23:52
Lälemidir, almydyr?
LÄLEMIDIR, ALMYDYR?

Bir çeçek açyldy Bilal özünde,
Lälemidir, sünbülmidir, gülmüdir?
Ülpül-ülpül eder ýaryň ýüzünde
Zülüpmidir, käkilmidir, telmidir?

Egnine al geýer, üstünden ýekta,
Al meni, söwdügim, goýnuňda sakla,
Gara gaş astynda bir-iki, üç nokta,
Iýamydyr, ýa şinmidir, dalmydyr?

Näzli ýar ilinden bir salam geldi,
Ajal şerbeti-de bagrymy dildi,
Näzli ýar alnyna bir ýaglyk çaldy,
Ýaşylmydyr, lälemidir, almydyr?

Ak ellere al hynalar ýakarlar,
Ala göze syýa sürme çekerler,
Bir ýigidiň söýdügine bakarlar,
Edepmidir, ekrammydyr ýolmydyr?

Heý, janadyr, Garajaoglan, heý, jan-a,
Dostum müşk çalynmyş syýa saçyna,
Süzülmişdir bir pyýala içine,
Şekermidir, şerbetmidir, balmydyr?

Garajaoglan.
Категория: Goşgular | Просмотров: 17 | Добавил: Mylaýym | Теги: Garajaoglan | Рейтинг: 4.2/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: