10:06
Küren oba / hekaýa

KÜREN OBA

Aýböwüriň aýal-oglan-uşagy bilen tas ähli bedewlerini diýen ýaly alyp gelen Begçer bege uly hanyň iň ilkinji beren sowaly şeýle boldy:
— Hany bedewleriň üstündäki bürgütler?!
— Olar Siziň huzuryňyza münüp geljek täze bedewlerini sowgat getirjek myhmanlary hezzetlemegiň aladasynda.
— Hezzet-hormat üçin harajat soramadylarmy?!
— Aşa ajygan çalt doýguçdyr, Taňry nygmaty bolsa bereketlidir, ýetireris — diýdiler.
Uly han sesini çykarmady. Diňe, başyny ýaýkap ýakymly ýylgyrdy.

* * *

Dagyň böwür berip, dolup barýan Aýyň şekilini ýatladyp duran ýerinde — Aýböwürde goş basan müň öýli oguz ýazlagynyň özboluşly maksady bardy. Ol daşky duşmanlardan goragyň özboluşly kepilidi. Saýlama esgerlerden ybarat bolan goşunyň müňbaşysy Ýowbasar aňsat-aňsat agzyndan söz alyp bolmaýan agras adamdy. Ol güýzüň ortadan agyberen, howanyň birde ýagyp, birde açylýan günlerinde dag derelerine eserdeňlik bilen seretmek, gözüňe ilen her bir güman getiriji ýagdaý barada habar getirmek üçin ugradylan aňtawçylaryň baştutany Aždaryň özüne ýetibilmän gelşindenem bir ýakymsyz habaryň bardygyny aňdy. Şeýle-de bolsa, müňbaşy ony hamana hiç zatdan habarsyz ýaly giňlik bilen kabul etdi. Sözüni howlukman, mesawy gürrüňdeş hökmünde diňledi:
— Dag gerişlerinde nätanyş adamlar peýda bolupdyr. Ilki biri göze göründi. Sähel salym geçmänkä-de üç boldular. Soňam çaý içim wagtda on sany ýeňil ýaragly ýigitler bir ýere jemlendiler. Özara maslahat etdiler öýdýän. Gylyç, galkan naýzalary ýok. Billerinde hanjarlary, egninde ýaýlary bar, sagdaklary bolsa, okdan kemsiz doldurylan. Men ýalňyşmasam, olaryň päli düzüw däl.
— Belki olar awçydyr. Aw-awlamak üçin gylyçdyr galkanyň gerek däldigini bilýäň ahyryn. Awuny kowalap gelişlerine dag oýtumynda garaşylmadyk ýerde, täze obany görüp, böwrüne diň salandyr.
Serkerdäniň bu aýdan sözleri aňtawçynyň içindäki ähli pikirlerini çekip almak üçin ulanan pirimidi. Ýogsam ol öz saýlap-seçip ugradan aňtawçysyna ynanýardy. He-ýem ynanmaýan adamyňa olar ýaly jogapkärçilikli ýumuş tabşyryp boljakmy?! Onuň pirimi ýerine düşdi.
— Ilkibada menem şeýle pikir etdim. Ýöne olaryň eserdeňligi awçylaryňkydan tapawutlanýar.
— Bä-ä, şeý diýsene, olar sizi göräýen däldirler-dä...
— Ýok. Gören däldirler. Biz çykmasy köp wagt talap edýän gaýadaky bukudadyk. Eger olar bizi gören bolsalar, men ony hökman duýardym. Onda olaryň habary däl-de, sülsady gelerdi.
Serkerde göwnühoş ýylgyrdy. Bu onuň aňtawçylaryň onbaşysy Aždar bege minnetdarlygydy.
Serkerde derrew maslahata gerekli wekilleri ýygnady. Her kimiň pikirini diňledi. Pikirler diňlense-de, esasy çözgüt ertire goýuldy. Serkerde ähli zady ölçerip-dökmelidi. Şeýle-de bolsa, ätiýajy welin elden bermedi. Dagyň degresiniň goragyny berkitdi. Ertir ir bilen açyk asmanyň astynda egindeşlerini töweregine üýşürip, agşamky meseläniň çözgüdini tapmagyň aladasy bilen oturan Ýowbasar olaryň her birini ýene-de bir gezek dykgat bilen diňledi. Maksat birdi. Pikirler bolsa, dürli-dürlüdi. Biri duşman aňtawçylarynyň yzyna ýyndam bedewli kowgy salmagy, beýleki biri uly hana duýdyrmagy hem-de ätiýaçdan goldaw dilemegi teklip etdi. Serkerde hersi ençeme ýigitlere baş bolýan gerçekleriň her biriniň gözleriniň içine siňňin seretmäge wagt we mümkinçilik tapdy. Garaýyşlarynyň çaprazlygyna garamazdan, olaryň hiç haýsynda ýöwsellik ýa başga bir ýakymsyzlyk duýmady. Bu gowlukdy.
Uly han ýurduň bu tarapyndan duşmanyň hyýal edýändigini öňräkden aňýardy. Özleriniň bu ýere hut şonuň üçin ugradylandygyny bir-ä Ýowbasar serkerdäniň özi, birem Esen eserdeň atly ýaşy altmyşdan agan, köpügeren, tejribeli ýaşuly bilýärdi. Serkerde her niçigem bolsa, egindeşlerini diňledi. Olaryň pikirlerini bilmek gyzyklydy hem zerurdy. Çünki olaryň hemmesi ençeme synagdan geçen gerçeklerdi. Dürli pikirleriň goýnunda nazaryny bir nokada dikip oturan serkerdäniň ýüzi birden ýagtylyp gitdi. Töweregindäkilerem, elbetde, muny aňdylar, ýöne soramaga welin howlukmadylar. Sebäbi olaram öz serkerdeleriniň derejesine beletdiler. Ýowbasar uzak garaşdyrmady.
— Ony görýäňizmi?!
— Alakanymy?! Hawa görýäs.
— Hany biriň şony alyp geliň!
— Ýigitleriň biri sary ýaýyny çep eline alyp, sag elini cep egniniň üstaşyry sagdagyna ýetirdi.
— Men atmaly diýmedim, alyp geliň diýdim.
Serkerdäniň maksadyna doly düşünmeselerem, aýdylany ýerine ýetirmelidi. Ýöne alakamy şeýle baranyňda tutduraýjak. Kürenine sümlüp gitdi.
Bu tabşyrygyň aňyrsynda bir sebäbiň bardygyny bilselerem, serkerdäniň özi dil ýarýança garaşmalydy. Bu ýazylmadyk ruhy kanundy. Ýowbasar müňbaşynyň jogaby nagt boldy.
— Ol ýöne bir alaka däl, ol Taňrynyň bize berýän sapagy. Has dogrusy, bize sapak bermek üçin ugradan ussady. Ynha, alakadan alynmaly sapak. Alaka kürümini heniz duşmanyny görünmänkä gazýar. Ol özüne abanýan howpdan sypmaga buky döretmegiň zerurdygyny bilendigi üçin şeýdýär. Aw gerek wagty welin küreninden çykýar. Haýsysyny haçan we nähili ýagdaýda ulanmalydygyny alakalara öwretmegiň geregi ýok. Näme indi biz alakaça bolup bilmerismi?!
Hiç kim hiç zat hakda pikirini aýtmaga howlukmady. Ýowbasar serkerdäniň pikiriniň ýumagy görkezme bolup aýanlaşdy:
— Ýigitler, biziň bu ýere goş basmagymyzyň maksady ili duşmandan goramak. Ol biziň borjumyz. Ol bize uly hanyň ynamy. Eger-de biz çakymyzdan ezber güýjüň bardygyny doly anyklamazdan kömege adam ugratsak gelişmez. Onda biziň nämä geregimiz bar. Aňtawçylaryň yzyndan kowgy ibersek, duşman biziň bilendigimizi biler. Soň bizi ahmala salyp boljak pursaty aňtar. Olam näme, bir-de bolmasa, bir-de başartmagy ahtimal ýagdaýdyr. Şonuň üçin, indi bize birje ýol bar. Duşmany öz pirimine çolaşdyrmak. Men başga ýol göremok. Biz ýazlagyň göçme öýlerini birki günüň içinde göze görünmez ýaly etmeli. Aýböwür oýtumynyň iň töründen hatara kürüm, küren — ýerdöle gazmaly. Ähli öýleri, göze görünýän ähli zatlary şoňa çekmeli. Aňyrdan gelende oba ýok ýaly bolmaly. Oba ýaşyrylmaly.
Hanaly serdar, saklanyp bilmedi:
— O nähili «Ýok ýaly» bolmaly?! Heý, tutuş obany «Ýok ýaly» edip boljakmy?! Aňyrdan gelenlerem serederler ahyryny töweregine?!
Ýowbasar serkerde meseläni çöp döwlen ýaly etdi:
— Serederler, Hanaly, serederler. Ýöne welin, görmezler. Birinjiden, olar «Ynha, biz gelýändiris!» diýip, arkaýyn gündiziň günortany geläýmezler. Olar Taňry myhmany däl ýa toý çakylygy bilen gelenoklar. Ikinjiden, olar özlerini eýýäm obanyň nirede ekenini we näçeräk öýli ekenini bilýänden saýyp gelerler. Biziň olaryň bilýändiklerini bilýänimizi welin bilenoklar. Şonuň üçinem olar gije gelerler. Ukudaky obany garaňkylykda güpbasdy etmek maksady bilen gelerler. Aljyraňňylyga salmak, dowul bilen almak üçin gelerler. Olaryň şu pikirlerine bolan ynamyny ýitirip bilsek, ýeňiş hantamaçylygyny ýitirdigimizdir. Zynhar ýadyňyzda bolsun, söweşiň ýagdaýyny iki sany zat çözýändir. Olaryň birä — dowul, ýene bir birem duýdansyzlyk, ýagny garaşylmadyk ýagdaý. Köplenç ýagdaýda ikinjisi bolan duýdansyzlyk, birinjini – dowuly döredýär. Galanynam görübermeli bolarys.
Hanaly begiň aşaky dodagyny ýokarky dodagynyň üstüne mündürip, baş atmagy ylalaşygyň alamatydy. Ýowbasar serkerde sözüni hemmelere ýüzlenip dowam etdirdi.
— Galyberse-de, Hanaly serdar goşunyň üçden bir bölegini – iň ökde ýaýçylary alyp, Aýböwüriň ýeke-täk girelgesiniň degresindäki gaýalara siňer. Gylyçly beg, senem elli töweregi atlyny al-da, girelgäniň golaýynda biparhrak görnüp geziberiň. Esasy wezipäňiz duşman sizi göreninde özlerine garaşylýandygynyň ýekeje alamatyny syzmaly däldir. Duşmanlaryň gözüne görnendigiňizi anyk bileniňizden soňra, gorkan bolup görner ýaly, pytraňňyrak ýagdaýda Aýböwüre «gaçyp ýetişer» ýaly ýerlerde ýerleşiň. Şeýle edilende, dowul tapyp gaçýan «gorkak ýigitleriň» hereketlerinden howalasy göterilen duşman serdarynyň pikirleri ýagdaýa görä üýtgär. Hezerlener. Gorkan goşuny kowmakdan gylaw alar. Bu onuň kalbynda gorkan esgerleriň elten dowulyndan aljyraňňylyga düşüp, doly ýaraglanmaga-da ýetişmedik obanyň üstüni basmak pikirini döreder. Ol şol pikirini-de dogry biler. Bizi ýaraglanyp ýetişmänkäk, güpbasdy etmek maksadynyň yzyna düşübem, dag oýtumyna süsdürlip girer. Olar daga dyrmaşsalar gaçyp giren ýigitleriň hemmeleri aýaga galdyrjakdygyna ynanar. Oňa-da pursat beresi gelmez. Şeýdibem, olar dag derelerine dyrmaşmazlar. Şeýlelkide, Hanaly serdaryň ýigitleriniň bukudadygynyň üsti açylmaz. Olar Aýböwüre doly girenden soň, Hanaly serdaryň ýigitleri öz etmeli işlerini bilerler. Olaryň üstüne peýkam ýagyşyny ýagdyrarlar. Duşman bialaç yzyna üns bermeli bolar. Edil şo wagtam kürümlerde kemsiz dynjyny alyp ýatan ezber ýigitleriň ýeňseden gylyç parlatmaly ýeri geler. Niçik görýäňiz?!
Bu pikir Ýowbasar serkerdäniň hem sowalydy, hem haýyşydy hem-de aýgytly görkezmesidi. Onuň sözleýşinden üçisinem duýup bolýardy.
Hiç kimden artykmaç teklip bolmady. Diňe şondan soň Ýowbasar uly hanyň öz ýanyna maslahat üçin gerek bolar diýip goşan gojasynyň ýüzüne seretdi.
Iň zerur we aýgytlaýjy pursatlarda uly hanyň gelen netijelerini-de ýyldyrym çaltlygynda akyl eleginden geçirip, dogrusyny dogry, nädogry ýerine-de nädogry diýip bilýän bu goja oguz ilinde Esen eserdeň ady bilen tanalýardy. Esen aga biraz böwrüni diňläp, Ýowbasar serkerdä ýüzlendi:
— Hasabyňa-ha hä diýeýin Ýowbasar. Ýöne biziňem käbir teklibimizi diňläýseň?!
— Aýdyberiň, Esen aga, men diňe öz pikirmi aýtdym. Esasy mesele duşmany gaýtarmak.
— Onuň dogry. Taňry bize duşmanyň geljekdigini öňünden aňmaga mümkinçilik beren bolsa, diýmek bize ýeňmek bagtyny berdigidir. Harb tilsimatlary hakyndaky pikirleriň şeksiz dogry. Ýöne edil şu wagt obanyň aýal-oglan-uşagyny hem-de Gylyçly begiň gerçeklerine gerek boljak bedewlerden özge bedewleri kyrk-elli batyryň ýolbeletliginde uly hanyň gadamyna ugradaýsaň ters bolmasa gerek. Çünki seniň dar ýerde ulanmagy teklip edýän bu harb usulyň bedew gerimini talap edenok. Bedewler bolsa, halkymyza hemişe gerek. Onsoňam biz heniz duşman goşunynyň anyk sanyny bilemizok. Ähli pikirler dogry bolanynda-da olaryň sany çakymyzdan çökder bolsa, onda uly hanyň habarly boldugy bolar. Özüň bilýäň uly han hasaba gaty ezber. Duşmanyň demi rüstem geläýen ýagdaýynda-da, olaryň ýeňiş gazanmagyna ýol goýmak bolmaz?! Dönüp duran dünýedir bu. Birden duşman bizden rüstem geläýeninde-de güýji gowy kemeler. Galanyny bolsa uly hanyň özi çözer.
Ähli mesele aýdyňlaşdy. Obanyň aýal-oglan-uşagy, bedewleri maslahatyň yzysüre ýola şaýlandylar. Aýböwüriň ýeke-täk çykalgasyndan – dag gädiginden çykyp gidenlerinden soň, olaryň yzy ýitirildi. Taňry kömegi bilen ýagan ýagyş bolsa yzly wezipäni gutarnykly çözdi.
Aradan üç gün geçdi, dördülenji gün günortdan agyberende aldyrany bar ýaly hasanaklap gelýän tazy, ähli çaklamalaryň dogrudygynyň buşlukçysy bolup, Aýböwüre atygsap girdi.
Tazy Esen eserdeňiň diňe Ýowbasar serkerdä aýratynlykda beren maslahatydy. Hawa hemme zat ýerbe-ýer boldy. Ýowbasar serkerde elli altmyş dowar bilen iki sany döwtalaby duşman ýoluna çopan edip ugradypdy. Obanyň daşynda erkin goýun bakylmagy hiç hili duşmana garaşylmaýandygyny alamatlandyrmalydy. Şeýle pikir dörän duşman bolsa, hökman düşlemelidi. Agyr söweşiň öň ýanynda nesibesi çeken ilkinji oljalardan — berre guzulardan garynlaryny kemsiz göjäp, söweşe taýýar halda gelmelidi. Çopanlaryň ýanyna bäş sany tazy berlipdi. Görkezmä görä, her tazyny iki gün aç saklanmalydy, üçülenji gün boýnuna ýagdaýlar ýazylan ýarlyk berkidilip, ugradymalydy. Çünki olara Aýböwürde diýseň «sahy» eýeleri garaşýardy. Tazynyň jylka ete bolan küýsegine hiç zadyň päsgel berip bilmejekdigini Esen eserdeň juda gowy bilýän eken.
Gün batyp garaňky kemsiz düşüberende Gylyçly begiň atlylary tabşyrylyşyndan hem beter halda, derbi dagyn bolup, Aýböwüre kürsäp urdular. Ýigitleriň yzy bilen Asman Zeminiň arasyny dolduryp gelýän tupan duşman goşunynyň bedewleriniň tozudy...

* * *

Aljyramagy asla bilmeýän Ýowbasar serkerdäniň başarnygyna, Esen eserdeňiň paýhasyna hernäçe bil baglaýan bolsa-da, uly hanyň kalbyna ynjalyksyzlygyň aralaşyp ugrapdy. Emme bu wagt, eýýäm, ähli mesele gutarnykly çözlüpdi. Begçeriň getiren jogaby bir günden soň doly tassyklandy. Uly han Aýböwüriň küren obasynyň kethudasyny mynasyp sylag-serpaý bilen, dabaraly garşylady.

Aşyrmät GARLYÝEW.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 118 | Добавил: Has | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: