19:57
Magtymguly Pyragynyñ akyldarlyk çeşmeleri

MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ AKYLDARLYK ÇEŞMELERI

Magtymguly Pyragynyň äleme taýlanýan şygyrýerti dörän gününden şu güne çenli, onuň  goşgularyny okanlaryň, diňlänleriň aklyny haýran edip gelýär. Hakykatdan hem, XYIII asyryň gahatçylyklardan, zulumdyr jebri-jepalardan doly ýowuz sähralarynda  gün-güzeran dolamgyň, ynsan ýaly kadaly ýaşamgyň  hupbatly zamanynda, adamlara güzeran dolamagyň, özüňy zulumlaryň, ýoksuzlygyň däli sillerine gark etmän, aman saklamagyň  dert, azar mahaly, dowzah ýaly ýowuz tetäregiň zamanyndan bu beýik akyldaryň, onuň adamzat parasat hazynasyna taýlanýan akyldarlyk äleminiň parlap dünýä çykyşyna aklyň haýranlar galman nätsin?!
 Beýik akyldaryň jöwzaly türkmen  sahralaryň jepaly durmuşynda  dünýä belli alym Ý.E.Bertelsiň belleýşi ýaly, Abulksym Ferdöwsiniň “Şanama” eserindäki  Eýranyň beýik şalarynyň biri Jemşidiň gyrasyna  kaksaň dünýä wakalaryny görkezip duran tylla jamy ýaly, juda köpgyraňly şygyrlary, ol goşgularyň  özenindäk beýik  pelsepe,  beýik parasat, durmuşyň dürli ugurlarynyň heniz dünýä şahyrlary tarapyndan setire salnyp, dile alynmadyk pähim-parasat maňzynyň  milli, halky ruhda, türkmen diliniň  şirinliginiň iň gözel nagmalarynda aklyňy haýran ediji kämillikde dünýä ýaýylmagynyň syry nämedekä?!. Eýsem, şeýle beýik  kämilligiň- türkmeniň öňde-soňda düýşüne-de girmejek  beýik akyldarlygyň Alla tarapyndan biziň halkymyza berilmeginiň esaslary nämede?!
Belli ýazyjy Çingiz Aýtmatow “ XVIII asyr Magtymgulynyň asyry boldy…” diýende türkmen halky örän şat bolupdy. Emma Magtymgulynyň  şygyrýeti döränden soň türkmeniň öňündäki asyrlaryň ählisiniň  Beýik Magtymgulynyňky bolandygyyny biz bilmeli ahyryn. Sebäbi Magtymgulynyň şygyrýetiniň pähim-parasat esasy äleme ýaýrandan soň, türkmeniň han- begleri, tire-taýpalary, tutuş halky öz sözlerini, öz piker- parasatlaryny däl-de, Beýik Magtymgulynyň  şygyrýetindäki  beýik parasat bilen sözländirler. Bu häzirem şeýledir.
Beýik Magtymgulynyň şygyrýetiniň döremegi,  türkmen halkynyň dünýä halklarynyň hiç birine meňzemeýän pähim-parasat aňyýetini  emele getirdi.
Şol beýik parasat, ölmez-ýitmez beýik aňyýet indi türkmen halky  ýaşasa ýaşar gider oturar.
Eýsem, Magtymguly Pyragy  XYIII asyryň ýowuzdan jebri-jepaly zamanynda  dünýä taýlaýmaly şeýle beýik akyldarlygy nireden alyp bildikä?!  Magtymgulynyň beýik zehininiň, beýik  genisiniň  çeşmeleri niredekä?!.
Magtymguly Pyragynyň şahyrçylykdan has beýge göterilen akyldarlygynyň, ajaýyp genisiniň, şahyrana zehininiň çeşmeleri, beýik akyldara berlen ylahy zehiniň parlak ganatyny beren  düýpsüz  çeşmeleri şular bolaýmsyn: 
 Birinji akyldarlyk çeşmesi: türkmen halkynyň  durmuş,, gün-güzeran, ruhy we ahlaky gymmtlyklar...
Beýik akyldar  hakykatdan hem özüniň akyldarlygynyň göwher genjiniň esaslaryny türkmen halkynyň ykbalyndan, ýowuzdan gazaply durmyşyndan, agyr güzeranyndan alandyr. Ol türkmen hökmünde bu halkyň töründe doglup, sada türkmen näme iýse iýip, näme içse içip, näme geýse geýip, näme sözlese sözläp, türkmeniň toýuna begenip,  ýasynda gynanyp, onuň  ruhunyň, ahlagynyň hamyrmaýasyna ýugrulyp, öý-ojagynda kemala gelendir.Hakyky türkmen bolup, türkmen durmuşynyň hasratdan , jepadan, eşretden doly dünýäsinde ömrüni ötürendir. Şonuň üçin Magtymguly Pyraga türkmen durmuşy ýaly ýakyn we eziz başga bir  durmuşy gözläbem tapyp bolmasa gerek. Ol:


Ýigitler tirme-şal guşar biline,
Ýorga münüp, tarlaň alar eline,
Ak göwsün bir jeren deňiz ýeline,
Mäleýän marally çöli Gürgeniň.

Magtymguly, ilden ile aralar,
Hijran tygy bilen bagryn paralar,
Golun sallap maral gabak periler,
Iner olumyndan däli Gürgeniň.

Ýa-da:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, 
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.—

diýende, özüniň şygyrýetindäki ýüzlerçe goşguda bolşy ýaly, bu göşgularyň setirlerine gör, nähilli  milli, halky,özüne ýakyn,eziz duýgulary salyp bilipdir.
Magtymguly Pyragynyň ikinji  akyldarlyk çeşmesi Gurhany Kerimdir.
Beýik akyldar gündogaryň beýik alym- pirleriniň biri Döwletmämmet Azadynyň ogly bolmak bilen birlikde, bu beýik alymyň şägirdi-talyby hem bolupdyr.
  Döwletmämmet Azady ,  ilkinji nobatda,  Beýik ýaradanyň ýoluna ömrüni goýan diwanadyr. Ol   öz ogluna  Gurhany Kerimi aýatma-aýat, süreme-süre öwredendigi  bilen oňman, ol aýatlaryň, süreleriň keramatly ruhundan hem gandyrandyr..  Şonuň üçin-de ol:

Magtymguly, syrym çohdur,
 Men neýläýin, açan ýokdur,
Ölmek –hak, direlmek hakdyr,
 Okydym „Kuran“ içinde—

ýa-da ol:

Bismilla diýip okyp Kura:any- ýasyn,
Köňlüňden çykarma hakyň senasyn,
Magtymguly, hak geçirgeý günäsin,
Jennetil- mä:äwa dek jaýlary bardyr—
 
diýende, şol “açylmaýan” syrlarynyň şol okan Kitaby biln baglydygyny aňlamak bolýar. Çünki Magtymgulynyň Gurhany Kerimi okap, ondan alan akyl-parasadyny 
oňa başga bir kesem, müňläp-müňläp kitabam,  dünýäniň  alym-pirlerem berip bilmezdi. 
Beýik akyldar Gurhany Kerimi  gaty gowy bilýändigi üçin yslamyň   gyldan inçe, gylyçdan ýiti ýol-ýörelgesinden diýseň ezberlik bilen baş çykarmak bilen, özüniň şygyrýetinde Gurhany Kerimiň, din-şerigatyň ýol-ýörelgelerini juda eşretli, janlara derman boljak derejede wagyz edýär.
Magtymguly Pyragynyň üçünji akyldarlyk çeşmesi Gurhan edebiýtydyr.
  Gurhan edebiýaty  (ýa-da gündigary öwreniş  ylmy-edebi  dolanyşygynda bellenilişi ýaly: sopuçylyk edebiýaty, diwanaçylyk edebiýaty, yslam edebiýaty)    Gurhany Kerim dünýä inenden soň  gündogaryň  adamzada belli pirleri, alymlary, sahyrlary tarapyndan Gurhany Kerimiiň aýatlaryny, sürelerini  düşündirmek, wagyz etmek,  onda  ady agzalan pygamberleri, enbiýalary, hekaýatlary,Allatagalanyň  Töwrat iberen Musa pygamberi, Injil iberen Isa pygamberi, Zebur iberen Dawut pygamberi, Gurhany Kerim iberen Muhammet aleýhsalam barada, olaryň durmuşy, ýkbaly, din-şerigatyň dürli ýollary,   tarykat, hakykat, şerigat basgançaklary baradaky ulgamlary beýan edipdir. Şonuň bilen birlikde,  bu ugur  şerigatyň  inçe ýollary,  nebsiňi, gahar-gazabyňy jylawlap,  köňlüňi mal-baýlykdan, bu dünýäniň  eşretlerinden, sapaly durmuşyndan üzüp,  aklyň, edebiň,  düýgyň, ruhuň, janyň, jigeriň  bilen ýaradana berlip, onuň alyna päk ahlak, päk umyt bilen barmak baradaky ajaýyp    ylmy-çeper eserleriň dünýäsi bolupdyr.
Beýik akyldaryň göz öňünde tutup, ylham alyş dünýäsine gündogaryň beýleki  beýik söz ussatlary bilen birlikde, „ol yklym eýesi Ahmet Ýasawy“  hem  bolupdyr. „ Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet „ diýlip,  dile düşen bu beýik pir:

Her göreniň Hydyr bilgil, 
Her gijäni Gadyr bilgil.

Iller bugdaý, men saman,
Iller ýagşy, men ýaman—

 diýmek bilen, Orta asyrlar dünýäsiniň köňlüne allahy ezizlik, hudawy mähribanlyk ruhuny çaýany  üçin, onuň ady tutuş gündogara ýaýylyp gidendir. Bu beýik pir Muhammet pygamberiň ýaşyndan artyk ýaşamagy özüne peslik bilip, altmyş üç ýaşyndan , ýagny „pygamber ýaşyndan soň“ ýer astyna giripdir.
Ol özüniň „Hikmetlerinde“

Eýýa dostlar, gulak salyň aýdygym,
Ne sebäpden altmyş üçde ýere girdim.
Myraž üzre hak Mustafa gördi ruhum,
Ol sebäpden altmyş  üçde ýere girdim.

Ýa-da:

Tarykatnyň ýollarynyň ykbasy köp,
Päk yşkyny gola almaý ýörmes tutup,
Didaryny görüp bolmas tün gün ýörüp,
Hiç uhlamaý, didaryny gördüm men-ä.

Hakykatnyň manysyga ýetgen kişi,
Beýhuş bolup köýüp ýanar  taşy- içi,
Ganlar akar gözlerimden gara ýaşy,
Gözüm ýaşyn tohbe alyp bardym men-ä.

Şerigatdyr aşyklaryň efsanasy,
Kanda bolar jananadyr hemhanasy,
Aryf aşyk tarykatnyň diwanasy,
Bu sözleri arş üstünde bildim men-ä.—

diýip ýazýar.
 XIII-XIY asyrlarda ýaşan  Nasyretdin Rabguzynyň “Kasasyl-enbiýa”  eseri Gurhany Kerimdäki, şeýle hem beýleki dini  kitaplardaky pygamberleriň ömri, ykbaly baradaky ajaýyp kyssalara bagyşlanypdyr. 
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy bu ajaýyp  eseri  okandygy barada: 

Depderler içinde bir kitap gördüm--
„Kasasyl-enbiýa“ atly ýaranlar.
Hezreti Ýusubny beýan eýläli,
Kyssasy şekerden datly ýaranlar.-

 diýip, „ Ýusup“ kyssasyny, ýagny „Ýusup- Zylaýha“ dessanynyň baş gahrymanyny  : “Ýaranlar“ „Arap tilli söwdügim“ ýaly ençeme şygryna salypdyr. Beýik akyldaryň:

Boýadylar köýnegiňi gan bilen,
Ady belli arap tilli söwdügim.-

diýip başlanýan goşgusy,   bu kitapdan täsirlenip  döreden  beýleki ençeme  eseri şirinden näzik duýgular bilen ýazylypdyr. 
Beýik akyldaryň şygyrýetine ganat-kuwwat berenleriň ýene biri beýik akyldaryň:

 Doga kylsam, jebri-jepa ekserdir,
Ylm öwreden ussat kyblam pederdir. --

 diýip, býik akyldaryň buýsanç bilen aýdan beýik piri, şahyry, filosofy Döwletmämmet Azadynyň:

Käbe ýykmakdan müň mertebe,
 Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede[—

diýip, özboluşly ynsanperwerlik paýhasy bilen gündogarda ýagty ýol goýup:

 Baby owal  patyşalar waspyny,
Ýary berse wasp  eder rebbi-gany.

Serweri älem Muhammet Mustafa,
Din üçin janyna berdi çoh jepa—

diýip başlanýan „Wagzy Azat“ eserini ýazdy. Bu eseriň çuňňur mazmyny din- şerigatyň ýoluny berk tutup, Allanyň alynda ýalkanmakdyr. Beýik alym  bu poýemasynyň birinji babynda gündogaryň dünýä belli akyldar şahyry Alyşir Nowaýynyň  „Hamsasyna“ girýän birinji eseri „Haýrat-al  ebrardan“ ylham alyp „ýurtlaryň patyşalary öz halky üçin alada edip, ýollar, ýaplar çekip, ekinler, bag-bakjalar ekip. ýurdy  bagy- bossanlyga öwürmeligir. Ýollaryň gyrasynda  rabatlar gurup, guýular gazyp,ýolagçylaryň köňlüni şat etmelidirler.  Ýurduň içinde medreseler, metjitler gürup, il-günüň  rahat durmuşda Allatagala  sükür-senada bolmagyny gazanmalydyrlar“  diýen ýaly gözel pikirleri wagyz edýär.
Akyldar şahyr Alişir Nowaýy bu poemasynda:

 Goý halk üçin eşret döretsin , soltan,
Şonuň üçin alkyş aýtsyn bar ynsan.

Adalat kanunyn berkarar etsin,
Ol kanun zulumlaň köküni kessin.

Halk bagdyr, sen bolup pähimdar bagban,
Sak çopan bol,  halk-süri,ýogsa dagar.

Çopan uka gitse, aç gurtlar çozar,
Harap eýlär tutuş süriňi olar.

Bagy idetmeseň bag bolup harap,
Agaçlary diňe oduna ýarar.

Edil bag deý, süriň bolar-da weýran,
Soň janyňa jebri-jepalar eýlär. (Terjimesi özümiziňki).—

- diýýän bolsa, Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy- Azat” poýemasynda:

Bir ekin kim sakçy gözlemese,
Ýa habardar gözlerden gözlewmese,

Ole kin bolgaý  der sagaty,
Sakçy bolganyň bolarmy rahaty.

Patyşasy bolmasa her ülkeniň,
Bolmaz imiş hairy-yhsany anyň.-

- diýip ýazýar. 
"Wagzy-Azat" kitabyna redaktorlyk edip, oňa sözbaşy ýazan  alym, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty N. Meredow   bu kitabyň sözbaşysynda „ Döwletmämmet Azady Alişyr Nowaýynyň, Nyzamy Genjewiniň, Abdyrahman Jamynyň eserlerinden  köp bölekler alypdyr“ diýip belleýär..
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy  yslam edebiýatynyň   ýokarda garalyp geçilen  we beýleki onlarça, ýüzlerçe eserleri bilen öz  ajaýyp  şygyrlarynyň ruhuny gandyryp,  külli türkmen halkyna ýaýypdyr.
Beýik şahyr yslam edebiýatyny okamak, ondan ruhuny gandyrmak bilen çäklenmän, ondan täsirlenip, onuň özi hem şol syrly älemiň bir bölegine öwrülipdir. Ol özüniň „Turgul diýdiler“ goşgusynda:

Bir gije ýtyrdym tünüň ýarynda,
 Bir  tört ally gelip „Turgul „ diýdiler.
Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda
Şol ýerde ärler bar  görgül“ diýdiler.

Daşdan çykdy altmyş atly gördüler,
„Muhammet“ diýp bary garşy ýördüler,
Saglyk, salamatlyk bir-bir sordular,
„Durmaň, ulug jaýa ýörgül“ diýdiler.

Şondan soň erenleriň, çiltenleriň, sahabalaryň, gündogarda belli pirleriniň alynda Resul Alla  „Bu guluň maksadyn bergil“ diýýär. Oňa käseläp nähilidir bir  gudrat içirýärler Şondan soň beýik akyldar: „Nägä hyýal etsem,  gola getirdim,
Nägä baksam oňa  nazar ýetirdim“ diýýär. Ol „Nazarym ýetişdi arşyň kemerne,
„Jebrut äleminde Jelil syryna „ diýip, beýik zehine, beýik keramata eýe bolandygynyň syryny açýar. Elbetde, Beýik akyldaryň şeýle beýik syra eýe bolandygy düşnüklidir. Allahy bir syra eýe bolmadyk ynsan   dünýa taýlanýan, başga bir, deňeşdirere  taýy bolmadyk  şeýle şygyrýeti döredip bilmez..
Magtymguly Pyragynyň dördünji akyldarlyk çeşmesi -- gündogaryň beýik akyldar şahyrlary we olaryň ajaýyp eserleridir...
   Şonuň üçinem ol „San bolsam“ goşgusynda:

Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,
Ferdowsy, Nyzamy, Hafiz perwany.
Jelaletdin Rumy, Jamy an-many,
Olaryň jaýynda menem kän bolsam.

Damengandan ýörgen ussat Nowaýy,
„Çar diwany“,“Perhat-Şirin“, rubaýy,  
Zahyretdin Babur- mizan alowy,
Gaşlaryna baryp, men Mežnun bolsam...—

diýip, akyl-parasady,  beýik zehini bilen tutuş gündogarda, soň-soňlar bolsa Günüň dogýan ýerinden, ýaşýan ýerine çenli akyldar hökmünde şöhraty çawan , gündogarda  Tarykatyň soltany diýen şöhrata beslenip, iki sapar pygammerlik hyrkany egnine atan  Abu Seýit-Mäne baba barada ilkinji bolup söz açýar.Mäne babanyň  ömri- döredijiligi  barada Alyşir Nowaýynyň“Mejalis un Nefaýys“ tezkiresinde, Abdyrahman Jamynyň  ylmy eserlerinde degerli maglumatlar berilýär. Ol Mänede doglup, Sarags,Mary , Eýranyň dürli şäherlerindäki ady belli pirlerden düýpli bilim alypdyr. Soňra Allatagalanyň beren ömrüni şady-horram, ruhubelent, namarda zar bolman geçirmek barada täsin taglymatyny gündogarda wagz edýär. Şeýle hem Gurhany Keriniň  sürelerine, aýatlaryna ylmy düşündirişleri, din-şerigatyň gyldan inçe, gylyçdan ýiti  ýollary barada ylmy makalalary, bu dünýäde birek-birege hemaýat berip, arkalaşykly, bagtly ýaşamak barada hekaýatlary, tymsallary, hikmetleri,  ýazypdyr. Öz döwründe juda uly  zehine gaplanan hasap edilen goşgy- gazallaryny, rubagylaryny döredipdir .
Beýik akyldar Magtymguly bu şygrynda: Mäne babanyň şeýle ajaýyp eserlerini, Omar Haýýamyň  sopuçylyk, diwanaçylyk, din-yslamyň dürli meselesi baradaky ylmy traktatlaryny, onuň  aý-ýyllaryň, gije bilen gündiziň  dolanyşygy baradaky kalendaryny, dünýäniň  uzak- ýakyn aralyklary bardaky hasapnamalaryny, ajaýyp „Nowruznama“ eserini, özboluşly rubagylaryny,,Hoja Ýusup Hemedanynyň  şerigatyň basgançaklary, Gurhany Kerimiň  sürelerine düşundirişler baradaky ylmy eserlerini, ajaýyp goşgy-gazallaryny,  Abul Kasym Ferdöwsiniň dünýä belli „Şanama“ eserini, Nyzamy Genjewiniň „Hamsa“ eserine giren “Leýli-Mežnun“, “Hosraw-Şirin“, “Perhat-Şirin“, “Ýedi peýker“, “Iskendernama“ eserlerini, onuň „Ýedi tagt“  kitabyna giren  eserlerini ajaýyp şygyrýetini, Hafyz Şirazynyň  tutuşlygyna şirin duýgulara, goýazy paýhasa ýugrulan şygyrýetini, Jelaletdin Rumynyň 6 jiltden ybarat  mesnewi ummanyny, dürmuşyň dürli meselesi baradaky täsin tymsallaryny, Abdyrahman Jamynyň „Hamsasyny“, dürdäne şygyrýet mülküni, Alyşir Nowaýynyň, Nyzamy Genjewiden, öz halypasy, dosty Abdyrahman Jamydan täsirlenip ýazan „Hamsasyna“ girizilen  „ Haýrat-al ebrar“, “Leýli-Mežnun“,“Şirin-Perhat“,“Sabaýy Saýýara“, „Sadyn Isgender“ eserlerini, rubaýydyr, goşuk-gazallaryny, Zahyretdin Baburyň döwleti dolandyrmak, döwletiň düzümindäki  halklary, halkyýetleri  agzybir saklmak hakyndaky eserlerini,  özboluşly zehine ýugrulan goşgy- gazallaryny,  Sady-Şirazynyň näzik duýgularyň, eşretli paýhsyň  ýüpek nagmalaryndan  düzülen „Bossanyny“, Çülüstanyny“, Hakanynyň dünýä taýlaýmaly agrasdan goýazy   eserlerini birin-birin sanaýar.
Ol  bu goşgusynda „Halyf Omar bilen Süleýman bolsam“ diýmek bilen,  halyf Omaryň  hem adyny  uly hormat  bilen tutýar. Muhammet pygamberiň beýleki sahawalary bilen birlikde, halyf Omar  hem  Gurhan edebiýatynda, yslam, sopuçylyk edebiýatynda ylaýta-da gündogar edebiýatynda halallygyň, döwleti adyl, adalatly dolandyrmagyň soltany hökmünde meşhurdyr. Ol barada durli  tymsallar, hekaýtlar, rowaýatlar döräp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şolardan birinde şeýle gürrüň berilýär:  Bir sapar bir adam bir iş bilen  agşamara halyf Omaryň öýüne barypdyr. Içeri garaňky bolany üçin  hezreti Omar çyranyň ýagtysyna bir zatlar ýazyp oturan eken. Ol myhman geleni üçin,  öz işini boldum edipdir-de, ýanyp duran çyrany öçürip, beýleki bir çyrany ýakypdyr. Myhman halyfyň bir çyrany öçürip, beýlekisini  ýakmagyny geň görüpdir. Muny aňan  hezreti Omar şeýle diýipdir:
  - Bu çyra döwletiňki. Men häzir döwlet işini edip otyrdym. Şonuň üçin döwlet çyrasyny ýakýardym. Indi, sen geldiň, men öz işim üçin döwletiň çyrasyny ulanman, öz çyramy ýakdym—diýipdir.
Süleýman pygamber hem gündogarda ýere-suwa, ynsa-jynsa häkim bolsa-da, gerek bolsa garynjany hem diňlän  beýik  pähimdar hökmünde meşhurdyr.
„Kasasyl-enbiýadaky“ bir  rowaýata görä, bir sapar Süleýman agyr goşun bilen bir ýurda barýar eken. Şonda olaryň öňünden bir garynjajyk çykyp, Süleýmana ýüzlenipdir.
- Eý, Süleýman, seniň geçýän ýoluňda, Ýeriň      astynda meniň  halkym ýaşaýar. Eger sen goşunyň bilen  şu barýan ýoluňdan sowulmasaň, meniň halkymyň başyna 

uly jebri-jepa injek-- diýipdir.
Süleýmen pygamber garynjanyň bu sözüni diňläp, agyr goşunynyň geçmeli ýoluny üýtgedipdir.
 Şonuň üçim Magtymguly Pyragy „Gul bolgul“ goşgusynda:

Süleýman, sen mura bir gulak goýgun,
Sözüni diňlegin, jogabyn aýgyn,
Häkim bolsaň halky Gün kibi çoýgun,
 Akarda suw, ýa- öserde  ýel bolgul.—

diýýär. Ol şu şygrynyň üsti bilen, Alyşir Nowaýynyň meşhur “Haýrat-al abrar” eserinden tä beýik Döwletmämmet Azadynyň  “Wagzy-Azat” eserine çenli  yslam 
edebiýatynda,  diwanaçylkyk, sopuçylyk, Gurhan edebiýatynda  halkyny, il-günuni, gol astyndaky bendeleri   gün kibi çoýýan adyl, adalatly häkim, han, soltan, baý-beg bardaky parasatly pikirler ulgamy bilen öz şygyrýetini gandyrypdyr.
Ol beýle eserleri ýüreginden, jan-jigerinden geçirip, derdine derman etmek bilen, ony  öz dürdäne şygyrýetiniň hamyrmaýasy bilen eýläp, öz halkynyň depesine hiç haçan könelmejek almaz täç edip geýdiripdir. Diňe şondan soň  şolar ýaly läheňleriň hatarynda“ menem san bolsam „ diýip arzuw edipdir.
Magtymguly Pyragynyň bäşinji akyldarlyk çeşmesi gündogar halkynyň, şeýle hem türkmeniň halk döredijilik eserleridir. 
Beýik akyldar çagalygyndan başlap il içinde halk aňyýetine öwrülip giden „Görogly“ eposyny,  „ Leýli-Mejnunyň“ halk wariantyny,“ Zöhre-Tahyr“,“Şasenem-Garyp“,“ Wamyk- Uzra“  ýaly dessanlary, ertekileri, rowýatlary, nakyllary, atalar sözlerini juda oňat bilipdir. Munuň şeýledigini akyldaryň şygyrlarynda  türkmen  halk döredijilik eserleriniň juda ýerlikli we jüpüne düşürilip ulanandygyny onuň  ajaýyp  şygyrýetinde görmek bolýar.
Ol  goşgularynda  Göroglyny özüne juda gyzgyn tutupdyr. Bu  beýik türkmen  merdanyna  hemişe sygynypdyr. Ony  rowaýaty eseriň derejesinden çykaryp,halk howandary, şol sanda özüniňen  süňk hossary hasap edipdir. Ol „Maly dünýe, heý!“ goşgusynda:

Görogly dek gezsem daglaryň saýyn,
Görsem armanym ýok gülümiň roýyn.—

Diýse,Türkmeniň” goşgusynda:

Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda-düzde kowsa saýýatlar diri, 
Ala bilmez ýolbars ogly türkmeniň.—

diýse,”Delalat ýagşy” goşgusynda:

Görogly Reýhana  neneň ýalbardy,
Amandyr diýene diýanat ýagşy.—

 diýip,  aman soramgyň hem  aýyp däldigini aýtsa , “Ýar, senden” goşgusynda:

Görogly dek dagdan daga ugrasam,
Ýa Reb, habar bilerinmi ýar senden! —

diýip, özüni Görogly ýaly  batyr, ruhubelent, erkin alyp barmagyň yşgyna düşendigini beýan edýär we Göroglynyň dürli häsiýetlerini açyp görkezýär. Şeýle hem ol ”Zöhre-Tahyr”, ”Şasenem-Garyp” dessanlaryndan söz açyp:

Perhat Şirin bilen döwran sürmedi,
Seýpelmelek gaýra köňül bermedi,
Aşyk Tahyr Zöhre diýip durmady,
Mahyma bagş etmeý güli dünýä , heý.—

diýip, halkyň döreden eserleriniň maňzy bilen halkyna öwüt berýse, “Söýmüşem seni” goşgusynda:

1. Misli Ybraýym Sarany,
2. Aşyk Ýusup Süleýhany
3. Mejnun Leýli perizady…
4. Aşyk Perhat gül Şirini…
5. Seýpelmelek Mahjemaly
6. Ýemende Warka Gülşany,
7. Aşyk Nowruz  gül Perhany…
8. Aryzda Ganbar Arzyny,
9. Misli Tahyr ol Zöhräni...
10. Aşyk Garyp şasenemi
Söýen dek söýmüşem seni…—

diýip bir şygyrda gündogaryň on aşygynyň  şöýgi kyssasyny beýan edýär.
Şu ýerde beýik akyldaryň türkmen ertekilerini gaty gowy bilip, zerur bolanda olaryň tymsaly bilen türkmen akyl-parasadyny beýan etmegem juda oňat başarypdyr.
Belli bolşy ýaly, gadym zamanlarda bir aýy bir adam bilen dost bolupdyr-diýilip, şol ertekileriň  birinde  aýdylýar. Bu iki dost biri- birlerini şeýle bir sylapdyr, asyl olar birek-biregiň ýaňagyndan peşe çakmagyny hem islemändirler. Şonuň üçin olar gezip ýörenlerinde-hä däl, ýatanlarynda hem biri-biriniň ukusyna päsgel berilmez ýaly, ýatan turýança garawul durupdyrlar. 
Şeýle günleriň birinde adam uklap galypdyr. Äpet aýy öz dostuny gorap başlapdyr. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şol  wagtam bir siňek  ”wyz-wyz” edip, gaýta-gaýta ýatan adamyň  ýüzüne gonupdyr. Muňa aýynyň gahary gelip, siňegi telim sapar kowupdyr, emma siňek bärden kowsa aňry gonupdyr. Muňa juda gahary gelen aýy gapdalda ýatan ullakan, agyr daşy alyp,  siňekden salypdyr. 
Agyr daş şiňege degmän, hiç zatdan  habarsyz ýatan adamyň kellesini kül-uşak edipdir. Ol  ”Daş döker” goşgusynda:

Bilgin, uzak gitmez aýy dostlugy,
Gahry gelse depäň üzre daş döker.—

diýmek bilen, belli türkmen ertekisiniň manysyny iki setirde beýik pähimiň pelsepesine öwürýär.
Beýik akyldar türkmen halkynyň nakyllaryny, atalar sözüni ýerlikli ulanmak bilen, onuň özem nakyllaryň, atalar sözüniň ençemesini döredipdir. Aslynda, türkmen halky beýik akyldaryň  goşgularynyň setirlerini, hut olaryň dörän gününden bäri,  nakyl, atalar sözi hökmünde ulanyp   gelýär..
Magtymguly Pyragynyň altynjy akyldarlyk çeşmesi ykbalyň oňa bagş eden beýik hasratynyň ýangynly odudyr.
1.Beýik akyldaryň ýaşlykda köňül beren dildarynyň başga birine berilmegi; „Aýryldym“-;
2. Agalary Abdylla  bilen Mämmetsapanyň öýden çykyp, „Gan aglap, atalarynyň bilini büküp“ gitmegi,“Abdylla“;
3. Atasy Döwletmämmet Azadynyň ýogalmagy- „Atamyň“;
4. Çagalarynyň aradan çykmagy-“Aýyrdy“, „Yzlamaýan bolarmy“;
5. Bäş ýylda eden işini-kitabyny gyzylbaşlaryň weýran eýlemegi- „Reýgan eýledi“;
6. Ýurduny taşlap başga nätanyş illere göçmegi- „Soňudagy“;
7. Gün dolamagyň, güzeran aýlamagyň jepa öwrülmegi; “Zerre döwlet ýagşydyr“.
8. Han-begleriň ikiýüzluligi, ýurdy ýykmagy-„Ýyka başlady“ —
ýaly dertler, alynyň ugur almazlygy, maňlaýynyň açylmazlygy, alaçsyzlyk,  biçärelik, köňüldäki derdi-dagyň ýürekdäki beýik ýangyn bilen birigip, beýik akyldaryň dürmuşa, döwre, ömre, dünýä zehinli şahyr hökmünde däl-de, býik akyldar hökmünde seredip, bu ýagdaýlary parasatly ölçerip dökmäge, dünýäniň, gündogaryň, adamzadyň  akyl, aň kämilligi bilen oňa baha berip, şol bahany kämil goşgy setirlerinde açmagyna şert döredipdir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda,  dünýä akyldarlygynyň  almaz täjini başyna geýen Magtymguly Pyragynyň ylham alyş babatynda  beýleki akyldarlyk çeşmeleriniň hemmesini sanap geçmek mümkin däl. Ýone şu paýhas, parasat ulgamlary, ýowüz ykbal,  dünýä sygmaýan beýik zehin bilen ýugrulyp, dünýä belli akyldaryň döremegine, onuň akyl- parasadynyň dünýä ýaýylyp, adamzat  bilen baky galmagyna hemaýat edeni gümansyzdyr. Ol  şeýde-şeýde biziň  gözlerimiziň röwşeni,  köňlümiziň buýsanjy--öz,  ölmez-ýitmez, türkmen dursa baky durjak mähribandan eziz  Magtymguly Pyragymyz bolup galypdyr.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 13 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: