09:23
Magtymgulynyñ şygryýetinde "Garaşsyz döwlet" meselesi

MAGTYMGULYNYÑ ŞYGRYÝETINDE "GARAŞSYZ DÖWLET" MESELESI

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döwri barada şu çaka çenli gürrüň edýän taryhçylaryň, edebiýaty öwrenijileriň, syýahatçylaryň, filosoflaryň ählisi-de bir meseläni, ýagny Magtymgulynyň döwründe türkmen ilinde, Türkmenistanda bitewi  döwletiň bolmandygy baradaky meseläni dogry gozgaýarlar. Bu barada wenger alymy A.Wamberi şeýle ýatlapdyr: ”Olar (türkmen taýpalary) ylalaşdyryp bolmajak derejede we mydama duşmançylykda ýaşaýardylar…” – diýip, soňra "Eýran döwleti munuň üçin türkmenlere minnetdar bolmalydyr“– diýip bellese, akademik G.O.Çaryýew gecen asyryň başlarynda ýazan „Magtymguly“ atly saldamly işinde: “Ol döwürde türkmen halkynyň öz merkezleşdirilen  döwleti bolmandyr... Şol zamanlarda Eýran şalygy, Hywa hanlygy, Buhara emirligi Türkmenistanyň goňşulary bolupdyrlar. Olar türkmen halkynyň üstüne üznüksiz çozup durupdyrlar we ony rehimsiz talap gelipdirler... Magtymguly halkara we içerki taýdan ine, şeýle çylşyrymly ýagdaýda ýaşapdyr we döredipdir“- diýip, belleýär. Biz bu barada  türkmen, rus we beýleki dünýä  belli alymlaryň, syýahatçylaryň, alymlarynyň aýdan pikirlerine-de salgylanyp bileris. Ýöne olaryň ählisiniň bu barada aýdýan pikiriniň astynda bir hakykatyň - şol döwürde türkmenleriň merkezleşdirilen bitewi döwletiniň, bolmanlygy, onuň gün-güzeranynyň hemişe talaň astynda bolup, iýeniniň awy, içeniniň zäher bolandygy baradaky hakykatyň ýatanlygydyr...
Şeýle-de bolsa, şol wagtky türkmenleriň - şahyrlaryň, ahun-pirleriň, han-begleriň arasynda bitewi, merkezleşdirilen döwletli bolmak, bir döwlete gulluk etmek, bir başa gulak asyp, onuň pikir-parasady bilen döwleti, gün-güzerany dolandyrmak, watany, halky  goramak meselesi, barada halkyň arasynda düýpli pikirler dowam edipdir.
Bu meselede beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň kakasy, mugallymy, ussat halypasy, zamanasynyň akyldar piri hasaplanylan Döwletmämmet Azady has öňe saýlanypdyr. Ol özüniň „Wagzy-Azat“ eseriniň:

Baby owwal patyşalar waspyny, 
Ýary berse  wasp eder rebbi gany“—

- diýip başlaýan birinji babyny tutuşlygyna "Patyşa we halk" diýilýän meselä bagyşlapdyr. Ol bu bapda heniz ýok, entek-entekler boljagy-da nägümana bolan türkmen patyşasy barada söz açyp:

Patyşasy bolmasa her ülkäniň,
Bolmaz imiş haýry - yhsany  anyň. -
 
-diýip, Gündogaryň akyldar şahyry Alyşir Nowaýynyň "Hamsasynyň" birinji poemasy bolan „Haýrat-al ebrardan“ („Howsalaly takwalykdan“)  täsirlenip, ýazýar. 
Dogrudan hem, dagynyklygyň, baş-başdaklygyň, “ylalaşdyryp bolmajak derejede   we mydama duşmançylygyň” (A.Wamberi)  zulmatly zamanynda türkmen patyşasy barada eser döretmegiň bu günki gün juda geň bolup görünmegi mümkindir. Sebäbi bu barada Döwletmämmet Azadynyň döredijiligini öwrenen alymlar bu ýagdaýy  „Gögermedik ýowşanyň içindäki dogmadyk towşan baradaky eser„ diýip hem atlandyrypdyrlar.
Ýöne bu ýerde başga bir gep bar. Döwletmämmet Azadynyň weliligi: birinjiden, türkmenlere mundan artyk beýle baş-başdaklykda ýaşap bolmajagyny duýdurmak bolsa; ikinjiden, dowam edýän jebri-jepaly durmuşa onuň berk protesidir, üçünjiden,  beýik piriň türkmeni bir döwlete jemläp biljek merdana ogla garaşanlygyndan nyşandyr: dördünjiden, onuň adyl-adalatly, merdana bir ogluň türkmeniň başyna göwlet guşy bolup gonjakdygyna jan-jigerinden ynananlygyndandyr!..
Her näçe gynançly, hasratly bolsa-da, türkmeniň beýik piri Döwletmämmet Azada  özüniň „Wagzy-Azat“ eserinde göwün beslän adalatly, paýhas-parasatly, halkynyň depesine döwlet guşy bolup gonan dana patyşany görmek bagty miýesser bolmandyr. Oňa derek ähli patyşalaryň „patyşasy“,  dünýä akyldarlarynyň almaz täji bolan Magtymguly Pyragy: “Ylym beren  ussat käbe-pederiniň“  umytlaryny köýdürmän, türkmeniň depesine bagt guşy bolup gonupdyr.  
Magtymguly Pyragy bu ugurda öz kakasynyň  patyşaly halk baradaky pikirini gös-göni dowam etdiripdir, ony has täze, aklyňy haýran edýän pelsepeler bilen, halk durmuşyna has ýakyn görnüşde ösdüripdir diýip, çekinmän aýtmak bolar.
Şu güne çenli Beýik akyldaryň şygyrýeti öwrenilende, öňden dowam edýän däplere eýerilip, Magtymgulynyň her bir şygryna aýry-aýrylykda baha berlip gelindi. Şeýle bolansoň, käte, elimizi ýüregimiziň üstüne goýup, beýik danalygyň çur başyna çykan akyldaryň tutuş şygyrýeti haýsydyr bir pikir, maksat ulgamlaryna, pikir bitewiligine bagly bolaýmasyn diýip oýlanmagymyz hem gerekmikä diýip, pikir edeniňi duýman galýarsyň.
Ine, şeýle pähim bilen beýik akyldar  Magtymguly-Pyragynyň şygyrýet älemine nazar aýlanyňda başga-başga ulgamlaryň  ýaýylyp ýatandygyna göz ýetirmek bolýar.   Beýik akyldaryň şygyrýetindäki şeýle  ulgamlaryň biri, biziň pikirimizçe, Garaşsyz, erkana döwlet meselesidir.
Garaşsyz, merkezleşdirilen bitewi, erkana döwlet meselesi türkmen halkynyň şol döwürde ýaşan her bir raýatyny derde goýan iň bir wawwaly, ynjykdan alaçsyz meseleleriň biri bolupdyr. 
Türkmen halky agzalalygyň, bir agza garamazlygyň, dagynyklygyň, diýdimzorluguň sütemini her gün diýen ýaly çekip gelipdir. Kyn gün-güzeranyň üstesine ýomutlaryň gökleň taýpasynyň üstüne çozmagy, tekeleriň ýemreli-garadaşlylaryň oturymly ýurduna göz dikmagi, gökleňleriň oturymly ýerini taşlap başga bir ýerlerden mekan gözläp ýörmegi, ýomut taýpalarynyň üstüne gazak-galmyk taýpalarynyň günde-günaşa diýen ýaly dökülip durmagy, çap-ha-çaplyk, agy-pygan, zulum-sütem, onuň has beteri, daşardan, goňşy ýurtlaryň agyr goşun bilen dökülip, halky ýagy-ýesir edip alyp gitmegi, agyr talaňçylyklar türkmenleriň etinden ötüp, süňňüne ýetipdir.
Türkmen halky „Alla yrak, ýer gaty“ diýilýän zamanadan halys bez-bez bolupdyr. Ýöne sen derdiňi, arzyňy kime aýdarsyň.
Ine, Magtymguly Pyragy şeýle zamananyň ogly bolup, ol öz halkynyň çekýän derdini   gözi bilen görüpdir. Onuň şygyrýetini okanyňda, beýik akyldaryň bitewi, erkana döwlet barada inçelik bilen oýlanandygyny görmek bolýar. 
Magtymguly öz pederi Döwletmämmet Azadynyň bir döwlet bolmak, patyşaly ýurtda ýaşamak barada welilik bilen aýdan pikir-parasadyna  bu ugurda özüne akyldarlyk göreldesi hökmünde ynanypdyr.
Bu uly dertler, bitewi döwlet, agzybirlik, erkinlik meselesi beýik akyldary biparh goýmadyk bolmaly. Munuň şeýle bolandygyny beýik akyldaryň:
„Türkmen binasy“ atly bir şygrynda aýdyň görmek bolýar. Beýik akyldar bu şygrynda öz döwri, umuman türkmen halky üçin mahsus bolmdyk täsin pikiri beýan edýär.   
      
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeniniň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budyr türkmen binasy.

Eýsem, bu bentde beýan edilýän pikir  nähilili  manyny  aňladypdyr?!
Magtymguly haýsy döwlet, haýsy” türkmen binasy” barada gürrüň etdikä?
Beýik akyldaryň şygyrýetine çuňňur aralaşanyňda, onuň  bitewi, merkezleşdirilen döwlet, “sarsmaz bina” barada täsin hyruja  eýe bolup, üýtgeşik ylhama gaplanýandygyny duýmak bolýar. Şondan çen tutanyňda, beýik akyldaryň bitewi döwlet barada oýlana-oýlana, pikir-hyýalynda, keremli şygyrýetinde  umyt-arzuwlary arkaly özüniň hyýaly bir garaşsyz, erkin döwletin barada pikir ýöredendigini aňmak  bolýar.
Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Magtymguly Pyragy baradaky makalalarynyň birinde: "Magtymguly bir göwne, bir döwre sygmaýar, ol ähli köňülleriň, ähli döwürleriň  şahyrydyr“ diýip, belleýär.
Hakykatdan hen Magtymguly Pyragy  bir köňle,  bir döwre sygmaýan şahyrdyr. Sebäbi ol özüniň parlak ylhamynyň keramatly güýji, ajaýyp şygyrýeti arkaly görlüp-eşidilmedik ruhy-filosofiki esaslary bolan ruhy-ahlak, ynsap, edep, aňyýet döwletini guran beýik akyldar bolupdyr.
Türkmen halky şol döwürde-de, has soň-soňlar dürli ýagdaýlarda, dürli döwürlerde öz  merkezleşdirilen döwletini guran mahaly hem, ol döwletler Magtymgulunyň umyt-arzuwlar bilen guran ruhy-ahlak döwletiniň dowamy bolupdyr.
Magtymguly Pyragy özüniň bu döwletiniň „türkmen binasynyň” polatdan bina edilendigini, ony Süleýman, Rüstem Zal, Jemşit ýaly dünýä azy uran şalaryň, hökümdarlaryň hem ýykardan ejizdigini buýsanç bilen  beýan edipdir.
Eýsen, Magtymguly Pyragynyň guran, “zeminiň myhy” bolup duran “Türkmen binasynyň” manysy we pelsepe ulgamlary nämelerden ybarat bolduka?!:
Birinjiden, Magtymguly özüniň ajaýyp şygyrýeti arkaly öz guran beýik ruhyýet döwletiniň nähili döwlet bolmalydygy  şeýle beýan edipdir:

Süleýman hem Rüstem Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,
Her salanda zülpükary, artar ýigidiň höwesi.

Teke ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörüşi, açylar gül lälesi.

Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde hilesi,
Hak sylaýyp salmyş nazar, bardyr onuň saýasy. —

- diýip, beýik akyldar: “Türkmen döwletiniň” güýjüni, maksadyny, oňa türkmeniň haýsy tire-taýpalaryň girýändigini anyk kesgitläpdir.
Ikinjiden, beýik akyldar özüniň bu ruhy-ahlak döwletinde ýaşamaly türkmenleriň din, yslam ýörelgelerini, ahlak, ynsap, durmuş, ýaşaýyş normalarynyň şeýle kesgitlemesini, ýagny:

1. Mert, gaýratly ýaşamaly;
Mertden aşna tutsaň abraýňa şärik…

2. Atly-ýaragly bolmaly;
Uýalmaz atly-gylyçly..

3. Watany, il-güni goramaly;
Namysly, gaýratly, arly goç ýigit,
Söweş güni gurban eder başyny..

4. Merde gulluk etmeli;
Gulatynyň saýasynda bolandan,
Bürgüt penjesinde ölen ýagşydyr…

5. Döwletli, hünärli bolmaly;
Müň söhbetden ýegdir bolsa bir hünär,
Bir hünärden zerre döwlet ýagşydyr…

6. Bir sözli, bir lebizli bolmaly;
Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň, 
Şereňňiz, köpdilli kethudalardan…

7. Sahy, sahawatly bolmaly;
Hak nazaryn salan bir serhoş ýigit,
Ynsan üçin sarp eýleýir aşyny.

8. Myhmanparaz bolmaly;
Mert çykar myhmana güler ýüz bilen…

9. Imanly bolmaly;
Magtymguly okyp Kuran,
Hudaýdan dilegil iman…

10. Aja nan, ýalaňajň don bermeli;
Bir ajy doýurmak,
Haçdyr, ýaranlar…

11. Ulyny sylamaly;
Edebiň ýagşysy ulyny syla,
Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz.

12. Geleni gülüp garşy almaly;
Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz,
Aşa mäçtäç däldir, söze myhmandyr.

13. Goňşuçylykda arkalaşyp ýaşamaly;
Ýagşy bilen bolsaň oba,
Işiň zowky-sapa bolar… 

14. Şerigat parzlaryny dürs berjaý etmeli.
Aýlanyp, dolanyp kylgyl namazy…

15. Sabyrly, kanagatlybilen Haka şükür etmeli;
Sabyrly gul dura- bara şat bolar…

16. Edepli, ekramly, mylaýym bolmaly:
Edepli, ekramly mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler—
- diýip, hökmany borç hökmünde öňe sürüpdir.
 
Üçünjiden, Magtymguly Pyragy öz guran ruhy-ahlak-filosofik döwletiniň her bir raýatynyň, türkmen her bir ogul-gyzlarynyň:
  
1. Il-gün, watan, namys-ar üçin gara başyňy orta goýmak;
Namysly, gaýratly, arly goç ýigit,
Söweş güni gurban eder başyny…

2. Şerigata kadalaryny dürs berjaý etmek;
Magtymgyly aýdar Kurana uýdym,
Gybaty taşladym,  haramy goýdum…

3. Toýa barmak, ýasa görünmek;
Oýlukda ýaýlany gursak,
At çapdyryp, baýrak bersek,
Töreýitde harman gursak,
Nan dökmek hyýalyň seniň…

4. Ýagşy gözeli söýüp öýlenmek;
Dünýe malyn harç et ýagşy gözele…

5. Öz iliňde han ýaly erkin, rahat, bagtly ýaşamak;
Watanymda han idim,
Hanlara soltan idim…

6. Jomartlyk bilen iliňe  aş-nan paýlamak;
Jomart ogly supra ýaýyp aş döker…

7. Aglany diňdirip, entäne howndar bolmak;
Entäni goldara hemaýat ýagşy — diýen ýaly edep, ahlak normalaryny - hukuk ýörelgelerini gutarnykly esaslandyrandyr. 
 
Dördünjiden, beýik akyldar öz  guran bu ruhy-ahlak “döwletinde”: 
1. Namart bolmaga; 2. Kişini ynjytmaga; 3. Ejize ganym bolmaga; 4. Goňşyny ynjytmaga; 5. Dilege geleni boş goýbermäge; 6. Myhmany ynjytmaga; 7. Ýalançy, buzahor, çilimkeş, nas atan, ogry, ikiýüzli, bahyl, husyt,  bolmaga; 8. Ähli meselede binamyslyk etmäge; 9. Bedasyla gullyk etmäge; 10. Märekede söz berilmedik ýerde söz aýtmaga hiç bir türkmeniň hukugynyň, hakynyň ýokdugyny berk nygtapdyr.
 
Bäşinjiden, Magtymguly öz guran “türkmen binasynda” halkyny hakyky türkmen bolup: 
1. Mylaýym, mylakatly; 2. Lebzi halal, dogry sözli; 3. Geçirimli; 4. Päk ahlakly, tämiz; 5. halalzada; 6. dosta wepaly, duşmanyna gazaply, ejize, naçara rehimdar;
7. Söweş güni mert, gaýduwsyz; 8. Sahy, jomart. 9. Sabyrly, kanagatly, şükürli;
10. Pähimli, parasatly, geçirimli bolup ýaşamaga çagyrypdyr.
 
Altynjydan, Magtymgulynyň şygyrlarynda “Türkmen binasyny” goramagyň, ony beýik, kuwwatly döwlete öwürmegiň ýörelgeleri welilik bilen işlenip düzülendir.
Beýik Akyldar özüniň “Bäşimiz” atly belli şygrynda:

Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn,
Bir saçakda eda bolsun aşymyz-

diýýär. Şeýle-de:

Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurydars Gulzumy, derýaýy Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz-

- diýip, öz guran ruhy-ahlak döwletiniň juda berk, mäkäm bolmagyny islýär.

Yedinjiden, ol bu döwletde bir Allany tanap, agzybir, bagtly ýaşamagyň ýollaryny açandyr:

Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy-

diýmek bilen, ”bu döwlet Beýik Ýaradanyň göwnüniň islan azat, rahat, döwletli, döwranly, hiç bir halka hiç haçan zulum, jebir etmejek döwlet bolany üçin, ony Ýaradan hem eý görer” diýmek isläpdir.
Magtymguly Pyragy mahal-mahal türkmen halkyna:

Bir-biregi gyrmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundan döwlet dönüp, duşmana gelgeý. —

- diýip, ýüzlenen bolsa, mahal –mahal:

Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Duşman gol urmasyn gunça gülüne –

diýip, janyndan sydyryp, öz halkyny bitewi döwlet meselesinde, ony duşmandan gorap, halky halas edip, oňa hossar bolmak barada aýgytly netijä gelmäge çagyrypdyr, aýdypdyr. Ol” bu beýik döwletiň başy-patyşasy kim bolmly?” diýen meseläniň üstünde mydam oýlanyp gezipdir. Şeýle pikiri biz akyldaryň “Döker bolduk ýaşymyz” şygrynda:

Magtymguly, diýdi janyň dirligne,
Galmalyň biz gyzylbaşyň horlugna,
Rowaç bergil ýomut, gökleň birligne,
Ol Kemalhan Owgan bolun başymyz. -

- diýip, bu barada gutarnykly netijä gelýär. Magtymguly Pyragy öz şygyrýetinde döwlet meseleseni beýle galdyrmaýar.
Özüniň ezizläp ýören bu binýadynyň nähili bolmalydygyny „Türkmeniň“ diýen belli goşgusynda beýan edýär:

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükreýip, bark urar anbaryň ysy,
Beg-töre, ak sakal ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň...

Beýik akyldaryň kalbynda, ruhunda, umydynda, ylhamynda bina bolan bu döwletini şeýleräk göz öňüne getirmek bolar.
Türkmen halky geçen asyrlarda beýik akyldaryň şygyrýet mülki halk paýhasyna, halk aňyna öwrülensoň, onuň şol şygyrýeti arkaly guran ruhy, ahlak, we adamkärçilik binasynda, onuň berk kada-kanunlaryna boýun egip ýaşapdy.
Şonuň üçin “Geçmişde, türkmenleriň merkezleşdirilen bitewi döwleti bolmady“ diýilse-de, “türkmen halky özbaşdak bolmady, türkmen sowatsyz, nadan halk boldy”–diýen düşünje kim tarapyndan, nirede, nähili ýagdaýda aýdylan hem bolsa, bu pikir dogry däldir. Magtymguly ýaly tutuş dünýä taýlanýan beýik mugallymy, beýik halypasy bolan halk hiç haçan nadan, sowatsyz bolmaz”. “Geçmişde Türkmeniň döwleti, hossary, howandary bolmady” diýen pikir  lhem dogry däldir. Beýik akyldaryň bu  “polatdan berk” binasynda, Beýik şahyryň  şygyrýeti dünýä ýaýrandan soň, türkmen hossarsyz, howandarsyz, döwletsiz bolan däldir. Magtymgulynyň şygyrýeti äleme dolandan bäri türkmende näçe han, näçe serdar hökum surup öten bolsa, olaryň ählisi beýik akyldaryň “polatdan guran binasyna” sygynyp, beýik akyldaryň parasady bilen söz açyp, döwletini, häkimligini ýöredendir. Ol şu gün hem şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi, beýik Magtymguly Pyragynyň ruhy, ahlak, ynsap bilen gurlan polat ýaly binasy   dünýä dursa, türkmen dursa hiç wagy mizemän durjak, ölmez-ýitmez beýik binadyr.
Beýik akyldaryň umydynda, kalbynda gurlan bu  bina hiç haçan synma ýokdur. Çünki beýik akyldar şol beýik binanyň bakylyk ruhuna öwrülip, onuň belent binýadynda öwrülmek bilen, ony görner, görünmez belalardan goraýan ygtybarly goragça öwrülendir. 
Ine, şonuň üçinem, Magtymguly Pyragynyň guran garaşsyz, erkana “döwleti-“Türkmen binasy”, onuň ahlak, ynsap ýörelgeleri bir dowre, bir göwne sygýan däldir. Ol ähli göwünleriň, ähli döwürleriň beýik binasydyr!

Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 14 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: