17:30
Magtymgulynyñ akyldarlyk älemi

MAGTYMGULYNYÑ AKYLDARLYK ÄLEMI

Türkmen halkynyň "özüni bilen weli" diýen bir sözi bar. Şol söz türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyraga degişli sözdür. Ol özüni, halkynyň, döwrüniň çylşyrymly, jebri-jepaly ýagdaýyny bilmek bilenem çäklenmän, tutuş türkmen halkyny kyn ýagdaýlardan alyp çykmak barada ömri boýy alada eden akyldardyr.
Beýik akyldaryň welilik keramatynyň  esaslary onuň şygyrýet äleminde eräp gidendir. Bu gün bu  beýik akyldara, onuň akyldarlyk ýörelgelerine baha bermeli bolunanda, onuň şygyrýet älemi nazara alynmalydyr.
 Eýsem, Magtymguly Pyragynyň turkmen halkynyň durmuşyny, onuň ahlak, ynsap, din, adat, däp-dessur ýörelgelerini gözelleşdirmek,  halkyň ýaşaýyşyny, durmuşyny gowulandyrmak, onyň adamzadyň paýhas-parasady bilen döredilen genji- hazynalardan binesip galmazlygyny gazanmak, bir bitewi döwlet gurup, külli türkmeniň Allany bir bilip, bu dünýäde imanly, ynsaply ýaşamagyna kömek bermek baradaky uly aladalarynyň esaslary nämeden gelip çykdyka?! 
Türkmeniň bu akyldar oglunyň döwri, iki eliňi ýüregiň üstüne goýup aýdanyňda, jebri-jepaly, agzalalygyň, talaňçylygyň, birek-birege zulum etmegiň zamany bolup, şol zamanda öz başyňy, maşgalaňy gorap, ile mätäç bolman güzeranyňy aýlasaň "han“ hasalanylýan döwürdi.
Eýsem, şeýle döwürde, külli türkmene howandar çykmak, tutuş türkmen halkyny bir bitewi döwlet gurup, ony gorap, söýüp, imanly, ynsaply, sözüň doly manysynda hakyky türkmen bolup ýaşamaga çagyrmak onuň aňyna nireden girdikä?!
Elbetde, Magtymguly Pyragynyň döwri, durmuşy, şol döwrüň aňyýeti, pelsepewi älemi barada oýlanan mahalyň, beýik akyldaryň adamzat pähim-parasadynyň çür depesine çykyp, halk derejesinde, döwlet derejesinde,  galyberse-de, umumyadamzat derejesinde pikir-parasat ýöredişine, bu ugurda döreden ajaýyp eserleriniň dialektikasyna düşünmek aňsat däl.
Magtymguly Pyragynyň weliligi barada oýlananyňda, onuň türkmen halkynyň  güzeran, gazanç, durmuş, din-dessur, urp-adat, hukuk, borç, ynsap ýörelgelerini juda ýagşy bilendigini aňlamak bolýar. Ol türkmenleriň arasynda adalatsyzlygyň, agzalalygyň, bir-birege zulmyň, sütemiň nireden, näme üçin döreýändigine örän oňat akyl ýetirmegidir. Ol  han- begleriň, barly adamlaryň, bir agza bakylýan bitewi döwlet bolmakdan näme üçin gorkýandyklaryny, gedaýlyk halyna ýeten garyp bendeleriň hyz- haramylyk bilen mal-baýlyk ýygnan barjamly adamlaryň gapysynda näme üçin gul bolmak islemeýändigini duýýar. „Pygamber ornunda oturan“ döwre, durmuşdaky ýagdaýlara adyl, adalatly baha bermeli  kazylaryň, molla- müftüleriň özleriniň bozuk, haram päl- niýetine düşünýär.  Ili-güni ezmegiň ýollarynyň, dinden, ynsapdan, imandan çykmagyň sebäpleriniň nirededigini gaty gowy seljerýär. Munuň üçin näme etmelidiginem duýýar. Ýöne zamanany, döwri, adamlaryň  güzeran, durmuş ýörelgesini nädip üýtgetmeli? Ol ine, şu ýerde özüniň „Pikir derýasynda akyl gämisini batyrýar-da,“ çykaryp bilmän galyberýär.
Beýik akyldar bu meselede ýöne oturanok.  Ol   Gurhany Kerimi süreme-süre, aýatma-aýat dile alýar. Onyň akyl- parasat ýetmez many-mazmunyny öz şygyrýetiniň demi bilen doga öwrüp, halkynyň aňyna, ýüregine  siňdirýär. Gurhan näme, din näme, yslam näme, iman näme, musulmançylyk näme, ol dünýä, jennet, dowzah näme, bularyň baryny öz halkyna aýan edýär. Ol şunuň bilen halkyny ýagşylyga, adalata, ynsaba, haýyr-şepagatlylyga çagyryp. Şeýdip, türkmen halkyny  jepalardan dyndaryp, Ýaradanyň ýalkawyna mynasyp etmek bilen, ýurtda ynsaby, agzybirligi, ahlagy, adamkärçilikli, arkalaşykly durmuşy dikelderin öýüdýär.
Ol türkmen halkynyň birek-biregi wagşyýana ezýän zulum-sütemlerden halas
bolup, bu dünýäde ynsan ynsany sarpalap, halal, ynsaply ýaşamgyny isleýärdi.
Beýik akyldar munuň üstesine, Gurhan edebiýatynyň, sopuçylyk edebiýatynyň, gündogaryň beýik şahyrlarynyň  eserleriniň many-maňzy, türkmen halkynyň özüniň döreden  parasat älemi bilen halkynyň, dilini, ruhuny, aňyýetini baýlaşdyrýar, şeýdibem, ony halk, millet derejesine belende galdyrýar.
Öz halkyna merkezleşdirilen, bitewi türkmen döwletini gurmagyň, ony gorap, döwletli,  eşretli durmuşda ýaşamagyň ýollaryny beýan edýär. Şol döwletde sada türkmen üçin nähili  hukuklaryň, nähili borçlaryň bolmalydygyny aýyl-saýyl edýär. Öz  şygyrýeti arkaly türkmen halkynyň ynsap, adalat, adamkärçilik aňyýetini, şol aňyýetiň filosofiki, psihologik, ruhy, ahlak esaslaryny umumyadamzat ýörelgelerine laýyk normalaryny gutarnykly kesgitleýär...
Ine, şeýdibem, beýik akyldaryň türkmen halky, türkmeniň merkezleşdirilen döwleti  baradaky ýörelgeleriniň taglymat esaslary emele gelýär.
Magtymguly Pyragynyň welilik ýörelgeleriniň  haýran galdyryjy ulgamy, onuň  öz şygyrýeti arkaly türkmen bolup ýaşamak üçin zerur bolan  ähli meselä jogap berip bilenligidir. Ol bu meseleleriň kuwwatly ulgamlarynyň ýekejesinem garym-gatym, ýüzleý, degdi-gaçdy, ýa-da ýarymçak, howaýy pikirleriň harmany derejesinde galdyrman, her birini düýpli işleniln pikir-parasadyň hazynasyna öwrüp bilipdir. Şol beýik hazyna  özbaşdak mesele hökmünde-de,  ulgamlaýyn-da, bitewilikde hem diňe bir türkmen halkynyň akyl-parasat äleminde däl, tutuş gündogaryň, asyl külli adamzadyň deňi-taýy bolmadyk parasat  tapyndysana öwrülip  galypdyr.
Magtymguly Pyragynyň şygyrýet älemini seljeren mahalyň, bu akyl- parasat mülküniň täsin ulgamlary emele getirýändigini, onuň umumytürkmen, umumyadamzat meseleleri bolup durýan ahlak, ynsap, adamkärçilik, adam mertebesini  belende götermek, halal, gözel ýaşamak, haýyr-şer, ölüm, dirilik, mertlik, namartlyk, wepalylyk, biwepalylyk, halal, haram, ýalkanmak, günä galmak, jomartlyk, husytlyk ýaly düýpli we ulgamlaýyn meselelerini haýran galmaly  parasatly gozgamak bilen, hut türkmen temasyny hem juda çuňňur we köptaraply işländigini görmek bolýar. Mysal üçin, beýik akyldaryň akyldarlyk äleminiň esasy sütünleri bolup duran:
 
I. Ynsan bolup ýaşamak, ynsana maksus bolan inçe we kerem-keramatly işleri kemsiz- köstsüz berjaý etmek, dünýä düşünmek, dünýäniň akyl-parasat genjinden habarly bolup, mertebeli ýaşamak bardaky akyldarlyk ulgamyny;

II. Türkmen bolup,  deňli-derejeli, düşünjeli, sowatly, ynsaply, adamkärçilikli, halal, mert, mertebeli ýaşaýyş däplerine, söýmek, sylaşmak baradaky gadymy milli dessurlaryna laýyk ýaşamak baradaky akyldarlyk ulgamyny; 

III. Külli türkmen bolup bir agza, bir başa bakýan bitewi, merkezleşdirilen döwlet gurup, ony içerki, daşarky howplardan agzalalyklardan, birek-birege zulum etmekden gorap ýaşamak  baradaky akyldarlyk ulgamyny;

IV. Halkyňy, watanyňy  şirin janyň bilen söýmek, goramak, zerur bolsa onuň üçin gara başyňy orta goýup ýaşamak baradaky akyldarlyk ulgamyny;

V. Beýik Ýaradana çensiz, çäksiz söýgi, Allany bir bilmek, onuň Gurhanyna, din- yslama uýup, imanly, yhsanly, musulmançylygyň kadalaryny şeksiz berjaý edip, ýaradanyň ýalkawyna mynasyp boljak bolup ýaşamak baradaky akyldarlyk ulgamyny;

VI. Ölmek, aýrylmak, ölümiň, aýralygyň ajy  hasratyny mert, sabyrly kanagatly kabul etmek baradaky akyldarlyk ulgamyny;

VII. Din-şerigatyň, taswwufyň basgançaklary arkaly ynsançylygyň, din-şerigatyň, musulmançylygyň kämilligine ýetmek baradaky akyldarlyk ulgamyny;

VIII. Öz ömrüniň, durmuşynyň, ykbalynyň  betbagtçylykly, pajygaly pursatlarynyň beýany baradaky akyldarlyk ulgamyny, ýagny türkmen halkynyň ykbaly, durmuşy, gün-güzeran meselesi ýaly dürli meseläniň çeper pelsepe ýaýrawy, welilik, akyldarlyk beýany bolan şygyrlaryny görüp geçmek gyzyklydyr.
 Ilki bilen Magtymguly Pyragynyň bu dünýäde  ynsana maksus bolan inçeden näzik görüm-göreldäni kemsiz- kössüz berjaý edip, dünýä düşünip, dünýäniň akyl-parasat genjinden habarly bolup, mertebeli ýaşamak baradaky parsat ulgamyna garap geçeliň. Ol öz şygyrýetinde adamy baş mesele hökmünde   hemişe belent görüpdir. Öz halkyna ynsanyň mertebesini belent saklamagy wagyz edendigini onuň tutuş döredijiliginde görüp bolýar. Mysal üçin:

Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ki bir otlap ýören mal ýagşy.

Ýa-da:

Asla adamzada ajy söz urma...

Ýa-da:

Ynsabyn elden byrakmaz,
Akyl adamlykdan çykmaz..

Ýa-da:

Adam bardyr ony şalar çagyrdar...
Ýa-da:

Älem içre adam galmaz, at galar...
 
Beýik akyldar adam onuň  mertebesi barada söz açanda, hökman onuň adamzada maksus ýa-da adamzada ýat bolan häsiýetlerini açyp, ony deňeşdirmek arkaly beýan edýär. Mysal üçin, onuň bir bendini görüp geçeliň:

Adam bar müň tümen iýdireň azdyr,
Adam bardyr iýen nanyna degmez.

Şeýle ýagdaýy başga bir goşgusynda hem görmek bolýar:

Mertden aşna tutsaň abraýňa şärik,
Namart aşnasyna hile getirmiş.

Beýik akyldar öz şygyrýetinde türkmen bolup,  deňli-derejeli, düşünjeli, sowatly ,ynsaply, adamkärçilikli, halal, mert, mertebeli  ýaşamak meselesine aýratyn agram salýar:

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,
Göwresi giň gerek özi pähimli...

Ýa-da:

Bir musulman gaçsa iki kapyrdan,
Kellesine saňsar daşy gerekdir.

Ýa-da:

Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa...

Ýa-da:

Ýetimi göreňde güler ýüz bergil,
Gamgyny göreňde, ýagşy söz bergil,
Entäni goldara hewmaýat ýagşy.

Ýa-da:

Gulatynyň saýasynda bolandan,
Bürgüt penjesinde ölen ýagşydyr..

Beýik akyldar türkmen balasynyň: şir kimin güýçli bolmagyny:

Gaplaň kimin arlap girse meýdana;

Başarjaň, hilegär bolmagyny:

Tilki kimin bazy berse her ýana;

Ýa-da:

Hile hem bor batyrlykdyr ýerinde,
Ony başarmaga kişi gerekdir...

Ýyndam, çalt, çakgan bolmagyny:

At gerek gaçarga, kowsa ýeterge..
At salanda garga ýaly topulyp...

Belent pikirli bolmagyny:

Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden...

Maksada okgunly bolmagyny:

Gurt deý girip, goýun kimin dagyldan...

Wehimlili  bolmagyny:

Giň ýerde garga deý bolsa wehimli...

Çydamly bolmagyny:
Aýy kimin asylyşy gerekdir...

Ýakymly bolmagyny:
Goýun kimin çar tarapa il bolgyl;
Güýçli bolmagyny:
Hatarda ner bolsa ýük ýerde galmaz....—
 diýip, arzuw edipdir.
Magtymguly Pyragy külli türkmen bolup bir agza, bir başa bakýan bitewi döwlet gurup, ony içerki ,daşarky howplardan, agzalalykdan, birek-birege zulum etmekden goramak barada şeýda bilbil bolup, ýüregini daglaý-daglaý saýrapdyr:

Magtymguly, garyplaryň gözýaşy,
Daglary ýandyrar, erider  daşy,
Pakyra zulm etmek zalymyň işi...

Ýa-da:

Bir-biregi  gyrmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundan döwlet dönüp, duşmana gelgeý.

Ýa-da:

Agzy ala bolan iliň,
Döwleti gaçan ýalydyr...

Ýa-da:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň...

Ýa-da:

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy...

Ýa-da:

Teke ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bit jaýga ýörüşi, açylar gül-lälesi...

Ýa-da:

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz...

Ýa-da:

Ol Kemalhan  owgan bolsun başymyz...

Beýik akyldar, türkman  halkyňy, watanyňy  şirin janyň  bilen söýmek, goramak, zerur bolsa onuň üçin gara başyňy orta goýmak wezipesini öz döwrüniň iň ýiti meselesi  hökmünde öňe sürüpdir;

Watanymda han idim,
Hanlara perman idim...

Ýa-da:

Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bi ýanyndan sata başlady...

Ýa-da:

Saba turup, watan seni çaglar nen...

Ýa-da:

Watandan aýrylyp, garyp düşmeýen,
Ülkesinde il gadyryn nä bilsin...

Iliňden gitseň awara,
Şonda bolarsyň biçäre...

Ýa-da:

Namart aýyp gözlär dogan ilinden...
Ýa-da:

Ýat ýerlerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sögse horlasa-da il ýagşy...

Ýa-da:

Ýa başyn biýr, ýa baş alar,
Goç ýigit ýoldaş üstünde...

Ýa-da:

Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,
Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir...

Ýa-da:

Jeň wagtynda ýigitleriň başdaşy,
Il üstünde namys bilen baş döker...

Ýa-da:

Endişeli iş bitirmez, meýdanga däli bolmasa...

Ýa-da:

Gulatynyň saýasynda bolyndan,
Birgüt penjesinde ölen ýagşydyr...

Ýa-da:

Bidöwletiň gullugynda bolynçaň,
Döwletliniň gapysynda gul bolgul...

Ýa-da:

Nirde watan tutduň, gardaş Abdylla:-
diýmek bilen, beýik akyldar „Müsürde şa bolanyňdan, Kenganda gedaý bolanyň“ ýagşydygyny wagyz edipdir.

Ýa-da:

Hor  galmasyn puştdan puşdym,
Berkarar döwlet islärin-

- diýip, geljek nesilleri hary-zar bolmaz ýaly, olaryň hor-zarlygy görmezligi üçin bir bitewi, deňli-derejeli döwletiň bolmagyny isläpdir.
Magtymguly Pyragy bu dünýä, onuň nebsi- päline, mal -baýlyk dünýäsine köňül bermän, Beýik Ýaradany bir bilmek, onuň Gurhanyna, din-yslama uýup, imanly, yhsaply bolup, musulmançylygyň kadalaryny şeksiz berjaý etmek bilen, Ýaradanyň ýalkawyna mynasyp bolmagy ündeýär..
Ol şeýle diýýär:

Magtymguly, bu ne jaýdyr,
Ajap bir kerwensaraýdyr,
Dünýe bir loly heleýdir,
Bir gün seni guçar gider...

Ol şeýle diýýär:

Dyrnagy demirden, talaňçy dünýe,
Işiň nedir namys bilen, ar bilen...

Ol şeýle diýýär:

Adamzat myhmandyr dünýä öýüne,
Bir gün öý içinde myhman tapmarsyň...

Ol şeýle diýýär:

Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa,
At, ýarag esbaby şaýlaryň bolsa,
Arça-arça toplum mallaryň bolsa,
Peýdasy ýok, taşlaý-taşlaý gider sen.

Ol şeýle diýýär:

Müň ýyllyk tetärik bäş günlik ömre,
Pikir eýläň, niçik işdir  ýaranlar...

Ol şeýle diýýär:

Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun,
Gözi gumdam doldy, puldan dolmady...

Ol şeýle diýýär:

On sekiz müň älemi ýokdan bar eden Jelil.
Ol şeýle diýýär:
Hudaga gul boluň,  resula ummat...

Ol şeýle diýýär:
Muhammetni serwer eýläp jahana,
Diýdi:“Pygamberi ahyrzamana“,
Jebraýyldan wehi inderip rowana,
Küfürlere Şahymerdan ýaratdy...

Ol şeýle diýýär:

Mekgeden çykdy bir gözel,
Medinäge rowan boldy.
Gören täç etdi serine,
Görmäniň bagry gan boldy...

Ol şeýle diýýär:

Iki dünýäniň serweri,
Muhammet Mustapa kany?!

Ol şeýle diýýär:

Ýüz ýigirmi garyn perzent getiren,
Adam Howa bilen serbe-ser geçdi...

Ol şeýle diýýär:

Ölmek - hak, direlmek-hakdyr,
Okydym Kuran içinde...

Ol şeýle diýýär:

Magtymguly, okyp Kuran,
Hudaýdan dilegil iman...

Ol şeýle diýýär:

Magtymguly aýdar, Kurana uýdym,
Gybaty taşladym, haramy goýdum...

Ol şeýle diýýär:

Bu dünýäniň  zowky iýmedir, içme,
Okygyn namazy, bäş wagtdan geçme,
Hem tamug bar durar, hemdäni uçma,
Aýlanyp, dolanyp kylgyl namazy...

Ol şeýle diýýär:

Magtymguly, waspy gelmez dillere,
Dile gelse beýan etsem illere,
Ajyz bendelere, asy gullar,
Ýa Reb, özüň eýle rozy behişdiň..

Ol şeýle diýýär:

Eý ýaranlar, musulmanlar,
Bir gün ahyrzaman geler,
Magtymguly haýrat etseň,
Garyplaryň göwnün alsaň,
Pulsyratdan ötenden soň,
Munda berlen gurban geler...

Beýik akyldar türkmen edebiýatynyň taryhynda tasawwuf bossanyny döreden we ol bagyň şeýda bilbili bolup saýran akyldar bolupdyr.
Ol toba etmek barada: “Bitmek gerek“ diýen goşgusynda şeýle diýýär:

Ti ~ toba eýleýip, dünýäni unutmak gerek—

Ol kanagtly bolmak barada şeýle diýýär: 

Aç hem bolsaň barma ile dilege,
Diý, köşkde men, başym barmyş pelege,
Çölde galsaň, hiç tapmaýan kölege,
Erem bagy içre gamsyz galdym tut.

Ol pakyrlyk, gedaýlyk barada şeýle diýýär::

Din gylyjyn ursam tende zorum ýok,
Mätäzje nan bersem, elde zerim ýok,
Pakyr menem, senden aýra ýerim ýok,
Bir teselli bergil köňlüme meniň.

Pakyrlyk mülkünde maňa bergil paç,
Ýa Ýaradan etme namarda mätäç,

Ol diwanalyk barada şeýle diýýär: 

 Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany,
Ol Rumystany görsem.

Magtymguly, hoş bolsa,
Aksa didäm ýaş bolsa,
Imanym ýoldaş bolsa,
Barsam käbäni görsem.

Ol sabyr etmek barada şeýle diýýär:

Dünýä üçin çekme gaýgy, endişe,
Sabr et belasyga, razy kylmyşa,
Ýyglaýyp gam bile ýörme hemişe,-

diýse, "Söhbet ýagşydyr“ atly goşgusynda:

Magtymguly niçik geçse rozygär,
Haka şükür et, barma namarda, zynhar.  

Ýa-da:

Magtymguly, çekseň jepa-jebir bil,
Hudaga hoş geler şükür-sabyr bil,

Ol takwalyk (özüňi tutuşlygyna Haka tabşyrmak): daş –töweregi  unutmak barada şeýle diýýär: 

Pelek, maňa mal berer sen, ol genji-kän gerekmes,
Gözel ýarymny görmesem, pany jahan gerekmes.

Ol Hakykat barada şeýle diýýär: 

Tapybilseň  hakykatyň merdini,
Gözüňe totyýa kylgyl gerdini—

Hakykatyň ýollaryn rehbersiz (- pirsiz-Ö.N.) gezmek bolmaz,

Ol tarykatyň iň belent basgançagyna çykyp, agyr jebri-jepa sezewar bolanlar barada şeýle diýýär:

Mansur belasyna bolsam grifdar,
Giderem sen sary, süýreýip hamym.

Ýa-da:

Nesimini dabanyndan soýdular.

Ol beýik ýaradanyň didaryny agtaryp şeýle diýýär:

Gezip, tapa bilmez roýy-zemini,
Eý, ady Jebraýyl, Hakyň emini!
Meniň sahypjemalymy gördüňmi.

Magtymguly Pyragy beýik Ýaradany gözleý-gözleý ahyr soňunda şeýle netijä gelýär:

Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan.

Beýik akyldaryň şygyrýetinde ölümiň, aýralygyň hasraty täzeçillige ýugrulan, öň görlüp-eşidilmedik pelsepewi pikir-duýgular bilen beýan edilýär. Magtymguly Pyragy bu meselä heniz görülmedik çeperçilik batyrgaýlygyny, paýhas, duýgy näzikligini bagş etnek bilen, birinjiden, beýik Ýaradanyň emri bilen , gelenleriň sanalgy çöpüniň gutaran güni dünýäden gaýtmagynyň beýanyny, ikinjiden, watan, il-gün namysyny aramak bilen, mertlerçe wepat bolunmagynyň beýanyny, üçünjiden, ahly, armanly ölümiň hasratyny beýan edýär.
Beýik akyldar birinji meselede şeýle diýýär:

Ol ölmek, aýrylmak galypdyr öňden,
Pelek bize miras goýmuş bize bu derdi.

Ýa-da:

Käbämden aýrylyp, jyda bolup men... 

Ýa-da:

Altmyş ýaşda, nowruz güni, Lu ýyly,
Ajal ýakasyndan tutdy Atamyň.

Ýa-da:

Gan aglap atamyň bili büküldi, 
Nirde Watan tutduň, gardaş Abdylla.

Ýa-da:

Magtymguly, uçdy ol algyr guşum,
Arka dagym, eziz syrdaş, gardaşym,
Many saça bilmez çalaran başym, 
Büräp aldy any, duman, Çowşut han.

Ýa-da:

Aýralyga adam ogly neýlesin?
Kim galar, görmeýen ajal hilesin?
Magtymguly, haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy.

Beýik akyldar  şygyrýetinde öz durmuşy, ykbaly, hasraty, söýgüsi, betbagtlygy ,,ömrüniň iň pajygaly“  pursatlary barada hasrat bilen şeýle diýýär:.

On ýediden geçen soň, şöhrat öýüne girdim,
Aldym bir näzenini, zowk ile sapa sürdüm,
Bu gunçaýy-gülzaryň elwan gülüni tirdim,
Ýigrimime ýetende, pelek lebrini gördüm,
Pelek aldy ýarymy, ejel gamhana geldim.

Ýa-da:

Ili- gökleň, ady- Meňli,
Näzli dildardan aýryldym.
Ýa-da:Duşdum zat bilmez nadana,
Bir gadrym bilen islärin.

Ýa-da:

Magtymguly ýarytmadyň, 
Perzent pohun arytmadyň, 
Sedirime darytmadyň,
Mydam işiň symyş bilen.

Ýa-da:

Ylym beren ussat kyblam pederdir.

Ýa-da:

Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,
Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi.

Ýa-da:

Göçi gony bilen gitdi Abdylla,
Hemme giden geldi, bular gelmedi.
Mämmetsapa gitdi kömek bermäge,
Uzadanlar geldi, bular gelmedi..

Ýa-da:

Bu dünýäniň işi beýlemiş belli,
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň...

Ýa-da:

Magtymguly aýdar, iller,
Yzymda zurýat galmady.

Beýik akyldaryň şygyrýetiniň esasy bölegi il-günüň, halkyň hal-ýagdaý, gün-güzeran meselesiniň çeper beýanyna bagyşlanylypdyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň jebri-jepaly durmuşyny, gün-güzeranyny beýan edende, onuň galamyndan çykýan hasratyň lowurdysy şu döwürde ýüzüňe  pürkülip, gaş-gabagyňy çirkizere getirýär. Beýik akyldar şeýle diýýär:

Magtymguly, garyplaryň gözýaşy,
Daglary ýandyrar, erider daşy, 
Pakyra zulm etmek zalymyň işi...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Namart kimdir biler bolsaň,
Ne diýseň diýr baş üstüne...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Ýok döwletden ýegdir bolsa bir hünär,
Müň hünärden zerre döwlet ýagşyyr.

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,
Bir märekä barsa orny aşakdyr,
Garyplar at münüp depse, eşekdir,
Döwletliler eşek münse at bolar.

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Ýetimi göreňde güler ýüz bergil,

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Bir ajy doýurmak, haçdyr ýaranlar.

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Hudaý berse sahawatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Näletkerde ogul dogdy, dogmady...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Ulalanda iş hoş ýakmaz,
Ýaşlykda köýmän ýigide.

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Aýalsyza eşret ýokdur,
Dönseň hökmi Süleýmana...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Garyp sen ýyglama, şir dek bolar sen...
Beýik akyldar şeýle diýýär:
Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň,
Şereňňiz, köp dilli kethudalardan...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Edebiň ýagşysy ulyny syla...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Uzak ýola bidöwleti baş etmäň...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Mertden aşna tutsaň abraýňa şärik, 
Namart aşnasyna hile getirmiş...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Aklyň bolsa abraýly kişiniň, 
Ýamanyn örtübän, ýaýyň ýagşysyn...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Magtymguly, syryň sakla,
Her namarda paş olmasyn.

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Özün öwen ýigdiň tanapy çüýrük...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Çagyrylan ýere bar, otur-da, turma,
 Çagrylmadyk ýere barma, görünme,
Utanmaz adam deý süýrenip ýörme,
Buýrulmagan işi ediji bolma...

Beýik akyldar şeýle diýýär:

Owal Magtymguly, özüň düzetgil,
Özüňi sen özgelere  göz etgil...

Beýik akyldar öz şygyrýetini adamzat durmuşynyň, şol sanda türkmeniň gün-güzeranynyň  akyl-parasat ýaýrawynyň   çeper pelsepe bosanyna öwürmegi başarypdyr.

Pikir derýasynda akyl gämisin
Batyrmyşam, çyka bilmen, neýläýin.

Ýyldyzdan ýol ýasap Aýa sataşdym.
 
Ol ne gudrat, suwdan ot çykar.
  
Nejd dagynda gezen Mejnun yşkynda,
Ýanar otly Leýli bolup galyp men.

Her başa per sanjan Isgender bolmaz.
 
Özüň Hatam bolup, ýene baý bolsaň...
 
Özün öwen ýigdň tanapy çüýrük...
 
Aslyna çekermiş ýüwrük, çamanlyk...
 
Her kim öz ýaryny dogan Aý eder.
 
Goldan gelen haýyr işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr.
 
Ýigidiň hyýaly bolsa serinde,
Ýatyp galmaz, çykar bir gün  garynda,
 
Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr...
 
Az iýip, az ýtyp, ýene az sözle,
Köp söz seni il içinde har eýlär.

Elbetde, beýik akyldaryň şygyrýeti giden düýpsüz umman. Şonuň üçin biz mysal meselesini şunuň bilen bes etmegi niýet edindik. Ýöne, bir zady bellemek hökmandyr. Beýik akyldarlyk äleminiň bir sümejigi bolup duran şu   şygyr bentleriniň, setirleriniň  her biri türkmen halkynyň akyl, parasat, edep, görüm-görelde aňyýetiniň esasyny emele getirýän kuwwtly sütün bolup durýar. Olaryň her biri türkmeniň ýüreginiň çyrasy bolup, indi ençeme asyr bäri onuň durmuş, ykbal, gün-güzeran älemine  şugla saçyp gelýändir. Hut, şonuň üçin, ýagny Magtymguly ýaly akyldarlyk älemi bilen hakyky howandar bolup, allahy ýalkawa  besläp duran akyldary bolan türkmen bagtlydyr, ýeňilmezdir, ölmez-ýitmezdir.

Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 12 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: