15:22
Köneürgenç türkmenleriniñ şalygy

KÖNEÜRGENÇ TÜRKMENLERINIŇ ŞALYGY
(1077 – 1231 ý.)

470 – 628 hijri              1077 – 1231 milady

Türkmenler uzak geçmişde yslamyň ýedi yklymynyň galabasynda hökümdarlyk edipdirler. Jeýhunyň boýundaky Köneürgenç şalygy altynjy yklyma degişli türkmen şalykdyr. Köneürgenç türkmenleriniň (Horezmşa) şalygy täsin, agyr günleri başdan geçiren, özboluşly taryhly şalykdyr.

470-628  Köneürgenç türkmenleriniň şalary   1077-1231

tak. 470             Anuş hökümdar (tegin)                 tak. 1077

490                    Kutbeddin Muhammet                       1097

522                              Atsyz                                       1128

551                             Ilarslan                                      1156

568                   Soltan şa Mahmyt (+589)                    1172
568                              Tekeş                                      1172
596                        Alaeddin Muhammet                      1200
617 – 628              Jelaleddin Meňburun            1220 – 1231
 
K.E.Boswortyň «Musulman hanedanlary» atly nusgawy işinde degişli hanedanlaryň 44-njisi «Horezmşalar» diýlip atlandyrylýar. Şol ýerde awtor bu hanedanlygy öz içinde taryhy döwürlere görä, dört sany aýry-aýry hanedana ýa-da hökümdarlyga bölüpdir. Men Köneürgenjiň miladydan öňki we miladyň başyndaky has irki taryhy barada öň ýazypdym.
Ikinji müňýyllygyň başynda Köneürgenç Gaznaly türkmenleriniň garawynda bolupdy. Türkmen dilinde işjeň ulanylan we ulanylýan «garaw» düşünjesiniň syýasy manysy hakynda nämeler aýtmak bolar?! Özge biriniň garawynda bolmak hem-de oňa garaşlylykda bolmak biri-birinden tapawutlanýan syýasy ýagdaýy we düzgün-tertibi aňladýar. Garaşly bolmak – özbaşdak bir syýasy ýaşaýyş däl-de, doly tabynlykdyr, garawda bolmak weli belli-belli meselelerde özygtyýarlylygy aňladýar. Güýji özgäniňkiden asgyn bir ýurt ýa-da hanedan onuň garawyna meýletinlik bilen girýär. Şonda özara gatnaşyklaryň tertibi ylalaşylýar, şertleşilýär. Şeýle ýagdaýda diňe iki tarapy hem kanagatlandyrýan tertibiň kabul ediljekdigi düşnüklidir. Takmynan, 1077-nji ýyllar töweregi Köneürgençde Beýik Seljuk türkmenleriň garawyndaky bir hanedan döreýär. Bu hanedanyň başynda türkmeniň begdili taýpasyndan bolan Anuş tegin (hökümdar) durupdyr. Anuş hökümdar Garçygaýy Beýik Seljuklaryň köşgünde hammam enjamlary serediji ýigit eken. Soňy bilen ol köşgüň komendanty wezipesini eýeläpdir. Ine, şol Anuş teginden hem taryhda «horezmşalar» ady bilen meşhurlyk gazanan köneürgençli türkmen imperiýasyny döreden hanedan öz şejeresini alyp gaýdýar.
Anuş hökümdaryň ogly Kutbeddin Muhammet (1097 – 1128) soltanlyk ykbala taýýarlanypdyr. Terjimehalyndan görnüşi ýaly, ol Beýik Seljuklaryň ajaýyp şäheri – merkezi Maryda oňat bilim alypdyr. Kutbeddin Muhammet dini, ahlagy oňat gören hem-de zandy päk ruhanylara, alymlara goldaw-hemaýat beren beýik şahsyýet bolupdyr. Köneürgenjiň Beýik Seljuklara garaşlylyk däl-de, garawlylyk ýagdaýynda bolandygy Muhammediň imperiýanyň öňündäki wepalylygyny we yhlasyny oňat häsiýetlendirýär.
Muhammet köneürgençli şa ýuwaş-ýuwaşdan doly özbaşdak döwlete öwrülip barýan hanedany, munuň üsti bilen bolsa gadymy Köneürgenç ýurduny berkitmekde uly işler bitiripdir. Onuň döwrüne – hökümdarlygyna degişli saklanyp galan maglumatlar Muhammediň çeýe hem-de ýiti syýasatçy bolandygyna şaýatlyk edýär. 1141-nji ýylda garahytaýlylaryň Soltan Sanjara uran zarbasy zerarly seljuk imperiýasy özüniň gündogar-demirgazyk ugry babatda işjeňligini ýitirýär. Aslynda Köneürgenç bilen Marynyň, ýagny bu iki beýik türkmen hanedanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häsiýetini iki aýratynlyk kesgitläpdir. Olaryň birinjisine men turuwbaşdan siziň ünsüňizi çekdim: garyndaşlyk baglanyşygy gtnaşyklaryň «garaw» diýilýän görnüşini kemala getiripdir, muňa bolsa özara düşünişmek, ýumşaklyk mahsus bolupdyr. Ikinji aýratynlyk Günorta Türkmenistan bilen Demirgazyk Türkmenistanyň arasyndaky tebigy aratapawutlylykdan gelip çykýar. Mälim bolşy ýaly, Demirgazyk Türkmenistan hemişe medeniýetiň, syýasatyň ýaýraýan ojagy bolan Günortadan çöllük arkaly bölünen şekilde bolupdyr. Munuň özi Köneürgenjiň özbaşdaklygyna, özygtyýarlylygyna hut tebigatyň özüniň berýän amady, ýardamy bolupdyr. Emma gaýra tarapda, gündogar taýda çarwalaryň ýaşaýan sähralary bilen serhetleşýändigi Köneürgenjiň hemişe uzak Gündogardan gelýän aldajy zarbany ilki kabul etmegine sebäp bolupdyr.
Ine, garahytaýlylaryň taryhy-harby hereketi-de Köneürgenjiň ykbalyna özboluşly täsir edýär. Bu hereketden Köneürgenç ähli amatlyklary gazanýar. Garahytaýlylar olara känbir azar hem berip durmandyrlar, şol esasda hem Beýik Seljuklaryň ýykylmagy bilen Köneürgenç türkmenleri Günorta Türkmenistany hem eýesiz goýmagy özlerine müwessa bilmän, XII asyryň ahyrlarynda ata Watany gurly arkadaşlaryna – gurly türkmenlere bermejek bolup köp harby we syýasy işleri amal edipdirler.
Muhammediň ogly Atsyz (1128 – 1156 ý.) Köneürgenç hanedanynyň iň görnükli şalarynyň biri bolupdyr. Ol türkmenleriň gaňly, gaýa, ýazyr taýpalarynyň jeminden döredilen güýçli goşun edinýär. Ol döwürlerde harby kuwwatyň döwletiň ykbalyny kesgitländigi belli zatdyr. Şeýle harby-milli kuwwata daýanan Atsyz Jendi, Müňgyşlagy döwletiň düzümine salypdyr hem-de Soltan Sanjaryň garawynda bolmakdan öňli-soňly ýüz döndermäge synanyşyklar edipdir.
1153-nji ýyldaky wakalary hem Atsyz öz hanedanynyň peýdasyna ulanmagy başarypdyr. Bu wakalaryň nämedigini okyjy bilýändir, ýöne ýatladaýaýyn: Soltan Sanjar gozgalaň turzan çarwa türkmenlere ýesir düşýär. Ol ýörite ýasalan demir gözenegiň içinde göztussagy bolýar, gözenegiň içinde ýurdy edara edýär. Atsyz bolsa Amula, Mara, Sarahsa, Nusaýa ýöriş edip, güýjüni synap, baldyrlaryny saldarlap görüpdir. 1157-nji ýylda-da ol Nusaýyň golaýynda ýogalypdyr.
Orta asyr türkmen taryhynyň, onda-da syýasy taryhyň özboluşly aýratynlyklary bar. Munda milletiň taryhy diýen hadysa we onuň umumylaşdyrmasy bolan milletiň taryhy diýen düşünje döwletiň taryhy diýen hadysa we döwletiň taryhy diýen düşünje bilen barabardyr. Döwletiň taryhy bolsa hanedanyň taryhydyr, hanedanyň taryhy-da öz gezeginde onuň görnükli syýasy hem harby şahsyýetleriniň taryhydyr. Köneürgençli türkmenleriň taryhy babatda-da şu hakykaty tekrarlap bolar. Ine, Atsyzyň ogly Ilarslanyň şahsyýeti-de bu döwlet barasynda köp häsiýetli aýratynlyklary ýüze çykarýan şahsyýetdir. Kakasy ýogalandan soň tagta çykyp, 1172-nji ýyla çenli hökümdarlyk eden Ilarslan Köneürgenjiň özbaşdak şalykdygynyň ykrar edilmegini gazanyp bilipdir. Ol Gürgeni, Dahystany eýeläp, Horasan ugrunda uly uruşlary alyp baryp, ata Watanyň bitewüligini dikeltmekde uly hyzmatlary bitiripdir. Onuň ogly Tekeş han öz gezeginde 1172 – 1200-nji ýyllar aralygynda şalyk tagtynda oturyp, işjeň syýasy hereketleri amala aşyrypdyr.
Tekeş sözüň hakyky manysyndaky beýik bir imperiýany döredýär. Onuň imperiýasy günbatarda Yraga, gündogarda bolsa Syrderýanyň – Seýhunyň aşaky akymlaryna çenli ýaýylyp ýatypdyr. Şeýle-de Demirgazyk-Günbatar Eýranyň alynmagy, Bagdat halyfynyň goşunlarynyň derbi-dagyn edilmegi onuň hyzmatlarynyň hatarynda durýar. Şeýle harby-syýasy üstünlikler ýurduň içki abadançylygyna ýardam edipdir. Içki abadançylyk, ýurduň gülläp ösüşi biziň orta asyr taryhymyzda diňe ownuk hanlyklaryň aradan aýrylyp, uly döwletiň berkarar edilen şertinde mümkin bolupdyr. Çünki munuň özi halka peýdasy däl, zyýany ýetýän ownuk bäsleşikleriň, dawa-jenjeliň we kiçijik hanlaryň men-menliginiň aradan aýrylmagyny aňladypdyr. Şu meselede hyzmat görkezen Köneürgenç şalarynyň, ylaýta-da Tekeşiň hatyrasy belentdir. Onuň Köneürgençde häzir hem haýbatlanyp duran türbeti bu beýik ynsanyň hatyrasynyň türkmen halky tarapyndan ezizlenendiginiň şaýadydyr.
Tekeşiň, onuň ogly Alaeddin Muhammediň (1200 – 1220) döwründe Türkmenistana günortadan gurly türkmenler howp salypdyrlar. Gurlar Sarahsy, Nusaýy, Kakany basyp almaga milt edipdirler, olar hatda beýik Köneürgenje-de gözüni dikipdirler. 1204-nji ýylda gurlar doly derbi-dagyn edilensoň, Balh bilen Gazna hem Köneürgenç soltanlygyna goşulypdyr. Ol ýerler Muhammet şanyň Aýçiçek atly aýalyndan bolan uly ogly Jelaleddin Meňburnuň mülki diýlip yglan edilipdir. Muhammet şa garahytaýlylary derbi-dagyn edip, özüniň soltanlygyny Gündogarda giňeldýär we Mawerannahry – Ikiderýaaralygyny hem Köneürgenje birikdirýär.
Degişli döwürde Köneürgenç ösen şähere öwrülipdir. Söwda, senetçilik, oba hojalygy güýçli suratda ösüpdir. Köneürgenjiň gaty gadymy taryhyndan gelýän akaba gazmak işi oňat ýola goýlup, bu bagy-bossanlygyň, üzümçiligiň, miwe agaçlaryň meýdanynyň görlüp-eşidilmedik derejede giňelmegine getiripdir. Döwlet giň hem-de güýçli bolanynda, onuň diňe bir syýasy gatnaşyklary däl, eýsem daşary ykdysady-söwda gatnaşyklary-da ýokary derejede bolýar. Çünki imperiýa özge ýurtlarda öz söwdasyny ýöretmäge özüne şert döredip bilýär. Beýleki tarapdan bolsa, ýurduň baýlygynyň artmagy bu ýere gaýry ýurtly täjirleriň sözüň hakyky manysynda bosmagyna getirýär. Söwda diýmek bolsa abadançylyk we baýlyk diýmekdir. Türkmende gowy nakyl bar: «Balyň bal bolsa, siňek Bagdatdan geler». Köneürgençde öndürilýän harytlardan lomaý peýda görüp bilmejekdigini bilen täjirleriň ümzügi Köneürgenç bolupdyr. Köneürgenç döwletiniň kuwwatyny harby derejeler bilen bir hatarda söwda guramaçylygy we söwdanyň işjeňligi hem üpjün edipdir.
Nusaýda doglan, görnükli türkmen taryhçysy, Jelaleddiniň mürzesi Şihabeddin Muhammet en-Nesewiniň (Nusaýly) «Soltan Jelaleddin Meňburnynyň ömürbeýany» atly bu kitaby dünýäniň taryh ylmy üçin gymmatbaha hazyna hasaplanýar, bu kitap dünýäniň öwrülişik nokadyna sebäp bolan mongol-tatarlaryň ýörişleriniň öň ýanynda Eýranda, Turanda, Hindistanda, Kawkazda, Türkiýede we Arabystanda bolan wakalaryň beýanydyr. Eýýamyň, dünýäniň depesinden inen ol nägehan külpetiň öňünden çykan türkmeniň gerçek goç ýigidi Soltan Jelaleddin Meňburny gylyçdyr naýza bilen taryhy ýazsa, onuň şahsy mürzesi Muhammet Nesewi soltanyň beýik ykbalyny taryha ýazypdyr.
Oguz handan galan wesýet bar. Ol wesýet göle hamyna ýazylyp, müň ýyllyklarda oguz kowmuna konstitusiýa bolup hyzmat edipdir. Şol wesýetden, pentden çykylan mahalam oguz kowmy bedibagtlyga uçraýar. Ol wesýetde, «hiç haçan iki adamy hökümdar bellemeli däldir». «Sütem edeniň kimdigine garamazdan jezalandyrmalydyr» diýlen dana pentler bu soltanlykda unudyldy. Soltan Muhammediň gypjaklardan bolan ejesi Tarhan hatyn ýurtda edil soltan ýaly ygtybarly hökümdar. Käbir babatda ol soltandan hem rüstem. Taryhçy Jüweýni ol barada şeýle diýýär: «Tarhan hatyn diňe soltanyň üstünden häkimlik etmän, onuň köşgündäki ýokary wezipeli emeldarlaryň, wezir-wekilleriň, köşgüň gaznasynyň üstünden hem häkimlik edýär».
Muhammet Nesewi soltanlygyň ýykylmagynyň esasy sebäpkärleriň biriniň Tarhan hatyndygyny belleýär.
Soltan Tekeş öz soltanlyk eden ýyllarynda gypjaklaryň üstüne köp ýöriş edip, gypjaklary köp gyrýar. Ol gypjak hanynyň biriniň gyzyna öýlenip, ol han tutuşlygy bilen soltanyň tarapyna geçip, oňa birnäçe welaýatlary, ýerleri basyp almaga ýardam edýär. Tekeş soltan ýogalansoň, ejesi syýasy arena çykyp başlaýar. Täze bir welaýat basylyp alynsa, esasy wezipelere gypjaklardan çekip, sähel ýylyň içinde olaryň sanyny köpeldýär. Bu bolsa ýurt eýeleriniň içinde nägileligi döredýär, emma etjek alajyň ýok. Hatda soltan Muhammediň weziri hem Tarhan hatyna gulak asýan adam. Şeýlelikde, Tarhan hatyn ýurdy ogly bilen bile sorap başlaýar. Gerek bolsa Tarhan hatyn oglunyň – soltanyň permanlaryny ýatyrybam bilýär. Ummasyz uly soltanlyk jaýryk atýar.
Çingiz hanyň ýörişi başlanan mahaly Tarhan hatyn bir ýarym million ilaty bolan Ürgenjiň (häzirki Köneürgenjiň) häkimidi. Tarhan hatyn öz permanlaryna «Dünýäniň we diniň goragçysy, iki jahan aýallarynyň melikesi Ulug Tarhan hatyn» diýip tugra goýýar.
Soltanlygyň jaýryk atandygyny öz meýline ýesir düşüp Çingiz hanyň tarapyna geçen Otraryň wezipeli kişisi Bedreddin al-Amit duşmana satýar. Ol Çingiz hana örän ýeser pirimi salgy berýär. Şol pirim hem soltanlygyň başyna ýetýär. Soltan Otrary basyp alanynda Bedreddiniň kakasyny – şäher kazysyny, onuň doganyny, bir topar garyndaşyny öldürýär. Bedreddin şol aryny almak maksady bilen soltanlygyň içinden urýar. Ol Çingiz hana maslahat berip, şeýle hat taýynlaýar. Hat Tarhan hatynyň adyndan gypjak hanlaryna, hajyplaryna, gaýry beýik wezipedäki ildeşlerine ýazylýar. Tarhan hatyn ol hatda hamana soltan Muhammediň gypjaklary halamaýandygyny, öz taýpadaşlaryny hemme babatda ilerläp, ýurduň diregi bolup duran gypjaklary kemsidýändigini ýazyp, amatyna getirip, soltany her edip-hesip edip öldürmelidigine perman berýär. Ol haty hem musulman ilçileri bilen ugradyp, Muhammet soltanyň eline düşer ýaly edýärler. Hat ugradylýar, basym ol haty alyp barýan ilçileri soltanyň adamlary tutup, soltanyň huzuryna eltýärler. Haty ýekelikde okap gören soltan Muhammediň imany öçýär. Öz bagryndan öndüren ejesi gypjaklara öz ogluny öldürmäge perman beripdir ahyry! Gypjaklar bolsa kän! Gaty kän! Ýeri bu haty ele saldyň-da, munuň ýaly hatyň ençemesi ýazylyp bilner ahyry!.. Şeýlelikde, soltan Çingiz hanyň sülsadyndan däl-de, öz serkerdelerinden, häkimlerinden gaçyp gezmeli bolýar. Hut şonuň üçinem ol «dört ýüz müň nökerden ybarat goşunyny dürli şäherlere bölüşdirip, özüne kast edäýjek gypjaklary özünden daşlaşdyrýar. Soltan duşmandan – Çingiz handan gaçanok, ýok, ol ejesiniň ady bilen özüne duýdansyz kast edilmeden gaçýar...
Zalym, ýurt ýykan dönük Bedreddin munuň bilen kanagatlanman Ürgençde oturan Tarhan hatyna hem şeýle nama taýynladyp, ony soltanlykda sylanýan Danyşment bilen ugradýar. Ol namada soltanyň öz türkmen serkerdelerine Tarhan hatyndan dynmaga perman berendigi aýdylýar. Üstesine, Çingiz han Danyşmendiň üsti bilen Tarhan hatyna soltanyň tarapyny tutmasa, köp ýagşylyklar edip onuň soraýan ýurduna degmejekdigine hem kasam edipdir. Bu haty alan Tarhan hatyn şol bada Ürgenji terk edýär, sebäbi soltandan perman bolsa, onuň damagyny garladyp çaljak türkmen serkerdesem, serdaram, Tarhan hatyndan içi kitüwlem köp!
Netijede, uly soltanlykda atan jaýryk geçip bolmajak gorpa öwrülýär.
Ol Ürgenji terk edeninde öz ornuna derek häkim hem bellemeýär. Ulug şäher gara kysmatyna galdyrylýar. Ýaramaz ýeri, Tarhan hatyn goňşy ýurtlaryň häkimleriniň, hökümdarlarynyň şäherde ýesir saklanýan, zamun saklanýan ogullaryny hem öldürdýär. Olar ýigrimi iki sany oglan. Diýmek, soltanlygyň ýigrimi iki ýerden duşmanlygy hem artýar. Ogullary öldürilen goňşy ýurtlar, welaýatlar, häkimlikler soltanlyga gönüden-göni duşman bolaýýarlar. Bu-da Tarhan hatynyň ölüminiň öň ýanynda eden hyýanatçylykly etmişi.
Soltan Muhammet ogullaryny tanaýan eken. Ol ilki Jelaleddini mirasdar saýlaýar, emma soňra Tarhan hatynyň talaby bilen Özleg şany mirasdar saýlamaly bolýar. Haçanda döwletiň başyna iş düşüp, soltanlygyň synyp barýandygyny duýan, ejesinden söýgä derek, duşmançylyk gören soltan Muhammet Gulzum (Hazar) deňziniň bir adasynda ogullaryny çagyryp, ýaňadan Jelaleddini mirasdar belläp, soltan gylyjyny biline daňyp, ony soltan saýlaýar. Ogullaryna onuň gullugynda durmagy pent edýär.
Emma gypjaklaryň täsirinde bolan Öleg şa-da, Pir şa-da, Ak şa-da soltan Jelaleddiniň duşmany, çünki, olar hem Tarhan hatynyň gypjak terbiýesini alan ýigitler.
Tarhan hatyn bilen türkmenleriň arasyndaky duşmançylygyň nägadardygyny bilmek üçin Tarhan hatynyň taryhda galan bir jümlesi ýeterlik. Tarhan hatyn ýesirlikdekä haremhananyň agtasy Bedreddin Hilal Jelaleddiniň häkimliginiň güýçlenýändigini, onuň soraýan ýerine gaçyp özlerini atsalar, aman galjakdygyny Tarhan hatyna aýdypdyr. Tarhan hatyn: «Güm bol, küdümiň kaýyna gitsin ol! Gel-gel, indi men Aýjäjegiň rehim-şepagatyna bagly bolup, onuň gol astyna barmaga çenli pese düşerinmi?» diýipdir. Tarhan hatyn Jelaleddiniň öýünde ýaşanyndan Çingiz hanyň ýesirligini hem amat görüpdir...
Päli azan Tarhan hatyn pälinden hem tapýar. Ol Çingiz hanyň ýesirliginde it ýalagyndan ýallanyp, bir wagt hökümdarlaryň ogullaryny öldürişi ýaly, öz agtyklarynyň öldürilişini hem görmeli bolýar!..
Dünýäde uly döwletleri kiçijik aýallaryň ýykyşy barada anyk mysal gaty köp. Tarhan hatyn bolsa şol hatynlaryň başy!..
Soltan Muhammet Horezmşanyň soltanlygynyň soňky ýyllary, mongollaryň ýörişleri barada gaty köp taryhy eser bar. Olaryň wakalary daşyndan synlap ýazanlaram bar, döwrüň yzýany gözi bilen görenlerden sorap ýazanlaram bar. Biziň ildeşimiz Nesewi bolsa wakanyň içinde ýşap ýazýar, ýöne eýýäm tutuş yslam dünýäsinde mongollaryň hökümdarlyk edip başlan döwürleri eserini tamamlaýar. Şol sebäplem şol döwür taryhçylaryna bir kesel mahsus. Olaryň hemmesi diýen ýaly musulman taryhçysydygyna garamazdan, eýýamyň bu uly pajygasy üçin diňe soltan Muhammedi, onuň Otrardaky dikmesini günäkär edip, Çingiz hany perişdä öwürýärler. «Çingiz han çozmakçy däldi, arman, soltanyň dikmesi onuň kerwenini talap, täjirlerini ýok etdirdi!..» Taryhçylaryň bu ynanjy ýalňyş! Çingiz han, onuň ogullary çarwa, bisowat. Olar ýurt alyp, ýurt dolandyryp bilmeýär. Uzyn taryha nazar aýlasaň, çarwalar ata çykyp, gylyç syryp ugranyndan soň olar saklanyp, ýurt tutunyp, ýurt sorap oturyp bilmeýär. Çingiz hanyňky ýaly ýabany orda-ha hiç haçan ony oňarjak däl. Şol sebäpli olar şäherini gorap göreşen ilatam gyrýar, söweşsiz şäheri tabşyran ilatam. Bu gün gyrmasa-da, ertesi gyrýar. Çünki, olara arkaýynçylyk gerek! Basyp alan ýurduny gyraýmasa, olarda başga alaç ýok. Olar basyp alan ýurduna beýik ylym eltip bilenok, medeniýet eltip bilenok. Eýse, ýerli ilaty näme bilen tabyn etmeli! Paýhas bilen tabyn edip bilmeseň, gylyç bilen tabyn etmeli!
Ikinjiden, olaryň Çingiz hany ak guş edip, ähli günäni soltana atmasynyň hem esasy sebäbi bar. Adam oglunyň tebigaty şeýle! Ol günäkäri agtarýar! Çingiz hany günäkärläp biljek däller, çünki onuň ogullarynyň gylyjyndan gan damyp dur. Eseriňi oňa eltip berseler, nähili güne düşjegiň belli! Onsoň günä ataýmaga çemeli adam soltan bolup galyberýär.
Jelaleddin «garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany, zandy türkmendi... Ol arslanlaryň arslanydy, garadan gaýtmaz edermen ýigitleriň içinde iň garadangaýtmazydy... Ol parasatlydy, danady, gaharlanmaýardy, käýinmeýärdi, sögünmeýärdi... hiç haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňýardy, az gürleýärdi...» diýip taryhçylar ýazýarlar.
Jelaleddin parasatly ýigitdi, sowadyny çykan kämil kişidi. Ol eýlesi Kaşgar, beýlesi Bagdada çenli uzap ýatan, atla alty aýlyk ýol bolan ullakan ýurdy, dört ýüz uly şäheri bolan soltanlygy ýitiripdi. Onuň ýitgisi akylly-başly adam çekerden çökderdi. Ol Horasandan çykmanka mongollara garşy söweşjekdi, emma ullakan bedibagtlyk abanyp gelýän mahaly baş-başa, jan-jana bolan ýurtda duşmany bolan gypjaklaram kändi, doganlaram onuň ezraýylydy. Ol gülläp oturan Eýranyň, Turanyň şäherleriniň oda berlip, ilatynyň uçdantutma gyrylýandygyny bilýärdi, onuň başyna düşen pajyga adam ogly çekerden agyrdy. Ol özüniň beýik soltanlygyň iň soňky daýanjydygyna düşünýärdi, emma özüne daýanmaga adam ýokdy.
Şäherleriň yzly-yzyna küli asmana sowrulyp barýarka, gorkak häkimleriň, hökümdarlaryň ýerastyndan duşman Çingiz han bilen ara sazlap, ýurda dönüklik edýändigini bilýän Jelaleddin nädip gülüp biler, nädip gürläp biler!
Jelaleddin bilýär, ýurt abadanka, gaýa-gopuz ýokka dostam köp, janyňy ynanyp boljak adam hem köp. Emma ýowuz duşman abanan çagy ol öz doganlarynyň özüne duşman bolandygyny, duşmandan öňürti janyny almaga taýyndygyny gözi bilen gördi. Her kim amatyny tapsa, gara başyny halas eýlemek üçin soltanyň janyna kast etmäge taýyn.
Jelaleddin Horasanda köp göreşýär, ilkinji gezek taryhçylaryň bellän «ilkinji musulman ýeňişlerini gazanýar». Emma Horasanyň esasy şäherleri synýar. Jelaleddin dini başga duşmanlara jihat etmek üçin Hindistana gidýär. Owganystanda Perwana şäheriniň ýanynda Çingiz hanyň goşunyny kül-peekun edýär. Garlyk, owgan serdarlary gatnaşan bu söweşiň yzyny dowam etdirip bolsady, onda Çingiz hany ýeňip biljekdiler. Emma bary-ýogy bir oýnam atyň – oljanyň üstünde oňuşmadyk türkmen, owgan, garlyk serdarlary dargaýar. Jelaleddin soltan başyny kiçeldip ýalbarýar, emma garlyk hem owgan serdarlary öz goşuny bilen soltany terk edýärler. Jelaleddiniň aýdyşy ýaly hem bolýar. Çingiz han ilki Jelaleddiniň goşunyny pytradyp, Sind derýasyndan aňryk atýar, soňra ol iki serdary hem galasyndan çykarman ýok edýär...
Jelaleddini hindiler hem gujak açyp garşy almaýarlar. Onuň ysgyndan gaçyp zordan halas bolanyny eşiden hindi serkerdeleri onuň üstüne goşun dartýar. Ol sanalgy atlysy bilen hindileriň alty müňlük goşunyny ýeňýär. Garaz, ol Hindistanda öz döwletini döredip, pul zikgeledip bilýär, emma Hindistanda barybir mongollaryň garşysyna durup biljek ýygny taýynlap bilmejekdigine akyl ýetirip, serkerdesi Jahan Pälwany öz ornuna goýup, Yraga gaýdýar.
Jelaleddiniň maksady Häzirbeýjany, Yragy, Ermenistany, Gürjüstany basyp almak däl. Ol diňe mongollara garşy göreşer ýaly goşun düzmekçi. Muny biz Jelaleddiniň Iwane Mhargrdzeli bilen gürrüňinde hem anyk aňýarys. Soltan gürji knýazyna: «Men Gürjüstany talamaga däl-de, parahatlyk bilen geldim. Siz bolsa hiç zat ýok ýerden dessine ýaraglanyp, meniň garşyma çykdyňyz, şeýdibem parahatlygyň ýerine uruş düşdi. Sen şu mahal gürji köşgüniň esasy weziri, maňa gulak goý. Sen meniň soltan eždatlarym barada eşidipmidiň? Sen meniň döwletimiň beýikligi barada eşidipmidiň?.. Men beýik hökümdar horezmşanyň ogly, emma horezmşalardan döwran ötüp, men hemme ýerde Çingiz handan ýeňildim. Gördüm, ynandym, ol gaty uly duşman. Men siziň ýurduňyzyň güýji, ýigitleriňiziň batyrlygy barada eşitdim. Men häzir siziň bilen birleşip umumy duşmanyň garşysyna göreşmek isleýärin... Men Gürjüstany ýumurmaga däl-de, goramaga geldim. Siz meni goldasaňyz, duşmandan üstün çykarys, onsoň parahatlyk bolar».
Jelaleddin bu sözleri janyndan syzdyryp aýdýar, eger gürjüler birleşmese, barybir olaryň ýurdunyň Köneürgenjiň gününe düşjekdigini aýdýar. Emma...
Jelaleddin arap ýurtlaryndaky döwletleriň hökümdarlaryna hem, häzirki Türkiýäniň ornunda bolan iki döwletiň soltanlaryna hem duşmana garşy birleşip söweşmegi teklip edýär. Ol halyf an-Nasyryň öz maýdajyk bähbidi üçin ähli musulman döwletlerini hudaýsyzlara satjak bolýandygyna çenli, halyfyň ýer astyndan Çingiz han bilen ara sazlap, ony musulman ýurtlaryna öjükdirýändiginem aýdýar. Ol döwür Arzan ar-Rumuň hökümdary Rukneddin Jahanşa ibn Togrul bilen Rumuň soltany Keý Kuwat doganoglandy, ikisi-de seljuk türkmenleridi. Olar bilen soltan Jelaleddiniň dinem, dilem birdi. Rukneddin Jelaleddiniň tarapyna geçýär, emma Koniý soltani Keý Kuwat Jelaleddinden ogryn El-Eşref bilen Jelaleddine garşy göreşmäge soýuz döredýär.
Bir mesele babatda şol döwrüň hem, soňky döwrüň hem taryhçylarynyň pikiri deň çykýar: külli musulmanyň depesinden inen tatar-mongollaryň garşysyna Jelaleddinden başga çykyp biljek hökümdar ýok!
Muny töwerekdäki musulman ýurtlarynyň soltanlary, şalary, hökümdarlary bolan El-Eşref hem, ar-Rumuň hökümdary Jahanşa hem, Koniý soltany Keý Kuwadam, ysmaýylçylaryň hökümdary Alaeddin Muhammet hem, Müsüriň hökümdary hem bilýär. Olar soltan Jelaleddinden başga tatarlaryň öňünden çykyp biljek serkerdäniň, soltanyň ýokdugyny takyk bilýärler!
Muny halyf hem, halyfat hem bilýär!
Muny Jelaleddin hem bilýär!
Taryhçylar ony goňşulary bilen ýaramaz gatnaşykda aýyplasa aýyplabersin, emma Jelaleddin halyfdan başlap, olaryň ählisiniň huzuryna ilçi yzyna ilçi ýollap görýär. Olar umumy duşmana garşy göreşmek üçin birleşmegiň zerurdygyna düşünýärler, emma Jelaleddinden gorkýarlar. Jelaleddine ynanyp bilmeýärler.
Jelaleddin oňşuksyz adam däl. Ol duşman agtarmaýar, tersine, onuň gün-günden güýçlenip barmasy duşmanlary haýykdyryp, duşmanlaryň birleşmegine ýardam edýär.
Akyldar Wolter: «Hudaýyň bir ady tötänlik, hudaý öz adyny goýmany ýokuş gören ýerinde tötänligiň üsti bilen iş görýär» diýipdir. Bu ýerde hem tötänlik eýmenç iş görýär. Koniý soltani Şamyň hökümdary bilen birleşip, soltan Jelaleddiniň üstüne ýygyn dartmakçy bolýar. Muny ar-Rumuň hökümdary Jahanşa Jelaleddine duýduryp, «duşman birleşmänkä ýeke-ýekeden pytratmagy» aýdýar. Jelaleddin ylalaşýar. Emma goşun dartyp ugranynda ol erbet keselläp, hatda atyň üstünde hem oturyp bilmeýär. Ol ýorgan-düşekli ýatmaly bolýar. Şu arada bolsa Koniý soltany bilen el-Mälik el-Eşref birleşip soltanyň üstüne çozýarlar. Başda soltan ýeňiş gazanýar, emma soňundan ol ýeňilmeli bolýar.
Musulman ýurtlarynyň yzly-yzyna synmagy üçin bir bahana gerek. Kimdir biriniň üstüne günäni ýüklemeli. Ol hem Jelaleddin bolup çykýar.
Taryhçylar Hilat gabawyny soltanyň ýalňyşy we soltanyň ykbalyndaky öwrülişik nokady diýip düşünýärler. Bir ýarym ýyllap gabap Hilaty alan Jelaleddin töweregindäki musulman döwletleri bilen arasyny ýitirdi diýip belleýärler. Hilat gabawy döwründe sowgat, serpaý baryny alyp gelen halyf ilçileri oňa Hilatyň gabawyny aýyrmagy teklip edýärler. Soltan ilçilere: «Ýaňy siz Emirilmöminiň adyndan: «Biz seniň işleriňiň şowlap, seniň döwletiň kuwwatynyň artyp, at-owazasynyň çar ýana ýaýrap, öz döwürdeş soltanlaryň üstünden agalyk etmegiňi isleýäris» diýdiňiz. Haçanda meniň işim şowlap, gala synyp, ýeňşiň alamatlary görnüp başlanynda bolsa, gabawy aýyrmagy teklip edýärsiňiz. Siziň bu teklibiňiz Emirilmöminiň islegine garşy gelýär» diýýär.
Soltanda günä bar bolsa – ol günä diňe onuň güýçlenmeginde. Soltan güýçlendiksaýy töwerekdäki hökümdarlar gorkýar. Olar gorkusyna soltana her hili aýyp ýapýarlar, olam taryhçylaryň işlerine giripdir.
Mongol-tatarlaryň gaty golaýa gelen wagty soltanyň uzyn gijeläp meýlis gurup, keýp etmesine düşünip bolanok. Mydama hüşgär soltan, ençeme ýylyny diňe tatarlar bilen garpyşyp ýeňmek üçin güýç toplan soltanyň olar golaýa geleninde meýlis gurmasy nämedenkä? Esgerleriniň göwrümini giňeltmek üçinmikä ýa ruhy taýdan ýadap, owarrama urdumyka? Eger şol gijekki meýlis bolmanynda hem entek soltan ýeňilmeli däldi, çünki, soltan entek ýeňlip görmändi. Mydama ýeňip ýören Jelaleddin entek söweşmelidi! Meger, ol ruhy taýdan ýadap, jähenneme urandyr. Sebäbi ol aga-gara düşünip başlanynda beýik soltanlyk gowşap, adam adama ýagy bolup ugrapdy. Onuň doganlary duşmanyna öwrülipdi, dostlary ikilik edipdi. Pygamberiň kürsüsinde oturan halyf Jelaleddiniň garşysyna duşman bilen, hudaýsyzlar bilen birleşipdi. Dili bir, milleti bir seljuk gardaşy onuň ýeňsesinden hanjar çekipdi. Dildeş, milletdeş gardaşy Keý Kuwat onuň garşysyna diňe araplar däl, dini başga gürjüler bilen birleşipdi. Weziri oňa dönüklik edipdi...
Ol bize matal bolup galypdyr, matallygyna hem galar!

* * *
Döwürdeşlerem, döwürdeş taryhçylaram, soňky zaman taryhçylaram Jelaleddiniň düýp maksadyna düşünmeýärler, ýa ol maksady gözden salýarlar. Olar Jelaleddiniň eýelän ýurtlary bolan Häzirbeýjanda, Arranda (Ermenistanda), Gürjüstanda (Gruziýada) düýp tutup, goňşulary bilen dostana gatnaşyp ýurt dolandyrmagyny isleýärler. Bu pikir düýbünden ýalňyş pikir. Türkmen terbiýesini alan Jelaleddin Kengan şalygyndan Horezmde mysapyrlygy gowy görýär. Ol Kawkazda ýurt tutunyp, ýurt sorap ötmekçi däl, ol demirgazykdan bosup gelen tatarlary kül-peýekun edip, gelen ýerine kowup, ýaňadan Horezme, Horasana dolanmakçy.
Ol ýalňyz pikir bilen ýaşaýar: güýç toplap mongollary yza serpikdirmeli.
Jelaleddine Kawlaz soltanlygynyň geregi ýok.
Ol şol maksadyna ýetmek üçin mümkin zady hem, mümkin däl zady hem edýär.
Soltan Jelaleddin aýylganç zamanada soltan boldy, dogrusy, oňa ýumrulyp weýran bolan harabadan diňe soltan gylyjy miýesser etdi. Şol gylyç bilenem ol ähli zady tarpdan başlap, ýene soltan derejesine göterilip bildi.
Soltan Jelaleddin diýseň geçirimli. Ol özüne dönüklik edip, duşman bolanlaram, özüne garşy söweşenleriňem günäsini geçýär. Ol günäsini geçen hanyna, begine, hajybyna, emirine özüne mynasyp derejä göterýär. Jelaleddin bilen duşman bolan bar zadyny ýitirýär, dost bolan utýar.
Jelaleddiniň ýaşan zamanasy erbet boldy. Beýleden kyýamat bolup gelýän mongollaryň-tatarlaryň zarbyndan yslam dünýäsi harap boldy. Baş-başa, jan-jana bolup abadanlyk döwründäki mukaddeslikler ýiteňkirledi. Yspyhan söweşinde Jelaleddin ýitip gidýär, birnäçe günläp ondan habar-hatyr bolmaýar. Yzynda galan hanlary, serdarlary eýýäm onuň hazynasyna, haremhanasyna göz dikýärler... Sähelçe gün eglense, ony duşmanlary däl, dostlary dargatjak. Emma Jelaleddin olaryňam günäsini geçirýär. Diňe Yspyhan söweşinden gaçanlara, namartlyk edenleriň başyna ýaglyk daňdyryp, köne türkmen edähedi bilen şäheriň köçesine aýladýar...
Ol weziriň hem edýän pyssy-pyjurlyklaryny bilýär, emma düzeler umydy bilen köp gezýär.
Şeýle bozulan zamanada Jelaleddin ýaly ynsanperwerligi saklamak her bir soltana başartmaz!
Jelaleddin örän geçirimli. Ol özüne garşy söweşen gürji serkerdeleriniňem günäsini geçýär, Töwrizde topalaň turzan düpbozan hana hem töwellaçy iberýär. Ol duşmandan dost, ýatdan ýakyn ýasamak üçin köp jan edýär, şolaryň ählisi hem din duşmany tatarlaryň garşysyna onuň soltanlyk aladalarydy.
Jelaleddin hiç haçan dek oturmaýar. Onuň ömri ýörişde geçýär. Özbek Pälwanyň owadan köşgüne girip: «Bu ýer meniň üçin däl, bu ýer ýaltanyň ýeri» diýip ondan çykyp gaýdypdyr. Tä atasynyň döwletini yzyna doly gaýtaryp alýança köşkde oturmazlygy özüne äht edipdir. Jelaleddiniň Häzirbeýjan bilen Arrany (Ermenistany), Yragyň birnäçe ýerini ýaňadan basyp almagy – basybalyjylyk däl. Ýok, ol atasynyň ýurduny yzyna gaýtaryp alýar. Ol özüne birleşdirmek isleýän welaýatyna, hanlygyna, ýurduna ilki ilçi iberip, umumy duşman bolan mongollara garşy bile söweşmegi teklip edýär. Töwellaçy yzyna töwellaçy ýollaýar. Bolmanyndan soň ol şol ýeri hökman basyp alýar. Şäheri ýumursa ýaňadan dikleýär, halka abadan durmuşy berýär.
Jelaleddin Nesewiniň aýdyşy boýunça hiç haçan hiç kime käýinmeýär, sögünmeýär, hiç haçan gülmeýär, örän az gürleýär...
Jelaleddin içini hümledip, gahar-gazabyna bäs gelip, hiç haçan gülmän dünýäden geçdi! Emma ol Watan üçin, ýurt üçin, il-ulus üçin göreşmegiň dünýä möçberli nusgasyny goýdy. Ol özüniň gatnaşan on dört urşunyň on birisinde duşmany kül-peýekun etdi, emma kiçigöwünlik bilen «men Çingiz handan hemişe ýeňildim» diýmegi başardy. Ol hemişe ýeňdi, çünki, onuň arkasynda Allatagala durdy. Ol ýolbars halyna tötänlik zerarly tilkiniň elinden ölüp gitdi. Wolteriň pikiri bilen aýtsak, Allatagala ol söwer ogluna, serkerde ogluna dözmän, ony tötänlige pida eýledi...
Meniň Jelaleddiniň ykbaly barada şeýle janygyp gürlemegimiň sebäbi – agzalalygyň netijesine her bir türkmeniň, her bir adamyň düşünmegi üçin. Dört ýüz müň goşuny bolan Köneürgenç şalygy, elbetde, Çingiz hany kül-peýekun edip biljek. Ýöne köşkde agzybirligiň bolmandygy üçin döwlet synýar.
Ine, meniň nygtamak islän esasy pikirim: döwletiň binýady agzybirlik!
Hawa, hawa, döwletiň binýady agzybirlik!

Osman ÖDE.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 18 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: