16:35
Kusto musulman boldumy?

KUSTO MUSULMAN BOLDUMY?

Käbir musulmanlar tanymal bir ýewropalynyñ ýa-da amerikalynyñ musulman bolandygy barada gowur turuzyp jedelleşmegi diýseñ halaýarlar. Gynansakda, bu dereksiz we gereksiz häsiýet biziñ halkymyzyñ arasyna-da aralaşman duranok. Mysal üçin, fransuz deñizçisi Kapitan Kustonyñ, amerikan pop-koroly Maýkl Jeksonyñ, amerikan kosmonawty Neil Armstrongyñ musulman bolandygy ýa-da Musa pygamberiñ yzyndan kowalap deñize gapgarylan faraonyñ bozulmadyk bozulman galan jesediniñ Londondaky "Britan" muzeýinde saklanýandygy, amerikanlaryñ Aýa uçanda azan sesini eşdendigi baradaky birnäçe toslama gürrüñleriñ kim tarapyndan we näme üçin ýaýradylýandygyna üns bermäliñmi?!.

Käwagt bir zada gülkiñ tutýar. Birwagt rimliler Isa pygamberi ele saljak we haça çüýlejek bolanlarynda Allatagalanyñ gudraty bilen ol göge galdyrylypdy. Bu açykdan-açyk "Gurhanda" ýazylan. Hristiýanlar bolsa 2.000 ýyldan gowrak wagt bäri Isa pygamberi haça çüýlendi we üç günden soñ direlip asmana göterildi diýip batyl ynanja ynanyp gelýärler. Müsürli bir daýhanyñ mumyýalan we ýarsy çüýräp, gatap giden jesedine faraonyñ bozulman galan jesedi diýip ynanmak hristiýanlaryñ şol toslama ynanjyna meñzemeýärmi eýsem? Faraonyñ jesediniñ üýtgemän kyýamata çenli saklanyljagy-da hak, onuñ haçanam bolsa bir gün tapyljagy-da hak. Muny hut öz türkmen alymymyz Mahmyt Zamahşary hem teswirläp gidipdir. Beýik alym Zamahşarynyñ sözüniñ üstüne söz goşmak ne hetdimize?!.. Emma ol muzeýde ýatan müsürli daýhan görgüliniñ faraondygyna welin hiç hili delil ýok. Bu toslama myş-myşlar diñe musulmanlaryñ öz içinde ýaýradylýar. Müsüre bar-da, eliñe pil al: mumyýalan şeýle jesetler her iki ädimden çykýar.
Eger ol hakykatdanam Musa pygamberiñ yzyndan kowalap deñze gark bolup ölen faraonyñ jesedi bolsa, onda muzeýiñ zaly zyýaratçy ýewreýlerden hemişe hyryn-dykyn bolardy. Düşünýäñizmi, näme diýiljek bolunýanyna?!. Çünki ol ýewreý milli dininiñ esaslandyryjysy hasaplanýan Musa pygamberiñ ganym duşmany we döwürdeşi ahbetin! Kim ony baryp öz gözi bilen görmek islemez...

Amerikanlaryñ hem Aýa uçup-uçmandygy näbelli. 1961-nji ýylyñ 12-nji aprelinde kosmosa ilkinji bolup Ýuriý Gagarin uçupdy. Sowetleriñ esasy basdaşy amerikanlar hem psihologik propoganda eýerip, şol gezek kosmosa uçmadygam bolsalar, hamana Aýa uçan ýaly Arizona çölündäki kosmiki poligonda wideoşekilleri surata düşürdiler we bütin dünýä "Ynha, biz Aýa uçduk!" diýip ýaýratdylar.

Bir zada üns bermezlik mümkin däl. Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji ýyllarymyzda hut Dini geñeşligimiziñ öz rugsady bilen çykarylan türkmen dilindäki kitaplaryñ käbirinde hem şular ýaly toslamalaryñ ençemesi ýerleşdirilipdir. Gyzyklananlar "Öçmejek Yslam nury" atly türkmen dilinde çykarylan kitaby açyp göräýsin. Aýdyşymyz ýaly, Garaşsyzlygymyzyñ başky ýyllarynda beýleki Orta Aziýa döwletlerine hem aralaşyşlary ýaly biziñem döwlet strukturamyza aralaşmaga synanyşanlar bolupdy. SSSR dagan badyna öz ganybir doganlarymyz diýip gujak açylanyndan peýdalanyp, bu günki gün ABŞ-nyñ Pensilwaniýa ştatyndaky willasynda, 5.000 $ barabar massaž kreslosynda oturan ýerinden musulman halklaryñ liderligini arzuw edýän asly ermeni Fethullah Güleniñ şeýtandan sapak alan şägirtleri bu jenaýatçylykly topar bilen baglanyşygy ýok doganlarymyza goşulyşyp watanymyza aýak basypdylar. Olaryñ Türkiýäniñ döwlet strukturasyna aralaşmaklary geçen asyryñ 70-80-nji ýyllarda başlapdy. Türkiýede täsirli ýerleriñ, möhüm wezipeleriñ birnäçesi Güleniñ taýýarlan adamlarynyñ eline geçipdi. Şonuñ üçin olar belli bir derejede biziñ ýurdumyzda-da üstünlik gazanypdylar. Amerikan model ymamyñ (Güleniñ) eserleri we nurjylygy wagyz edýän kitaplar türkmen dilinde yzly-yzyna çap edilýärdi. Hormatly Prezidentimiz bu howpy öz wagtynda öñdengörüjilik bilen duýupdy we olar bilen baglanyşykly ähli türk mekdeplerini ýapypdy. Sag bolsun, Arkadagymyz!

Gepiñ keltesi, ýokardaky ýaly boş maglumatlaryñ düýbüni yzarlap görseñ, bu galp patarrakylar bilen ýaşlary güýmäp, olary yslamyñ asyl ýolundan bihabar nesil edip ýetişdirmäge çalyşýan, hamyrmaýasyny protestant-katolik taglymatyna ýugran fettoşlaryñ habar beriş serişdeleridigine, ýa bolmasa türk teleýaýlymynda göni efirde ýarym-ýalañaç gyzlar ("kedicikler") bilen tans edip, soñam "Geliñ, indi birsellem kyýamat hakda söz açalyñ" diýip bilýän utançsyz Harun Ýahýanyñ (Adnan Oktar) propoganda serişdeleridigine göz ýetirmek bolýar (ýañy-ýakynda türk polisiýasy bu peläkediñem yzyndan ýetdi öýdýän). 
Bularyñ beýtmek bilen maksady nämekä? Amerikanlaryñ we ýewropalaryñ arasynda musulman bolýanlar az däl, elbetde! Muny inkär edip bolmaz. Musulman bolan amerikaly yslama geçendigini gypynçsyz aýdyp bilýär, haýsydyr bir dine geçendigi üçin hiç kim hiç kimiñ ýanynda özüni müýnli hem duýanok, hiç kim hiç kime azaram berenok. Musulman bolan amerikaly we ýewropaly tanymal şahsyýetleriñ bu barada birnäçe beýannamasynyñ bardygyny hem bilýäris. Ýöne biziñ pikirimizçe, ýokardaky ýaly toslamalar añymyzda amerikanlary we ýewropalylary özümizden ýokarda görmek duýgusyny döretmek üçin ýörite ýaýradylýan ýaly.
Uzyn gepiñ keltesi, fransuz deñizasty barlagçysy Jak Kustonyñ musulman bolandygy baradaky toslamanyñ üstünde gysgaça durup geçeliñ.
Bilşiñiz ýaly, käbir musulmanlar 1997-nji ýylda aradan çykan Kustonyñ "Gurhanda" ýazylan bir aýaty okap musulman bolandygyny öñe sürýärler.
Muña ynanýanlaryñ aýtmagyna görä, Kusto "Gibraltar bogazynda süýji suw bilen şor suwuñ biri-birine garyşman" durandygyny görüp, yzyndanam "Gurhanyñ" "Rahman" süresiniñ 19-njy aýatyny okap: "1400 ýyl owal inderilen kitap nädip muny bildikä?" diýip, dessine musulman bolanmyşyn...
Bu aýdylýanlar hakykatyñ ýele ýanyndanam geçmeýär. Kapitan Kusto eden açyşynyñ "Gurhanda" barlygyny bilip biler. Mukaddes kitabymyza bolan haýranlygyny hem beýan edip biler. Emma bu onuñ musulman bolandygyny añlatmaýar ahyryn! Kusto hiç wagtam musulmanlygy kabul etmändir. Etmäge mejbur hem däl. Allatagala islänini öz ýoluna salar, islänini-de salmaz...
1997-nji ýylda aradan çykan Kusto Fransiýanyñ paýtagty Parižiñ ortarasyndaky "Notterdam" buthanasynda hristiýan däp-dessurlaryna laýyklykda jaýlanyldy. Kustonyñ meýdi haýsydyr bir metjitde jynaza namazy okalyp jaýlanylmady. 
Ýadyñyzda bolsa dünýä belli boksýor Kassius Kleý (Muhammet Aly) 2016-njy ýylda aradan çykanda musulman däp-dessurlaryna laýyklykda jaýlanypdy we onuñ jynazasyna musulman ýurtlaryñ ençemesinden döwlet delegasiýasy gatnaşypdy. Ýogsa-da, Kusto Muhammet Aly ýaly boksýor bolmandygy üçin /çepiksije eken özem pahyr:) /, musulman bolubam özüni musulman däbi boýunça jaýlatdyrmaga gorkdumyka? :)
Kusto heniz aýatda dirikä 1991-nji ýylyñ 2-nji noýabrynda Kustonyñ musulman däldigi barada "Kusto fondundan" ýalana çykaryjy beýannama gelip, bu habarlaryñ "myş-myşdan" başga zat däldigini mälim edipdi.
Garşylyklaýyn delili barlar, teswirlerde ýazyp biler. Ýöne kim ylalaşmasa-da "Ýok, Kusto musulman bolupdyr" diýen boş sözlemden başga aýtjak zadynyñ bolmajagy belli Gözümizi däl-de, añymyzyñ gözüni giñräk açyp seredeliñ: Dinimiziñ asyl ýolundan, öz taryhymyzdan, öz milli medeniýetimizden daşlaşdyrjak bolýan her bolar-bolmazyñ gepine gulak asyp ýörmeli däl.

Taýýarlan: Has TÜRKMEN.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 100 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Men bular ýaly myş-myşlara adamlaryň aňyna kontrollyk etmegiň usullarynyň biri hökmünde garaýan.Bu ýerde diniňem,ynanjyňam hiç hili dahyly ýokmuka diýýän.Olaryň din- ynançlardan peýdalanýandygynyň sebäbi, onuň üsti bilen adama täsir etmek aňsat bolanlygy üçinmikä diýýän. Beýle myş-myşlary ýaýradýanlar adamlaryň aňyna täsir edip biljek islendik zatdan peýdalanyp bilerler.Iň ýönekeýje mysallar hökmünde et iýmeýän,haýwanlaryň derisinden tikilen egin-eşikleri geýmeýän adamlary getirip bolar.Olaryň käbirleri başga adamlaryň düşünjesine hormat goýýanam bolsalar,käbirleri öz düşünjesiniň dogrulygyna ynandyrmak üçin urşa giribem bilýärler.Bu meniň şahsy pikirim.

0
2  
Bu makalany in bir wajyp makala hasaplaýaryn. Farawunyn we onun lesgerlerinin denze gark bolup ohelak bolandygt barada Allatagallanyn kelamy mukaddes Kurany kerimde aydylyp gecilyar.yokardaky materialdaaydylanlary yalnys bolyanler Kurany Kerimin Bakara süresiniñ 109- 138ayat aralygyny okap goraysinler.seyle derwayys meselani gozgap makala yazan awtora ayratyn sagbolsyn aytyaryn.Goy Allan ozi yalkasyn sizi

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: