13:18
Magtymguly Pyragy - türkmeniñ milli şahyry

MAGTYMGULY PYRAGY - TÜRKMENIÑ MILLI ŞAHYRY

Gündogary öwrenili alymlar, Türkmenistana saý-sebäp bilen syýahat eden mahaly halkyň däp-dessury, sungaty bilen gyzyklanan syýahatçylar, has soňraklar türkmen şahyrlary bilen gyzyklanan dürli kärdäki adamlar, alymlar türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyny esasan, şahyr, onda-da milli şahyr hökmünde tanapdyrlar.Şolaryň, umuman türkmenleriň arasynda saý-sebäp bilen bolanlaryň ählisiniň bu halkyň Magtymgula goýýan gadyr-gymmatyna, sylag hormatyna, onuň keramatynyň alynda boýnusynyjylygyna haýran galmadygy ýokdur. Türkmenler islendik meselede  gan-da-pyçak bolup, gyrlyşybam, biri-birini  kerçäbem, oňuşmanam gazaply, öçli bolubam bilipdirler. Emma olaryň ählisi Magtymgulunuň  şygyrýetiniň, Magtymgulynyň akyl- parasadynyň alnynda biçäre bolup galypdyrlar.
Soň-soňlar Türkmenistanyň baknalyk, garaşlylyk, zamanynda  hem gündogary öwreniji dünýä belli alymlar şeýle pikire gelipdiler. Olardan  akademik A.E. Krymskiý: "Molla şahyr bolan Döwletmämmet Azadynyň ogly Magtymguly, XYIII asyryň ikinji ýarymynda türkmenleriň arasynda has şöhratlanan hem-de biri-birleri bilen syýasy taýdan baglanyşykly bolmadyk, dagynyk türkmen tireleriniň hemmesi üçin deň derejede gymmatly görülýär we umumy milli şahyr hasaplanýar. Türki halklaryň özgesiniň milli şahyry ýok.” – diýip bellese, dünýä belli gündogary öwreniji W.W.Bartold: "…gökleňlerden bolan Magtymguly şahyr  türkmenleriň  ählisi  üçin, şol sanda stowropollar üçin-de milli şahyr boldy" —diýip belläpdir.
Bu dünýä belli alymlaryň birinjiden, Magtymgulyny “şahyr”  hökmende kabul edendiklerini, ikinjiden, ony “külli türkmeniň, şol sanda stowropollylaryň milli şahyry” hökmünde kabul edendikleri biziň üçin göräýmäge şeýle buýsandyryjy, bahasyz mertebe ýaly bolup görülmegem mümkindir.  Ýöne bu berilen baha-da beýle bir ýalňyş baha-da däldir. Şeýle-de bolsa, indi Magtymguly Pyragy barada agyr meýlislerde şerabyň keýpi bilen aýdylýan hoşamaý öwgülere meňzeş boşlaw mahabatlandyrmalaryň döwri geçdi. Indi türkmen halkynyň beýik akyldaryna öz mynasyp bahasyny berip, onuň dünýä akyldarlarynyň arasyndaky ornuny kesgitleýän dogry, adalatly bahasyny bermeli  zamanasy geldi.
Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Magtymguly Pyragy ýaly, adamzatdyň parasat äleminde taýsyz ulgam bolup ýatan beýik akyldara mynasyp bahasyny berip bilýän alymlary az däldir. Onsoňam, biz şu ýerde bir ýagdaýy bellemeli.  Magtymguly Pyragy ýaly dünýä ýüzünde  öz döwrüniň, öz halkynyň ýeketäk, ýalňyz  milli akyldaryna haçan türkmene, Magtymgula, onuň şygyrýetine çala-çula düşünýän, ýa asla düşünibem barmaýan bir bigäne adam pöwhe, howaýy  hoş sözüni aýdarka diýip, gulak gerip, iki elimiz bilen dyzymyzy gujaklap, umydygär bolup oturman, öz beýik älemimiziň mynasyp bahasyny özümiz bermeli. Magtymgula özümizden çuň düşünjegem, ony özümizden artyk söýüp, belende göterjegem ýokdur, bolubam bilmez.
Magtymgulynyň döredijilik mertebesi  öwrenilmeli bolsa, graždanlyk batyrgaýlygy,  ýiti zehin hem-de duýgy batyrgaýlygy garaşsyzlyk, bitaraplyk batyrgaýlygy  bilen güýçli utgaşdyrmagy başarmak gerek. Şeýle utgaşma, şeýle batyrgaýlyk bilen beýik akyldaryň döredijilik ylhamynyň derejesine çenli belende galyp, beýik akyldaryň pikir ummanyna garylyp, daglaryň däli silleri ýaly yňdarylyp gaýtmak gerek. Eger şeýle zehin, şeýle batyrgaýlyk bolmasa, şeýle zehin, ylham, gözsüz batyrlyk bolmasa, Magtymgulynyň döredijilik ylhamynyň belentligine göterilmegem, oňa akyl ýetirip, mynasyp bahasyny bermegem mümkin däldir. 
Şu nukdaý nazardan seredeniňde, bu dünýä belli iki alymyň bu dogry pikirini has çuňlaşdyrmagyň, aýdyňlaşdyrmagyň  hem wagty geldi.
Birinjiden, Magtymguly Pyragynyň şahyryň derejesinden has belentdigini ýene bir sapar ýatlap goýalyň. Onuň döredijilik dünýäsi, türkmen halkynyň aňyýetine, külli adamzadyň paýhas, parasat hazynasyna göşan şygyrýet mirasyny  seljereniňde, onuň dünýä akyldarlygynyň almaz täjine barabar akyldardygyny görkezýändigini hem belläp goýalyň.
Ikinjiden, akademik A.Ýe.Krymskiý "Ol dagynyk türkmen tireleriniň hemmesi üçin deň derejede gymmatly görülýär we umumy milli şahyr hasaplanýar. Türki halklaryň özgesiniň milli şahyry ýok…” diýýän bolsa, Magtymguly bu gün türki halklaryň  ählisiniň milli şahyrydyr  diýip aýtmaga hakymyz bardyr. Çünki Oguz han atamyzdan şejere alyp gaýdýan türki halklaryň bu gün  başga- başga  döwlet bolup ýaşasalar-da, olaryň gelip-gelip  Magtymguly Pyragynyň bitewilige, 
agzybirlige, bir döwlet bolmaga çagyran türkmenleri bilen ganybir gardaş bolup galýandygyny taryh birwagt subut etdi.
Üçünjiden, ýokarda ady agzalan dünýä belli alymlaryň, bu pikiri iki elläp goldan, oňa öz pikirini goşan, bu pikiri  gytaklaýyn, dar we giň manylarynda her dürli röwüşde  gaýtalan onlarça alymyň Magtymguly Pyragyny “milli şahyr“ diýmegi, biziň pikirimizçe, onuň dünýädäki  beýik akyldarlaryň biridigini sadaja boýun almagyň bir alamaty diýip düşünip bolar. Olaryň Magtymgulynyň  milli şahyrlygyny ykrar etmeginiň, şondan aňry geçip bilmediginiň ýönekeje sebäbi, beýik akyldaryň Jemşidiň jamyna deňelen döredijilik äleminiň olara elýeterli bolmanlygyndandyr. Eger olar Magtymgulynyň şygyrýet äleminiň çuňlugyny çümmegi başaran bolsadylar, onda beýik akyldara başgaça, görülip eşidilmedik has belent bahany bererdiler.
Eýsem, Magtymguly Pyraga  milli şahyr diýilmeginiň, onda-da türki halklaryň arasynda türkimenleriň ýeke- täk milli şahyry diýilmeginiň sebäbi nämede?!.     
Milli şahyr bolanda, onuň teoretiki esaslandyrylyşy nähili bolmaly?.
Biz bu meseläni seljermezden ozal bir ýagdaýy, Alynky Aziýada, ýakyn, uzak Gündogarda, Eýran, Turan, ýurtlarynda, Magrypdan, Maşryga, ýagny Günüň dogýan ýerinden, batýan ýerine çenli Magtymgulydan öň, onyň ýaly milli şahyryň bolmandygyny boýun almagymyz gerek. Muny biziň özümiziň türkmen bolup, beýik akyldar ezizimizi  has mahabatlandyrmak niýetinden daşdadygymyzam aýdyp goýalyň. Sebäbi Magtymgulynyň türki halklaryň arasyndaky ýeke-täk milli şahyrdygyny türkmene, Magtymgula hiç hili dahyly bolmadyk beýik alymlar aýdyp gidipdirler. Ýöne biziň şol  dünýä belli alymlardan ýekeje  tapawudymyz, olam biziň Magtymguly Pyragynyň şygyrýet älemine arkaýyn çümip, şol şygyrýetiň  keramatly ulgamlaryndan özümize gerek islendik lagly-merjen känini susup alyp bilýänligimizdedir. Ikinjiden, dünýäniň Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti barada  öz sözüni aýdan alymlarynyň ählisiniň diýen ýaly pikiri, olara garanda,  bu gün bize elýeterli boldy.
Ine, şondan, ýokarda agzalan halklaryň, milletleriň akyldar şahyrlarynyň döreden eserleri bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrýet äleminiň gymmatyny deňeşdirmäge, şeljermäge, netijede, bu barada öz pikirimizi çekinmän aýtmaga mümkinçilik açandygy üçin öz ykbalymyza, Beýik Ýaradanyň şeýle sahawatyna müňde bir sapar minnetdardyrys. Eýsem sözüň doly manysyndaky milli şahyr bolmagyň nähili şertleri bolmaly:

1. Milli şahyr bolmak üçin ol öz şygyrýeti bilen  halkyň  her bir raýatynyň doglanyndan başlap, tä  bu dünýäden ötýänçä, süňk hossaryna öwrülmeli;

2.  Şol şahyryň şygyrýetiniň parasat göwheri   halk aňyna, halk ruhuna, halk parasadyna, halk filosofiýasyna, halk psihologiýasyna, şol halkyň durmuşynyň ähli ulgamyna  siňip, islendik wagt bu halky ýagşylyga, bitewilige ugrukdyryp bilmeli;    

3. Milli şahyr özüniň şygyrýetinde şol halkyň ahlak, ynsap ýörelgelerini, ýaşaýyş durmuş hukuk, borç, urp, adat din, dessur ýörelgelerini  işläp düzüp, öz halkynyň, aňyýetine, ynsap, edep ýörelgelerine siňdirip, öz döreden şol kanunlarynyň, dessurlaryň şeksiz dogry ulanylmagyna  gözegçilik etmeli.

4. Milli şahyryň şygyreýeti arkaly halk aňyna siňen parasady halky, döwleti dolandyrmagyň  baş paýhas, parasat ýörelgesi bolup galmaly.

5. Milli şygyrýet halky jebisleşdirmegiň, bitewileşdirmegiň, döwleti, halky dolandyrmagyň açaryna öwrülmeli.

6. Şol milli şygyrýet milli diliň halk dili, döwlet dili bolup ösmegine, kämilleşmegine esasy badalga bolup, ol şygyrýetiň dil baýlygy halkyň, nesilleriň ruhunda  güllemeli.
Ine, şu şertler, milli şahyr bolmagyň ilkinji şertleri.
   
Eýsem, Gündogar, Ýewropa, başga, başga  ýurtlarynda şu şertlere jogap berip bilýän  ýekeje akyldar şahyr boldumyka?!
Ine, şu meseleleri seljermezden ozal, biz Beýik akyldaryň milli şahyr hökmünde, öz şygyrýeti bilen  halkynyň,şol bir wagtyň özünde, halkyň  her bir raýatynyň doglan gününden, tä bu dünýäden ötýänçä, süňk hossary, hakyky howandary  bolmandygy baradaky ýagdaýyna garap geçeliň.
 Türkmenler indi köp wagtlardan bäri Beýik akyldary Magtymgula, onuň dürdäne şygyrýetine öz süňňüniň eýesi, hakyky howandary, hossary hökmünde garap, oňa özüni, ölüsini, dirisini ynanyp gelipdirler. Bu ýagdaý ýöne ýerden däldir. Hakykatdan hem Magtymgulynyň şygyrýeti dörän gününden bäri, türkmen halkynyň aňyny, tutuş durkuny, tutuş ruhy älemini gaplap alandyr.
Magtumguly Pyragynyň keramatly şygyrýeti döränden soň türkmenleriň näçe nesli gelip, geçen bolsa, Magtymgulynyň şygyrýeti şol nesiller bilen gelip geçendir, bu gün ýaşap ýörenleri bilen bitewilikde ýaşap ýörendir.
Şonuň üçin Turkmen topragynyň üstem Magtymgulynyň parlak ruhyn gaplanan bolsa,  bu topragyň astam bu parlak şygyrýetiň parlak ruhuna gaplanyp ýatandyr. Şeýle bolansoň  gürrüň Magtymgulynyň şygyrýetini okap okamanyňda, ýa-da şu gün bu toprakda türkmen bolup ýaşap ýaşamanyňda däldir. Magtymgulynyň  şygyrýetiniň keramatly ruhunyň  ata-babalarymyzyň gany, aňyýeti, edep ýörelgeleri, ynsap, ahllak gözellikleri, sözi, dili, lebzi, didary, durky, umyt, arzuwy bilen biziň ganymyza, janymyza ornandygyndadyr. Şeýle beýik ýörelgä indi hiç mahal togtama-da, ýok bolup gitme-de, başga bir ýola öwrülme-de ýokdur. Bu beýikden keramatly dowam-dowamat turkmen halky bu dünýäde dursa, ölmez-ýitmezligine galjakdyr. Şonuň üçin-de, turkmene Magtymgulydan, Magtymgulynyň  dürdäne şygyrýetine bolsa  turkmenden aýrylma ýokdur.
Beýik akyldar özüniň şygyrýetinde türkmen halkyny özüniň hossarlyk älemine aýratyn bir yssy mähir bilen dolap alýar-da, onu üç ugur boýunça beýan edýär.
Birinjiden, ol özüniň”Nahana geldiň”, ”Ýaşynda”, ”Düşen günlerim”, “Jan içinde” “Joşa ýetdiň”ýaly şygyrlarynda olary:

Bir gün ataň yşk etdi,
Sulbundan joşa ýetdiň.
Owwal suwduň, gan bolduň,
Gandan soň läşe ýetdiň.

Ýedide mekdep gördüň,
Okydyň, ýola girdiň,
 Gyz bilen bazy gördüň,
Tä on dört ýaşa ýetdiň…

…Magtymguly, oturdyň, 
Ömrüň gapyl ötürdiň,
 Haka ne iş bitirdiň,
Eger ýüz ýaşa ýetdiň… —

 diýip, bir ýaşyndan, tä  ýüz ýaşyna çenli,  boljak, alyna geljek ýagdaýyny sanap,  onuň boýnuna goýýar.
Ilinjiden, ol öz ajaýyp şygyrýetinde, her bir türkmeniň ýaşan ömründe, doglan gününden, tä ölüänçä, şondan soňam,  Allanyň alyna barýança başyndan geçirjek: 
1. Dogulmagy, 2. Gaýgy-gamsyz ösmegi. 3.Okuwa gitmegi. 4. Jahyllygyň ýelginine düşmegi, 5. Yşka düşmegi. 6. Öýlenmegi. 7. Mal-baýlyga gyzykmagy. 8. Bala-çagaly bolmagy. 9. Watan-il-gün, mal-baýlyk üçin eline  gylyç alyp, at münüp, başyny orta goýup, söweşlere girmegi. 10. Kyrk ýaşynda akyl käsesiniň dolmagy. 11. Garyp bolmagy. 12. Baý bolmagy. 13. Saglygy. 14. Hassalygy. 15. Halal işlere. 16. Haram işlere ulaşmagy. 17. Namarda zar bolmagy. 18. Barlylaryň, baý-begleriň öňünde kiçelmän ýaşamak. 19. Hanlyk beglik ýaly beýik mertebelere ýetmegi. 20. Şa, soltan bolmagy. 21. Ykbalyň keç bolmagy. 22.Toýly günleri görmek. 23. Başyňy ýasa aldyrmak. 24. Mert işlere ulaşmagy. 25. Namart bolup çykmagy. 26. Watandan-il günden alyslara düşmegi. 27. Şat wagty. 28. Gaýgy-gam. 29. Elli ýaşa ýetip, garrylygy boýun alyp, namaz, oraza,  din-şerigat bilen ulaşmagy. 30. Ejizlik. 31. Ölüm- ýaly (biz bu ýerde diňe otuz bir ýagdaýy aldyk, emma Beýik akyldar türkmeniň ýüzden gowrak ahwalatyny öz  şygyrýetinde beýan edýär)  hal- ahwallaryny öz nazarynda saklaýar.
Üçünjiden, her bir türkmen bu dünýä gelende, Magtymguly öz şygyrýetiniň parasatlyk älemini onuň daşyna gundag edip dolaýar. Başgaça aýdanyňda, her bir türkmen bu keramatly şygyrýetiň ruhy älemine siňýändir. Magtymgulynyň şygyrýeti bu dünýä gelen her bir adamy onuň ata-babasynyň üwrelen şygyrýet sallançagyna salýandyr. 
Beýik akyldar ynsanyň bu dünýä gelmek, gelenden soň boljak, goýjak ýagdaýlaryny  hälki bir telli-pelli, ýa-da säwlik bilen diýilýäni  däl-de, juda ýugrumyny ýetirip, özüniň ”Nahana geldiň”, “ Joşa ýetdiň”, ”Ýaşynda”, ”Düşen günlerim”, “Jan içinde” ýaly şygyrlarynda kemini goýman beýan edipdir.  Ol “Nahana geldiň” şygrynda:

Bu nakyldyr, adamzat, sen bu mekana geldiň,
Owal ataň bilinden syzyp, nahan geldiň,
Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň,
Eneden surat bolup, bu şirin jana geldiň.
Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiň,
Emip eneň süýdüni, gündalyp, dona geldiň.

Şondan soň beýik akyldar her bir türkmeni tä ömrüniň ahyryna çenli  nazarynda saklaýar. Ol eýýäm bu dünýä gelen türkmeniň  heniz özüniň akly çatmazdan ozal, onuň aladasyny edip başlaýar:

Ne bela sen adamzat, 
Çyplak dogduň, don gerek.
Ak süýt emdiň ulaldyň, 
Hem aglar sen, nan gerek.

Ol çagajyk Beýik akyldaryň şygyrýet sallançagynda iýdi-içdi, „atasy hoşnut boldy“, enesi mährin saldy“, şeýdibem on bäşine ýetdi:

Juwan gerek guçmaga,
Aýşy-aşrat açmaga,
Onsoň, iýip-içmäge,
Bir tükenmez nan gerek.

Oglan ýigit, gyz peri çykdy. Beýik akyldar ony ýene ýola saldy:

Magtymguly, gezip her taý,
Etmediň jahandan perwaý,
Pygamber sünnetin berjaý,
Kylaýyn diýseň, öýlengin. —

- diýende, ol  her bir ýigidiň özüne nähili maşgalany saýlamalydygynam aýdyp goýýar:

Hyrydar bolsaňyz gyza-geline,
Edebin, erkanyn, oturşyn görüň. —

 - diýmek bilen, ýagşy nähili, ýaman nähili göz öňüne getirerli derejde beýam edýär.      Umuman, beýik akyldar türkmen ýigitleriniň öýlenmek meselesini, ýagny türkmenleriň beýle bir ähmiýet beribem barman: “aý, alyberseň aýal bolar-da” diýýän meselesini  juda gyzgyn tutup, ýagşy göreldeli, mylaýymzada, halalzada gözeli saýlap-seçip almagyna aýratyn ähmiýet beripdir  Sebäbi ol ”Aýalsyza eşret ýokdur, dönseň hökmi Süleýmana” diýip, aýalsyz ýaşamagyň hem aňsat däldigini syzdyrýar. Şonuň üçin ol: “Durasyň geler” şygrynda bu barda:

Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler,
Edepli-ekramly mylaýymzada,
Tä ölinçäň, bile ýöresiň geler—

- diýip, goýmaýar. Ol "Eý, turkmen ogly, öýlenmek üçin maşgala saýlanyňda ýalňyşaýmagyn“ diýýän manyda ýagşy bilen ýamanyň arasyny açyp berýär:

Bardyr gözel, sirke basar saçyny,
Artmaz, ýuwmaz tabgynyň daşyny,
Sylamaz atasyn, ene ýaşyny, 
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Soňam beýik akyldar:

Magtymguly, syn gerekdir gözele,
Herne kysmat bolsa çeker ezele,
Dünýe malyn harç et ýagşy gözele,
Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler. —

- diýip, bu meselede sözüni jemleýär. Türkmen bolsa beýik akyldaryň parasat ýoly bilen ýola düşýär. Ýaradan her kime bir ykbal beripdir. “Kim iýmäge nan tapmaz, kim tirme-şaly gözlär”, kim baý, beg bolup, ile sygmaz,  ýeri gelende,ýersiz ýere zulm edip garyp agyrdar”. Şonda Beýik akyldar onyň ýanyndadyr:
“kim aýak ýalaň, kendir guşak guşanyp, märekä baryp bilmän ýör, çünki onuň märekede orny aşakdygyny görüp otyr.:

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,
Bir märekä barsa orny aşakdyr,
Garyplar at münüp, depse eşekdir,
Döwletliler eşek münse at bolar… 

Ol gözi zatdan doýmaýan harsydünýä, biweçleriň mal- baýlyk diýip, ölüp-öçüp barýanyny görende: ”Eý, adam”:

Kyrk şähri gyzyldzn dolduran Karun,
Gözi gumdan doldy, puldan dolmady—

Sen name:” Beýle hars urýaň:

“Müň ýyllyk tetärik bäş günlük ömre,
Pikir ediň, niçik işdir ýaranlar…--

 - diýýär. Eger garyp bendäni görende:

Magtymguly, garyplaryň gözýaşy,
Daglary ýandyrar, erider daşy,
Pakyra zulm etmek zalymyň işi—

- diýip, pakyra zulm edýänlere, zulumkeş süýthor zandy ýamanlara, barly- barjamlylara:

Asla adamzada ajy söz urma,
Pakyra- misgine delalat ýagşy.

 
Ýa-da:

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse aňa tagam-duz bergil,
Gamgyny göreňde, ýagşy söz bergil,
Entäni goldara hemasýat ýagşy. —
 
- diýip, garyp, ýoksul, ezilen, zulma sezewar edilen biçäreleri görende:

Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Zalymlar har bolup, gala aýakda,
Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen.—

- diýýär. Beýik akyldar baýlykdan, mal- mülkden gözi gyzaryp, ejize zulm eden zalymlary:

Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa,
At, ýarag esbaby şaýlaryň bolsa,
Arça-arça toplum mallaryň bolsa,
Peýdasy ýok, taşlaý-taşlaý gider sen. —

- diýip, onuň depesinden buz ýaly suw guýan ýaly edip, köşeşdirýär. Soňam özüni orta goýup:

Dünýäni gyzgyn tutmagyn,
Işiň gör, mäkäm ýatmagyl,
Magtymguly, unutmagyl,
Gidejek seň, gidejek sen.—

- diýip, onuň jylawyndan çekmek bilen:

Magtymguly, bu  ne jaýdyr,
Ajap bir kerwensaraýdyr,
Dünýe bir loly heleýdir,
Bir gün seni guçar gider—

- diýip, dünýäni beýle bir gyzgyn tutymaly däldigini geňeş edýär. Soň gümansyratmany goýup, göni gürrüňe geçýär:

Adam ogly, pelek seniň,
Bir gün  donuň biçer gider,
Saňa urar hanjaryny,
Jellat ganyň seçer gider.

 “Şonyň üçin her bir türkmen name etmeli?!” – diýen sowala beýik akyldar:

Magtymguly haýrat etseň,
Garyplaryň göwnün alsaň,
Pulsyratdan ötenden soň,
Munda bergen gurban geler.

 Ýa-da:

Bu dünýäniň zowky iýmedir, içme,
Okygyn namazy, bäş wagtdan geçme,
Hem tamyg bar durar  hemdäni uçma,
Aýlanyp, dolanyp, kylgyl namazy.—

Soňra bolsa:

Ölmek – hak, direlmek hakdyr,
Okydym Kuran içinde—

- diýmek bilen, beýik akyldar bu dünýäden ahyrýete giden bendäniň ýany bilen, hut  Beýik Ýaradanyň alyna çenli baryp, şu bendäniň günäsini ötmegini soraýar.

Biz biçäre ummatnyň,
Ummaty-Muhammetiň,
Hormaryna Ahmetiň,
Günähim güzeşt eýle.

Senden bolmasa haraý,
Bu meniň halymga, waý,
Pyragy diýr, ýa Hudaý,
Günähim güzeşt eýle.

Beýik Magtymgulynyň milli şahyrlygynyň ikinji alamaty, onuň  şygyrýetiniň parasat göwheri halk aňyna, halk ruhuna, halk parasadyna, halk psihologiýasyna, şol halkyň durmuşynyň ähli ulgamyna siňip, islendik  wagt bu halky ýagşylyga, bitewilige ugrukdyryp bilenligidir.
Beýik akyldaryň şygyrýeti döremezden ozal,  türkmenlerde halk aňyna, halk parasadyna, halk psihologiýasyna öwrülip bilen  ýekeje şahyram, şeýle şygyrýetem bolan däldir. Beýik akyldar özünden öňki şahyrlaryň iň gowy däplerini, Gurhany-Kerimiň,  gurhan edebiýatynyň, gündogaryň beýik akyldar şahyrlarynyň gözel pikir parasadyna, iň gowy däplerine daýanyp:

1. Öz halkynyň- tireleriň, urug, taýpalaryň birleşip, bir döwlet bolmagyny güýçli wagyz edip başlady.
 

2. Beýik akyldar öz şygyrýetinde, Gurhany Kerimiň sürelerini, aýatlaryny öz halkyna düşündirmek bilen, şolaryň esasynda, esasan hem türkmeniň ata-babadan gelýän däp- dessurlarynyň iň gözelleriniň esasynda türkmen halkynyň aňyýetiniň ulgamlaryny- ahlak, ynsap, adamkärçilik, sözüň doly manysynda türkmen bolup ýaşamak ýörelgelerini işläp düzdi.
 

3. Ol öz  dürdäne şygyrýetinde, türkmerniň tire-taýpalarynyň ählisi üçin deň hem-de gymmatly bolan: 

I. 1. Allany bir bilmek, 2. Allanyň pygamberlerine ynanmak. 3. Allanyň perişdelerine ynanmak. 4. Allanyň Kitaplaryna ynanmak. 5. O dünýäniň bardygyna ynanmak. 6. Ölmegiň, direlmegiň boljakdygyna ynanmak- iman getirmek; 

II. 1. Bäş wagt namzyňy okamak. 2. Remezan aýynda agyz beklemek, 3-4. Özüň, mal- baýlygyň üçin hüşür-zekat bermek. 5. Ýagdaýyňa görä ömrüňde bir sapar  Käbä zyýarat etmek.

III. Ömrüňi halal, ynsaply, mert, sada, takwa, sahy, sahawatly, eli, köňli, ýüregi, ruhy açyk, agzybir, mähriban, jan saglygyň, ynsanyň,  ata-enäniň, dogan garyndaşyň gadryny bilip şükürli, sabyr-kanagatly, garyby, ejizi ynjytman, Allany bir pursadam ýadyňdan çykarman “iýip-içip, münüp-guçup, asuda durmuşda eziz watanyň goýnunda  rahat ömür sürmegiň ynsap ölçeglerini işläp düzdi. Onuň bu ulgamlar baradaky şygyrýeti bagşylar tarapyndan aýdyma öwrülip, külli türkmeniň ýüregine, aňyna ýetirildi. Şeýdibem ol ýörelgeler, ol ölçegler türkmen halkynyň halk aňyna, halk ruhuna, halk parasadyna, halk psihologiýasyna, halk  filosofiýasyna öwrülip, türkmenler bütin ömrüne şol ölçegler esasynda ýaşap, şol  ölçegler esasynda durmuşyny, güzeranyny ýöredipdirler. Şol beýik ýol-ýörelgeler hut, häzirki  zamanyň  hem esasy ýol-ýörelgesi bolup durýar.

5. Şu ýerde, beýik akyldaryň şygyreýetiniň  halk aňyna siňen parasady hökmünde  türkmen halkyna dogry ýoly görkezmegiň, ony belli derejede dolandyrmagyň  baş paýhas, parasat ýörelgesine öwrülendigini hem bellemelidiris. Magtymguly Pyragynyň  şygyrýeti döräp, ol halk aňyýetine, halk  parasadyna öwrülenden soň, hiç bir türkmen hany-da, hiç bir türkmen soltany, serdary, kethudasy,  piri, ahuny, sopusy, raýaty öz pikir parasadyny aýdan däldir. Ol:

Bir- biregi gyrmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundan döwlet dönüp, duşmana gelgeý —

Ýa-da: 

Pyragy ýüz tutar türkmen iline, 
Duşman gol urmasyn gunça-güline,
Dostlar bizi ahyrýetiň siline,
Duşman gark etmänkä ýörülsin indi.

Ýa-da:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler  ol ykbaly  türkmeniň--

 - diýende, türkmeniň ruhuna, süňňüne, tutuş aňyýetine milli, halky şugla çaýýan mundan belent, mundan manyly, mundan jaýdar sözi, eýsem kim aýdyp biler. Şonuň üçin, külli türkmen halky Beýik akyldaryň paýhas- parasady bilen söz urup, tutuş türkmeniň döwleti, döwrany, esasan Magtymguly Pyragynyň sýgyrýetindäki dünýä taýlanýan paýhas bilen dolandyrylypdyr.
Bu ýagdayyň esasy sebäbi bolsa, Magtymguly Pyragynyň şygyrýet äleminde din-şerigatyň inçe ýollarynyň, halalyň, haramyň, günäniň, sogabyň, jennetiligiň, dowzahylygyň, adalat, ahlak, ynsap, adamkärçilik, bu dünýe, o dünýe hikmetiniň düýpli, çuňňur, töwerekleýin  açylmagy, onuň dünýäniň aklyňy haýran ediji   wakalarynyň tymsallarynyň,durmuşyň ýüz-müň ugur-ýol-ýörelgeleriniň älem parasady bilen garylyp, ýugrulup kanun, kada derejesine çenli taraşlanyp, timarlanylyp, öňe sürülmegi ol han bolsun, soltan bolsun, baý, beg,  pir, işan, ýa-da ýoksul, garyp, gedaý bolsun, olara başga bir pikir aýtmaga ýer goýmaýar.
Beýik akyldaryň şeýle danalygy onuň öz döwründe, ýa-da ondan soňrak däl, hut türkmen halky özüniň beýik Garaşsyzlygyna eýe bolup, özüniň Altyn asyryny gurýan döwründe-de şeýle bolmagynda galýar.
Beýik akyldaryň şygyrýet äleminiň türkmen  tire-taýpalaryny jebisleşdirmegiň, bir döwlete gulluk edip, aşymyzy, nanymyzy bir saçakda taýýar kylmak parasady bilen şugla saçyp durandyr. Eger bu şygyrýet äleminden  türkmen urug, tire, taýpalary jebisleşdirmek,  külli türkmen halkyny bitewileşdirmek,  bir  döwlete gulluk etmek ideýasyny aýyrsaň, onda beýik akyldaryň paýhas binýat äleminiň süňňi sarsyp giderdi. Bu beýik ideýa, bu beýik mazmun akyldar şahyryň şygyrýetiniň  erkana halk döwletini dolandyrmagyň  altyn açary bolup galypdyr. 
Bu meseläniň iň keramatly, iň gymmatly tarapy bolsa, beýik akyldaryň öz şygyrýetini   milli diliň, halk diliniň hamyrmaýasyna öwürmegi başaranlygyndadyr. Ol özüniň şygyrýetiniň tutuş durkuny milli türkmen diliniň döwlet dili bolup ösmegine, kämilleşmegine esasy badalga bolup, ol halkyň ruhunda gülledi.
Ine, şeýdibem beýik akyldar Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ölmez, ýitmez milli şahyry hökmünde, onuň agyr ruhy, ahlak hem-de parasat kerweniniň başyny çekip, asyrlardan asyrlara ýol aşyp gelýär.

Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 25 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: