdyrdy.
***
Ahyry hem garaşylan gün gelip ýetdi. Soltanyň agyr goşuny Rum goşunlarynyň garşysyna açyk meýdana çykdy. Ýöne rum goşunlary Soltanyň goşunyndan tas üç esse diýen ýaly köpdi. Munuň şeýledigini aňan nökerleriň ýüregine howsala aralaşdy. Nökerleriň arasynda “Duşman bizden üç esse köp, olar bizi ýeňer” diýen gürrüňler döredi. Nätmeli?! Bugra beg munuň çözgüdini basym tapdy. Paýhasly serkerde Bgra beg nökerleriň arasyna baryp, şeýle diýdi;
-Ýigitler, görşümiz ýaly duşmanlar bizden köp. Ýöne biz ruhdan düşmeli däl, Alla bizlikdir. Şu ýerde bir teklibim bar. Elimde Seljukly teňňesi bar. Şonuň bilen bije atyp, söweşiň ykbalyny kesgitlejek. Men teňňäni ýokaryk oklajak. Eger, teňňäniň ýüz tarapy düşse, onda ýeňiş bizlik. Bardy-geldi, arka tarapyna düşse onda biziň ýeňildigimiz. Hemmäňiz razymy – diýende, ýerli-ýerden “Razy-da razy” diýen sesler geldi. Bu sesleri eşiden Bugra beg “ýa Alla” diýip şaýlygy ýokary oklady. Teňňe ýüz tarapyna düşdi. Muny gören nökerler; “Ýeňiş bizlik”, “Biz ýeňýäs, Alla bizlik” diýip begençli seslendiler. Şondan soň ruhlary belent, ýürekleri hyjuwly nökerler rumlulara garşy “Alla” diýip at goýdular. Şeýle bir söweş boldy. Seljuk esgerleri janlaryny orta goýup söweşdiler. Kasym hem öz ýoldaşlary bilen türgenleşikde öwrenen tilsimlerini söweşde ulanyp, duşman goşunyny parçaladylar. Seljuk esgerleriniň maksada okgunlylygy netijesinde bu söweşde seljuklylar uly ýeňiş gazandy. Esgerleriň ýüreginde ýeňşe bolan ynamy oýaran, esgerleriň öz Watanyna bolan çäksiz söýgüsi we pähimli serkerdäniň iki ýüzi hem meňzeşje teňňesidi.
***
Rum goşuny bilen bolan aldym-berdimli söweşde Kasym aýratyn tapawutlanypdy. Ýüreginde Watan söýgüsini, hyýalynda bolsa Aýsuluw gyzyň ýylgyryşyny, beslän Kasym bu söweşde mertligiň, edermenligiň nusgasyna öwürlipdi. Bu iki duýgy oňa güýç-kuwwat berýärdi. Bu gün Soltan Alp-Arslanyň ýörite buýrugy bilen ýeňiş mynasybetli toý dabarasy bolýardy. Ol toýa obanyň ulusy-kiçisi barýardy. Kasym toýa gitmänkä, ikindi çagy “Belleşilen ýere” çeşmäniň boýuna barmaga howlukdy. Kasym çeşmäniň boýunda sabyrsyzlyk bilen söwer ýaryna garaşýardy. Ine, zemine düşen aý ýaly bolup, ýeriň gaýmagyny bozman, çeşmäniň kenaryna golaýlap gelýärdi. Aýsuluw gyz kenara ýakynlaşdygyça Kasymyň ýürek urgusy çaltlanýardy. Aýsuluw çeşmeden suw alýança Kasym garaşdy. Soňra;
-Gurgunmy, Aýsuluw. Biz söweşde ýeňdik – diýip ýuwduna-ýuwduna zordan aýtdy. Aýsuluw hem;
-Ýeňşiň bilen bilen gutlaýan, oglan. Söweşde edermenlik görkezipsiň – diýip, ol utanjyna ýüzüni kese sowdy. Kasym;
-Men, neme, Aýsuluw. Biz ýeňiş toýuny edýäris. Goý, ýeňiş toýunyň yzy gelin toýuna öwrülsin. Atam-enem siziňkä sawçylyga barmakçy – diýdi. Bu sözleri eşiden Aýsuluw ýene-de mähirli ýylgyrdy-da, suwly küýzesini egnine goýup, arany açdy. Aýsuluwyň üçünji mähirli ýylgyryşyna özüçe düşünen Kasym nirä barýandygyny-da unudyp, öz öýlerine ýetmäge howlukdy.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 194 | Добавил: Igdir | Теги: Gurbandurdy Baýmedow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Okap baha beriň elbetde, tankydy bilen biggrin

0
2  
Bolýa dialogy aňladýan defisleri goýuşdyrdym nesip bolsa dowamly bolar :-)

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: