12:09
Kipr türkmenleriniň taryhy / dowamy

■ HEM GURAN, HEM ÝYKAN

Oguzlaryň öz guran döwletlerini ýykmagyna nähili düşünmeli?
Muňa geçen asyryň soňlarynda we şu asyryň başlarynda dünýä agalyk eden milli döwlet düşünjelerini öwrenip netije çykarmak dogry bolar. Şol günüň şertle-rinde diňe millet hökmüňde däl-de, eýsem tire hökmünde-de agzybirlik diýlen zadyň ady hem ýokdy. Oguzlaryň bir böleginiň özlerini türkmen hasap etmegi, ýagny tire agzybirliginiň nämedigine azajyk düşün-megi oturymlylyga we yslamyýete düşüne-ninden soň ýüze çykan kämillikdir. Orta Aziýadaky oguzlaryň aýaga galmagynyň sebäp-käri taýpanyň aşaky gatlagy bolan urug gatlagyna daýanýan gandüşer garyndaşlykdyr. Orta Aziýa döwletleri uruglaryň gowşak birleşmesiniň bir görnüşidir. Bolup geçen zatlara dogry düşünmek üçin şol döwrüň kada-kanunlaryna hem düşünmek zerurdyr. “Milletiň döremegi feodal bölünşigiň we baknaçylygyň soňlanmagy, jemgyýetiň, ykdysadyýetiň ýeke-täk bazaryň töwereginde birleşmegi, munuň işçi güýjüne täsir etmegi, işçi güýjüni ulanmagyň tertiple-riniň mysal alynýanlara meňzedilmegi esasynda öňe gidýär"1. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, fransuzlar german taýpasyndandyr, ýöne şu wagt fransuzlar bilen nemesler aýry-aýry milletdir. Iňlisleriň hem asly germanlar we daniýalylardyr, ýöne bu gün iňlisleri nemes, daniýalylary hem iňlis diýip atlandyryp bilmeris. Bularyň hemmesi-de german kökünden gelip çykandyr. Şol kökden emele gelen, german dillerinde gepleýän şwedler, nemesler, awstriýalylar, şweýsariýalylaryň bir bölegi we daniýa-lylar, bu gün aýry-aýry milletlerdir.
Millet, taryhy we jemgyýetçilik şertleriniň dünýä medeniýetine belli bir döwür üçin sowgat eden bir düşünjesidir. Bu düşünjä ýetmek üçin feodalizmi ýeňip geçmeli. Feodalizmi başyndan geçiren Anadoly türkmenleri millet bolmagy başarypdyrlar.
Halyl Berktaý “Taryhda türkmen ady bilen diňe bir taýpa däl, birnäçe garyndaş taýpalaryň bolandygyny, we bularyň öz-özlerini başga-başga atlar bilen atlandy-randyklaryny görýäris" diýip belläpdir.
Oguzlaryň guran döwletlerini ýene-de özleriniň ýykmaklaryna şu aýdylanlaryň çäginde seredilende düşünmek aňsatdyr. Irki döwürdäki toparlarda adamy kesgitle-ýän degişlilik duýgusy urugydyr. “Iň kiçi topar birligi gandüşer garyndaşlykdyr. Esasy zat urug agzalarynyň özleriniň bir atadan gelendiklerine ynanmaklarydyr. Şeýlelikde, aýry-aýry taýpalardan emele gelen uruga bagly bolan adam özüni urugyň öňünde gandüşer garyndaşlyga daýanýan borjy duýýar.
Şeýle hem käbir oguz taýpalarynyň döwlet gurmagy ähli oguz uruglaryň şol abraý-şöhratyň töwereginde birleşmegi manysynda düşünilmeýşi ýaly, şol abra-ýyň töwereginde ýerleşmeýänleriň şol abraýy ýykmaga çalyşmajakdygyny pikir hem edip bolmaz. Olar V-VI asyrlarda ýaşaýardylar. XIV asyrdan soň ýüze çykjak "millet" düşünjesine görä hereket etmek-leri garaşylmaýan hadysady. XX asyryň ýaşaýjylary ýaly olar “Ol hem türkmen, men hem türkmen” diýip, pikir etmeýärdiler.
Agzalyp geçilen abraýy ilkinji guranlar, aradan birnäçe wagt geçenden soň öz uruglaryndan çykan ýa-da ýabgylaryň bu erki dowam etmek üçin beg bolup ýüze çykan synp tapawutlyklary bilen, oturymlylyga ýyk-gyn edip hytaýlaşmak we çetleşmek arkaly girdejilerine zyýan ýetirileni üçin aýaga galmakdan gaça durmaýardylar.
Hytaýyň bu toparlar bilen başagaýly-gynyň sebäbini okyjy düşünýändir.
Birnäçe sebäpler bilen birlikde, munuň esasy sebäbi döwletleriň ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegidir hem-de Hytaýyň Günbatar bilen ýeke-täk baglanyşygy bolan bu söwda ýoluna eýelik etmegidir. Hiç bir döwlet özi bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky ýeke-täk ýola başga ýurtlaryň eýe bolmagyna gözüni ýumup bilmez. XVI asyrda ýaşap geçen türkmen şasy Babyr şa (ol özüne şeýle at beripdir) "Babyrnama" eserinde özbekler, gyrgyzlar we ş. m. taýpalardan zeýrenip, Hytaýdan şikaýat etmändir.
Göktürkmenlerden soň uýgurlar, garahan-lylar, gaznalylar, köneürgençliler ýaly türkmen asylly döwletler gurulsa-da, dünýä taryhynda ýer alanlar seljuklylar we osmanlylardyr. Biziň hakyky we soňky ata-babalarymyz bolan seljuklylara we osmanlylara düşünmek üçin öňkülere gowy düşünmegimiz gerek. Orta Aziýadaky durmuş-ykdysady düzgün, onuň üstesine yslamyň täsiri, seljuklylar we osmanlylaryň Wizantiýadan täsir alyp, öz ýola goýan düzgünleriniň düýbünde ýatandygy hakykat-dyr. Şu nukdaýnazardan Orta Aziýadaky ykdysady-jemgyýetçilik düzgüni, harby toparlanyşygyň gurluşy we döwletiň iş dolandyryş gurluşy gözden geçirilmese öňümizdäki yzygiderliklere düşünmek kyn bolar.

MEDENIITLILIKDEN ÖŇ
ÝAŞAÝYŞ-DURMUS

Orta Aziýanyň boz meýdanlarynda ýaşaýan toparlaryň ýaşaýyş durmuşynyň üstünde durup geçmezimizden öň medeniýetlilikden öňki toparlaryň gurluşlaryna degişli birki agyz söz aýtmak zerurdyr.
Morganyň pikiriçe ynsan oglunyň taryhy üç bölege bölünipdir:

a. Ýabanylyk döwri.
b. Wagşylyk döwri.
w. Medeniýetleşmek döwri.

Ýabanylyk döwri “tebigy wakadyr we olary hiç üýtgetmän peýdalanmaga agram salynýan döwürdir”. Wagşylyk döwri bolsa “Tebigy önümleriň öndürilişini artdyr-maga ýol açan ugurlaryň öwrenilýän döwrü-dir”. Medeniýetleşmek hakynda aýdanymyzda bolsa, bu döwürde ynsan tebigy önümleri çig mal görnüşinde ulanmagy öwrenýär. Medeni-ýetleşmäge geçilmänkä jemgyýetçilik önümçi-liginiň döwürleri döwlet gurluşyna mätäçlik çekmez. Şeýle toparlardan emele gelen ýaşaýyş-durmuş düzgüniň esasynda nesil yzarlamak durýar.
Latyn dilinde "gens", grek dilinde "genos" bir kökden (taýpadaky bir atadan) gelýändigi bilen öwünen, aýratyn bir topar hökmünde birleşdirilen, ýöne köki we iç ýüzi şu wagta çenli bütin, taryhçylarymyz üçin garaňky bolup galan bir gandan bolan toparlar üçin ulanylýardy. Morgan klassyky tire-taýpa mysal hökmünde Amerikan ýerlilerinden iroukalaryň Seleka taýpasyn-da gurt, bürgüt, keýik, aýy we ş.m. haýwan atlaryny göterýän 8 sany tire-taýpanyň bolandygyny belläp geçýär. Bu birleşik häzirki zaman düşünjesindäki döwletdir diýsek nädogry bolar. Sebäbi “Döwleti emele getirýän ildeşler toparyndan aýratynlykda, dolandyryjy güýjüň bolma-gy zerurdyr”.
Irouka taýpasynda iki aýallylyk we enelik hukugy ýöreýär eken. Hakykatda bolsa şol görnüşde tire-taýpa-urug birleşigi görnüşinde ýaşaýan gadymy Gresiýadaky genslerde “köp aýallylyk” gitdigiçe ýok bolupdyr we atalyk hukugy höküm sürüpdir. Atalyk hukugynyň herekete girmegi bilen baý mirasdüşer gyzyň baýlygy durmuşa çykandan soň adamsyna geçýändigi sebäpli, ýagny başga bir taýpa geçýändigi sebäpli, bu baýlygyň öz taýpalarynyň içinde galmagy üçin ýaş gyzlaryň taýpanyň içindäki bir ýigide durmuşa çykmagy hökmany hasap edilipdir. Emma irouka taýpasynda toý taýpanyň daşyndakylar bilen tutulýar we çagalar ejesiniň taýpasyna degişli diýip kabul edilýär.
Şeýlelikde, nesil wagşylyk döwrüniň esasy jemgyýetçilik gurluşydyr. Syýasy aýratynlygy bolsa ortalyk atanyň bolmagy, garyndaş nesiller bilen emele getirilen uruglaryň we taýpalaryň birleşmegi netijesinde emele gelen taýpalar we bu taýpalaryň gowşak birleşmä birigip harby demokratiýa ugry bilen dolandyrylmagydyr.
Bu gurluşyň içinde maşgala onçakly ähmiýetli hem däldir. Häkimlik öňürti aýallaryň elinde bolup, wagtyň geçmegi bilen bolsa erkekleriň eline geçipdir. Gazanç-lary esasan maldarçylyk we tireler arasyndaky uruşlar netijesinde talanan olja bolupdyr. Ekin-dikin we senetçilik soňky döwürler ýüze çykyp, ol örän gowşak bolupdyr. Söwda ösmändir we mülkiýet düşünjesi mülküň nesle degişliligi bilen kesgitlenipdir. Bu düzgün netijesinde söweşlerde ýesir düşen adamlaryň oturymlylyk düzgünine geçdikleriçe ekerançylykda işçi güýji hökmünde ulanmak üçin gullaşdyrmak arkaly tire begleriniň (gul eýeleriniň) döremegine we gul eýeçiligi gurluşyna geçilmegine ýol açypdyr. Synpy jemgyýet bolsa medeniýetiň hem-de döwletiň ösmeginiň başlangyjydyr.
Bu umumy maglumatlara esaslanyp, Orta Aziýa türkmen toparlarynyň ýaşaýyş düzgü-niniň derňewine girip bileris.

ORTA AZIÝANYŇ JEMGYÝETÇILIK GURLUŞY

Stepan Ýerasima boz meýdandaky ýaşaýşyň taýpa baglydygyny we maşgaladan ulurak bir tiräniň çäginde toparlanan-dygyny we bu maşgalanyň ykdysady birlik hökmünde-de bir nesil bolandygyny belläp geçýär. Muzapbar Sanjar bolsa: “Esasy bir-lik - umumy atanyň golastynda jemlenen, şol bir nesilden bolan şahsyýetler tarapyndan emele getirilen, köp agzaly uly maşgaladyr we bu maşgalalaryň kämilleş-megi netijesinde ýüze çykan taýpadyr” diýýär. Taner Teýmir: “Bularda tire-taýpalar tirelere we nesillere bölünýärdi” diýýär.
Beýik Göktürkmen döwletiniň gurluşy hakyndaky rowaýatlarda aýdylan zatlar nesil toparlanyşygynyň subutnamasydyr. Hytaý çeşmelerinden alnan maglumatlara serede-nimizde, olary tutuşlygyna gyryp, ýeke bir çagajygy diri galdyrýarlar we aýaklaryny kesýärler! Bu çagany bir möjek tapyp, ony idetmäge başlaýar. Soňunda möjek bu çagadan göwreli bolup, on sany çaga dogurýar. Bu on çaga-da on gyza öýlenýär. On maşgaladan on sany taýpa emele gelýär. Bularyň biri hem türkmenleriň atasy-babasynyň gelip çykan aşina tiresidir. Başga bir çeşmede aýdylyşyna görä, möjekden dogan çaganyň sany 17-dir. Bulardan biriniň dört ogly bolupdyr. Dört oglanyň iň ulusy bir dagda ýerleşýär. Şol ýerde ýaşaýan bir taýpa sowukdan ýaňa jebir çekýän eken. Uly oglan ody oýlap tapyp, olary ýyladandygy üçin olara ýolbaşçy saýlanýar. Ýolbaşçy bolanyn-dan soň “Türkmen” (kuwwatly, başarjaň) lakamy bilen tanalan bu gardaşyň ady Na-Ti-Liu bolupdyr we ol dört aýala öýlenip-dir. Aýallarynyň iň kiçisi aşina taýpasyndan bolupdyr. Dört aýaldan dört ogly bolan Türkmen ­ Na-Ti-Liu ölenden soň dört ogly daga gidip, öz aralarynda bäsleşik gurnaýarlar. Bäsleşikde kim ýokary bökse şol ýolbaşçy bolmaly eken. Kiçi ýaşly aýalynyň ogly iň kiçileri bolandygy üçin has ýokary bökýär we ýolbaşçy bolýar. Aşina taýpasyndan gelýän enelik hukugy bu oglana A-Hiýen Şat ýa-da Bilge Şat (Bilge han) adyny berýär.
Bu ikinji mysalda diňe bir nesil toparlanyşygy däl, eýsem ilkinji nesliň bir sypaty bolan enelik hukugyna hem garalýar. Bilge han kakasynyň däl-de, ejesi-niň tiresinden diýip hasap edilýär.
Dogan Awçyogly aýallaryň höküm süren döwründäki maşgala däplerinden biri bolan “tohum almak” däbiniň Anadoluda ýakyn döwre çenli dowam edendigini we gyzylderililer we eskimoslarda şeýle maksat bilen ýöre-dilen, ýagny myhmanlara gyz hödürlemek däbiniň XV asyra çenli dowam edendigini öňe sürýär. Hazarlarda, ak hunlarda doganla-ryň ortalyk bir aýaly bolupdyr. Hiç dogany bolmadyk adamyň aýaly kellesinde bir şah göteripdir. Doganlaryň sany näçe bolsa şoňa görä-de şahyň sany artdyrylypdyr.
Bu toparlaýyn öýlenme netijesinde çaganyň kakasynyň kimdigi bilinmändir, ýöne ejesi anyk bolupdyr. Şu sebäpli nesil daragty diňe eje tarapyndan ýöredilipdir. Şeýlelikde, bir ata-eneden dogan, aýal tarapyndan ganybir we aralarynda durmuş gurmagy gadagan bolan garyndaş toparlary döräpdir. Nesil bermek işini ýerine ýetirýän ýat adamdyr. Tire aýalyň golastyndadyr. Professor Abdylkadyr Ynan Anadoluda henizem hereket edýän garşa guda däbini ortalyk maşgala däbinden galan däp diýip hasap edýär. Umyt Hasan “Häsiýetlerine baglylykda bir nesliň toparlanmagy Oguz hanyň şahsyýetini suratlandyrýar” diýip, öz garaýşyny beýan edýär. “Hemme ýerde bolşy ýaly, aýal Orta Aziýada ganybirligiň sütünidir”. Professor Sadry Maksudy Arsal, çarwa türkmen toparlarynyň Gresiýada, Rimde we Germani-ýada bolşy ýaly, urug-nesil, tire-taýpa we ok-ýaý görnüşindäki basgançakdygyny tassyk-lap garaýşyny subut edýär. Altaýlylaryň soňky döwre çenli 24 sögök (taýpa-söýeg) görnüşinde ýaşandygy we tire içinden gyz almagyň gadagandygy mälimdir.
Iroukalarda bolşy ýaly, oguzlarda hem her taýpanyň bir haýwan nyşany bardyr. "Ongon" diýlip atlandyrylan bu nyşan but däl-de janly-jandardyr. Oguz hanyň Gün, Aý, Ýyldyz, Gök, Dag we Deňiz atly alty ogly bolupdyr. Bularyň her birinden dört taýpa döreýär. Deňiz hanyň ogullaryndan dörän kynyk, ýywa, bügdüz we igdir taýpalarynyň nyşany bürgütdir. Kynyk taýpasy seljuklylaryň dörän taýpasydyr. Bu gün Anadoluda "Bügdüz" atly oba (Burduryň bir obasy) we "Igdir" atly welaýat bar. Gün hanyň ogullary gaýa, baýat, alaöýli we garaöýli taýpalarynyň guşy şahyndyr. Bilşimiz ýaly, gaýa boýundan osmanlylar döräpdir. Garaöýli taýpasy bolsa häzir hem öz ady bilen Anadoluda ýaşýar.
Umuman aýdanymyzda, Orta Aziýadaky jemyýetçilik ýaşaýyş düzgüniniň bütin dünýädäki deň derejeli döwletleriň ýaşaýyş düzgüninden tapawudy ýokdur. Elbetde, bu subutnama olar boz topraklarda oturymly ýaşapdyrlar diýen manyny bermeýär. Orta Aziýanyň boz meýdanlarynda ýaşan toparlar gul eýeçiligiň nämedigini hiç wagt bilmän-dirler.
Halyl Berktaý Orta Aziýada-da wagtal-wagtal gullara duş gelinendigini, emma munuň hiç wagt gul görnüşinde häsiýetlen-dirilmändigini belläp geçýär. Şeýlede, Orta Aziýada gul güýjüne mätäçlik çekdirjek giň we mes toprakly ýerler ýokdur. Ol ýerler ýa otlukdyr ýa-da gurakdyr! “Attika we Rim taýpa birleşmeleriniň birleşmesinden dörän döwletler Egeý we Ortaýer deňzi söwdasy netijesinde, pul ykdysadyýetiniň ilkinji döwrüne garanyňda has ýokary derejesine ýetdiler. Şol bir wagtyň özünde töweregindäkilere garanda güýçsiz wagşylar-dan köp sanly gul alan wagtlarynda hem fiziki ýa-da syýasy böwet bilen garşylaş-madylar. Hususy mülküne bagly bolan topraklarda magdanlarda we senetçileriň ussahanalarynda girdeji almak maksady bilen bu gullaryň aglabasyny işletdiler. Ýeňeniň hem, ýeňleniň hem çarwadygy we boz meýdanyň şol ýeriň oba hojalygy üçin ygtybarsyzdygy sebäpli hususy toprak mülkiýetiniň yza galmagy netijesinde ünsden düşürilen gulçulyk, umumy azatlyk, döwletsizlik we güýçleriň biri-birine ýakynlygy jemgyýetde (önümçilikde) güýç ulanylyp ýola goýulyşy syýasy taýdan ýazgarylýardy. Berktaý ilkidurmuş obşşina gurluşyndan feodalizme tarap gidýän ýolda gul eýeçilik duralgasynyň bolmagynyň diňe Akdeňiz töweregine degişli aýratynlykla-ryň biridigi hakyndaky düşünjäniň taryhçylaryň arasynda soňky ýyllarda gitdigiçe artýan açyşlar we düşünjeler-digini belläp geçýär.
Şeýlelikde, osmanlylaryň feodalizm-den kapitalizme gidýän ýolda bolşy ýaly ilkidurmuş obşşina gurluşyndan olaryň atalarynyň hem gul eýeçiligine geçmekde gijä galmaklarynyň käbir sebäplere bag-lydygyny görýäris. Öňümizdäki bölümlerde osmanlynyň gijä galmagynyň sebäpleriniň üstünde durup geçeris.

# Milli Golýazmalar instituty. 

(dowamy bar)..

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 38 | Добавил: Gülzyýada | Теги: Milli Golýazmalar instituty | Рейтинг: 4.0/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: