15:51
Magtymguly Pyragynyñ watançylyk mekdebi

MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ WATANÇYLYK MEKDEBI

Türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň şygyrýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gadyr-gymmatynyň bir ulgamy, onuň baryp XYIII asyryň zulmatly, jebri-jepaly eýýamynda türkmen halkynyň aňynda, ýüreginde watançylyk duýgy-düşünjesini kemala getirmek arkaly, özüniň ölmez-ýitmez "watançylyk mekdebini” döredenligidir.
Bu beýik akyldardan öňki müňýyllyklaryň içinden geçip, tä onuň döwrüne gelýänçä syn salanyňda, ýazylan eserleriň içinde-de, eline döwet galamyny alyp, eser döreden şahyrlaryň arasynda-da, watan, watançylyk temasyny döredijiligi, beýik zehini bilen öz halkynyň depesine täç edip geýdirmekde Magtymgulynyň, onuň dürdäne şygyrýetiniň derejesine ýetip bileni ýokdur.
Döwrüň gazaply, galagoply, bir-biregi ezip, birek-birege zabun zulum eýleýän dagynyk, agzy ala tire-taýpalaryň içinde, daşardan dökülip, çagalaryňy, aýal-gyzlaryňy gul-gyrnak, ýagy-ýesire öwrüp, yrsgal-döwletiňi talaňa salyp alyp gidýan keseki basybalyjylaryň hökmürowan mahaly Magtymguly Pyragy öz halkynyň derdine ýana-ýana, watan hakynda, agzybirlik hakynda sýraýan şeýda bilbile öwrülipdir.
Elbetde, watan, watancylyk düşünjesi diňe beýik akyldar Magtymguly Pyragydan soň has düýpli işlenilen düşünjeleriň biri boldy. „Görogly“ erposynda Jygalybeg ýaşajyk agtygyna: “Ýalňyz balam algyn pendim, ýurduň terk ediji bolma“ diýen mahaly, onuň   haýsy ýurdy, haýsy watany terk etmeli däldigine düşünmek aňsat däldir. Sebäbi, ol zamanlarda Magtmguly Pyragynyňky ýaly  türkmenleriň kesgitli watany bolmandy, tutuş halk, millet derejasinde özüni ykrar etdirmändi. Onuň üstesine-de, „Görogly“ eposy çeper-hyýaly eserdi.Şonuň üçin ony Magtymgulynyň şygyrýetiniň göterýän derdi, keşigi bilen deňeşdirip boljak däldi. Magtymgulynyň şygyrýetiniň derdi çeperleşdirilen däl-de, hakykat ýüzündäki  halkyň ahy-nalasy, halk derdi, halk ahy-armanydy.
Şonuň üçin, sözüň doly manysyndaky watan, watançylyk düşünjesi diňe beýik akyldaryň şygyrýetinde hakyky mertebesine ýetirilen meseledir.
Eýsem, beýik akyldar „watan“ derdi, „watan“ mertebesi,“watan“ ezizligi diýende nähili maksady göz öňünde tutduka?!  
Magtymguly Pyragy üçin watan - „ýarysy melekden, ýarysy jyndan müjewir bolup gorap ýatan „Kyblsy-Pederidir“. Watan ýüreginiň bagy – eziz ejesi, doganlary, öz „goşa didesi“—balalary! Olaryň barynyň topraga duwlanyp ýatan ýeri - watan! Bu watanyň goýnunda, bulardan başga-da, onuň ata- babalary, ezizleri, ili-güni zemin bolup ýatyr. Olaryň eziz ruhy bu topragyň üstünde ýaşap ýörenleri görner, görünmez bela- beterlerden, howplardan-hatardan goraglap ýör. 
Beýik akyldar üçin watan - bu dünýäden ötenleriň, bu mukaddes zeminiň astynda allahy kereme beslenip ýatanlaryň päkize ruhy bilen bu topragyň üstünde gün, güzeran diýip, azap tartyp ýaşap ýörenleriň umyt-arzuwlarynyň bitewileşýän ýeri. 
Heý dünýä akyldarlygynyň gönezligi paýhasynda uýan beýik akyldar muňa düşünmezmi! Onuň üçin heý, dünýäde şeýle düşünjedäki watandan eziz ýer, ýurt bolup bilermi?!? Megerem, ýok bolsa gerek! Ol:

Watanymda han idim,
Hanlara soltan idim.
Dertlilere derman idim,
Misginlere dükan idim,
Jansyzlara jan idim...-

- diýende, ol hanlygy, soltanlygy dälde, watanyndaky erkinligi, rahatlygy, il-güne gerekliligi barada aýdypdyr diýip düşünilýär. Beýik akyldar hemişe:

Gel, köňlüm, men saňa nesigat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma—

- diýip, öz-özüne medet berýär. Sebäbi, beýik akyldaryň döwründe-de, başga-başga illere, ýurtlara gazanç, talap, rahat, bagtly durmuş isläp gidenler az bolmandyr. Mysal üçin, Owganystanyň patyşasy Ahmet Dürrany  türkmen tire-taýpa serdarlarynyň atlaryny ýekeme-ýeke tutup, kömek sorap, hat ýazanda türkmeniň özüne göwni ýetýän  ýigitleriniň köpüsi atly-gylyçly ýola rowana bolanlarynda-da beýik akyldar “Watany terk edip gidiji bolma“ diýen sözünde berk durupdyr.
Elbetde, bu paýhas-parasady beýik akyldaryň özi üçinem, külli türkmen halky üçinem bähbit bolupdyr“ diýip oýlananyňy duýman galýarsyň. Sebäbi beýik akyldaryň zar aglap aýdyşy ýaly, agalary Abdylladyr Mämmetsapanyň-da, Çowdur hanyň hem şol gidişi- gidişi bolupdyr ahyryn. Birdenem şeýtan kalbyňa was-wasy salyp: "Eger Magtymguly şolar bilen giden bolsa, nähili bolardy?“ diýeniňi duýman galýarsyň. Eger Magtymguly şonda öz agalary bilen giden bolsa, türkmen halky soňra hiç haçan gaýtalanmajak beýik aňyýetini ýitirerdi!..
Magtymguly Pyragynyň watançylyk paýhas-parasat ulgamy ýöne ýere döräýenok. Ol öz agalarynyň yzynda olaryň zaryny çekip galmak bilen birlikde, akdemik Baýmuhammet Garryýewiň baryp, 1942-nji ýylda Mäti Kösäýewiň redaksiýasy bilen çap edilen „Watançy şahyr Magtymguly“ diýen çaklaňja  kitapçansynda Beýik akyldaryň watancylygy barada söz acyp: “...Magtymguly azatlyk, erkin durmuş  hakynda diňe  arzuw etmek bilen çäklenmändir. Ol edermen türkmen jigitleri bilen birlikde mähriban watany eli ýaragly gorap gelipdir. Watançy Magtymgulynyň örän kän söweşlere gatnaşany hakynda halk içinde bolan rowaýatlar, hekaýalar muňa şaýat bolup biler“ - diýişi ýaly, beýik akyldaryň watan baradaky beýik yhlasy onuň diňe bir dilinde, ýa-da şygyrlarynda bolman, ol watan üçin öz döwründe janyny orta göýan  ynsan bolupdyr.
Magtymguly Pyragynyň watançylygy barda uly  ylmy-derňewler geçen akademik Baýmuhammt Garryýew: „Magtymguly“ atly saldamly kitabynda: „Magtymgulynyň idealy - watan, erkana durmuş, ýurtlaryň dynçlygy, rahat, bol-telki ýaşamagy. Emma bu arzuwa ýetmek üçin köp-köp böwetleri ýykmaly, emma ol böwetler ýykardan agyr“ diýip belleýär.
Magtymgulynyň watançylygyny ýzarlanyňda bir ýagdaýa gözüň düşýär.
Birinjiden, Magtymguly ilki-ilkiler  öz  halkynyň derdini paýlaşýan dertdeş hökmünde orta çykýar. Ol öz halkynyň  ogly hökmünde-de, şahyr hökmünde, akyldar  hökmünde  öz ilinde ýaşaýan garry-ýaşyň, tutuş watanynyň, külli türkmen  halkynyň görýän görgüsine, çekýän jebri-jepalaryna dözmez howandar hökmünde söz aýdýar..

Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
 Mundan döwlet dönüp,duşmana gelgeý.

Ýa-da: 

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady. -

- diýse, garyp biçäreleriň agyr haly barada: „Garypda san ýokdur, märeke görmez“, “Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr, Bir märekä barsa örny aşakdyr“, “Magtymguly, garyplaryň gözýaşy, daglary ýandyrar, erider daşy...“ - diýip, il-günüň derdini bölüşýär.
Ikinjiden, Akyldar şahyr bu bolýan hyz- haramylyklaryň, jebri- jepalaryň üstüne, daşarky duşmanlaryň halka berýän zulmuny, ili ýagy-ýesir edip, talaňa salyn,  alyp  gidilişini görüp, duýup, indi saklanyp bilenok. Ol oýlanýar. 
Üçünjiden, Magtymgulynyň belent watançylygynyň ýene- de bir ýoly, onuň gowy günlere, ajap eýýama uly umydygär bolup garaşmagydyr. Beýik akyldar garaşa-garaşe, ahyry: “Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi. -diýip, özüniň umyt-arzuw bilen  garaşan  ajap zamanynyň geler ýerde gelmän, onuň geljeginiňen gümanadygyna düşünmegidir. Ol  duşman has berkine tutýandygyny duüupdyr.
Dördünjiden, Magtymgulyny bir keramat gelip, türkmen ilin ýalkar, eşretli günlere elter“ diýen oýlary hasyl bolmaýar. Onuň „Reýgan eýledi“ atly şygyrlarynda:
 
Gapyllykda duşman aldy daşymyz,
Dargatdy dört ýana deňi-duşumyz,
Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,
Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi.—

- diýişi ýaly, akyldaryň özi-de duşman eline bendi bolup düşmeli bolýar. Ol:

Magtymguly, goly bagly, perişan,
Ajap destanymdan goýmady nyşan,
Zyndanda oturdy pir, juwan... işan,
Idegim kerwenden ýoldy, neýläýin. (“Boldy, neýläýin“) -

- diýip, „dagdan aşyp gyzylbaşyň ordasy“, “her gün açyp gul-gyrnagyň bazaryn“, „ýurduň weýran bolup, zyndanyň ýurt bolandygyny“ zar çekip beýan edýär.
Bäşinjiden, indi Magtymguly öz halkynyň içerki, daşardan gelýän jebri-jepalary, zulum-sütemi çekişini görüp, bilip, ahyr soňunda arzuw-hyýala batyp ýatmadan netijäniň  ýokdugyna kesgitli düşünýär.
Turkmen halkynyň çekip-çydap bolmajak derejelerde agzalalygy, daşarky duşmanlary hasap etmäniňde-de, bu halkyň  birek-biregi  wagşylarça weýran etmegi beýik akyldaryň derdiniň üstüne dert goýupdyr. Bu barada wenger alymy A.Wamberi: ”Olar (türkmen taýpalary) ylalaşdyryp bolmajak derejede   we mydama duşmançylykda ýaşaýardylar…”- diýip, ýatlaýar.
Magtymgulynyň pikiriçe, türkmen halkyny  daşarky duşmanlaryň zulmundan hem, içerki tire-taýpalaryň birek-biregi wagşylarça weýran etmegindenem diňe bir ýagdaý, bitewi döwlet bolup, Kemal han Owgan ýaly başa uýmak halas edip biljekdi.
Ol arzuw etmek bilen erkinligi, asudalygy, bol-telki güni, beýik, kuwwatly döwleti getirip bolmajagyna, onuň üçin tutuş halk bolup nähilidir bir azaplar çekmelidigine akyl ýetirýär. Şeýle belent paýhas bilenem öz halkyna ýüzlenýär:
Ol "Görülsin indi" goşgusynda:

Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,
Dostlar bizi duşman gaýgy siline
Gark etmänkä, çalyp, çapýlsyn indi.[1.9]
 
Altynjydan, Magtymguly Pyragy ine, şu paýhas bilen öz halkyny bir döwlet bolmaga çagyryp başlapdyr.

Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurydarys Gülzumy, derýaýy Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Ýene-de:
      
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Beýik şahyr ýene-de:
        
Teke, ýomut, ýazyr,  gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişi, açylar gül-lälesi. —

- diýip, bitewi, synmaz, halky azat, erkin, eşretli döwranda ýaşatjak döwletiň gürrüňini edýär. Soň bolsa azat, erkin türkmen döwletiň mertebesi, abraýy, onuň, tebigatynyň hem, halkynyň hem, gün-güzeranynyň hem hiç bir döwletiňkiden kem bolmajagyny, ony diňe, söýüp, gorap, onuň beýik ogly bolup mertebesini belende göterip ýaşamalydygyny wagyz edipdir.
Şeýlelikde, beýik akyldar jebri-jepaly oýlanmalardan soň watan, watany gormak, watan bilen bitewileşmek, bir döwleti döretmek, oňa hyzmat etmek meselesinde görülip-eşidilmedik ajaýyp mekdebi emele getiripdir.
Beýik şahyr şol mekdep arkaly:

1. Külli türkmen halkyny XYIII asyryň jebri-jepaly, dagynyklygyň, agzalalygyň kyn we hasratly zamanynda bir bitewi döwlet, bir bitewi halk bolmaga çagyrypdyr.

2. Öz beýik pähim-parasada ýugrulan şygyrlary arkaly öz halkyna bagtly, eşretli, azat, rahat, erkin durmuşda ýaşamaga kömek etmäge çalşypdyr.

3. Beýik akyldar watançylyk mekdebiniňparasat ulgamy arkaly halkynda  öz ýurduna, öz halkyna, öz halkynyň ruhy we tebigy gözelligine şöýgi, çäksiz buýsanç  duýgy-düşünjesini döretmegi başarypdyr.

4. Ol bu mekdebiň täsiri bilen her bir türkmeniň kalbynda eziz watana söýgi düşünjesini kemala getirmäge çalşypdyr...

5. Beýik akyldar şu mekdep arkaly öz döwürdeşlerine, özünden soňky geljeklere  watany, halky jandan ileri goýup, söýüp, gorap, gerek bolsa gara başy orta goýup bilmek baradaky  beýik watançylyk ýol-ýörelgesini  goýupdyr.

6.  Magtymguly Pyragynyň bu watançylyk mekdebi wagtyň geçmegi bilen ölmez- ýitmezlige öwrülipdir. 
 

Mämmetweli Kemine, Mollanepes, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi, Seýdylla Seýdi, Annagylyç Mätäji ýaly nusgawy şahyrlarymyz, şeýle hem, häzirki wagtda ady belli, ýa-da belli däl şahyrlar şol beýik mekdebiň äleminden geçip, özleriniň ölmez-ýitmez eserlerini döredipdirler.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamanyň birinji kitabynda: "Kim Watany başyna täç etse, Watan hem ony baýyna täç eder”[7.315] diýip belläpdi.
Ajaýyp akyldarymyz Magtymguly Pyragy özüniň ölmez-ýitmez dürdäne şygyrýeti arkaly döreden watançylyk mekdebi bilen eziz watany başyna täç etdi. Bu gün bagtyýar türkmen halky özüniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragyny, onuň dünýä taýlanýan akyldarlyk mekdebini Garaşsyz, baky Bitarp Watanymyzyň depesine almaz täç edip geýdirdi.

Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 15 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: