02:38
Kümüş depe

KÜMÜŞ DEPE

Kyn günlerde tanalarmyş adamlar, 
Agyr ýagdaý başa düşse her bapdan, 
Durmuş küresinden, oduň içinden, 
Taplanyp çykanlar gaýytmaz her zatdan, 

Synçy şahyr Kerim aga diýipdi: 
<kyýnyn başarmakda iş bar> her işiň, 
Kyýna garamazdan ärlerçe mertler, 
Guwanjyna döndi ýat bilen hyýşyň, 

Baldyrlary çyzgap, gollary çermäp, 
Arka bilen halta daşap kyn günde, 
bolmajagy boldurdylar gerçekler, 
Müňlerçe jan ýygnanandek bir tende, 

Gökdepede kapyr bilen söweşen, 
Merdana ärleriň atlary baky, 
Äpet silden ili goran ýigitleň, 
Taryhda agzalyp tutular ýady, 

Adyň <kümüş> depe bolsada seniň, 
Altyndan artyk sen asliýetinde, 
 Göroglydan paý alypdyr ogullaň, 
Ägirtlik bar olaň päk niýýetinde, 

Ýöne bir depediň göräýmäge sen! 
Indi beýle däldir, bahaň artandyr, 
Lowurdap bäs etýäň nurly gün bilen, 
Lowurdaşyň gün deňine eltendir, 

Altyn depä janyn beren altylar, 
Alty ýyldyz alty depäň üstünde, 
Alnymyzda durar altylaň keşbi, 
Unudylmaz beýik günde, pes günde, 

Subhan Salariniýa, Turbat jam, 20/01/1398

Eyranyň Türkmensähra welaýatynyň Kümüşdepe şähryny sil alanda onuň ýaş ýigitleriniň sil belasyndan goramak uçin şäheryň 5 km daşyndan haltalara gum we çagyl doldurup, böwet ýasap sil gaýtaranlarynda özlerinden ajaýyp iş görközdiler. Şol ýagdayda 6 san gerçek ýigit hem mertlerçe wepat boldular.

Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Has | Теги: Sobhan Salarinia | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Adamynyň janyna, saglygyna howp abananda,onda ýiti gorky duýgusy dörap, dowla düşüp biler.Emma, hut şeýle pursatlarda gahrymançylygyna guwanmaly, olara deňlenmeli mertlerimiz, hakyky durmuşyň hakyky gahrymanlary,orta çykýar.Wepat bolan gahrymanlaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun.Görkezen edermenlikleri, halas edilen ömürler üçin  olara baky şöhrat bolsun!
   Şular ýaly materiallar ýaşlary terbiýelemekde aýratyn mekdep bolup durýar.Şu saýty döredijilere nusga alarlyk gahrymanlar we gahrymançylyklar barada ýygnanan materiallar üçin sag bolsun aýdýaryn.

0
2  
Il-gün üçin janyny orta goýup bilýänl er goşguda ýatlanylsa örän oňat.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: