15:22
Küýseg
KÜÝSEG

Durmuş şarpygyny juda kän iýdim,
Ýazgydymdyr, ykbalymdyr diýdim men.
Geçdim gitdim kynçylyklañ deñinden,
Bu barlygy gussa çekmän söýdüm men.

Hiç kimiñ üstüne etmedim hüjüm,
Hederem etmedim kimdir birinden.
Durun ortasynda deñ agramlygyñ,
Hut şonuñ üçünem entek diri men.

Ýüregimi açyp goýdum göz edip,
Söýmeýänler ýumşar diýdim azajyk.
Meni sähne saýan mähribanlarym,
Gelmedim men arañyza azaşyp.

Siziñki men ähli emlägim bilen,
Teññäm bolman "it uwlasyn kisämde".
Öwezine meni taşlap gitmäñ siz,
Heriñizden bir pil toprak küýsämde.

■ ADAM

Adam gezse gezip ýör,
Aladasy döwüm nan.
Habary ýok ertirden,
Meýlis barmy ölüm bar.

Düýn görenim bu gün ýok,
Az ýaşaýar adamlar.
Bir-biregi bagyşlaň,
Göwnüňüze zat almaň!

Häzir başym aýlanýar,
Aýagym ýer tutanok.
Erbet aýlanýar başym,
Hiç maňzyma batanok.

Dünýe döndi köpüge,
Ýaşamagy taşladym.
Daşymdaky bar zady,
Goşa görüp başladym.

Ýer daşymdan aýlanýar,
Kelläm sarsýa döwülmän.
Adam gezse gezip ýör,
Aladasy döwüm nan.

■ KÄN

Allañ bermedigni bilgiçden diläp,
Mañlaýda ýok zada ýetjek bolýan kän!
Ýa agyr gününde ölümin diläp,
Kazasy dolmakan ötjek bolýan kän.

Aýamadyk ahlagyda janyda,
Garyshdyrdyk ig, gul tire ganyda,
Zat ýok ýerden zaýaladyk añyda,
Ekilmedik ýerde bitjek bolýan kän.

Gelin äre, är gelnine hekimdir,
Bozulan nikalar misli ýesirdir,
Bigünä çagalar barly ýetimdir,
Şeýtanyñ ýolundan gitjek bolýan kän.

Bilýäs indi ene-ata iñirdäp,
Köçelerde erkin gülýäs kikirdäp,
Ýalançylyk ösdi hamana bir däp,
Indi bir-biregi ütjek bolýan kän.

Bähbit düşdi arasyna adamlañ,
Doganyñam iş bitirmez zat alman,
Ehh, Ýazmyrat Çörli sözüñ idelmez,
Sebäbi dünýäni tutjak bolýan kän.

■ ÝIGRENIŇ MENI

Söýýän sözün ýele sowrup ýörenler,
Size haýpym gelýär ýigreniñ meni.
Nädeýin gödek men, ýasalşym şeýle,
Ikilenç halamok ýigrenenlermi.

Namart siz, mahluk siz, ruhy hassa siz,
Ynanjañ ýürekler siziñ pidañyz,
Ajdarha deý doýdum-doldum ýok sizde,
Sizi hem görýändir siziñ hudañyz.

Gözüñüz gorkanok duýdyryşlardan,
Ant içýäñiz öñ, soñuna seretmän.
Diliñizde toba, ýasama iman,
Wyjdany bir yzyñyzdan ýöretmäñ!

Ýukalygym gursun, "düýedaban," däl,
Ikilenç halamok ýigrenenlermi.
Söýýän sözün ýele seçip ýörenler,
Sizi men ýigrenýän, ýigreniñ meni.

* * *

Eje, saňa gül almadym,
Onuň saňa geregi ýok.
Bu gabyrlaň ýüregi bar,
Emma ogluň ýüregi ýok.

Şu tümmekde ýüregim meň,
Ýok başgaça düşündüriş.
Eje, ýanyň abatlykmy?
Bu dünýäň-ä ýary uruş.

Ölüp dynan ýeňdi öýdýän,
Oňuşmak kyn bärde, eje.
Ýöne meni gaýgy etme,
Menem oňat kärde, eje.

Gara işde gün görerdim,
Bilýän bolsaň o günem men,
Bildim boýuna ýetirip
Jaýymyzyň öňünem men.

Sen bar wagtyň ýok zatlarmyz,
Ýoklugyňda bolup otyr.
Diýerdiň sen:
"Arzuwmyza,
oglum, bir gün Hudaý ýetir."

Arman, biraz gijiräjik
Düşdük Allaň ýadyna biz.
Ine, bu gün kakam bilen
Gelip seniň huzuryňa,
Doga etdik adyňa biz.

Bukmak üçin ýangynymy,
Ak geýinip geldim, eje.
Sen öleňde, seniň bilen,
Bilseň, menem öldüm, eje.

Diri günüň sada bolup,
Bu dünýäni ulanmadyň.
Bagyşla bu baýramyňa,
Eje, saňa gül almadym.

Ýazmyrat ÇÖRLIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Raýdaş | Теги: Ýazmyrat Çörli | Рейтинг: 2.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 301 2 »
0
1  
Bukmak üçin ýangynymy,
Ak geýinip geldim, eje!
Sen öleňde, seniň bilen,
Bilseň, menem öldüm, eje!... ....

0
2  
sun yaly govy gosgilar ucin saolun Yazmyrat akga.

0
3  
Adamlan bolusy hayran galdyrya ayratinam gyzlan bolyslari sun yaly manyly gosgynu gormedik bolip gecyarle a belli birine bolsa suwjarsip dusunmeselerde goterip ellerini carpyp her yerde payilasan bolup otirlar..ine hakiki sahyr...! yaranjan bolman dogrucyl bolun...!

0
4  
Kimkanay o yaranjak bolunyan? biggrin

0
5  
Goşgylar erbedem dal. Yone hokman halamadym ya haladym bet eken, brawo.. diymek hokmanmy?
Salyhatlyja, sessizje okap otyran okyjylaram kän-ä

0
6  
* saydin dasyndan yazyadim komenitar yeri mennem admin dip bir zatla cykyady. son yazgym cykman yityadi. Son cubem illap gunlap agza bollum saida. sen nail cykardyn gyy yazgyny dasyndan yazyvam. cry onnonom yazanlam sana agur degdimi. Ajida bolsa hakykat gowydyr. Sahsyyet bn isim yok.gosgy hokman yazan sahyry tanap hoplayanyzmu siz onnonom bir kemsiz adam barmy. Sol agram salnyp hoplanyanlary erkekler dal dine gyzlar hoplayany gizlin zat dal ony gormek un dine gozun bolsa bolly

0
7  
@Mahym, adminstrator günüñ 24 sagadyny saytda nobatçylyk çekip oturmaly daldir-ä? Biziñem başga iş-aladalarmyz bardyr-a, edil beyleki adamlar yaly? Eger teswiriñ goyberen wagtyñda çykmasa adminstrator sayta giren wagtynda teswirleri gozden gecirenden soñra "efire" goyberensoñ çykar-da...
yeri, name agza bolan badyña okyjylar b.n kesekleşmage başladyñyz? Maksadyñyz bu daldir-a? Çeper edebiyata duşunyan adama meñzeyañiz, eger beyle bolsa okan eseriñ aşagynda şol okan eseriñ barada islan belligiñiñizi edip bilersiñiz. Siziñ oy-pikiriñizden geçip teswirlere dökülen sozlerden hiç kim jogapkar dal ozuñizden başga.
Hany erkinpikirlilik? Her kes okan eseri barada oñyn ya-da yaramaz tasir alandygy hakyndaky tankydy belliklerini etse gowy bolmazmy?

Haysy gyzyñ, haysy oglanyñ nirede haysy şahyryñ nirede name paylaşyandygy kime gyzykly? Yeri bolya, şol paylaşyanlar eseriñ awtoryny tanap, maksatlayan haysam bolsa bir bahbide gulluk edip paylaşypdyram diyeliñ. Mundan saňa name, maña name, ile name? Bagyşla welin, siz kimdir biriniñ içinden geçen oy-pikirini okamaga ukyply adatdan daşary biri dalsiñiz-a? Ya men yalñyşyanmy? Bar señ aydyşyñ yalam eken diyeli. Yone sizem hazir şony aydyp, şolardan tapawudyñyzyñ yoklygyny gorkezyañiz ahyryn. Soz azatlygyndan islan adam islan zadyny islan yerinde paylaşsyn, goy, ol tanayany bolsun ya bolmasyn - ol her kimiñ oz işi. Hazir menem sizi awtorlara goşjak nikiñizi, islan awtoryñyzyñ islan eserini paylaşyp bilersiñiz, ha ol Yazmyrat Çörliden bolsun, ha ol Aşyrmat Garlydan smile yone edil şol wagt kimdir biri çykyp siz name u.n diňe Yazmyrat aganyñ (we ş.m kimdir biriniñ) yazgylaryny paylaşyarsyñyz? - diyip samsyklaç sorag berse, şol wagtam gapdaldan * yaly daşyndan anonim yazyanlar oz sozleriñi ozuňe gonukdirseler hiç kimden gowun-kine edip yorme. smile Edebiyat gowun-kine bilen yoredilmez, keygim. Bu köñül işidir, köñül... smile

0
8  
Mahym,uýam, "Ýaranjaň bokmaň, dogruçyl boluň!" diýip, dogruçyllygyňy edip, kimi gözöňüne tutan bolsaň, şoňa-da gönüläp aýdaýmalydyň. Diliň diýgir bolsa, gulagyňam eşitgir bolsun. Gyzlary aýyplapsyň welin, sende-de zenan edebi bar bolsa, "Geline bak, geline, gele-gelmän diline" diýleni bolmazdyň. Bärsi edebiýat meýdançasy a edebebe ýatlar meýdançasy däl.

0
9  
* bolman

0
10  
Mylaýym uyam dogry aydyar, gürrüñ diñe edebiyat hakda bolsa yagşy.
goy her kes her kesiñ eserini paylaşsyn, yayratsyn, okasyn, başgalañ okamagyna sebap bolsun. Dunyade halky, esasanam yaşlary yoldan çykaryan birgiden bolgusyz zatlar biziñ islegimize sala salmazdan yayradylýar internet saytlarynda. Eyse çeper eserler paylaşylmaly dalmi, gowulyk, ynsanperwerlik wagyz edilmeli dalmi internet serişdeleri arkaly?

0
11  
Has yorite yazmak cup agza bolannymy yazdm on.taryhy maglumart gozleyan diysem nesiryatda biri berdi saidin salgysn iki ay dasyndan okyjysy boliv girip bilman yaznnun cykmasa janyn yanmazmi. onnem gowy gowy gosgila goyyilya gynanyan govy zady aytmanlarna bu saitda dal hoplanyanla basga yeride gordum olary. Indi ol saida baramoggam.

0
12  
Mylayym mennem sol edebiyat barada aytmayan edebi yatlara didim gyy dusunsen

0
13  
gosgy bn gyzyklanmyan az-mazdyr yaska.

0
14  
Garrygan caglar bilemmok nail bolya adamda gosgy okama howes

0
15  
Sahymrerdan mennem soni diyyanda ahlisine baha bermeli gosgylan dine bir adamynka dal

0
16  
Çapyp gelyan bedewiñ,
Urmañ, ýüzüne urmañ...

- diyipdir, şahyr.
Yañy agza bolan Mahymyñ gatam çetine degmäñ, gadyrdanlar. Öñ edebi düşünjeli, intellektual agza tapmak hyllalla smile

0
17  
Has kanwir yazanlanna komenitalanna dusunmedimem

0
18  
Mahymyñ aýdyşy ýaly hop-hopçylar her yerdenem tapdyrýa.

0
19  
Erkinpikirlilik barda bir zatla yazyvsin menin erkin pikire hukugym yokmy. Pikir kimdir birinin da oz pikirimdi.

0
20  
Howwwa men iki aydan gowi wagt okyyan sadinizi. Agsam agza bollum. Bunam otyriv ogrennim komenitar nail yazylyya agzqlart nail gorip bolya yone dasyndan okanynam erbet da dine pikir yazmak cup agza bollum diyp yazdym on. Ahliniz birwirinizi hoplap mana toplusynyz yany goyulyan gosgilara hikayakara topulsadynyz edebiyat owrenjekle cup gollanma yazyp bilerfiniz ya yazyan bellikleniz gosgy yazmana howesejenle cup maslahat bolardy.

0
21  
Has men cup yazan birinji komenitaryny ozunem okap gor. AdministraTor seydip gelen agzany it dalan yaly dalasa barini tomasa edip dine dasindan okanyn gowy.
kop sag bolun barde dogrycylyn dossy yok etdiniz hemmaniz

0
22  
Saidnizde goylan taryhy makallar cup kop sagbolun peydalandym. Ariana barda maglumat gerek bovdy gocurip allym.

0
23  
Bari hokman birin tanyv gelmelligni bilmavdirin
Ozara ummuldesiverin onda ahlinizin jannyz saglygy.

0
24  
Erkinpikirlilik - bu özümizde bardyr ýa-da hökman bolmalydyr öýdüp güman edýän pikirlerimiz bilen kimdir başgalaryñ biziñkiden tapawutly gelýän oý-pikirlerini öz pikir çarçuwamyza emeli ýa-da zorlukly usullar b.n salmaklyk däldir. Herkes herkesiñ pikirine aslyşmazdan, oz pikirini beyan etmek diyip düşunyadim men-a. Belki yalñyşyandyryn? Siziñ kesgitlemañiz nahili? Has ygtybarly we amatly hasap etsem siziñ pikiriñizi makullamagy we eyermegi hem-de öz öñki dogry hasap eden nätakyk pikirimi yzda galdyrmagy kiçilik bilmeyanlerden men. Hakykat her kesde bolup biler.
yone soñky teswiriñde çäkden çykyjy sözleri yazyp başladyñyz, Mahym ozuñize bildirilse kem gormeyan hormatyñy beyleki agzalar u.n ozuñizem berjay etseñiz, edebiyatçylar, taryhçylar, mirasgarler, umuman doredijilik intelligensiyasynyñ ähli gatlaklary u.n doredilen şu wirtual sferamyzyñ agzybirligine, şüweleñine şikes yetmezdi.

0
25  
Dalamakmy? Men-a ýylgyryp yazdym smile siz nirede otyrdyñyz dogan, teswiri okanynyzda? It yataga golay yerde durdyñyzmy ? smile
men-a sizi tanamasam, ozuñiz goş diymeseñizem saytyñ bloggerler toparyna - awtorlar kollegiyasyna goşup, gowy eserler paylaşarsyñyz diyp tama etdim. Gyşyk sozli teswirleriñize ya-da belkam siziñ anygyny bilman (mysal u.n teswirim wagtynda çykmayady diyen yaly) bildirip yoren nagilelikleriñize jogap edip, hakykaty duşundirjek boldum, oyke-kinäñizi yazjak boldum, boldum. Dogry, hemme adama-da gowy gornup bolmayan eken smile

Gerek maglumatyñ bolsa aydyber, saytda-da goyarys, gmailiňe-de ugradaryz, hiç zahmeti yok smile

mundan barsañ, Zöhrejana salam ayt, smile ählimizem siziñ jan saglygyñyzy dileyas onda, MAHYM smile

1-25 26-30
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: